Yza gaydyng

3. ÝYGNAK WE ÝAÝRAŇ ÝÖNEKEÝ SÖZLEMLER

94-nji gönükme. Sözlemleri üns berip okaň. Dik çyzygyň çep we sag tarapyndaky sözlemleriň biri-birinden nähili tapawudynyň bardygyny anyklaň.

Aşyr otyr.

Jigim gitdi.

Kakam geldi.

1.Aşyr kitap okap otyr.

2. Meniň jigim çagalar bagyna gitdi.

3. Kakam işden geldi.

1. Dik cyzygyň çep tarapyndaky ýönekeý sözlemlerde sözlemiň haýsy agzalary bar?

2. Dik cyzygyň sag tarapyndaky ýönekeý sözlemlerde sözlemiň haýsy agzalary bar?

* * * *

95-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Ilki diňe eýe bilen habardan düzülen sözlemleri, soňra eýe bilen habardan başga-da aýyklaýjy agzalary bolan söziemleri ýazyň.

Men geldim. Men obadan geldim. Horazlar gygyrdy. Daňdan obanyň horazlary gygyrdy. Biz turduk. Biz el-ýüzümizi ýuwduk. Ejem gitdi. Ejem sagat sekizde işe gitdi. Kakam gitdi. Işden soň kakam öýe geldi. Okuwçylar mekdebiň sport meýdançasyna ýygnandylar. Okuwçylar geldiler.

Ýönekeý sözlemler iki hili bolýar:

Ýygnak ýönekeý sözlemler.

Ýaýraň ýönekeý sözlemler.

Diňe eýe bilen habardan düzülen sözlemlere ýygnak ýönekeý sözlemleri diýilýär.

Meselem: At kişňedi. Oraz okaýar. Bahar geler. Ol jogap berdi.

Baş we aýyklaýjy agzalary bolan sözlemlere ýaýraň ýönekeý sözlemler diýilýär.

Meselem: Oraz mekdepde okaýar. Biz ertir mugallym bilen ekskursiýa gitjek.

96-nji gönükme.. Teksti okaň. Soziemleriň haýsynyň ýygnak, haýsynyň ýaýraň ýönekeý sozlemdiglni aýdyp beriň.

Ýaz geldi. Orazjyk öz meýdanyny depip çykdy. Onuň bir özi däldi. Orazjyk nädip ýer depmelidigini, nähili bejermelidigini bilýärdi. Ol öwrendi. Indi kakasy kömek bermese-de oňýardy.

Bugdaý ösgündi. Sümmüller uludy. Orazjyk ýoldaşy bilen bol hasyl ýygnady. Munuň ýaly bugdaý sümmüllerini iki bolup döwüp çykmak ýeňil däldi. Kömekçi gerekdi. Orazjyk ýoldaşlary bilen oran bugdaýlaryny oňat edip döwdüler. Bugdaýy ýygnadylar.

Bu tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Tekstiň näçe abzasdan düzülendigini we olaryň haýsylardygyny aýdyň.

* * * *

97-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Ilki ýygnak ýönekeý sözlemleri, soňra ýaýraň ýönekeý söziemleri ýazyň.

AÝNAJYK

Yssy düşdi. Howa dymykdy. Aýnajyklaryň öýi biziň golaýymyzdady.

Aýnajyk geldi. Men Aýnajyk bilen okalga gitdim. Ol ikinji klasda okaýardy. Biz uly köçä geldik. Maşynlar geçýärdi. Adamlar howlugýar. Olar duralgada awtobusa, trolleýbusa garaşýarlar. Biz howlukmadyk. Seresaplyk bilen köçeden geçelik.

Okalga dört gat jaýyň birinji gatyndady. Biz geldik. Gerekli kitaplarymyzy alyp, öýümize gaýtdyk.

Seresap bolmak diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

98-nji gönükme. Aşakdaky ýygnak ýönekeý söziemleri ýaýran ýönekeý sözlernlere öwrüp, depderiňize ýazyň.

l   Altyn okaýar.

2. Kakam gitdi.

3. Ejem geldi.

4. Men aldym.

5. Mugallym sorady.

6, Biz gitdik.

7. Enem bişirýär.

8 Çopan bakýar.

9. Olar boldular.

NUSGA: Altyn 5-nji klasda okaýar.

Depderiňize göçüren ýaýraň ýönekeý sözlemleriňiziň baş we aýyklaýjy agzalaryny aýdyp beriň.

* * * *

99-nji gönükme. Aşakdaky ýaýraň ýönekeý sözlemleri ýygnak ýönekeý sözlemlere öwrüň.

1. Meniň atam goýun bakýar.

2. işliler işe gitdi,

3. Olar zawotda işleýärler.

4, Agşam ýagyş ýagjak.

5. Bu habary men radiodan eşitdim.

6. Sen radio diňleýärmiň?

7. Aman Aşgabat-daky agasyna hat ýazdy.

8. Biz şu ýyl Hazar deňziniň kenaryn-da bolduk.

9. Allak çeper höwesjeňleriň kružogyna gatnaşýar.

Ýygnak ýönekeý sözlemler haýsy agzalardan düzülýar?

* * * *

100-nji gönükme. Okaň. Bularyň haýsynyň ýygnak ýönekeý haýsynyň ýaýraň ýönekeý sözlemdigini aýdyň.

Oraz geldi. Oraz Durdy bilen bile geldi. Biz mekdebimizde zähmet gahrymanlary bilen duşuşdyk. Duşuşyk örän gyzykly geçdi. Duşuşykdan soň okuwçylar konsert bilen çykyş etdiler. Konsert gutardy.

Ertesi biz ekin meýdanlaryna ekskursiýa gitdik. Günortan nahar edindik. Daýhanlar bizi gowy garşylady. Durdy gelmedi. Ol nähoşlapdyr. Biz agşam obamyza öwrülip geldik.

Nähili sözlemlere ýygnak, nähili sözlemlere ýaýraň ýönekeý sözlemler diýilýandigini aýdyp beriň.

Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň. Bu tekstiň näçe abzasdan düzülendigini, olaryň haýsylardygyny aýdyň.

* * * *

101-nji gönükme. «Okuwçylaryň asylly işi» diýen temadan tekst ýazyň. Şol tekstde ýygnak we ýaýraň ýönekeý sözlemleriň ikisini hem ulanyň.

GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR.

1. Nähili sözlemlere ýygnak  ýönekeý sözlemler diýilýär?

2. Nähili sözlemlere ýaýraň ýönekeý sözlemler diýilýar?

3. Ýaýraň ýönekeý  sözlemlerde nähili agzalar bolýar?

4. Ýygnak ýönekeý sözlemler haýsy agzalardan düzülýärler?