| Yza gaydyng |
|
IV. SINTAKSIS WE PUNKTUASIYA 1. SÖZ DÜZÜMLERI 61-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.
Dik çyzygyň çep tarapyndaky sözleriň goşulmasyny aýdyp beriň. Dik çyzygyň sag tarapyndaky sözleriň birinjisiniň sypat, ikinjisiniň at bolýandygyna üns beriň.
62-nji gönükme. Teksti okaň, soňra göçüriň. Söz düzümleriniň aşagyny çyzyň. Şol görünýän iki gat jaý biziň mekdebimiz. Onuň giň, ýagty otaglary bar. Meniň jigim şol mekdebiň ikinji klasynda okaýar. Ol sapaklaryna gowy ýetişýär. Kakam onuň gündeligi bilen wagtly-wagtynda tanşyp durýar. Söz düzümleriniň birinji we ikinji sözleriniň nähili sözler diýlip atlandyrylýandygyny aýdyň. Göçüren tekstiňiziň temasyny anyklaň, oňa sözbaşy tapyň we onuň näçe abzasdan düzülendigini aýdyň. * * * *
63-nji gönükme.Teksti okaň, ondaky söz düzümlerini depderiňize ýazyň. Ýazan söz düzümleriňiziň garaşly sözüne esasy sözüň üsti bilen degişli sorag beriň. Adam mydama hoş söze maýyldyr. Hoş sözden adamyň ýüregi teselli tapýar, onuň göwni galkynýar. Ata-babalarymyz: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler. «Bugdaý sözüň ýokmudy?» diýildigi geleni güler ýüz, mylaýym söz bilen garşylamagy, gelene hoş sözli bolmagy aňladýar. Şeýle bolunsa, biz biri-birimizden hoşal bolarys, biziň göwnümiz biter. Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy hem özüniň çykyşlarynda hoş sözli bolmagy, agzybir ýaşamagy, halal zähmet çekmegi yzygiderli nygtaýar. Hormatly ýaşlar, hoş sözli bolüň, agzybir ýaşaň, Watanymyzy soýüň, oňa mynasyp adamlar bolup ýetişiň! Tekste sözbaşy tapyň we muny abzaslara bölüň.
64-nji gönükme. Okaň we ilki iki sözi hem goşulmaly gelen söz düzümlerini, soňra beýlekilerini göçüriň. Biziň bagymyz. Biziň bagymyzda. Siziň bagyňyzda. Olaryň bagy. Ýaşyl reňk. Uzyn adam. Obanyň adamlary. Uly tam. Ak kagyz. Durdynyň depderi. Okuwçynyň portfeli. Gök galam. Dagyň eteginde. Ala don. Ýuwaş adam. Seniň doganyň. Söz düzümleriniň birinji (garaşly) sözüne degişli soraglar beriň. iki sözi hem goşulmaly gelen söz düzümleriniň goşulmalaryny aýdyň. * * * *
65-nji gönükme.Söz düzümlerini okaň. Degişli sorag arkaly bu söz düzümleriniň garaşly sözlerini anyklaň we olaryň haýsysynyň sypat, haýsysynyň atdygyny aýdyp beriň. Beýik dagyň, otluk meýdan, suwsuz çöl, ýuka mata, galyň matanyň, ajy suwdan, arçaly dag. Bu söz düzümleriniň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. * * * *
66-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan söz düzümlerini depderiňize göçüriň. Bäşim atasynyň ýanynda bir hepde ýaşady. Ol şol wagtyň içinde öri meýdanyna belet boldy, her bir guzujyga özüçe at dakyşdyrdy. Ol sakar guzyny «ýyldyzjyk,» garaja guzyny «gara göz reňkil», beýleki iki meňzeşleri bolsa «keýijek» diýip atlandyrdy. Asmanyň ýüzünde ýekeje buludyň ýok bolan açyk günleri aýazly gijeler bilen çalyşýardy. Çopanlar agyr süri goýny suwa ýakmaga sürdüler. Goýunlar uzyn-uzyn mäleşip, suwa ylgaýardylar. Elleri egri taýakly çopanlar taýaklaryny galgadyp, kä o tarapa, käte beýleki tarapa ylgaýardy. Dortgulynyň gysga taýagy bardy. Ol gaty sesi bilen: - Maňa-da taýak beriň ahyry! - diýip gygyrdy. (G. Rejebowa <<Kiçijik çopanjyk»). Göçürip alan söz düzümleriňiziň esasy we garaşly sözlerini aýdyň. Bu tekstiň temasyny anyklaň we oňa sözbaşy tapyň. Tekstiň
67-nji gönükme.Aşakdaky söz düzümlerini sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň. Söz düzümleri bilen sözlemiň aýratynlygyny aýdyp beriň. Siziň obaňyzda, suwly ýap, süýji suw, Atanyň dogany, giň köçe, ekin meýdanynda. NUSGA: Meniň agam siziň obaňyzda işleýär. * * * *
68-nji gönükme.Teksti okaň. Has gara ýazylan söz düzümleriniň ilki esasy we garaşly sözlerini, soňra olaryň sözlemden tapawudyny aýdyp beriň. Aýsoltan uzyn seçekli ýüň ýaglygyny üstüne ýelbegeý atyp, goşa ýassyga tirsegini berip, eýwandaky giň halynyň üstünde çaý içýärdi. Onuň gündizki kellesiniň daşyna oralan ýogyn örüm gara saçlary gyrmyzy köýneginiň ýüzünde gyzyl güle çyrmaşan goşa ýylan ýaly bolup görünýärdi. Eýwandaky stol, oturgyçlar, bir ýandaky pessejik şkafyň üstündäki gap-gajaklar hem başga ownuk-uşak zatlar onuň gözüne ilmeýärdi. Onuň göwni allanirelerde gezip, gözi käsesindäki çaýynamy ýa haşamly çäýnegiň güllerinemi seredýärdi. Onuň ejesi orta boýly, etli-ganly, güler ýüzli Nursoltan sagyp gelen sygrynyň süýdüni gazana guýup, üstüni gapak bilen örtdi-de, Aýsoltanyň garşysyna gelip oturdy, oňa assyrynlyk bilen seretdi. (B. Kerbabaýew. «Aýsoltan»), Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. Ýelbegeý, haşamly sözleriniň, manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň. * * * *
69-nji gönükme. Şygry labyzly okaň, soňra depderiňize «Ene» diýen temadan tekst ýazyň. Ýazan tekstiňizde näçe abzas bardygyny aýdyň. ENE
(M. Seýidow). Ýazan söziemleriňzdäki söz düzümieriniň aşagyny çyzyň we olaryň garaşly hem-de esasy sözlerini aýdyň. * * * * 70-nji gönükme. Sözlemleri okaň, soňra göçüriň. Bulardaky söz düzümieriniň aşagyny çyzyň we olaryň sözlemden tapawudyny aýdyp beriň. 1. Biz siziň güýjüňize ynanýarys. Siziň güýjüňiz köp. 2. Biziň posýologymyzyň göni köçeleri bar. Köçeleriň iki 3. Seniň kilabyň barmy? 4. Sen täze oba gitjekmi? 5. Mekdebiň direktory deputatlýga saýlandy. 6. Oba oglanlary şähere maşynly gitdiler. Olar uzak ýol ýöremeli bolar. Göçüren sözlemleriňize tekst diýip boljakmy? Eger tekst bolmasa, onda näme üçin tekst diýip bolmaýandygyny düşündiriň. * * * *
71-nji gönükme. Teksti okaň. Has gara ýazylan söz düzümieriniň esasy we garaşly sözlerini aýdyň. Eziz Watanymyz Türkmenistan bäş welaýaty özüne birleşdirýär. Olar Ahal, Balkan, Dashowuz, Lebap, Mary welaýatlarydyr. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheridir. Balkan welaýaty Turkmenistanyň günorta-günbatar tarapyna uzalyp gidýän giňişlikde ýerleşýär. Mary we Lebap welaýatlary ýurdumyzyň günorta-gündogar tarapyny tutýar. Daşhowuz welaýaty Watanymyzyň demirgazygynda ýerlesýär. Ahal welaýaty bolsa ýurdumyzyň merkezi bölegini eýeleýär. Mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň tutanýerli aladasy bilen diýarymyzyň obadyr etraplary, şäherdir welaýatlary günsaýyn abadanlaşýar we gözelleşýar. Ýokarky tekstiň temasyny anyklaň we onuň mazmunyna laýyk sözbaşy .tapyň. SOR AGLARA DILDEN JOGAP BERIN. 1. Söz düzüminiň haýsy sözi garaşly, haýsy sözi esasy söz bolýar? 2. Garaşly sözler nähili soraglara jogap bolýar? 3. Garaşly söz atlardan bolanda, haýsy düşümiň goşulmasyny kabul edýär? Olar düşüm goşulmasyny kabul etmän hem gelip bilýärmi? Mysallardan şeýle söz düzümlerini tapyp aýdyň. 4. Garaşly sözi sypatdan bolan söz düzümlerini aýdyp beriň. * * * *
72-nji gönükme. Aşakdaky plan esasynda tekst ýazyň. PLAN: 1. Çöli janlandyran kanal, 2. Kanalyň daş-töwereginiň özgerişi. 3. Bag-bakjalyk, ekerançylyk meýdanlari. 4. Kanal uzalyp gidip otyr. 5. Edermen kanal gurujylar. 1.Düzen tekstiňiziň temasyny anyklaň, onuň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň we näçe abzasdan ybaratdygyny aýdyň. 2. Düzen tekstiňizden söz düzümlerini tapyp, aşagyny çyzyň hem-de olaryň garaşly, esasy sözlerini aýdyň. GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR. 1. Söz düzümi diýip nämä aýdylýar? 2. Söz düzümleri näçe sözden ybarat bolýarlar? 3. Söz düzüminiň birinji sözi nähili atlandyrylýar? 4. Söz düzüminiň ikinji sözüne nähili söz diýilýär? 5. Söz düzümini emele getirýän sözler biri-birleri bilen nähili ýollar arkalý baglanyşýarlar? 6. Söz düzümlerini sözlemlerden nähili tapawutlandyrmaly? |