Yza gaydyng

IX.SÖZLEÝŞIŇ TIPLERI

1. HEKAÝA ETME

577-nji gönükme. Teksti okaň we degişli sözbaşy tapyň. Manysy boýunça üç abzasa bölüp, depderiňize ýazyň.

Obalar durmuş , hojalyk üçin amatly ýerlerde döredilýär, çünki oba adamlarynyň, olaryň mal-garalarynyň ýaşaýşynyň ilkinji serti bol ot-suw, oňat öri  meýdanlar bolýar. Biziň obamyz uly ýabyň boýunda ýerleşýär.

Onuň ilersi giden baýyrlyk, gaýra tarapy bolsa pagta meýdany. Obamyz baglyk. Bu gözelligi obamyzyň gündogar tarapyndaky iki gat mekdebiň jaýy aýratyn bezeýär. Bu gün obada uly şatlyk, sebäbi ertir Sekizinji mart baýramy. Baýramçylyk mynasybetli obamyza Aşgabat-dan ýaş çeper höwesjenleriň topary geljek. Olar mekdebiň sport meýdançasynda uly konsert berer.

Aşakdaky soraglara dilden jogap beriň:

1.Tekstiň her abzasynda näme hakynda gürrüň gidýär?

2.Her abzasda gidýän gürrüňiň üstüni ýetirip, hekaýany özüňiz dowam ediň.

Durmuşdaky wakalara, adamlaryň gatnaşygyna näçe gowy göz ýetirsek, olary näçe gowy suratlandyrmagy başarsak, biziň sözleşigimiz — gürrüňimiz şonça-da manyly hem baglanyşykly bolýar. Şeýle bolanda, biz aýtjak bolýan zadymyzy gürrüňdeşimiziň aňyna aňsat ýetirip bilýäris, biziň sözleýşimiz has düşnükli bolýar.

Öz görýän we bilýän zatlarymyz, makalalarymyz baradaky pikirimizi ýüze çykarmagyň, oňat düşüner ýaly beýan etmegiň baglanyşykly üç sany tipi bolýar:

1. Hekaýa etme. 2. Suratlandyrtna. 3. Pikir ýöretme.

578-nji gönükme. Aşakdaky üç sany teksti okaň. Olaryň her birinde näme hakynda we neneňsi gürrüň edilýändigini, biri-birlerin-den tapawudyny öz düşünişiňiz ýaly aýdyň.

1. Serdar oba gidýän soňky awtobusa zordan ýetişdi. Ol duralga baryp-barmanka, awtobus geldi. Serdar awtobusdan düşdi we özüne tanyş köçe bilen atalarynyň öýüne tarap gitdi.

2.Serdar bäşinji klasda okaýanam bolsa, onuň boýy kiçijikdi, emma gujurly hem dogumlydy. Onuň şar gara saçlary, okgunly gözleri hemmelere ýaraýyrdy.

3.Serdar şunca çydasa-da, ol ahyry Aşyryň öýlerine gitmeli boldy. Eger şeýle bolmasa, Aşyryň özi gelip, näme üçin tersleşendigi barada pikir alyşmakçydy. Aşyr öz günäsini ýadyndan çykaranok. Ol, dogrudanam, ýalňyşlyk goýberipdi.

1. HEKAÝA ETME

Adamlaryň, predmetleriň we tebigatda bolup geçýän wakalaryň hereketini, bolşuny, özünde galdyrýan täsirini baglanyşykly çeper, yzygiderli gürrüň etmege hekaýa etme diýilýär.

Hekaýa etmede esasy ünsi özüne çekýän zat yzygiderli, dowamly hereket bolýar.

Meselem;, biz Baýramyň okuwa gidişini hekaýa etme ýoly bilen şeýleräk beýän edip bileris: Baýram ertir irden turdy. Bedenterbiýe maşklaryny etdi, ýuwundy, ertirlik edindi, soňra taýýarlap goýan portfelini alyp, mekdebe ugrady. Baýram obanyň köçelerinden özi ýaly oglanlaryň, gyzlaryň mekdebe barýanyny gördi. Baýram okuw başlanmaga on bäş minut galanda, mekdebiň gapysyndan girdi. Ýa-da ýagşyň ýagşyny hekaýa edip göreliň: Birden howa bulaşdy we garaldy. Günüň öňüňi bulut tutdy. Ýuwaşja şemal turdy. Ýyldyrym çakdy onuň yz ýany bilen gök gürledi we  ýagyş  yagyp başlady.

579-nji gönükme. Teksti okaň we özüňizden sözbaşy goýup, depderiňize ýazyň. Tekstde kimiň işi ýa-da hereketi lıakynda hekaýa edilýändigini aýdyp beriň.

Ussa ertir turup, öz ussahanasyna girdi. Günortana çenli bäş-alty sany gowy keser ýasady. Olaryň birini Ogulgerege, birini hem Gözele niýetläp ýasady. Günortadan soň ol bejeren keserlerini dükanyň tekjesinde goýdy. Soňra dükanyny baglady. Tamyna baka gitdi.

(A.Durdýyew, <<Bally molla»).

* * * *

580-nji gönükme. Teksti okaň we onuň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. Tekstde kim hakynda gurruň — hekaýa edilýär?

1940-njy ýylyň 19-njy fewraly. Şol ýyl, gyşyň aýazly aýy türkmen topragy misli baharyň ýyly demine çoýunan ýaly boldy« Şol gün Turkmeniň bagt ýyldyzy, röwşen nury, şamçyragy bolup dogan biziň geljekki serdarymyz Aşgabat şäherinde horaşaja bir öýde dünýä indi. Ýagty jahana gelen bu perzent öz öýlerine-de, goňşy-golamlaryna-da şatlyk-şagalaň getirdi.

Ýöne entek Saparmyradyň bir zamanlar bütin külli Turkmene egsilmez şatlyk paýlap, sowulmaz bagt berjegini hiç kim bilenokdy. Şeýle-de bolsa, onuň üýtgeşik görk-görmek, aýratyn bir mähir, täsin bir akyl-düşünje bilen doglany basym öýme-öý aýan bolupdy. Şonuň üçinem gara galpaklyja Saparmyrat gollardan düşmezdi, gujaklarda hüwdülenerdi, «Eziz bala» diýlip, süýji dillerde söýlenerdi.

(S.Jumalýyew, «Saparmyrat Nyýazowyň çagalyk we mekdep ýyllary»).

* * * *

581-nji gönükme. Gazet-žurnallara haýsy-da bolsa bir zat hakynda (öz klasyňyz, mekdebiň işine kömegiňiz, müzeýe barşyňyz, ekskursiýa gidişiňiz we başgalar) hekaýa etme bilen habar ýazyň. Ýazan hekaýajygyňyzy manysy boýunça näçe bölege bölmek mümkin?

* * * *

582-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Näme hakynda hekaýa edilýändigini aýdyp beriň,

Gijeki maýdalap ýagan ýagyş daňa golaý diňdi. Çygly şemal asmanyň buludyny öz ugruna kowup gitdi. Gögüň ýüzi çüýşe ýaly durlandy. Käbir gülälekli ýerler bolsa gül pürkülen ýaly gyzgylt öwşün atdy.

(B.Kerbabaýew, «Aýgytly ädim»).

Şu günki säheri, Günüň dogşuny hekaýa etme bilen dilden gürrüň edip beriň.