Yza gaydyng

5. ÝÖNEKEÝ WE GOŞMA SÖZLEMLER

133-nji gönükme. Sözlemleri okaň we dik çyzygyň çepindäkileriň hersiniň bir sözlemden, sagyndakylaryň hersiniň iki sözlemden  düzülendigine üns beriň.

1.Men kitap  okaýaryn.  

2.Men oýna bardym. 

3.Jaň kakyldy,

1.Men kitap okaýaryn, emma Jeren surat çekýär.

2. Men oýna bardym, sen gelmediň.

3. Jaň kakyldy,okuwçylar klasa girdiler

Sözlemler gurluşlary taýyndan iki topara bölünýärler.

1. Ýönekeý sözlemler. 2. Goşma sözlemler.

Bir sözlemden ybarat bolan sözlemlere ýönekeý sözlem diýilýär.

Meselem: Aman mekdebe gitdi. Sen nirede bolduň? Okuwdan geldim.

Birden artyk ýönekeý sözlemlerden düzülen sözlemlere goşma sözlemler diýilýär. Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemler biri-birleri bilen emma, welin, ýöne, we, hem ýaly baglaýjylar ýa-da äheň arkaly baglanyşýarlar.

Meselem: Gurban kitap aldyý, emma men depder aldym. Gök gürledi, ýagyş ýagmady. Sagat alty boldy we radio geplemäge başlady.

134-nji gönükme.Sözlemleri okaň we goşma sözlemleri göçüriň.

1. Biz oýnamaga gitmelidik.

2. Biz ýygnandyk, emma Bahar gelmedi.

3. Biz oňa köp garaşdyk, emma ol şonda-da gelmedi.

4. Çary Baharyň yzyndan gitdi.

5. Ol Bahary alyp geldi.

6. Bahar oýnamaga gidip biljek däl.

7. Baharyn ejesi işe gitmeli. Bahar kiçijik jigisine seretmeli.

8. Biz gitdik.

9. Biz köp oýnadyk.

10. Men palçykdan öý ýasandym. Çary kagyzdan gaýyk ýasady.

* * * *

135-nji gönükme. Sözlemleri okaň we bularyň haýsylarynyň ýönekeý, haýsylarynyň goşma sözlemdigini aýdyň.

1. Aşyryň jigisi 2-nji klasda okaýar.

2. Men okaýaryn, emma jigim surat çekýar.

3. Bulutlar syryldy we Gün çykdy.

4. Bu günler howa yssy bolýar.

5. Daýhanlar ekin meýdanlaryny suwarýarlar.

6. Mugallymymyz bizi çagyrdy we biz mekdebiň uçastogyna gitdik.

7. Howa bulutlaşdy, ýyldyrym çakdy, ýöne ýagyş ýagmady.

8. Meret geldi welin, biz oýnamaga gitdik.

9. Dukanda oňat suratlar bar.

10. Men 4-nji klasda okaýaryn. emma meniň agam 7-nji klasda okaýar.

11. Biz okuw esbaplarymyzy arassa saklaýarys.

Goşma sözlemlerdäki ýönekeý süzlemleri baglanyşdyrýan sözleriň haýsylarynda oturyň ulanylandygyny, haýsylaryňda ulanylmandygyny aýdyň.

* * * *

136-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ilki ýönekeý, soňra goşma sözlemleri göçüriň. Goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlemleriň arasyndaky baglaýjylaryň niresinde otur goýulýandygyna pugta üns beriň.

1. Gün dogdy welin, jahan ýagtyldy.

2. Ekin meýdanlary oňat bejerilipdir.

3. Mekdebimizde kömek ediş topary döredildi.

4. Olar obadaky kömege mätäç garrylara, maýyplara kömek edýärler.

5. Men gitmek isleýärin, ýöne kakam rugsat bermeýär.

6. Daýhanlar okuwçylaryň kömeginden hoşal bolupdyr.

7. Güýçli ýel öwüsdi, emma biziň oturdan nahallarymyza hiç zat bolmady.

* * * *

137-nji gönükme.Sözlemleri okaň we diňe ýönekeý sözlemleri göçüriň.

Meıı nebitçi bolmagy arzuw edýärin. Biz okalga bararys, siz hem gelin. Biz boş wagtlarymyz posýologyň köçelerini arassalaýarys. Men ertir barmaryn, sen gelersiň. Meniň enem tikindi bolup işleýär. Gün çykdy we gar eremäge başlady.Teneçir kesel ýokuşdyrýan çybynlary iýýär. Men çagyraryn welin, siz gelersiňiz.Men hasabymy dogry işledim. Men hasabymy dogry işledim we mugallym maňa bäşlik goýdy.

Ýönekeý sözlemler näçe sözlemden ybarat bolup bilýär?

* * * *

138-nji gönükme. Okaň we diňe goşma sözlemleri göçüriň. Olarda oturyň goýulýan we goýulmaýan ýerine üns beriň.

AZAT

Okuw sagatlary gutardy we Azat öýlerine gaýtdy. Mekdep bilen olaryň öýleriniň arasy daş däldi. Azat ýoldan sowuldy we ol gapdalyndaky çäge alaňlaryndan aşdy. Onuň aňyrsynda uly takyr ýazylyp ýatyrdy. Gök gürledi we ýagyş ýagdy. Azadyň üsti-basy ezildi, emma ol şonda-da öýe gitmedi. Ol takyrlyga geldi. Ýagyş köp ýagýardy, ýöne howa maýyldy.

Takyryň üsti endigan däldi. Muny ýagyş ýadan wagty Azat oňat görüp bildi. Takyryň üstünde jaýryk köp we olarda ýygnanan suw goýun çörlerini eňňit tarapyna äkidýärdi. Azat bu görnüşe ep-esli seredip durdy. Ýagyş diňdi, howa açyldy, emma jaýryklardan suw akýardy.

l.Ýokarky tekst näçe abzasdan ybarat we olar haýsylar?

2. Goşma sözlemler näçe sany ýönekeý sözlemlerden ybarat bolup bilýär?

Goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlemleriň arasynda we, hem baglaýjylary gelse, otur goýulmaýandygyny, emma, ýöne gelse, olaryň öňünden, welin gelse, onuň yzyndan otur goýulýandygyny ýadyňyzda saklaň.

139-nji gönükme. Teksti okaň we sözlemleriň haýsynyň ýönekeý, haýsynyň goşma sözlemdigini aýdyň. Goşma sözlemleriň arasynda oturyň goýulýan, goýulmaýan ýagdaýyna üns beriň.

Gündogar tarapdan çaga gülküsi eşidildi we depäniň üstünde iki sany oglan peýda boldy. Olaryň biri garaýagyzja oglandy, emma beýlekisi bugdaýreňk, uzyn boýlujady. Oglanjyklar Jereniň garşysynda haýbat atyp duran zemzeni gördüler. Olaryň ikisi birden zemzene topuldylar. Oglanlar geldiler welin, zem-zen has çişip başlady. Bular zemzeni görkuzjak boldy, emma zemzen olary gorkuzmaga synandy. Zemzen gaçdy, oglanjyklar kowdy. Zemzen gaçýar, ýöne oglanlar kowmagyny bes etmeýär. Zemzen uly hine gitdi. Çagalar oturdylar hem olar dynç aldylar.

Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Bu teksti degişli abzaslara bölüň.

* * * *

140-nji gönükme. Teksti okaň we degişli sözbaşy tapyň. Goşma sözlemleri saýlap göçüriň.

Sapar ýaňy okuwdan gelipdi. Öýlerinde başga hiç kim ýok-dy. Ol ýuwunmaga durdy welin, daşardan aglaýan çaganýň sesi geldi. Ol ses gitdigiçe golaýlaşdy. Sapar oňa rahatsyzlanyp başlady. Begli ulili bilen aglap gelýärdi. Sapar ondan:

—Näme aglaýarsyň? — diýip sorady.

—Italmaz meniň oýnawajymy aljak boldy, emma men oňa bermedim. Ol meni urdy — diýip, Begli yzyna gitdi.

Sapar ýuwnup boldy we daşaryk çykdy. Ol Begliniň giden tarapyna gitdi, ýöne Begli bilen Italmaz eýýäm bile oýnap ýördüler.

Tekstiň mazmunyny öz sözleriňiz bilen gürrüň edip beriň.

Ýönekeý sözlem bilen goşma sözlemiň ııähili tapawudynyň bardygyny aýdyň.

* * * *

141-nji gönükme.okaň we goşma sözlemleri emele getirýän ýönekeý sözlemleriň arasynda degişli ýerinde otur goýup göçüriň.

Daň atypdy emma Gün dogmandy. Howanyň ýüzi bulutlaşdy. Gün günorta boldy ýöne bulutlar aýrylmandy Öýlänler bulutlar syryldy. Howa ýagtylanyp başlady. Gün göründi hem howa maýlady. Oglanlar ýygnandylar ýöne biz hiç ýere gitmedik.

Durdy bize geldi we men onuň bilen okuwa gitdim. Biz mekdebe bardyk welin jaň kakyldy. Biz klasa girdik.

Bularyň haýsynyň ýönekeý, haýsynyň goşma sözlemdigini aýdyp beriň.

* * * *

142-nji gönükme.Emma, welin, ýöne, hem, we baglaýjylaryndan peýdalanyp, aşakdaky ýönekeý sözlemleri goşma sözlemlere öwrüň we depderiňize ýazyň. Gerekli ýerinde otur goýmagy unutmaň.

Gün çykdy. Howa maýlady.

Bulutlar syryldy. Ýagyş ýagmasyny goýdy.

Sen şulary gör. Öýüňize alyp gitme.

Olar geler. Biz gitmeris.

Men gygyrdym. Sen eşitmediň.

Mugallym sorady. Biz jogap berdik.

Ýagyş köp ýagdy. Ýer batga boldy.

NUSGA: Gün çykdy we howa maýlady.

* * * *

143-nji gönükme. Aşakdaky ýönekeý sözlemleri emma, welin,sözleri arkaly baglanyşdyryp, goşma sözleme öwrüň we gerekli ýerinde otur goýup, depderiňize ýazyň.

1. Gün çykdy. Mallar ýataga gelmedi.

2. Gölämiz geldi. Men ony suwa ýakdym.

3. Maşyn geldi. Biz şähere ugradyk.

4. Howa bulutlaşdy. Ýagyş ýagmady.

5. Biz köp garaşdyk. Çary gelmedi.

* * * *

144-nji gönükme. Teksti okaň. Goşma sözlemleri we olary emele getirýän ýönekeý sözlemleri aýdyp beriň.

Gyş geçdi we ol öz ornuny ýaza berdi. Howa birneme maýlapdy hem günler eýýam ep-esli uzapdy. Gije bilen gündiz diňleşip barýardy. Dürli guşlaryň jürküldisi artýardy we töwerek günsaýyn janlanýardy. Tilkiler, garsaklar boz tümmeklerde güneşleýärdiler, emma möjekler gije-gündiz aw gözleýärdiler. Ýaňy çykan ýazyň ýylýja günleriniň biridi. Biz Çarwa mergeniň howlusyna geldik, ýöne oglanlar içerik girmediler, içerden garry awçynyň aýdyma hiňlenmesi eşidilýärdi. Oglanlar içerik girdiler we olar garry awça hormat bilen salam berdiler.

Bu teksti mazmunyna laýyklykda iki bölege bölüň we olarýň hersine degişli sözbaşy tapyň.

* * * *

145-nji gönükme. Teksti okaň. Goşma sözlemleri aýdyp beriň we olary ýönekeý sözlemlere öwrüp, depderňize ýazyň.

SALAM HATY

«Salam, gadyrly Maral! Biz seniň hatyňy aldyk we oglanlar sagaman baryp ýerleşenini bildiler. Sen öz eken baglaryň hakynda sorapsyň. Arkaýyn bol. Baglaryň parlap ösüp barýar. Yene-de posýolok hakynda sorapsyň. Posýolokda-da üýtgeşiklik köp. Klub üçin salynýan jaýyň gurluşygy gutardy we biz onuň içini bezedik. Posýologyň günbatar çetinden iki sany täze ýaşaýyş jaýy salynmaga başlandy. Gurluşykda işleýänler köp, biziň okuwçylarymyz hem olara kömekleşýärler.

Maral! Biziň mekdebimiziň okuwçylaryndan öz mekdebiňiziň okuwçylaryna salam aýt!».

Parlap ösmek diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

GAÝTALAMAK ÜÇIN  SORAGLAR

1.Sözlemler gurluşlary taýyndan näçe topara bölünýärler, olar haýsylar?

2.Ýönekeý sözlemler diýip nähili sözlemlere aýdylýar?

3.Nähili sözlemlere goşma sözlemler diýilýár?

4. Goşma sözlemleri baglanyşdyrýan baglaýjylarda oturyň ulanylyş ýagdaýy nähili?