5. SÖZLERİN GURLUŞY
a/ASYL SÖZ WE COŞULMA

20-nji gönükme. Sözleri üns berip okaň. Bularyň haýsylarynyň many aňladýan we many aňlatmaýan böleklere bölünýändigini, haýsylarynyň bölünmeýändigini anyklaň.

Duz-duzly, ot-otluk, iş-işli, oglan-oglanlar, çaga-çagalar, oba- obadan, öý-öýde, adam-adamlar, sen-seniň, gel-gelsin, bar-bardy, galam-galamly, ýaz-ýazar.

YADYŇYZDAMY?

sözleriň böleklere bölünmegi ýa-da bölünmezligi mümkin. Mysal üçin, we işçi sözlerini alyp göreliň.Bulardan iş sözi böleklere bölüıımeýär, şonuň üçin bu
asyl söz bolýar. Emma işçi sözi we -çi ýaly böleklere bölünýär. Munuň bölegi many aňladyp, -çi bölegi özbaşdak many aňlatmaýar. Şular ýaly böleklere bölünýän sözleriň many aňladýan bölegine asyl söz. özbaşdak many aňlatmaýan bölegine goşulma diýilýär.

* * * *

21-nji gönükme Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan sözleri depderiňize göçüriň we olaryň asyl sözüni hem-de goşulmasyny aydyň.

ÇÖLDE

/Gysgaldylyp alyndy/

Atam gumda baş çopan

Gitdim tomus ýanyna.

Gaýnadyşdym çaýyny,

Kömekleşdim nanyna.

Ürgün çägäň üstünde,

Güne ýanyp taplandym,

Ne gün urdy, ne sowuk,

Gaýta deriden saplandym.


.

Gabat geldim bir gezek,

Otlap ýören keýige.

Oňat synlaýyn diýip.   

Çykdym ylgap beýige

Gören zadym gaty köp,

Haýsy birin aýdaýyn

Ýöne weli başarsam.

Täze ýyl hem giderin.


/A. Baymyradow/.

22-nji gönükme Teksti okaň we göçüriň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüniň aşagyna bir çyzyk, goşulmasynyň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Biziň ýurdumyz Türkmenistan köpmilletli ýurtdur. Onda dürli milletleriň wekilleri ýaşaýar. Olar agzybir zähmet çekýärler. Birek-birege hormat goýýarlar. Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda arman-ýadaman işleýärler.

23-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazyJan sözleriň haýsy böleginiň asyl sözdügini, haýsy böleginiň goşulmadygyny aýdyň.

HALK, WATAN, TÜRKMENBAŞY

Ayryp zyňdyk howudy,

Bu atalaň öwüdi.

Ýaşar baky ebedi.

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

Hemmäge deň sereder,

Yzy bilen ýöreder.

Täze dünýä döreder.

Halk, Waran, Türkmenbaşy.

.

Gözeller ýörär messan,

Ýurdumyz bagy-bossan.

Bu gün dillerde dessan,

Halk, Watan,Türkmenbaşy.

Şat ýaşaýar ilimiz,

Bir bolansoň dilimiz.

Geljegi ak ýolumyz,

Halk, Watan, Türkmenbaşy.

 /Musa Suwhanow /

ÝADYŇYZDAMY?

Goşulmalar iki topara bölünyärler: 1. Söz ýasaýjy goşulmalar.

2. Söz üýtgediji goşulmalar.

Söz ýasaýjy goşulmalar goşulan sözlerinden täze manyly söz ýasaýarlar. Meselem: el-elle, el-lik, söz-sözle, düz-düzgün.

Söz üýtgediji goşulmalar sözlemde sözleri biri-birine
baglaýarlar. Meselem: Oraz-Orazyň, kaka-kakasy
.

* * * *

24-nji gönükme Sözleri okaň we olary nusgadaky yaly edip, depderiňize göçüriň.

işçi, çyzdy, kitabym, kitaply, çyzyk, işden, obamyz obaly, balygyň, balykçy, aldym, algy, ýazyýar, ýazuw, satýar, satyjy, düzdi, düzgün, örýär, örüm, adigim, ädikçi, oturdy, oturgyç.

Nusga:

Ýasaýjy goşulma

kabul eden sözler

Üýtgediji goşulma

kabul eden sözler

Iş-çi, kitap-ly,

çyz-yk,...

Çyz-dy, oba-myz,

iş-den,,..

* * * *

25-nji gönükme Sözlemleri okaň. Has asyl sözüni we goşulmasynyň nähili goşulmadygyny aýdyň.

1. Biz Orazlar bilen goňşy bolup yaşaýarys. Olaryň ýarak iti bar. Orazlar itini daňýarar.

2. Meniň doganym agaç ussasy. Ol gowy oturgyç ýasaýаг.

3. Mergeniň kakasy suwçy. Ol ekinlere wagtly-wagtynda suw tutýar.

4. Meniň atam obada yaşayar. Men tomus atamlara gitdim. Atama döwek döwüşdim.

5. Okuwçylar, edepli, tertipli boluň! Sapaklara gowy ýetişiň! Söýgüli Watanymyza mynasyp adamlar bolun!

* * * *

26-nji gönükme Sözleri okaň. Bularyň asyl sözüni we goşulmasyny hem-de olaryň nähili goşulmadygyny aýdyň.

Elle, ellik,elim, okuwçy, okuwdan, oturgyç, oturdy.

Ýokarky sözleri asyl söz we goşulmaly görnüşlerinde sözlem içinde getirip, depderiňize yazyň.

Nusga: Myrat, muňa el degirmek bolmaýar. Enem ellik örüp otyr.
Men elim bilen tutup durun.

* * * *

27-nji gönükme Teksti okaň. Has gara ýazylan sözleriň asyl sözüni we goşulmalarynyň nähili goşulmadygyny aýdyň.

Bir gün biziň mekdebimize hormatly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň geljekdigini aýtdylar. Biz tolgunyp başladyk.
Onun bilen duşuşyk boljagyna begendik, şatlandyk. Okuwçylar tertip bilen mekdebiň zalyna ýygnandylar.

Maşyn howla girip, gapynyň agzynda durdy. Maşyndan B. Kerbabaýew we onuň ýoldaşlary düşdüler Türkmen halkynyň görnükli ýazyjysy bize gyzykly gürrüň berdi. Özüniň döredijiligi we çagalar üçin ýazan eserleri bilen tanyşdyrdy.
Mekdebimiziň direktory myhmanlara mugallamlaryň we okuwçylaryň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

1. Tekste degişli sözbaşy tapyň.

2. Minnetdarlyk bildirmek diýen aňlatmanyň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.