Yza gaydyng

b/ ATLARYŇ DÜŞÜM BİLEN ÜÝTGEÝŞI

42-nji gönükme. Teksti okaň. Her sözlemdäki has gara ýazylan sözleri göçüriň, olaryň lıaýsy düşümdedigini aýdyň.

Gurban bilen Gözel ikisi bir klasda okaýar. Gurbanyň we Gözeliň ene-atasy şäherde işleýärler.

Olar Gurbana we Gözele gerekli okuw esbaplaryny alyp berýärler. Gurbany we Gözeli tomsuna özleri bilen gezelenje alyp gidýärler.

Gurbanda we Gözelde okuwa bolan höwes, bilesigelijilik bar.

Biz Gurbandan we Gözelden görelde alýarys.

Nusga: Gurban, Gurbanyň,... Gözel, Gözeliň,..,

Bu tekstiň mazmunyna laýyk gelýän sözbaşy tapyň.

Düşümleri, olaryň soraglaryny we goşulmalaryny ýadyňyza salyň. Çekimli we çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýan düşüm goşulmalaryny aydyň.

* * * *

43-nji gönükme.. Aşakdaky oglan, galam, Pöwrize diýen atlary düşümleriň soraglaryna jogap bolar ýaly üýtgedip, depderiňize göçüriň.

 l.Baş d. kim? - oglan, näme? - galam  nire? - Pöwrize.

2. Eýelik d. kimiň? ..., nämäniň? ,.., niraniň?  .

3.Ýön. d. kime? ..., nämä? ..., nirä? ...

4.Ýeňiş d. kimi? ..., nämäni? ..., niräni? ...

5.Wagt-orun d. kimde? ..., nämede? ..., nirede? ...

6.Çykyş d. kimden? ..., nämeden? ..., nireden? ...

ÝADYŇYZDAMY?

Birinji bognunda dodak çekimlisi bolan, çekimlisi iki bogunly atlaryň ahyryndaky y, i sesleri wagt-orun we çykyş düşümlerde u, ü seslerine öwrülýärler.

Meselem: sokuda, sokudan, börüden we ş.m.

* * * *

44-nji gönükme. Teksti okaň. Has gara ýazylan atlaryň haýsy düşümdedigini aýdyň.

EDEPLILIK

Edeplilik adamyň bezegidir. Şonuň üçin hem biziň ata-babalarymyz çagalaryň edep-terbiýesine uly üns beripdirler. Biz edebiň salamdan başlanýandygyny unutmaly däldiris. Özüňden ula salam bermeli. Salam bereniň salamyny almaly. Saglyk-amanlyk soraşmaly. Eger ýaşkiçi salam bermese, sen oňa salam berseň hem bolar. Şeýle etmek bilen siz özüňiziň edeplidigiňizi görkezersiňiz. Umuman, salamly bolmak bize buýrulandyr. Siz şuny unutmaň!

* * * *

45-nji gönükme. Yzynda köp nokat goýlan sözlere degişli düşüm goşulmasyny goşup, sözlemleri göçüriň.

NEPES BILEN GULLY

Nepes bilen Gully bileje oýnaýardylar. Nepes... we Gully... akja toplary bardy. Bu akja toplary Nepes... hem-de Gull... kakalary alyp beripdi. Ejeleri her gün irden Nepes... hem-de Gully... çagalar bagyna äkidýär. Nepes... we Gully... suratly kitaplary bar. Gully Nepes... dört aýlyk kiçi.


Köp nokatlaryň ýerine ýazan gosulmalaryňyzyň haýsy düşümiň goşulmasydygyny aýdyň.

* * * *

46-nji gönükme. Durdy, Geldi, gapy, Çüli sözlerini düşüm bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Nusga:

Baş d.

Eýleük d.

Ýöneliş d.

Ýeni ş d

Wagi-orun d.

Çykyş d.

Çary

Çarynňn

Çapa

Çaryny

Çaryda

Çarydan

Deri

Deriniň

Dera

Derini

Deride

deriden

47-nji gönükme.. Teksti okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy düşümdedigini we olaryň soragyny aýdyň.

Kiçijik Aşyrlaryň öýlerinde telewizor bar. Aşyrlaryň telewizory gaty gowy.

Telewizorda gyzykly gürrüňler berilýär. Oňat kinolar görkezilýär.

Düýn gorkajyk towşanyň şagaldan gaçyşyny, aç möjegiň guzyny iýjek bolşuny görkezdiler. Telewizorda bir daýaw pälwany hem görkezdiler. Ol kim bilen göreşse, ony derrew ýykýar. Aşyrjygyň pälwan bolasy geldi. Çagalar bagynda Garly bilen göreşip, Garlyny ýykasy geldi.

Tekstiň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

Tekste sözbaşy tapyň.

GAÝTALANÝLAN  TEMALAR  BOÝUNÇA  JEMLEÝJl  SORAGLAR   W E  ÝUMUŞLAR

1. Sesler bilen harplaryň näme tapawudy bar? Harplar sesleriň nämesi?

2. Çekimsiz sesleri, açyk we dymyk çekimsizleri aýdyň.

Dymyk  k,  p, t,  ç   sesleriniň açyk  çekimsizlere öwrülip-öwrülmezlikleri baradaky düzgüni düşündiriň, degişli mysallar getiriň.

3. Çekimli sesleri, inçe we ýogyn, dodaklanýan we dodaklanmaýan çekimlileri aýdyň.

Dodak çekimlileriniň ýazuw düzgünini mysallar arkaly düşündiriň.

4. Söz bilen goşulmanyň nähili tapawudy bar? Nähili sözlere sada, nähili sözlere goşma söz diýilýär?

Bulara degişli mysallar getiriň.

5. Atlaryň aňladýan manylaryny, jogap bolýan soraglaryny aýdyň.

6. Atlaryň san bilen üýtgeýişlerini mysallar arkaly düşündiriň.

7. Atlar haýsy ýöňkemeler bilen üýtgeýärler?

Atlaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň we iki sany at sözüni ýöňkemeler bilen üýtgediň.

8. Düşümleri, olaryň soraglaryny, goşulmalaryny aýdyň.

Mekdep, goly, käse, goşgy sözlerini düşümler bilen üýtgediň.