Yza gaydyng

4. SÖZLEMIŇ AGZALARY

a) SÖZLEMIŇ BAŞ AGZALARY

102-nji gönükme. Okaň we kim?, name? diýen soraglara jogap bolýan sözleri aýdyň.

Çary ylgaýar. Doganym okaýar. Uçar gondy. Guş uçdy. işçiler işden gelý’rler. Çagalar top oýnaýarlar. Yagyş ýagýar. Yagyş dindi. Merdan gezmäge gitdi. Otlar gögerdi.

* * * *

103-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we näme edýär?, näme etdi?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolýan sözlerinň aşagyny çyzyň.

Miwe gelý’r. Miwe geldi. Miwe geljek. Miwe geler. Daýhanlar işleýärler. Durdy surat çekýär. Aşyr mekdebe gitdi. Serdar kitap, depder aljak. Maýsajyk çagalar bagyna gider. Ejem obadan geldi. Ol mekdebe geler.

Sözlemiň eýesi bilen habaryna sözlemiň baş agzalary diýilýär. Baş agzalar sözlemiň özeni bolýar.

Eýe kim?, näme?, nire? diýen soraglaryň haýsy-da bolsa birine jogap bolýar we sözlemde gürrüň, esasan, eýe hakda gidýär.

Habar näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglaryň haýsy-da bolsa birine jogap bolýar we köplenç sözlemiň soňunda gelýär.

Sözlemiň eýesini tapmak üçin ilki sözlemiň habaryny anyklamaly, soňra habara kim?, näme? nire? diýen soraglary bermeli, şol soraga jogap bolýan söz sözlemiň eýesi bolýar. Muňa Meret hat ýaziýar. Otly iki sagat-dan ugraýar diýen sözlemleri ýokarky tertipde derňemek arkaly göz ýetirmek bolar.

104-nji gönükme. Teksti okaň. Her sözlemiň baş agzalaryny we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

GUMDA

Olar ýüzüni guma tutup barýardylar. Batyr öňden barýardy. Olaryň arasy bilen Batyryň kömekçisi Artyk hem gelýärdi. Bular gumuň etegine oýnamaga barýarlar. Olar şol gumluga her dynç alyş güni giderdiler. Çagalar gumda ýuwa, ýelmik ýygardylar. Serdar gum depelerinden togalanmagy s;ýýärdi. Gum entek gyzmandy. Çagalar ýanlary bilen getiren düşeklerini kölege edindiler. Olar süýt-gatyklaryny şol kölegede goýdular. Çagalar birsalym oýnadylar. Birden Artyk bir pyşbagany gördi. Ol oglanlary çagyrdy. Oglanlar ylgaşyp geldiler.

1. Bu teksti mazmunyna laýyklykda iki abzasa bölüň.

2. Abzas diýip näma aýdylýar.

3. Ýuwa, ýelmik sözleriniň manysyny düşündiriň.

* * * *

105-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we her sözlemiň eýesiniň aşagyna bir çyzyk, habarynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Men gazeti höwes bilen okaýaryn.

2. Çagalar okuwdan boş wagty daýhanlara kömekleşýärler.

3. Aşyr mekdebiň köpçülik işine gatnaşýar.

4. Okuwçylar garrylara, maýyplara kömek berýärler.

5. Nebitçiler körpeleri oňat garşyladylar

6. Okuwçylar Garaşsyzlyk otagyna ýygnanarlar. Olar diwar gazetini çykarjak.

1. Sözlermiň eýesine we habaryna sözlemiň nähili agzasy diýilýär.

2. Her sözlerniň baş agzalaryNy, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

* * * *

106-nji gönükme.Teksti okaň we her sözlemiň baş agzalaryny göçürip alyň.

Sygyrlar ýataga geldiler. Obanyň içi tozandan doldy. Çagalar mallary ýataklarynda daňyşdyrdylar. Olar mallaryň öňüne ot dökdüler. Howanyň tozany barha aşaklaşdy. Tozanlar ýere siňdi. Aýallar sygyrlary sagmaga çykdylar. Daýhanlar işdeı geldiler. Gündizki yssy gitdi. Onuň ýerini salkyn howa eýeledi. Iňrik garaldy  Mylaýym şemal tüssäni obanyň içinden çykardy. Gaýmalaşyk azaldy. Agşamyň garaňkysy obanyň üstüni ýapdy.

Dursun çöküp oturan düýäniň ýanyna geldi. Ol onuň örküjinden sypalady. Düýe ýanyna adam gelenini duýmady.

(H.Ysmaýylow. «Mugallymyň gyzy»).

1. Göçüren sözleriňiňze nähili sözlemler diýilýär?

2. Bu tekst näçe abzasdan ybarat?

* * * *

107-nji gönükme. Ýaýyň içindäki köp nokatlaryň ýerine sözlemiň baş agzalarynyň degişli soraglaryny ýazyp göçüriň.

1. Dursun (...?) hat ýazýar (...?).

2. Ussa (...?) agaç ýonýar (...?).

3. Uçar (...?) Moskwa uçdy (...?).

4. Bu gün ýagyş (...?) ýagar (.,.?).

5. Ol (...?) galam aljak (...?).

6. Göle (...?) ot iýýär (...?).

7. Durdy (...?) ýaryşa gatnaşdy (...?).

8. Otly (...?) oba ugrady (...?).

NUSGA: Dursun (kim?) hal ýazýar (näme edýär?),

1. Ýazan s;zlemleriňizíň baş agzalaryňy aýdyp beriň.

2. Eýe bilen habara sözlemiň nähili agzalary diýilýär?

* * * *

108-nji gönükme.özüňizden alty sany sözlem düzüp, depderiňize ýazýň we her sözlemiň eýesiniň aşagyna bir çyzyk, habarynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

* * * *

109-nji gönükme. Hekaýajygy üns berip okaň, soňra kitabyňyzy ýapyp, şu hekaýanyň ınazmuny esasynda depderiňize tekst ýazyň.

GEZELENÇ

Çagalar gezelenje çykdylar. Bu gün olar oňat geýindiler. Olar iki-ikideıı hatara durdular. Gün oňatja gyzdyrýardy. Oglanlar paltolarynyň iliklerini ýazdyrdylar. Agaçlar Günüň ýyly çoguna pyntyklaryny ýarypdyrlar.

Köçäniň ugrunda serçeler bökjekleşýärdi. Olaryň gapdalyndan maşynlar wazlap geçýärdiler. Emma serçeler gorkmaýardylar Trolleýbuslar, adamlar geçýärler. Emma guşjagazlar gorkmaýarlar. Oglanlar töwerekde ençeme gyzykly zatlary gördüler.

Ýazan tekstiňizdäki sözlemleriň eýesiniň aşagyna bir çyzyk,habarynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.