|
8. GEPLEŞIK. 164-nji gönükme. okaň we gürrüňiň näçe adamyň arasynda bolup geçýändigini aýdyň. KITAPHANADA. Salam, Gözel Durdyýewna! Salam, gurgunmysýňýz? Gözel Durdyýewna, men kitap almaga geldim. Siz ozal kitap alypmydyňyz? Hawa, men ozal hem kitap alyp ýörün. Siziň familiýaňyz we adýňýz näme? Meniň familiýam Caryýew, adym Maksat. Size nähili kitap gerek? Maňa «Türkmen halk ertekileri» diýen kitap gerek. Häzir tapyp bereýin... Ynha, siziň diýýan kitabyňyz. Bu kitaby iki hepdeden artyk bermeýäris. Siz muny 25-nji oktýabrdan gijä goýman getirip bermeli bolarsyňyz. Bolýar, Gözel Durdyýewna, sag boluň. Kitaby diýen wagtyňyzdan gijä goýman getirerin.
165-nji gönükme. Gepleşigi rollar boýunça okaň we olarda kese çyzygyň goýlan ýerlerine üns beriň. GEPLEŞIK Ata seniň şu aýdýanlaryň dogrumy? Aşyr dogry. Men ýalan sözlemeýärin. Ata men sen ýalan sözleýänsiň öýdemok, ýöne ýene bir gezek aýdýanlaryňý özüňe tassyklatjak boldum. Aşyr men öz sözlerimi mydama-da tassyklaryn. Aýdýanlarymyň hemmesi dogry. Ata onda küşt ýaryşynda birinji orny Oraz eýeläpdir-dä. Aşyr birinji orný Oraz eýeledi. Ata şu wagta çenli mekdebimiz boýunça ökde küştçi Amandy ahyry. Hawa, Aşyr, şu wagta çenli mekdebimizde ökde küştçi Amandy. indi Oraz öňe çykdy. * * * *
166-nji gönükme. Gepleşigi okaň we degişli ýerinde kese çyzyk goýup göçüriň. GEPLEŞIK *Aman, biziň Watanymyz nähili atlandyrylýar? Oraz, biziň mähriban Watanymyz Garaşsyz Baky Bitarap Özbaşdak Türkmenistan döwleti diýlip atlandyrylýar. *Watanymyz haçan Özbaşdak garaşsyz döwlet boldy? Eziz Watanymyz Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Özbaşdak garaşsyz döwlet boldy. *Watanymyzyň Ilkinji Prezidentligine kim saýlandy? Özbaşdak döwletimiziň ilkinji Prezidentligine Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow saýlandy. *Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy haçan geçirilýär? Ýurdumyzyň Garassyzlyk baýramy her ýylyň 27-nji oktyabrynda geçirilýär. * * * *
167-nji gönükme.Özüňizden iki adamyň arasynda bolup geçýän söhbetdeşlik esasynda gepleşik düzüň. Olaryň her biriniň aýdýany bäş sözlemden az bolmasyn.
168-nji gönükme. Aşakdaky teksti okaň we awtoryň hem-de gepleşige gatnaşanlaryň sözlerini anyklaň. Mergen dostundan: Orta mekdebi gutaryp, näme iş etmekçi? diýip sorapdyr. Dosty bolsa: Orta mekdebi gutaryp, pedagogik instituta okuwa girjek - diýip aýdypdyr. Mergen: Mugallym bolasyň gelýärmi? diýipdir. Dosty: Hawa, mugallym bolasym gelýär diýipdir. Mergen: Haýsy fakultete girmek isleýärsiň? diýip sorapdyr. Dosty bolsa: Matematika fakultetine girmek isleýärin diýip aýdypdyr. Mergen oňa: Hä, matematika mugallymy boljak diýsene diýip, onuň aýdýanyny oňlapdyr. * * * *
169-nji gönükme. Gepleşigi ýoldaşyňyz bilen rollar boýunça okaň we degişil ýerinde kese çyzyk goýup göçüriň. GEPLEŞIK Salam! Meniň kartoçkamy tapyp berseňizläň! Siz haýsy doktoryň ýanyna barmakçy? Meniň dişim agyrýar. Men diş doktorynyň ýanyna barjak. Siziň familiýaňyz we adyňyz näme? Meniň familiýam Sähedow, adym Daýanç. Biraz garaşyň, häzir tapyp bereýin. Ýnha, siziň kartoçkaňyz, alyň. Diş doktory jaýyň ikinji gatynda, 32-nji otagdadyr. Bolýar, sag boluň! * * * *
170-nji gönükme. Gepleşigi okaň we nirede iki nokat, nirede kese çyzyk goýulmalydygyny aýdýň. GEPLEŞIK Gözel jorasy Gülälegiň ýanyna barypdyr we ondan Gülälek, düýn näme üçin okuwa barmadyň? diýip sorapdyr. Gülälek hem Men düýn ýaramadym, kelläm agyrdy, şonuň üçin okuwa barmadym diýip aýdypdyr. Onsoň Gözel Gülälek, näme sowuklaýypsyňmy? -diýipdir. Gülälek bolsa Hawa, birazrak sowuklapdyryn, kellämem agyrýar, birneme üsgürýänem. Şondan soň Gözel Gülälek, özüňe seret, burçluja unaş iç. Doktoryň aýdýanlaryny et, gowuja gutul diýip, jorasy bilen hoşlaşyp gaýdypdyr. Ýokarky teksti rollar boýunça okaň. * * * * 171-nji gönükme. iki adamyň arasynda bolup geçen gepleşigi başga bir adama (awtora) gürrüň berdirip, depderiňize ýazyň. Gepleşige gatnaşýanlaryň her biriniň aýdan sözlemi başden az bolmasyn. Kese çyzygyň, iki nokadyň goýulmaly ýerlerini unutman. Nusga hökmünde ýokarky gönükmäniň tekstinden peýdalanyp bilersiňiz. GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR: 1. Näçe adamyň arasynda bolup geçýän gürrüňdeşlige gepleşik diýilýär? 2.Ýazuwda gepleşige gatnaşýan adamlaryň sözi nähili harp bilen ýazylyp başlanýar? 3.Gepleşikde her adamyň sözüniň öňünden ýazuwda nähili belgi goýulýar? 4.Iki adamyň arasynda bolup geçen gepleşik başga biri tarapyndan gürrüň berilse, ýazuwda olaryň sözleri nähili aýratynlandyrylýar? |