|
a/ATLARYŇ ÝOŇKEME BILEN ÜÝTGEÝŞI 37-nji gönükme. Atlary okaň we olara nähili gosulmalaryň goşulandygyny aýdyň. 1. Meniň at+ym, el+im, guş+um, gül+üm, jigi+m. 2. Seniň at+yň, el+iň, guş+uň, gul+uň, jigi+ň. 3. Onuň at+y, el+i, gus+y, gül+i, jigi+si. 1. Biziň at+ymyz, el+imiz, guş+umyz, gül+ümiz, jigi+miz. 2. Siziň at+yňyz, el+iňiz, güş+üňyz, gül+ üňiz, jigi+ňiz. 3. Olaryň at+y, el+i, guş+y, gül+i, jigi+si. Atlar lıaýsy ýöňkemeler bilen üýtgeýärler? Atlaryň birligi we köplügi üçin ulanylýan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň we 2-3 sany at sözüni ýöňkemeler bilen üýtgediň. * * * * 38-nji gönükme. Aşakdakylary göçüriň. Bularyň soňundaky e sesiniň menlik we senlik ýöňkemelerinde ä sesine geçişine üns beriň.
39-njy gönükme. Göçüriň we bu hili atlaryň soňundaky y,i harplarynyň olluk ýöňkemede u, ü harplaryna geçişine üns beriň.
40-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan atlaryň asyl sözün we ýöňkeme goşulmalaryny aýdyp beriň, 1. Meniň gyzykly kitabym bar. Seniň nähili gyzykly kitaplaryň bar? Merediň kitaby sendemi? 2. Biziň obamyz säheriň golaýynda. Siziň obanyz nirede? Siziň dostuňyz kim? Biziň dostumyz körpeler. 3. Hally mergeniň agtygy oňat okaýar. Aşgabat şaheriniň giň köçeleri bar. Siziň şäheriňiz owadanmy? * * * * 41-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ýerine degişli ýöňkeme goşulmalaryny ýazyň. 1.Seniň dostlar... tomus nirede dynç aldylar? Meniň dostlar... tomus Pöwrizede dynç aldylar. 2. Biziň oba... ýyl-ýyldan gözelleşýär. 3. Seniň dogan... nirede işleýär? Meniň dogan... zawodda işleýär. Zawodyň işçiler... köpmi? 4. Biziň mugallym... orden bilen sylaglandy. 5. Siziň galam... barmy? |