Yza gaydyng

7. ÝÜZ TUTMA SÖZLERI

156-njy gönükme. Sözlemleri okaň we aşakdaky soraglara dilden jogap beriň.

1.Gurban, seniň jigiň gülçülik kružogyna gatnaşýarmy?

Seniň jigiň, Gurban, gülçülik kružogyna gatnaşýarmy? Seniň jigiň gülçülik kružogyna gatnaşýarmy, Gurban?

2.Hormatly mugallym, biz siziň beren asylly terbiýäňizi hiç wagt unutmarys!

Biz siziň beren asylly terbiýäňizi, hormatly mugallym, hiç wagt unutmarys!

Biz siziň beren asylly terbiýäňizi hiç wagt unutmarys, hormatly mugallym!

1. Has gara ýazylan sözler aýdylyş heňi boýunça sözlemdäki beýleki sözlerden tapawutlanýarlarmy?

2. Sözlemleriň manylaryndan birine ýüzlenilýändigi aňlanylýarmy?

3. Şol sözler her sözlemde sözlemiň niresinde gelipdirler we olaryň niresinde otur goýlupdyr?

Sözlemde kime, näma ýüzlenilýändigini aňladýan söze, sözler birikmesine ýüz tutma sözler diýilýär.

Muňa mysal hükmünde: Maýsa, maňa jorap örmegi öwredermiň? Gadyrly Myrat, seniň hatyňy klasymyzyň okutwçylaryna okap berdim diýen sözlemlerdäki Maýsa, gadyrly Myrat sözlerini görkezmek bolar.

Ýüz tutma sözleri sözlemiň başynda, ortasynda we ahyrynda gelip bilýär.

Ýazuwda ýüz tutma sözi sözlemiň başynda gelse, onuň yzyndan, ortasynda gelse, iki tarapyndan, soňunda gelse, öň ýanyndan otur goýulýar.

Meselem: Enegül, düýn kabul edişligiň dabarasynda bolduňmy? Düýn, Enegül, kabul edişligiň dabarasynda bolduňmy? Düýn kabul edişligiň dabarasynda bolduňmy, Enegül?

Ýüz tutma sözler sözlemiň eýesi, habary we aýyklaýjy agzalary bolup bilmeýärler.

157-njy gönükme.Sözlemleri okaň we göçüriň. Ýüz tutma sözleriniň aşagyny çyzyň we olaryň nirelerinde oturyň goýlandygyny aýdyň.

1. Şirin, sen şu ýyl Pöwrizede bolupmydyň?

2 Gözel eje, men siziň haýyşyňyzy mugallymymyza aýtdym.

3. Mugallymymyz, Gözel eje, ertir siziň ýanyňyza geler.

4. Myrat daýy, men size kosmonaftlar hakyndaky goşgyny ýatdan aýdyp bereýin.

5. Gelneje, agam nirä gitdi?

6. Men indi, ene, dördünji klasda okaýaryn.

* * * *

158-njy gönükme. Aşakdaky sözleri ýüz tutma sözleri hökmünde ulanyp, sözlemiň dürli ýerinde getirip, depderiňize ýazyň. Olaryň niresinde otur goýandygyňyzy aýdyň.

Ata, Ogulgerek, ýoldaş mugallym, Aman Ataýewiç.

NUSGA: Ata, Güller haýsy köçede ýaşaýar?

* * * *

159-njy gönükme. Tekstleri okaň. Bulardaky ýüz tutma sözlerini we olaryň niresinde oturyň goýlandygyny, onuň sebäbini aýdyp beriň.

Bir gün joralarym bilen şäherimiziň merkezindäki bagda oýnap ýärdum. Joralarymyň biri:

—Gülnar, bäri gel. Gyzlar, hemmaňizem geliň — diýip, bizi öňde baryjylaryň suratlary ýerleşdirilen stendiň öňüne çagyrdy. Haýdap bardyk. Joralarym.

—Gutlaýarys, Gülnar!

—Seniň ejeňiň, Gülnar, hormatly käri bar eken — diýdiler.

—Eje jan, pagta-da bir ýandan açylyp başlaýar. Aňyrsy bir hepdeden sen hem fartuk dakynmaly bolsaň gerek.

—Açylawersin, keýgim. Ýygym-düýrüm ýaly zat barmy?

Nursoltanyň şatlyk şöhlesi ýaýylan ýagty ýüzüne birdenkä tukatlyk alamaty çaýyldy. 01:

—Gyzym, men seniň ýalykam iýere nan tapman, baýlara günde bir gyrana günlükçi durup, tä daň atandan Gün batýança haly çitimi bilen hars urup, gözümiň köküni gyrdyran wagtlarym hem bolupdy — diýip, gürrüňe başlady.

Ýokarky okan bölegiňizi näçe tekste bölmek mümkin? Olar haýsylar? Şol tekstleriň hersine degişli sözbaşy tapyp aýdyň.

* * * *

160-njy gönükme. Teksti okaň. içinde ýüz tutma sözleri bar bolan sözlemleri depderiňize göçüriň, olaryň niresinde oturyň goýlandygyny, onuň sebäbini aýdyň.

Nyzama duran awtomatly esgerlere, peýkam ýaly raketalara, mähnet tanklara gözi düşen oglanyň şatlygy içine sygmady:

—Kaka, bir seretsene!

—Görýän oglum!

Şol pursatda tolkunly «Ura» galkyna-galkyna, ak bulutly asmana ýaň saldy. Harby parad başlandy...

Köçede duran Göwher Maralyň ýüzüni aldy:

—Sen näme edip ýörsuň, Maral? Meni sowukda garaşdyryp goýanyň hiç diýseň, Dürnabat daýzalara-da gijä galýarys.

Maral Gowheriň bolşuna geň galdy:

—Göwher, näma gatyrganýarsyň? Şu sowukda ikimiziň nirä barýanymyzy bir bilýärmiň? Biz, jora jan, garrylara kömek etmek üçin çykdyga.

Ýokarky okaň gürrüňinizi näçe tekste bölmek mümkin?

Muny nämä esaslanyp, tekstlere bölüp bolýar?

* * * *

161-njy gönükme. Özüňizden alty sany sözlem düzüp, olaryň başynda, ortasynda we ahyrynda ýüz tutma sözler getiriň. Düzen sözlemleriňizi depderiňize ýazyň we ýüz tutma sözleri bilen baglanyşykly goýan oturyňyzyň sebäbini aýdyp beriň.

* * * *

162-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ýüz tutma sözleriň aşagyny çyzyň we olar bilen baglanyşykly nähili punktuasion belgileriň goýlandygyny, onuň sebäbini aýdyp beriň.

1. Gadyrly Anna, seniň biziň obamyza geljekdigiňe men örän begenýärin.

2. Walentina Iwanowna, sizi duralga çenli ugradalymy? Bu biziň üçin uly zähmet däl, Walentina Iwanowna.

3. Eje, sen bugdaý hakyndaky mataly bilýärmiň?

4. Çagalar, Watanyň işine wepaly boluň!

5. Çagalar, mekdebiň meýdançasyna çykyň!

6. Gadyrdan Sona, men seniň hatyňy aldym.

* * * *

163-njy gönükme. Sözleri ýüz tutma sözleri hökmünde sözlemiň başynda, ortasynda, ahyrynda ulanyp, sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň. Degişli ýerinde dyngy belgileri goýmagy unutmaň.

Hormatly mugallym. Gadyrly Myrat. Käbäm enem. Eziz atam.

Ýüz tutma sözleri bilen baglanyşykly goýan dyngy belgileriňiziň sebäbini düşündiriň.

GAÝTALAMAK ÜÇIN SOR AGLAR:

1.Nähili sözlere başganyň sözi diýilýär?

2.Başganyň sözi ýazuwda awtoryň sözünden nähili ýol bilen tapawutlandyrylýar?

3.Başganyň sözüniň yzyndan nähili sözler ulanylýar?

4.Ýüz tutma sözleri diýip, nähili sözlere aýdylýar?

5.Ýazuwda   ýüz   tutma   sözlerinde   oturyň   ulanylyş   düzgüni nähili?