b/ SADA WE GOŞMA SÖZLER

28-nji gönükme.okaň, has gara ýazylan sözleriň näçe sözden düzülendigini aýdyň..

1. Nebit — biziň halkymyzyň baýlygydyr. Nebitdag şäheri gün-günden gözelleşýär.

2. Gurluşyk üçin dagdan daş getirdiler. Dashowuz Türkmenistanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Demir örän peýdaly magdandyr.

3. Myrat üçünji klasda okaýar. Amanmyrat dördünji klas-da okaýar.

4. Gully gyzyl galam aldy. Esenguly, Gyzyletrek etraplary serhet ýakasyndaky etraplardyr.

5. Oglanlar ýol bilen gidip barýarlar. Olaryň ekabyrragy Meret bolsa hemmesinden oňde.

Magdan, ekabyr sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderhňze ýazyň.

Bir sözden ybarat bolan sözlere nabili sözler diýiíýär? Birden kop
sözden ybarat bolan sözlere nahili sözler diyilýär? Bulaıyň her birine degişli birnäçe mysal aýdyň.

* * * *

29-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleri göçüriň we olaryň haýsysynyň sada, haýsysynyň goşma sözdügini aydyň.

Biz goňşy oba gezelenje gitdik. Ol ýerde günebaka, mekgejowen, bugdaý ekilen meýdanlara aýlandyk.
Oba arynlygyň orunbasary okuwçylara ol ekinleriň eklişi, idedilşi, ýyglyşy barada gyzykly gürrüň berdi. Mgallamyz Myratberdi biziň okaýşymyz, mekdebe kömek  berşimiz hakda aýtdy. Biz mekdebimize kyrkgünlük, garrygyz ýaly gawunlaryň tohumyny getirdik.

Bu tekstili mazmunyna laýyk sözbasy tapyň.

* * * *

30-nji gönükme. Sada sözleri biraýry, goşma sözleri biraýry göçüriň.


Kagyz, gyzyl. gündogar, batmak, günbatar, günorta, orun, orunbasar. ýol, ýolbaşçy. gum, Garagurn, düzgün, düzgünnama.

ýedi, on ýediýyllyk, bäşýyllyk, Etrek, Gyzyletrek, demir, demirtiken, garaguş, baýguş,

guş, ördek, bilmek, almak, gelin, barmak.

Nusga: Kagyz, gyzyl,...

Gündogar, günbatar,...

Demirtiken, gelinbarmak sözleriniň manysyny düşündiriň  we sözlük depderiňize ýazyň.

* * * *

31-nji gönükme. Teksti okaň we goşma sözleri saýlap depderiňize göçüriň.

Biziň güneşli ülkämiziň günorta tarapy daglyk. Daglarda gözbaşyny nireden alýandygy näbelli bulajyklar köp. Ol ýerde her hili ýyrtyjy haýwanlar: gaplaň, ýekegapan, oklukirpi, möjek, guşlar: bürgüt, garaguş, käkilik bar. Daglarda eli bäşatarly, elguşly awçylara-da duşmak mumkin. Men şeyle awcylardan obamyzdaky Orzsähet agany tanaýaryn.

Bu teksti mazmunyna layyk böleklere bölüň.

* * * *

32-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň. ilki sada sözleri, soňra goşma sözleri ulanyp, sözlemler düzüň. Olary depderiňize ýazyň.

Men, aýakgap, agzybirlik, dostluk, Gyzylarbat, günebakar, mekdep.

Nusga:Meniň kakam fabrikde  işleýär. Ol aýakgap tikýar.