Yza gaydyng

b) SÖZLEMIN AÝYKLAÝJY AGZALARY

110-njy gönükme. Ükaň we göçüriň. Sözlemleriň baş agzalaryndan beýleki sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Biz mekdebe gitdik. Biz mekdebimizde Garaşsyzlyk otagyny döretdik.

2. işçiler zawodlarda, fabriklerde işleýärler.

3. Biziň halkymyz medeniýetli ýaşaýar. Biz zähmeti, parahatçylygy söýýäris.

4. Durdy agşam teatra gider.

5. Ertir biziň mekdebimizde oýun görkeziljek. Men oýna jigimi getirjek.

Sözlemde eýe bilen habardan beýleki belli bir soraga jogap bolýan sözlere aýyklaýjy agzalar diýilýär.

Mysal üçin, Döwlet ertir şähere gidýär diýen sözlemde Döwlet — sözlemiň eýesi, gidýár — habary, ertir, şähere sözleri bolsa aýyklaýjy agzalardyr. Aýyklaýjylar sözlemde ýa eýa, ýa habara, ýa-da öz biri-birlerine baglanýarlar.

111-njy gönükme. Sözlemleri okaň we her sözlemiň baş hem-de aýyklaýjy agzalaryny aýdyp beriň.

Bibiniň dogany mekdepde okaýar. Ol oňat bahalar alýar. Bibi ertirine okaýar. Bibiniň joralary şähere gitdiler. Olar şäher-den geldiler. Biz agşam Berdilere bardyk. Berdiniň mamasy bize erteki aýdyp berdi.

* * * *

112-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň we aýyklaýjy agzalary degişli baglanýan sözlerine baglaň.

1. Meniň jigim baga gitdi.

2. Meniň daýym şähere gitdi.

3. Biziň mekdebimiz baglykda ýerleşýr.

4. Orazyň kakasy kurortdan geldi.

5. Atanyň dogany gazet okaýar.

NUSGA: Meniň jigim, baga gitdi.

Aýyklaýjylar aýyrgyçlar, doldurgyçlar, ahwalatlar diýen üç topara bölünýär.

Aýyrgyçlar sözlemde atlara baglanyp, kimiň? nämäniň?, niräniň?, nähili?, haýsy? näçe? ýaly soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Merediň jigisi mekdebe gatnaýar. Men gyzykly kitap okadym.

113-njy gönükme. Teksti okaň. Aýyrgyçlary tapyp, olaryň nähili soraga jogap bolýaııdygyny we haýsy söze baglanýandygyııy aýdyň.

Biziň obamyz şäheriň merkezine golaý ýerleşýär. Obamyz bilen şäher arasynda gatnaýan awtobus bar. Obanyň ilaty şähere şol awtobus bilen gidip gelýär. Biz düýn üç oglan bolup, şähere gitdik. Şäheriň kitap dükanyna bardyk. Men gyzykly kitap aldym. Durdy gowy albom aldy. Çary bolsa bäş ruçka aldy. Biz şäherde iki sagat bolduk. Öýlänler öýümize gaýdyp geldik.

* * * *

114-njy gönükme. Köp nokatlaryň ýerine degişli aýyrgyçlary ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Mugallymymyz bize ... gürrüň berdi. Bize ... gürrüňi ýarady, ol... göwnümizden turdy.

2. ... dosty ... surat çekipdir.

3. Aşyr ... oglanlaryň biridir.

4. Biz ... güni aýlawa gitdik. Ol ýerde ... sagat bolduk. Biz ... çapyşygyna tomaşa etdik.

Nokatlara derek ýazan aýyrgyçlaryňyzyň haýsy sözlere baglanýandygyny we nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

* * * *

115-njy gönükme. Sözlemleri okaň we aýyrgyçlary baglanýan sözleri bilen nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň.

l. Biz uly howla girdik. Howluda meniň jigim oýnap ýören eken.

2. Durdynyň dogany telewizorda çykyş etdi. Ol gowy aýdymlar aýtdy.

3. Mekdebiň kitaphanasyna täze kitaplar aldylar.

4. Ýurdumyzda ak bugdaý köp ekilýär.

5. Bu ýyl gök önüm bol boldy.

NUSGA: nähili howly? — uy howly, ...

Doldurgyçlar sözlemde işliklere baglanýarlar we kime?, näma?, kimi?, nämäni?, kimde?, nämede?, kimden?, nämeden? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Men Oraza tabşyrdym. Men kitaby aldym. Kakam şäherden geldi.

116-njy gönükme. Sözlemleri okaň. Doldurgyçlary we olaryň jogap bolýan soraglaryny aýdyň.

1. Men aýna seretdim. Aýnada öz ýüzümi gördüm. Oturyp, saçymy daradym.

2. Enem ilki käşiri arassalaýar, soňra ýuwýar. Ýuwup arassalan käşirinden maňa-da berýär. Men käşiri halaýaryn.

3. Aman şol ertekini kitapdan okapdyr. Şol ertekini men hem okajak.

4. Men kündüge suw guýdum. Atamyň eline suw akytdym.

* * * *

117-njy gönükme. Köp nokatlara derek degişli doldurgyçlary ýazyp, sözlemleri depderiňize göçuriň.

1. Men ... söýýärin. Şonuň üçin  täze ... alyp, ... okap başladym. Ol... gyzykly hekaýa bar eken.

2. Agaly ruçkany ... alyp, hat ýazyp başlady. Ol ... goşunda gulluk edýän ... ýazdy.

3. Men iki depder berdim. Ol depderleri men ... öň alypdyrn.

Nokatlara derek ýazan doldurgyçlaryňyzyň  haýsy sözlere baglanýandygyny we nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Ahwalatlar sözlemde işliklere, esasan, habara baglanyp, nirä?, niräni?, nirede?, nireden?, haçan?., nädip?, nähili?, näçe? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Mergen oba gitdi. Anna şäherden geldi. Ol düýn   aýtdy.

118-njy gönükme. Sözlemleri okaň we ahwalatlary baglanýan sözleri bilen nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

l. Biziň halkymyz şat ýaşaýar.

2. Biz ertir şähere gitmeli. Şäherde biz köp eglenmeris.

3. Ylgap barýan oglan ýapdan böküp geçdi.

4. Maksadyň dogany gülüp otyr

5. Meniň atam obada ýaşaýar.

6. Merdan ertir bize geler. Men onuň bilen düýn gürleşdim.

7. Goltugy papkaly oglan ınekdebe barýar.

NUSGA: haçan gitmeli? - ertir gitmeli; nirä gitmeli? -- şähere gitmeli, ...

* * * *

119-njy gönükme. Soraglary okaň we olaryň jogaplaryny depderiňize ýazyň.

1. Sen näçenji klasda okaýarsyň?

2. Sen obada ýaşaýarmyň ýa-da şäherde?

3. Seniň kakaň nirede işleýär?

4. Siziň klasyňyzda näçe okuwçy okaýar?

5. Sen özüňden ululara salam bermelidigini bilýärmiň?

NUSGA: Men özümden ululara salam bermelidigini bilýärin.

1. Ýazan sözlemleriňizdäki aýyklaýjy sözleriň haýsynyň doldurgyç, haýsynyň aýyrgyç, haýsynyň ahwalatdygyny anyklaň.

* * * *

120-njy gönükme. Sözlemleri okaň we olary sintaktik taýdan dilden derňäň.

1. Geçen tomus biziň okuwçylarymyz lagerde boldular.

2. Şäherde täze kitaplaryň sergisi açylypdyr.

3. Meýdanda garaja guzular bökjekleşýärler.

4. Goýunlar otluk ýerde bakylýar.

5. Güýzüne ýapraklar saralýar.

6. Biz pile planyny doldurdyk.

7. Klasymyzyň okuwçylary okuwdan galmaýarlar.

Ikinji, üçünji sözlemleri göçüriň we eýäniň. habaryň, aýyklaýjylaryň aşagyny degişli çyzyklar bilen belläň. Aýyklaýjy sözlere sorag beriň, olaryň haýsy sözlere baglanýandygyny  anyklaň.

NUSGA:Geçen tomus biziň okuwçylarymyz lagerde boldular.

Haýsy tomus?— geçen tomus, haçan boldular? — tomus boldular;

kimiň okuwçylary?—biziň okuwçylarymyz; nirede boldular?—lagerde boldular.