|
3. PIKIR ÝÖRETME.
589-njy gönükme. Okaň we öz sözleriňiz bilen ýagşyň ýagmagynyň sebäbiniň üstüni ýetirip, gürrüň beriň. Birden howa garalyp başlady. Ýuwaşja şemal turdy. Bulutlar üýşdi. Ýagyş damjalap, soň güýçli ýagyp başlady.
590-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Annaly aga bilen onuň ogly Bäşim gyşda mallaryň tüýs söýýän otuny bol-elin ýygan bolsalarda, ony ýygnap, küde edip basmaga milt etmediler. Ertir bulutsyz asmandaky Gün howany we ýeri örän gyzdyrdy. Arassa ýerde Annaly aga bilen Bäşim otlaryny ýukarak edip serdiler. Otdaky düýnki çyglykdan nam-nyşan galmady. Ataly-ogul Gün ýaşanda, otlary ýygnadylar we küde edip başdylar. SORAGLAR A DILDEN JOGAP BERIŇ: 1. Näme üçin Annaly aga bilen Bäşim ýygan otlaryny şol gün 2. Ertesi otlar näme sebäpli gurady? * * * *
591-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň soňundaky k, p, t, ç dymyk çekimsiz sesleriň olaryň yz ýanyndaky sözlerde näme sebäpli açyk g, b, d, j seslerine öwrülendigini pikir ýöretme ýoly bilen düşündiriň. Çelekçelegiň, çelegi; gurçukgurçugymyz, gurçugy; kitapkitabyň, kitaby; jorapjogabyňyz, joraby; halathala-dyňyz, haladym; çigitçigidiň, çigidi; agaçagajy, agaja; öweçöweji.
* * * * 592-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Has gara ýazylan meňzeş sözleriň şol sözlemdäki manysyny aýdyň. Olaryň aýdylyşyna, manylarynyň üýtgeşik bolmagyna nämäniň sebäp bolýandygyny aýdyp beriň. 1. Esenguly balykçylyk etraplarynyň biri. Ol Aşgabatdan örän daş. Daglarda her hili reňkli daş köp. 2. Biz tikinçiler bilen magazine bardyk. Ädikçi ussa magazinden biz aldy. 3. Biz dynç güni kakama ot ýygyşdyk. Ýadan wagtymyz ot ýakyp, çaý gaýnatdyk, nahar bişirdik. * * * *
593-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Soňra soraglara jogap beriň. Çerkez kakasy bilen şol daglarda, şol jülgelerde sansyz gezek aýlanany üçin, Oňa her bir gowak, hatda her bir daş tanyşdy. Gün dagdan aňryk aşyp, jülgelere goýry kölege düşenligi sebäpli, howa biraz garaňkyrasa-da, şol adamsyz daglar aýylganç ýaly bolup görünse-de, Çerkez çigit ýalyjak hem gorkmaýardy. Ol şol jülgeleriň, şol dagdaşlaryň özi bilen däl, onuň içinde ýaşaýan mör-möçekler bilen hem öwrenişipdi. Çerkeziň şol derelerden, şol jülgelerden aýsyz garaňky gije gaýdýan wagtlary hem gyt bolmaýardy. (B.Kerbabaýew, «Yhlasa - myrat») SORAĞLAR: 1.Näme sebäpli Çerkeze şol töwerekdäki jülgeler, daglar tanyş? 2.Näme üçin şol daglarda, garaňky gijelerde Çerkeziň bir özi bolsa-da gorkmaýar? * * * *
594-njy gönükme. Soraglara pikir ýöretme arkaly jogap beriň, hekaýajyk ýazyň. 1.Nepes aga näme sebäpli pagtanyň köp hasylyny aldy? 2.Näme üçin Nepes aga «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy? Geçilenleri gaýtalamak üçin soraglar: 1. Baglanyşykly sözleýşiň nähili tiplerini bilýärsiňiz? 2.Hekaýa etme näme? 3.Suratlandyrma näme? 4.Pikir ýöretme näme? 5.Hekaýa etme bilen suratlandyrmanyň tapawudy näme? |