Yza gaydyng

6. ATLAR

33-nji gönükme. Soraglary we olara jogap bolýan sözleri okaň.

Haýsy soraga nähili sözleriň jogap bolýandygyna pugta üns beriň.

Kim? - Meret, Gözel, Durdy, Sapar.

Kim? - oglan, ussa, çaga, mugallym.

Näme? - parta, galam, kitap, köýnek.

Näme? - depe, köl, dag, ýagyş.

Näme? - göle, owlak, keýik, düýe.

Nire? - Arçman, Aşgabat,Çärjew.

Atlar nämäni aňladýarlar we olar nähili soraglara jogap bolýarlar?

Atlaryň her bir soragyna jogap bolýan 3-4 mysal aýdyň.

* * * *

34-nji gönükme. Göçüriň we kim?, näme?, nire? diýen soraglara jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.

Kim ýazýar? Meret ýazýar.

Kim kitap okaýar? Doganym kitap okaýar.

Kim düşündirýär? Mugallym düşündirýär.

Näme getirdiň? Gazet getirdim.

Näme bakylýar? Goýun bakylýar.

Nire salkyn? Pöwrize tomsuna-da salkyn bolýar.

Nire gözel şäher? Aşgabat gözel säher.

* * * *

35-nji gönükme. Teksti okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözlere nähili sözler diýilýandigini, olaryň jogap bolýan soraglaryny aýdyň.

Meniň atam goýun çopany. Ol goýunlary öri meýdanlarynda bakýar. Atam dowarlary oňat gyşladýar.

Bakýan dowarlaryndan owlak, guzy almak işini hem gowy guramagy başarýar.

Tekstiň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

* * * *

36-nji gönükme. Her soraga jogap bolýan atlaryň 7 sanysyny tapyp, depderiňize ýazyň.

Kim?

1.  

2.  

3.  

4.  

5. 

6.  

7.

Näme?

1.    

2.  

3.   

4.   

5.   

6.   

7.

Nire?  

1. 

2.   

3.   

4.   

5.   

6.   

7.

Nusga: Kim? Ata, terbiýeçi,...

            Näme? Üzüm, erik,... 

            Nire? Nebit dag, Çärjew,...