Yza gaydyng

s) SÖZLEMIŇ DEŇDEŞ AGZALARY

121-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny hem-de sözlerniň haýsy agzasydygyny aýdyň.

1. Aman,  Galina, Meret,  Nursoltan, Juma oýnamaga gitdiler.

2. Maýsa partada oturdy, okady, ýazdy.

3. Biz obalarda, etraplarda, şäherlerde bolduk.

1.Birinji sözlemiň näçe eýesi bar?

2.Ikinji sözlemiň näçe habary bar?

3.Üçünji  sözlemiň näçe aýyklaýjysy bar?

* * * *

122-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1.Gözel, Myrat, Jeren, Baýram 4-nji klasda okaýarlar.

2.Mugallym okadýar, Öwredýär, terbiýeleýär.

3.Men magazinden kitap, depder, galam aldym.

1.Her sözlemiň baş we aýyklaýjy agzalaryny aýdyp beriň.

2.Has gara ýazylan sözleriň arasynda nähili dyngy belgi goýlupdyr

Bary bir soraga jogap bolup, bir meňzeş äheň bilen aýdylýan sözlere sözlemiň deňdes agzalary diýilýär. Sözlemiň deňdeş agzalary birnäçe eýeden-de, habardan-da, aýyklaýjy sözden-de bölüp biler.

Dendeş agzalaryň arasynda başga söz bolmasa, olaryň arasynda otur goýulýar.

Meselem: 1. Oraz, Meret, Bahar meýdanda oýnaýar.

2. Okuwçy klasa girdi, oturdi, okady.

3. Mugallym Atadan, Jerenden, Gurbandan we Meretden sorady.

123-nji gönükme. Teksti okaň we her sözlemdäki deňdeş agzalary aýdyp beriň.

Bizin mekdebimizde Garaşsyzlyk otagy döredildi. Ony döretmäge mugallymlar, okuwçylar işeňňir gatnaşdylar. Okuwçylardan Ataýew, Durdyýewa, Gurbanowa, Annamyradow has tapawutlandylýar.

Okuwçylar dürli temalara degişli maglumatlary gazetlerden, Žurnallardan, kitaplardan aldylar. Otagdaky maketler, fotosuratlar, fotoalbomlar halkymyzyň taryhy barada gurruň berýär.

1.Teksti mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň we munuň näçe abzasdan düzülendigini aýdyň.

2.işjeň gatnaşmak diýen aňlatmanyň manysyny düşüııdiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

124-nji gönükme.Sözlemleri göçüriň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň we olaryň sözlemiň haýsy agzasydygyny aýdyň.

1. Şu gün Allak, Durdy we Myrat bize geler.

2. Meniň atam her ýyl gazetlere, Žurnallara ýazylýar.

3. Çagalar, öz göwnüňize ýaran zat hakda ýazyň, surat çekin, fotosurat alyň!

4. Mawy kitabyny açdy we okady.

5. Baýramçylyk günleri jaýlary, köçeleri bezeýärler.

1.Aşagyny çyzan deňdeş agzalaryňyz nähili soraga jogap bolýarlar?

2.Sözlemiň deňdeş agzalarynyň arasynda nähili dyngy belgi goýulýar?

* * * *

125-nji gönükme. Teksti okaň we has gara ýazylan sözleriň sözlemiň nähili agzasydygyny aýdyň.

Lageriň gowy bagy, köçesi bar. Ol edil tokaý ýaly. Bagyň kölegeleri, meýdançalary örän oňat. Baglaryň saýasy gowy, salkyn.

Aňyrrakda aşhana jaýy. Ondan gap-gaçlaryň, pyçaklaryň, çemçeleriň şakyrdysy eşidilýär. Hol çetde ýerzeminler, saraýlar, jaýlar bar. Baglaryň arasyndan gecýän giň ýodalar gönüdi, düzdi.

(<<Hakyky dostlar»)

Ýokarky tekstiň temasyny anyklaň we aýdyň.

* * * *

126-nji gönükme.Teksti göçüriň we deňdeş agzalaryň aşagyny cyzyň. Olaryň sözlemde haýsy agza bolup gelendigini we nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

DYNÇ GÜNI

Dynç günleriniň biridi. Men, kakam jigim, dagymyz şähere gezelenje gitdik. Säheriň owadan jaýlary, köçeleri, baglary göwnuňi açýar. Biz dükanlara aýlandyk. Kakam jigime, maňa dükandan kitap, oýunjak alyp berdi. Soňra çaýhana gelip, nahar iýdik, çaý içdik, dynç aldyk. Şäherde gatnaýan trolleýbuslaryň, awtobuslaryň, motosikletleriň yzy üzülenok.

* * * *

127-nji gönükme.Teksti okaň we onuň mazmunyny gürrüň edip beriň.

MARY WELAÝATY

Mary welaýaty Turkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşýär. Ol Lebap, Ahal welaýatlary bilen goňsudyr. Bu welaýatyň Mary, Murgap, Ýolöten, Sakarçäge, Turkmengala, Wekilbazar, Garagum, Baýramaly, S.A. Nyýazow adyndaky, Guşgy, Tagta bazar etraplary bar. Mary welaýaty gaza baýdyr. Welaýat dokma senagytynyň, inçe süýümi gowaçanyň, gara-koli dowarçylygynyň esasy mesgenleriniň biridir. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky böwrek we ýürek kesellerini bejerýän sanatoriýa hem Mary welaýatyndadyr.

1. Içinde deňdeş agzalary bolan sözlemleri göçüriň.

2. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

* * * *

128-nji gönükme. Okaň. içinde deňdeş agzalaıy bolan sözíemleri göçürip alyň we olary aýdyp beriň.

Aýtymy giň bolan beýik diwarly bu aýlaw öň wagtlarda şäheriň bir çetinde selmeli, syrkynly giň meýdanyň ortasynda beýik gala ýaly magallaklap görünýärdi. Indi bu giň aýlawyň töweregini beýik-beýik ymaratlar bag-bakjaíar gurşap alypdyr.

Marydan, Baýramalydan, Tejenden, Bäherdenden, Gökdepeden we başga etraplardan gelen seýisler aýlawyň meýdanyn-da çadyr gurup ýaşaýarlar, Bularyň arasynda Aşgabat etrabynyň üýşmeleňi has hem kändi. On-on iki ýaşly çagalara çenli öz atlarynyň aýagyny synlamak ücin gelipdirler.

(A.Gowşüdow, Saýlanan eserler)

Selme, syrkyn, ymarat sözleriniň manysynyň düşündiriň we dep deriňize ýazyň.

* * * *

129-nji gönükme. Aşakdaky sözleri deňdeş agza hökmünde ulanyp, özüňizden üç sany sözlem düzüň.

Çary, Myrat, Aýna, Gül.

Gawun, garpyz, pomidor we kelem.

Okady, ýazdy, surat çekdi.

* * * *

130-nji gönükme. Deňdeş agzalaryň arasynda degişli dyngy belgisini goýup, sözlemleri göçüriň.

1. Mekdebimize täze partalar stollar oturgyçlar aldylar.

2. Ertir birinji ikinji üçüııji herm-de dördünji klas okuwçylarynyň ýygnagy boljak.

3. Bäşim Nury Gözel dagy mekdepde galdylar.

4. Puşkin Nekrasow Lermontow rus şähyrlarydyr.

5. Çagalar üçin ýazylan ertekileri hekaýalary goşgulary okaň!

Her sözlemdäki deňdeş agzalary we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

* * * *

131-nji gönükme. Teksti okaň we sözlemlerdäki deňdeş agzalary aýdyp beriň. Deňdeş aýyklaýjyly sözlemleri göçüriň.

GOWAÇA

Gowaçalar gögerenden soň, ony ýekelemage, otamaga başlaýarlar. Onuň düýbüni ýumşadýarlar. Topragy ýumşatmak örän möhüm işdir. Toprak ýumşak bolsa, ondan howany, suwy, iýmiti sorup almak ösüımligiň köklerine aňsat bolýar. Ýazyň, tomsuň dowamynda gowaça meýdany birnäçe gezek bejerilýär. Daýhanlar maşynlaryň kömegi bilen ýeri sürýärler, ýumşadýarlar, ekýärler we pagtany ýygýarlar.

Bu teksti mazmunyna laýyklykda iki abzasa bölüň we olary aýry-aýrylykda okap beriň.

* * * *

132-nji gönükme. Teksti okaň we salam hatyň ýazylyşyna üns beriň hem-de öwreniň.

HAT

Ejesi oglundan gelen haty okamaga başlady. Gurt diňleýärdi. «Kakama, ejeme, Gurda meniň tarapymdan şatlykly salam. Men lagere gelen günüm Bally, Oraz, Kemal we başga-da birnäce oglanlar bilen dostlaşdym. Olar bilen ekskursiýa, syýahata, kino bileje gidýäris. Naharam bir stolda oturyp iýýäris. Agzybir ýaşaýarys. Bu ýerde örän oňat dynç alyp bolýar. Obada nähili üýtgeşiklik bar? Eje, saglyk ýagdaýyň gowumy? Gürdüň jany sagmy? Hoş, sag boluň, saglykda görşeliň! Hatyň jogabyna garaşýaryn. Hat ýazan Gurban».

1.Tekstdäki deňdeş agzalary we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

2.Tekstiň içinden saýlap, habar, sorag, ýüzlenme sözlemleriniň hersinden birini depderiňize göçüriň.

GAÝTALAMAK   ÜÇIN SORAGLAR

1. Sözlemiň baş agzalary diýip nämelere  aýdylýar?

2. Sözlemiň eýesi nähili soraglara jogap bolýar?

3. Sözlemiň habary nähili soraglara jogap bolýar?

4. Sözlemiň eýesini nähili ýol bilen anyklamaly?

5. Nähili sözlere sözlemiň aýyklaýjy agzalary diýilýär?

6. Doldurgyçlar we aýyrgyçlar sözlemiň  haýsy agzalaryna baglanýarlar?

7. Sözlemiň deňdeş agzalary diýip nähili sözlere aýdylýar.

8. Deňdeş agzalar sözlemiň haýsy agzalaryndan bolup bilýärler?

9. Deňdeş agzalaryň arasynda nähili ýagdaýda otur goýulýar?