III. TEKST. ONUŇ ESASY ALAMATLARY.

48-nji gönükme. Okaň. Ondaky söziemleriň many hem-de grammatik taýdan baglanyşýandyklaryna üns beriň.

Gyş paslydy. Howa sowukdy. Meýdanyň ot-çöplerini gar basypdy. Mallaryň ýagdaýy öwerlik däldi. Sowukdan horlanýardylar. Çopanlar mallary gyşdan sag-aman alyp çykmak üçin ellerinde baryny edýärdiler. Olaryň çeken zähmeti biderek bolmady Mallar aýazly gyşdan aman-sag alnyp çykyldy.

Mundaky söziemleriň rnany we grammatik taýdan baglanyşyşlaryny subut etjek boluň.

Many hem-de grammatik taýdan baglanyşykly bolan

birnäçe söziemleriň jemine tekst diýilýär.

Her bir tekst belli bir zat, waka, belli bir mesele hakda bolýar.

Tekstde näme hakda aýdylsa, şol hem tekstiň temasy bolýar.

49-nji gönükme. Aşakdaky iki bölek ýazgyny üns berip okaň. Olaryň haýsysynyň tekstdigini we oňa näme üçin tekst diýilýandigini aýdyň.

1. Meret meniň bilen bir klasda okaýar. Biziň daýhan birleşigimizde pagta ekilýär. Aşgabat Türkrnenistanyň paýtagtydyr. Çarylar obada ýaşaýarlar. Sähet garry enesine kitap okap berýär. Sona surat çekmäge ökdeläpdir.

2. Her bir okuwçy okuwyna yhlasly ýapyşmaly. Wagtyny ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Geçilýän materiallary düýpli özleşdirmeli. Bularyň hemmesi durnukly we çuňňur bilim almak üçin zerur bolan şertlerdir.

Ýokarky böleklerden teksti saýlap, depderiňize göçüriň we oňa degişli sözbaşy tapyň hem-de temasyny anyklaň.

* * * *

50-nji gönükme.Teksti okaň we oňa sözbaşi tapyň hem-de göçüriň.

Gijeki maýdalap ýagan ýagyş daňa golaý diňdi. Çygly ýel asmanyň buludyny öz ugruna bakan kowup gitdi.

Gögüň ýüzi çüýşe ýaly durlandy.

Gün ýer yüzüne gyk gözi bilen garandan, kümüş nuruny saçyp galdy.

(B. Kerbabaýew, «Aygytly ädim»).

1.Göçüren tekstiňiziň temasyny anyklaň we aýdyň.

2. Bulut, asman sözleriň manysyny düşünderiň we depderiňze ýazyň.

* * * *

51-nji gönükme. Teksti okaň , oňa sözbaşy tapyň we temasyny aýdyň.

Sapaly tomus yzda galdy. Okuwyň başlanaly bäri ep-esli wagt geçdi. Geçen tomus güneşli döwletimiziň rnekdep okuwçylary «Garaşsyz Watanymyzyň işine wepaly» atly bütin Türkmenistan çagalar ýörişi boýunça bhereket edip, ençeme üstünlikler gazandylar. Ýöriş yglan edileni bäri işeňňir, öňde baryjy toparlaryň ençemesi ýüze çykdy.

Olar sapaly tomus kanikulynda dynç aldylar, ýöne ýörişi bir minudam togtatmadylar. Ýaşlary Watanymyzyň kitaphanalarynda, turistik ýörişlerinde, sport meýdançalarynda görmek bolýar.

* * * *

52-nji gönükme Hekaýajygy üç gezek okaň. Soňra kitabyňyzy ýapyp, onuň mazmuny boýunça aşakdaky plan esasynda depderiňize tekst ýazyň.

DURDY WE ORAZ

Durdy bilen Oraz goňşy ýaşaýarlar. Bular bile oýnaýarlar bile ota-da gidýärler. Bularyň ikisi bir klasda okaýarlar.

Sapaklaryna oňat ýetişýärler.

Bir gün bular mekdebiň ýanynda beýleki oglan-gyzlar bilen top oýnap ýördüler.

Birden Durdy mekdebiň golaýyndan geçýän suwly ýaba tarap ylgady.

Ýabyň boýunda oýnap ýören kiçijik gyzjagazlaryň biri palçyga batypdyr. Ol palçykdan çykyp bilmän aglaýar.

Durdy bilen Oraz gyzjagazyň elinden tutdular. Palçykdan çykmaga kömek etdiler.

Gyzjagazyň ejesi Durdy bilen Oraza bu asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

PLAN:

1. iki dost.

2. Dostlaryň aragatnaşygy.

3. Olaryň asylly işleri.

* * * *

53-nji gönükme Aşakdaky plandan peýdalanyp, özüňizden güýz hakynda tekst ýazyň we oňa degişli sözbaşy tapyň.

PLAN:

1. Güýz howasy.

2. Güýz - hasylly pasyl.

3. Güýzüne daýhanlaryň işleri.

* * * *

54-nji gönükme Şygry labyzly okaň. Munuň temasyny anyklaň we mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Aty debsiläp çapma,

Säher duman içinde.

Göýber onuň jylawun,

Özi serden geçende.

Şat gününde şatdyr ol,

Toýda şöhratyň bolar.

Gamly günüň aglanlaň

Birisi atyň bolar.

.

Bulaberme gamçyny,

Köz galmasyn teninde.

Sen beren düzüň üçin,

Alkyş bar her deminde.

(G. Ezizow)

Jylaw, alkyş sözleriniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

55-nji gönükme Teksti okaň we onuň näçe bölekden düzülendigini hem-de ol bölekleriň biri-birleri bilen nämeler arkaly baglanysýandygyny aýdyň.

ÇAGALARYŇ BEGENJI

Sazak alty ýaşyndady. Onuň jigisi dört ýaşyndady. Kakasy Sazaga mydama Sazajygym diýerdi. Gülälege bolsa Gülälegim ýa-da Gülüm diýerdi.

Cagalaryň kakasy Juma hasapçy bolup işleýärdi. Sazak bilen Gülälek kakalarynyň işden geljek wagty öňünden çykardylar.

Juma cagalarynyň ikisini hem elinden tutup, öýlerine getirerdi.

Bir gün Juma Sazak bilen Gülälege olary kanalyň boýuna gezelenje äkitjekdigini aýtdy. Çagalar muňa gaty begendiler.

Sazak bu habary atasyna, Gülälek bolsa jorasyna aýtdy. Çagalar muňa gaty begendiler.

(A. Durdýyew. «Alaňlaryň arasynda»).

1. Bu tekstiň birinji böleginiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň we ony depderiňize göçüriň.

2. Göçüren tekstiňiziň näçe sözlemden düzülendigini we olaryň nämeler arkaly baglanyşýandygyny aýdyň.

Tekstdäki many taýdan ýakyn baglanyşykly bolan sözlemlerden

düzülýän bölekleriň hersi tekstiň bir abzasydyr.

Tekst bir we birnäçe abzasdan düzülip biler.

Abzas birnäçe sözlemden düzülýär.

Her abzasda ýakyn baglanyşykly belli bir pikir yzygiderli beýan edilýär.

Tekstiň her abzasy setiriň başyndan azajyk ýer goýlup ýazylyp başlanylýar.

* * * *

56-nji gönükme Teksti okaň we onuň näçe abzasdan, her abzasyň näçe sözlemden düzülendigini aýdyň. Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Serdar birinji klasda okaýar. Onuň Alabaý atly güjüjegi bar. Serdar güjügini gowy görýär. Alabaý hem Serdar bilen oýnamágy halaýar. Ol, köplenç, Serdaryň yzyna düşüp ýör.

Bir gün Serdar atasynyň ýanyna bardy. Ol atasyna ulalanda Alabaý bilen awa gitjekdigini aýtdy. Atasy Serdaryň bu pikirine garşy çykmady, ony makullady,

Serdar çagalar bagyna gatnaýarka, terbiýeçi gelin Gözel Aşyrowna olara çagalar üçin ýazylan kitaplary okap berer eken. Bir gezek Gözel Aşyrowna çagalara aw iti hakynda ýazylan hekaýajygy okap beripdir. Şol hekaýany diňländen soňra Serdarda itli awa gitmek höwesi döräpdir.

1.Tekstiň birinji abzasyny göçüriň, oňa mazmunyna laýyk sözbaşy goýuň.

2. Makullamak sözüniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

.* * * *

57-nji gönükmeAşakdaky berlen plany okaň we ondan peýdalanyp, depderiňize «Biziň klasymyz» diýen tema boýunça iki abzasdan ybarat bolan tekst ýazyň.

PLAN.

1. Klas otagy, onuň uly-kiçiligi.

2. Klas otagynyň ýagtylygy.

3. Otagyň arassaçylyk  ýagdaýy.

4. Klasdaky  bar bolan  enjamlar,  olaryň saklanylyşy.

5. Klasdaky nobatçylygyň guralşy.

Ýazan tekstiňiziň her abzasynda näçe sözlem bardygyny aýdyň.

* * * *

58-nji gönükme Dik çyzygyň çep we sag tarapyndaky ýazgylary okaň. Olaryň haýsysynyň tekstdigini anyklaň hem-de oňa näme üçin tekst diýýändigiňizi aýdyň.

Biz geçen tomus lagerde dynç aldyk.

Meniň gyzykly kitaplarym bar.

Guş bagyň şahasynda çöp-çalamdan höwürtge ýasanypdyr.

Gülüň gowy ysy bolýar.

Çagalar top oýnaýarlar.

Orazyň dogany daýhan birleşiginiň traktoryny surýar.

Meniň atam goýun çopany.Ol dowarlara örän yhlasly seredýär.

Şonuň üçin hem onuň bakýan mallarynyn ýagdaýy gowy.

 Atamy öten ýyl etrap merkezine ýygnaga çagyrdylar.

Mal bakmakda gazanýan üstünlikleri üçin atamy orden bilen sylagladylar.

1.Ýokarky ýazgylardan tekst diýip hasaplanyňyzy degişli abzaslara bölüp göçüriň we näçe abzasa böleniňizi aýdyň..

2.Höwürtge, yhlasly diýen sözleriň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.

* * * *

59-nji gönükme Edebiýat kitabyňyzdaky «Akpamyk» diýen ertekiniň mazmuny esasynda beýannama ýazyň. Beýannamanyň tekstini abzaslara dogry bölmegi unutmaň.

* * * *

60-nji gönükme. Öz eken bagyňyz barada gürriň beriň.

GAÝTALAMAK ÜÇIN SORAGLAR.

Berilýän soraglaryň jogaplary hem görkezilýär. Şolaryň içinde haýsysy dogry bolsa, şony aýtmaly.

1. Tekst diýip nämä aýdylýar?

a/ birnäçe sözleme tekst diýilýär.

b/ many we grammatik taýdan baglanyşygy bolan

birnäçe sözlemiň jemine tekst diýilýär.

2.Sözlemleriň toplumy bilen tekstiň arasynda nähili tapawut bar?

a/ Sözlemler toplumy bilen tekstiň arasynda tapawut ýok.

b/ sözlemler toplumy özara baglanyşykly bolýar, tekstiň sözlemlerinde özara baglanyşyk bolmaýar.

w/ sözlemler toplumyndaky sözlemleriň hersi başga-başga zatlar hakynda bolýar, tekstiň sozlemleriniň arasynda yzygiderli many baglanyşygy bolýar.

3.Abzas diýip näma aýdylýar?

a/ many taýdan ýakyn baglanyşykly, belli bir pikiri beýan edýan sözlemlere abzas diýilýär.

b/ üç-dört sany sözleme abzas diýilýär.

w/ belli  bir pikiri beýan  edýan  birnäçe  sözleme  abzas  diýilýär.