Yza gaydyng

2. SURATLANDYRMA.

583-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Hekaýajygyň baş gahrymany Annamyrat aganyň suratlandyrylyşyna üns beriň.

ANNAMYRAT AGA

Annamyrat aga uzyn boýly, bugdaýreňk, ak sakgally, daýaw adam. Ol akylly-paýhasly, obalarynyň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ýör. Özi hem ökde ussa. Merhemetli Prezidentimiziň Permany bílen, Oňa «II ýaşulysy» diýen hormatly at dakyldy. Annamyrat aga bu ada mynasyp.

Öz ýoldaşyňyzy, joraňyzy çeper suratlandyryp, depderiňize ýazyň.

Adamlaryň, predmetleriň we tebigatda bolup gecýän wakalaryň häsiýetini, formasyny, şoňa mahsus bolan aýratynlygyny, alamatlaryny, sypatyny çeper şekillendirmeklige suratlandyrma diýilýär.

Eger hekaýa etmede esasy zat yzygiderli hereket bolsa, suratlandyrmada esasy alamatlar şol zadyň sypaty, daş keşbi, häsiýeti, aýratynlygy bolýar. Beýan etme bilen suratlandyrma baglanyşykly ýüze çykarylanda, biziň sözleýşimiz, gürrüňimiz şonça çeper manyly hem obrazly bolýar.

584-nji gönükme. Teksti okaň. Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň häsiýetleriniň suratlandyrylyşyna üns beriň.

Öwünjeňlik, ulumsylyk, öýke-kine edip birinden göwni galmaklyk ýaly häsiýetler Saparmyrada bütinleý ýatdy. Hatda şeýle gylykly adamlary ol halamazdy. Ýalan sözleýänleri-de ýek görer-di.

Ol klasdaş okuwçylaryny edil öz doganlary kimiň sylardy, olar hem Saparmyrada doganlarça garardylar. Oba ýeri bolan-soň, rus dilinden sapaklary özleşdirmäge, ýa-da türkmen dilinde düşündirilişini okuwçylara ýetirmäge Saparmyrat mugallym üçin ýakyn kömekçi bolup durýardy.

(S.Jumalyýew, « Saparmyrat Nyýazowyň çagalyk we mekdep ýyllary»).

* * * *

585-nji gönükme. Hekaýajygy okaň we göçüriň. Onuň suratlandyrma böleginiň aşagyny cyzyň we nämäniň suratlandyrylýandygyny aýdyň.

AŞYR WE ONUŇ KEÝIK OWLAJYGY

Bir gün Aşyr mekdepden gelende, öýüň sag dulunda, aýajyklary inçejik, göwresi tokgaja, ýer bilen reňkdeş, meleje, gulajyklary keýkerip, surat ýaly bolup duran bir zady gördi.

Bu keýik owlajygy. Aşyr her hili gök otlardan getirip, owlagy otukdyrdy. Suw berdi. Okuwdan boş wagtalry owlagyň boýnuna ýüp daňyp, meýdana otarmaga äkitdi. Owlak hem Aşyra ysnyşdy. Ol Aşyry göreninden, diriň-diriň böküp, oýun edip başlaýardy.

(N.Şükurow, «Jaňlyja keýik»).

Hekaýajygyň hekaýa etme bölegini aýdyp beriň.

* * * *

586-nji gönükme. öz ýoldaşyňyzy ýa-da tomus paslyny suratlandyryp, depderiňize ýazyň.

* * * *

587-nji gönükme.Hekaýajygy okaň. Onda nämeleriň nähili suratlandyrylyşyny aýdyp beriň. öz garaýşyňyz bilen bu suratlandyrmalaryň üstüni ýetiriň.

NURLY GÜN

Bu tüýs Baýlynyň diýen kitabydy. Onda iki goluny uzadyp, penjelerini açyp duran goňur aýy, ýemşik burun, uzyn guýruk, gülkünç sypatly maýmyn-da bardy. Jahanyň ýaraşygy sary Gün--de bardy. Kitabyň daş ýüzündäki agzyny açyp duran krokodil bilen ýalpyldap duran ullakan hem tegelek, nurly Gün hemmesinden-de owadandy.

(A.Gurbanow, « Dag we oglan»).

* * * *

588-nji gönükme. Okaň. Bu tekstili haýsy abzasynyň hekaýa etmedigini, haýsysynyň suratlandyrylmadygyny aýdyp beriň. Suratlandyrma bölegini depderiňize göçüriň.

Çarylaryň tamlarynyň ýokary gapdalynda bir kiçiräjik tam bardy. Ol tam haly arteliniň başlygy Gözel gyzyň tamydy. Bu wagt Gözel onluk çyrany ýakypdyr-da, stoluň üstünde goýupdyr, onuň ýagtysyna bolsa ullakan ak kagyzy ýazypdyr-da, eli galamly we lineýkaly aýak üstünde durup, nämedir bir zadyň çyzgysyny çekýärdi we gulaga ýakymly hiňlenýärdi.

Gözeliň stolunyň gapdalynda ýüzi inçemigräk, egni gyrmyzy donly, garaköl telpekli epeý pyýada çaý içip otyrdy.

(A.Durdýyew, «Gözel gyz»).