|
4. AÇYK WE DYMYK ÇEKİMSİZLER 15-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan harplardan ilki açyk, soňra dymyk çekimsizleri depderiňize göçüriň. AYNAJYK
/B. Kerbabaýew/. 1. Şygryň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. 2. Tämiz, enaýy sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň. B,p,k,t,d,ç,g,j, sesleriniň haýsylary dymyk, haýsylary açyk çekimslizler? Dymyk çekimsizleriň açyk çekimsizlere öwrüliş kadasyny ýatlaň. * * * *
16-nji gönükme. Sözleri okaň we göüriň. Olardaky çekimsizleriň haýsysynyň açyk, haýsysynyň dymykdygyny aýdyň.
Elek, çoluk sözleriniň manysyny duşündiriň we depderiňize ýazyň. * * * *
17-nji gönükme.Teksti okaň we göçüriň. Köp nokatlaryň ýerine degişli çekimsizleri ýazyň.
SÄHER Daň at... y. Jahan ýa...tyldy. Howzuň töweregindä...i aga...larda, baglarda uklan guşlar hem oýandy. Olaryň hemmesi birden saýraşy... başla... ylar. Er... iriň sal...yn howasy, guşlaryň sesi, açyk asman, otluk mey...an göwnüňi açýar. (B.Seýtäkow, <<Ogul sowgady»). Kop nokatlaryň ýerine ýazan çekimsizleriňiziň haýsysynyň açykdygyny, lıaýsysynyň dymykdygyny aýdyň.
* * * * 18-nji gönükme. Sözleri okaň we köp nokatlaryň ýerine degişli çekimsizleri ýazyp göçüriň.
1. Çep tarapdaky sözleriň soňky çekimsizleri nähili çekimsizler? 2. Köp nokatlaryň ýerine ýazan çekimsizleriňiz nähili çekimsizler? * * * *
19-nji gönükme.Teksti okaň. Has gara ýazylan sözlerde haýsy dymyk sesiň açyk sese öwrülendigini aýdyň. Biz ol döwürde obada ýaşaýardyk.Biziň günbatar tarapymyzdaky goňşymyz Hanjar agalardy. Onuň Nurbat atly agtygy bardy. Men Nurbat bilen bir klasda okaýardym. Hanjar aga bize erteki aýdyp bererdi. Edep-ekramlylyk barada gürrüň ederdi Hanjar aganyň: «Balalarym, çörek mukaddes zatdyr. Oňa hormat goýyň. Eger ýolda-yzda çörek yýatan bolsa, ony galdyryp, üç gezek maňlaýyňyza degriň. Birinji gezek maňlaýyňyzy Çagalar, siz hem çöregi hormatlaň, ony harlamaň Çörek gudratlydyr. 1. Bu tekste degişli sözbaşy tapyň. |