Yza gaydyng

6. BAŞGANYŇ SÖZI

146-njy gönükme. Sözlemleri okaň we goşa dyrnaga alnan sözleriň sözleýän adamyň öz sözi däl-de, başga biriniň sözüdigine üns beriň.

1. Düýn Aşyr Sähede: «Ertir bize gelersiň» diýdi.

2. Kakam maňa: «Dynç güni müzeýe gideris» diýdi.

3. Çagalar: «Ýaşasyn biziň Garaşsyz Watanymyz!» diýip, ellerini çarpdylar.

4. Mugallymymyz: «Magtymguly türkmen edebi dilini ösdüren beýik şahyrdyr» diýip, gürrüň berýär.

Sözleýän ýa-da ýazýan adam öz sözüniň içinde başga biriniň sözüni hem ulanyp bilýär. Şol sözlere başganyň sözi diýilýär:

Meselem: Mugallym maňa: «Sapakdan soň galarsyň» diýdi. Şu ýerde «Mugallytn maňa... diýdi* diýen sözler gürrüň berýäniň (awtoryň) sözleri, «Sapakdan soň galarsyň» diýen sözler (sözlem) başganyň, ýagny mugallymyň sözi.

Ýazuwda başganyň sözi goşa dyrnagyň («...») içine alynýar. Başganyň sözi awtoryň sözüniň arasynda gelende, awtoryň sözüniň yzyndan iki nokat (:) goýulýar we goşa dyrnak açylyp («...»), başganyň sözi baş harp bilen ýazylyp başlanýar. Başganyň sözi gutarandan soň, goşa dyrnak ýapylýar («...»). Basganyň sözi gutarandan soň, köplenç, diýen, diýip, diýdi ýaly sözler ulanylýar.

Meselem: Ol öz dostuny: «Biz ertir ýene duşuşarys» diýip ugratdy. Aşyryň: «Çagalar, mekdebiň sport meýdançasyna cykyň» diýen sözlerini biz eşitdik.

147-njy gönükme. Sözlemleri okaň, soňra awtoryň sözündäki köp nokatlara derek başganyň sözüni ýazyp, olary depderiňize göçüriň. Awtoryň sözüniň aşagyna bir çyzyk, basganyň sözüniň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Awtoryň  sözi

Basganyň sözi

1.Baýram maňa: ... diýdi.

2.Gözel eje agtygyna:

...diýdi.

3.Mugallym Merede:

... diýdi.

«Men ertir şähere gitjek».

«Myrat jan, baryň, indi

jigiň bilen telewizora serediň».

«Sen geçiriljek şaşka oýnuna

gatnaşarsyň».

NUSGA: Baýram maňa: «Men ertir şähere gitjek» diýdi.

Göçüren sözlemleriňizde başganyň sözüniň nähili punktuasion belgiler bilen tapawutlandyrylýandygyna üns beriň.

* * * *

148-njy gönükme. Okaň. Her sözlemdäki awtoryň sözüni we başganyň sözüni aýdyp beriň.

1. Beýik şahyr Magtymguly: «Gepin tapyp, ýagşy sözlän, misli dür seçen ýalydyr» diýipdir.

2. Düýn agşam kinodan gelýärkäk, Maýsa maňa: «Mekdebimiziň küştçüleriniň ýygyndy komandasy tiz wagtdan Aşgabada ugraýar» diýdi.

3. Töweregine çagalary üýşürip oturan garry: «Balalarym, bu waka 50 ýyl mundan öň bolupdy» diýip, öz gürrüňine başlady.

Magtymgulynyň: «Gepin tapyp, ýagşy sözlän, misli dür seçen ýalydyr» diýen sözleriniň manysyny düşündiriň.

* * * *

149-njy gönükme. Sözlemleri okaň. Bu sözlemdäki başganyň sözüni we onda punktuasion belgileriň goýluş düzgünini aýdyp beriň.

1.Mergen Orazyň: «Olar örän mert adamlar» diýen sözlerini ýadyna saldy,

2.Gury ýerde, suwda we howada ugur kesgitlemekde kompasyň ähmiýeti ummasyz uludyr. Bu hakda akademik A.N.Krylowr şeýle ýazýar: «Kompas— kiçijik gural welin, şol bolmasa Amerika açylmazdy».

3.«Sagdyn bedene sagdyn ruh» diýip, örän dogry aýdypdyrlar. Sport bilen meşgullansaň, özüňi sagdyn,oňat duýýarsyň

4.Çagalar birleşiginiň başlygy: «Biz dünýewi ýol bilen, dogry ýol bilen barýarys» diýip, Öz sözüni tamamlady.

5.Olar meni gördüler-de: «Dürnabat daýza, ýol taýgak, suwy biz getireris» diýip, bedrelerini dolduryp suw getirdiler.

* * * *

150-njy gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Başganyň sözüniň aşagyny çyzyň we onuň sözlemde nähili punktuasion belgiler bilen aýratynlandyrylýandygyny aýdyp beriň.

1. Ata-babalarymyz: «Edebiň ýagşysy ulyny sylamak» diýip aýdypdyrlar.

2. Aman Ataýewiçiň aýaly: «Myrat aga, Akbilek hakykatdanam seniň sazyňy eşidip geldimikä?» diýip sorady.

3. Biz kinodan öýe gelýärkäk, Çary maňa: «Ertir bize gel, sapagymyza bile taýýarlanaly» diýip aýtdy. 4. Olar: «Hoş! Sag--aman bar!» diýip, Atany ugratdylar.

* * * *

151-njy gönükme. Sözlemleri okaň we bularda ulanylan başganyň sözlerini anyklaň hem-de olaryň öňünde we soňunda nähili punktuasion belgileriň goýulmalydygyny aýdyň.

1. Başlyk brigadirleri çagyryp, olara Siz ertir ikinji uçastoga gelersiňiz diýdi.

2. Terbiýeçi çagalary daşyna üýşürip Men size gyzykly erteki aýdyp bereýin diýip, olara mähirli garady.

3. Oturanlaryň hiç birinden ses çykmady. Ahyrda Ahmet ýerinden turup Tabşyrygy biz doly ýerine ýetireris diýip, ynam bilen aýtdy.

4. Biziň ata-babalarymyz ir turan işinden dynar diýipdirler.

5. Kosmonawt Ýu.Gagarin çagalara Uzak asmandan biziň Ýerimiz örän owadan bolup görünýär diýip, gürrüň berdi. Ol çagalara Kimiň kosmonawt bolasy gelýar diýip, gyzyklanma bilen sorag berdi.

NUSGA: Başlyk brigadirleri çagyryp, olara: «Siz ertir ikinji uçastoga gelersiňiz» diýdi.

Başganyň sözüniň öňünde we soňunda degişil punktuasion belgileri goýup, 2-nji, 3-nji we 4-nji sözlemleri göçüriň.

* * * *

152-njy gönükme. Teksti okaň we sözlemlerdäki başganýň sözüni, onda ulanylýan punktuasion belgileri aýdyp beriň.

Şol arada gapydan giren gyz Baýramyň eline telegramma tutdurdy. Baýram telegrammany tiz-tiz okady. Baýramyň ýüzüne şöhle salan şatlygy gören Amannazar aga: «Ýeri, nähili habar?» diýip sorady.

Baýram oňa: «Pagta planyny Döwletimizde birinji dolduranymyz üçin merkezden gutlag telegrammasy! Gutlag!» diýip, guwançly jogap berdi... Baýram şol aýrylyşykdan soň, Jemal bilen ýygnakda ýekeje gezek görşüpdi. Olar öz işlegini, öz arzuwyny biri-birine hat üsti bilen mälim edişýärdi. Emma ol ýagdaýdan etrapda hiç kimiň habary ýokdy. Amannazar aganyň: «Toýy haçan ederis?» diýen sözi Baýrama örän geň eşidildi.

Şahyr: «Jana hiç ýaranyp boljak däl eken» diýip, ukusy gelmäni üçin öz-özüne gaharlanýar. Birden gözleri ýumlup, uka giden ýaly boldy.

Şol bada Goşjan ýadyna düşüp, ýüregi dilnip gitdi. Ol: «Muňa näme bolduka? iki sözlejek adama däldi. Bu näme üçin gelmeýärkä? Ýa-da bir bela uçraýdymyka?» diýip pikir etdi... Şahyr bolsa: «Meniňem gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Indi men köp zatlardan baş çykaryp bilerin» diýip, göwnüni göterdi.

Bu teksti mazmunyna laýyklykda iki bölege bölüň we olaryň hersine degişli sözbaşy tapyp aýdyň.

Böleklere bölen tekstleriňiziň hersini näçe abzasa bölmek boljak?

* * * *

153-njy gönükme. Goşgy bentlerni okaň, soňra göçüriň. Awtoryň sözüniň aşagyna bir, başganyň sözüniň aşagyna iki çyzyk çyzyň. Başganyň sözüniň ulanylyşynda nähili punktuasion belgileriň goýulýandygyny aýdyp beriň.

1.Soň menden sorady: «Näçe çagaň bar?»

Diýdim: «Esliräk bar, üç sany ogul,

Şonçaragam gyz bar. iň tokarjamyz

Mekdepden attestat getirjek şu ýyl!»..


2.Ýörjen-ýörjen boldy. Ýöräp başlady,

iki ätmänkä-de ýykyldy ýere.

«Ýetiň, ýetiň» diýip, gygyrsa ata,

«Waý, köşegim!» diýip, topuldy ene...


3.«Saglygyň gadyryn bilsinler» diýip,

Kesel diýilýän zat döränmiş kem-kem.

«Hemmeler saglygyň gadyryn bilse,

Äleme inmezdim» diýýärmiş kesel...

 (K. Gurbannepesow, «Ömür»).

154-njy gönükme. içinde başganyň sözüni ulanyp, bäş sany sözlem düzüň we depderiňize ýazyň. Başganyň sözüniň nähili punktuasion belgiler bilen tapawutlandyrylýandygyny aýdyp beriň.

NUSGA: Ata menden: «Sen ertir bize geljekmi?» diýip sorady.

* * * *

155-njy gönükme. Okaň. Başganyň sözi gelýän sözlemlerde degişli punktuasion belgileri goýup, sözlemleri depderiňize göçüriň.

1.Agam maňa Aleksandr Sergeýewiç Puşkin beýik rus şahyrydyr diýip aýtdy.

2.Mugallymymyz bize Mekdebimiziň okuwçylary dört gektar meýdanda agaç nahallaryny oturtdylar diýip, guwanç bilen gürrüň berdi.

3.Ata Orazowiç Biz sapakdan soň ýaş naturalistleriň stansiýasynda duşuşarys diýip sözüni soňlady.

4.Mugallym bize körpeler otagyny bezemage kömek edenlere kitap sylagyny gowşurjak diýip aýtdy.

5. Körpe nahal Güne bakyp,

Aşygyň  men,  söýýän diýdi.

Gün hem oňa gaşyn kakyp,

Söýýäniňi duýýan diýdi.

Körpe nahal diýen aňlatmanyň, naturalistler diýen sözüň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.