Yza gaydyng

2. SÖZLEMLER WE OLARYŇ GÖRNÜŞLERI

73-nji gönükme. Teksti okaň we munda näçe sözlem bardygyny, her sözlemden soň nähili dyngy belgi goýlandygyny aýdyň.

Tomus yzda galdy. Yssy günler gutardy. Howanyň gün-günden salkynlaşýandygy bildirýär. Sowuk şemal baglaryň ýapraklaryny düşürýär.

Howa bulutlaşýar. Ýagyş ýagyp başlaýar. Bulutlar syrylýar. Ýagyş diňýär. Gün görünýär, ýöne Gün indi tomusdaky ýaly gaty gyzdyrmaýar.

Teksti göçüriň we mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Tekstiň temasyny anyklaň hem-de onuň näçe abzasdan düzülendigini aýdyň.

* * * *

74-nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri öz heňi bilen okaň. Olaryň nähili sözlemlerdigini aýdyň.

Biz irden mekdebe gidýäris. Seniň jigiň näçenji klasda okaýar? Meniň jigim ikinji klasda okaýar. Kakaň şäherden geldimi? Kakam şäherden geldi. Ýaşasyn halklaryň dostlugy! Okuwda, işde uly üstünlikler gazanalyň!

Okan sözlemleriňize tekst diýip boljakmy?

Gutaran oý-pikiri aňladýan söze we sözler toplumyna sözlem diýilýär. Her sözlemiň yzyndan olaryň manysyna görä nokat (.), sorag (?), ýüzlenme (!) belgileri goýülýar.

  Meselem: Men mekdepden geldim. Sen Pöwrizede bolduňmy? Ýaşasyn biziň   jebisligimiz!

Kakam fabrikde işleýär. Seniň kakaň nirede işleýär? Meniň kakam mal bakýar. Maldarlara şöhrat! Sen Maryny gördüňmi? Geljek ýyl ejem meni oba äkidýär. Ýaşasyn eneler! Ýaşasyn çagalar! Sen okuwdan soň nirä gitjek? Men okuwdan soň öýe gitjek. Sen mekdepden geldiňmi? Ýaşasyn biziň zähmetkeşlerimiz!

* * * *

76-nji gönükme. Her sözlemi öz heňi bilen okaň we olaryň manysyna üns beriň. Olaryň soňunda nähili dyngy belgiler goýlandygyny aýdyň.

Şu gün biz ekskursiýa gidýäris.

Siz haçan şähere gidýarsiňiz?Sözlemleri depderiňize göçüriň.

Sözlemler aňladýan manylary boýunça üç hili bolýar:

 habar, sorag, ýüzlenme sözlemleri.

Habar sözlemi bir zady habar bermegi aňladýar, onuň soňunda nokat (.) goýulýar.

Meselem: Biz obadan geldik. Kakam irden işe gitdi.

Sorag sözlemi bir zady soramagy aňladýar, onuň soňunda sorag belgisi (?) goýulýar.

Meselem: Sen galam aldyňmy? Olar nirä gidýärler?

Ýüzlenme sözlemi ýüzlenmegi, begenmegi, haýyşy, buýrugy, gahary aňladýar, onuň soňunda ýüzlenme belgisi (!) goýulýar. Meselem: Ýok bolsun uruş! Ýaşasyn parahatlyk!

77-nji gönükme. Sözlemleri degişli heňi bilen okaň we göçüriň. Olaryň aňladýan manysyny we nähili sözlemdigini aýdyp beriň.

Okuwçylar mekdebiň klubuna üýşdüler. Bu gün ýygnak bolýar. Sen ýygnaga geljekmi? Amanyň ýoldaşy nirä gitdi?

Kärendeçiler, ýokary hasyl ugrunda göreşeliň! Ýaltalary ýüz görmän tankyt edeliň!

Tankyt etmek diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

78-nji gönükme. Edebiýat kitabyndaky «Dört dost» diýen ertekini üns berip okaň. Soňra depderiňize «Dostlugyň güýji» diýen temada üç abzasdan ybarat bolan tekst ýazyň. Ýazan tekstiňizde näçe sözlem bardygyny, olaryň her biriniň nähili sözlemlerdigini aýdyň.

* * * *

79-nji gönükme. Teksti üns berip okaň. Her sözlemiň nähili sözlemdigini aýdyň. Tekstiň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

Agöýli bilen Selim ikisi dost. Bir gezek Selim atalarynyň ýaşaýan obasyna gezelenje gidip geldi. Agöýli Selim obadan gelenden soň olara baryp, ondan:

-- Agöýli, sen ataňlaryň obasynda näçe gün bolup geldiň? -diýip sorady.

Agöýli atalarynyň obasynda üç gün bolup gelendigini aýtdy. Soňra Selim:

-- Agöýli, sen obada näme geň zatlar gördüň? Görüp-eşiden zatlaryň barada maňa gürrüň bersene! - diýdi.

Agöýli obanyň okalgasyna barypdyr. Ol ýerde: «Çagalar, kitaby söýüň!», «Hemmämiz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda çalşalyň!», «Ýaşlar, ululara hormat goýuň!» diýen ýaly şygarlar ýazylyp goýlupdyr. Agöýli Selime şular barada gürrüň berdi. Ýene-de obada täze-täze ymaratlaryň salynýandygyny, obanyň örän gözelleşýändigini höwes bilen aýtdy.

Ymarat sözüniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

80-nji gönükme. Degişli ýerinde nokat, sorag, ýüzlenme belgilerini goýup, depderiňize göçüriň. Her sözlemi öz heňi bilen okap beriň.

Biz oba mekdebinde okaýarys Dynç alyş günleri ekin meýdanlaryna gidýäris Sen düýn nirede bolduň Ýaşasyn biziň Watanymyz Sen mekdebe gitjekmi Ýaşasyn parahatçylyk

* * * *

81-nji gönükme. Sözleri ýerli-ýerinde ulanyp, sözlemler düzüň. Olaryň aňladýan manysyny aýdyp beriň.

1. Çagalar, köşgüne, gitdik, gezelenje, biz.

2. Ol, küşt, ýerde, oýnadyk.

3. Sen, oýnap, küşt, bilýärmiň?

4. Kakam, meniň, okaýar, gazet.

5. Bedenterbiýeçiler, şöhrat, gününe, gatnaşýanlara!

6. Ertir, mekdebe, sen, geljekmi?

7. Çagalar, okalyň, biz, gowy!

NUSGA: Biz çagalar köşgüne gezelenje gitdik.

* * * *

82-nji gönükme. Okaň. Soňra degişli ýerinde nokat, sorag, ýüzlenme belgilerini goýup, depderiňize göçüriň.


Men gyzykly kitaplary okamagy halaýaryn Golaýda ýene bir gyzykly kitap aldym. Sende nähili kitaplar bar Goşgulary ýatdan öwrenmegi halaýarmyň. Men goşgulary ýat tutmagy halaýaryn. Obaňyza artistler geldimi. Sen küşt oýny bilen gyzyklanýarmyň.

Göçüren sözlemleriňiziň her biriniň nähili sözlemdigini aýdyň.

* * * *

83-nji gönükme. Okaň we her sözlemiň aňladýan manysyny aýdyp beriň.

Mekdebimizde Garaşsyzlyk otagyny döretdik. Ony döretmäge okuwçylar işeňňir gatnaşdylar. Siziň mekdebiňizde Garaşsyzlyk otagy barmy? Garaşsyzlyk otagyny nähili suratlar bilen bezediňiz? Biz mekdebiň meýdançasyny arassaladyk. Ýaşlaryň işine şöhrat! Siziň mekdep uçastogyňyzda nähili miweli agaçlar bar? Okuwçylar, bäşlik we dörtlük almak ugrunda çalşyň! Sen şähere gitjekmi? Men oba gitjek. Zähmeti tüýs ýürekden soýuň!

Ýüzlenme sözlemlerini göçürip alyň.

* * * *

84-nji gönükme. Okaň. Her sözlemiň pikir aňladyş taýdan nähili sözlemdigini we onuň sonuňdan nähili dyngy belgisiniň goýulýandygyny aýdyň.

Mekdebimize gelýän myhmanlar dostluk klubumyzyň işi bilen gyzyklanýarlar. Biz olary klubdaky materiallar bilen tanyşdyrýarys. Olara öz işlerimiz barada gürrüň berýäris. Siziň mekdebiňizde şonuň ýaly klub barmy?

Ogulboldynyň kakasy Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Ýok bolsun uruş! Biz azat zähmet, parahatçylyk isleýäris! Ýaşasyn parahatlyk we howpsuzlyk!

Ejem bilen kakam meniň doglan günümde maňa kitap sowgat berdi. Sende Robinzon Kruzo hakyndaky kitap barmy? Kitaby arassa saklamak hemmeleriň borjudyr. Okuwçylar, mekdebiň işine aktiw gatnaşyň!

Bu ýazgynyň birinji abzasyny göçüriň. Göçüren belegiňize tekst diýmek mümkinmi? Göçüren bölegiňize degişli sözbaşy tapyň.

* * * *

85-nji gönükme. Teksti okaň we munuň nirelerinde nokat goýulmalydygyny aýdyň. Soňunda nokat goýulýan sözlemler nähili sözlemlerdir?

OKUWÇYLARYŇ KÖMEGI

Täçguly aga bize kömege geler öýtmändir. Çagalar ýerli-ýerden işe girişdiler Nepes Akmyradow bilen Kasym Altyýew Täçguly aganyň jaýynyň daşyny agartdylar Ogulbeg Rozyýewa, Garasaç Rahmanowa ikisi düşekleri kakdylar Olar otaglaryň pollaryny ýuwdular Uruş we zähmet weterany Täçguly aga okuwçylaryň kömeginden hoşal boldy Biz hemişe kömege taýýardygymyzy aýtdyk.

Zähmet weterany diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

86-nji gönükme. Degişli ýerinde sorag belgisini goýup göçüriň. Soňunda sorag belgisi goýlan sözlemler nähili sözlemlerdir?

Sen sagat näçede okuwa gidýärsiň Bally, Durdyny gördüňmi Batyr, agşam kino gitjekmi Siz ýaryşa gatnaşýarsyňyzmy Sen okuwdan soň öz ata-eneňe kömekleşýärmiň Size nähili kömek bermeli Siziň öýüňiz haýsy köçede Öý işini işlediňmi.

* * * *

87-nji gönükme. Degişli ýerinde ýüzlenme belgisini goýup göçüriň. Soňunda ýüzlenme belgisi goýlan sözlemler nähili sözlemlerdir?


Okuwçylar, öýde, mekdepde, köçede— hemme ýerde tertipli bolalyň Göy, hemmeler bizden görelde alsyn Oraz, sen ertir bize gelsene Ýaşasyn biziň Garaşsyz, özbaşdak döwletimiz Agzybir türkmen halkyna şöhrat Biz dörtlük we bäşlik aljakdygymyza söz berýäris.

* * * *

88-nji gönükme. Aşakdaky tablisanyň her bölümine degişli özüňizden üç sözlem tapyp ýazyň. Her sözlemden soň degişli dyngy belgisini goýuň.

Habar sözlemi

Sorag sözlemi

Ýüzlenme sözlemi

.

89-nji gönükme. Okaň we her sözlemiň gutarýan ýerini, onuň nähili sözlemdigini hem-de nähili dyngy belgi goýulmalydygyny aýdyň.

Sülgün joralary bilen mekdebe barýar ejem mekdepde mugallyma bolup işleýär sen şu kitaby okadyňmy ýaşasyn agzybirlik we dostluk sen dynç alyş güni nirä gitjek Bossan eje tamdyra ot goýberdi Meret iki goşgyny ýat tutupdyr çagalar, okuwda, işde üstünlikler gazanalyň sen näçenji klasyň okuwçysy.

1. Degişli ýerinde nokat, sorag, ýüzlenme belgilerini goýup, sözlernleri göçüriň.

2. Nokat, sorag, ýüzlenme belgilerinden soňky täze sözlemiň baş harp bilen başlanýandygyny unutmaň.

* * * *

90-nji gönükme. Teksti üns berip okaň we munuň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. Habar sözleminiň soňunda nähili belgi goýulýar?

GARAGUM  KANALY

Biziň halkymyz Garagum kanalyny bagt derýasy diýip atlandyrýar. Öňki tozap ýatan ýerlerde şäher ýaly täze obalar, şäherçeler döredi. Täze ýerler açyldy. Çöle bahar geldi.

Ýaňy-ýaňylar hem Gäwers düzlügi boş ýatan meýdandy. indi ol ýerlerde birnäçe hojalyk döredi. Daýhan birleşikleri hem öz ýerlerinde oňat şäherçeler gurýar. Suw bar ýerinde ýaşaýyş gowy bolýar. Suw diňe ekerançylygy däl, eýsem, maldarçylygy, miweçiligi, balykçylygy ösdürmek üçin hem gerek.

Köpetdagyň eteginde uly suw howdany guruldy. Ol şol ýerdäki mes toprakly ýerleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Nebitdag tarapa gidýän kanal hem öz başlangyjyny şu howdandan alýar.

Bu tekstde näçe abzas bardygyıry aýdyň.

Bagt derýasy diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

91-nji gönükme. Degişii ýerinde nokat, sorag we ýüzlenme belgilerini goýup göçüriň. Göçüreniňizde, ilki habar, soňra sorag, iň soňundan hem ýüzlenme sözlemlerini ýazyň.

Obamyzyň ýanyndan kiçiräk ýap geçýär Sen suwa düşmäge gitjekmi Biz suwa düşmäge gitdik Siz öz ýoldaşyňyzy çagyrdyňyzmy Men öz ýoldaşyma aýtdym, Çagalar, Watanymyza mynasyp adamlar bolup ýetişiň Myhmanlar, hoş geldiňiz Siz nirä gezelenje gitjek Biz kanala gitjek

Göçüren sözlemleriňiziň näçesi habar, näçesi sorag, näçesi ýüzlenme sözlemleri?

* * * *

92-nji gönükme. Gepleşigiň her bir sözlemini öz heňi bilen okaň we olaryň nähili sözlemdigini aýdyp beriň.

Meniň agam goşunda gulluk edýär.

—Sen kim bolmak isleýärsiň?

 —Men serhetçi bolmak isleýärin.

 —Näme üçin serhetçi bolmak isleýärsiň?

—Şerbetçiniň öz aty bolýar. Olaryň itleri-de bar. Serhetçiler gije-gündiz daglarda, deňizlerde, çöllerde mähriban Wata-nymyzy, onuň serhedini goraýarlar. Duşmanlary, içalylary goýbermeýärler. Eger düşmanlar mekirlik edip, serhedi bozjak bolsalar, onda olary tutýarlar. Serhetçi bolmak, gör, nähili oňat zat!

—Onda, dostum, men hem serhetçi bolaryn!

—Serhetçilere şöhrat!

1. Gepleşikden sorag sözlemlerini biraýry, ýüzlenme sözlemlerini biraýry göçüriň.

2. Serhet, serhetçi diýen sözleriň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

93-nji gönükme. Özüňizden habar, sorag, ýüzlenme sözlemieriniň her birine degişli üç sany sözlem düzüp, depderiňlze ýazyň.

GAÝTALAMAK    ÜÇIN   SORAGLAR.

1. Sözlem diýip nämä aýdylýar?

2. Sözlemler aňladýan manylary boýunça näçe hili bolýarlär.Olar haýsylar?

3. Habar sözlemi diýip nähili sözleme aýdylýar? Habar sözleminiň sonuňda nähili dyngy belgisi goýulýar?

4. Sorag sözlemi diýip nähili sözleme aýdylýar? Sorag sözleminiň sonuňda nähili dyngy belgisi goýulýar?

5. Ýüzlenme sözlemi diýip nähili sözleme aýdylýar? Ýüzlenme sözleminiň sonuňda nähili dyngy belgisi goýulýar?

6. Sözlemler aýdylyşlary boýunça biri-birlerinden nähili tapawutlanýarlar?