2. INÇE WE ÝOGYN ÇEKİMLİLER

8-nji gönükme. Hekayany okaň we has gara ýazylan sözlerdäki çekimli sesleri, olaryň nähili çekimlilerdigini aýdyň.

Meniň ömründe ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätleýşimdi. Ol wagtlar maňa hemme zat geňdi. Äpişgäniň ýagtysyna ýalpyldap duran klas tagtasy-da, mugallmyň aýdýan
sözieri-de, hatda jaň sesi-de meniň üçin täzelikdi. Bir gezek mugallym klasa goltugy doly kitaply geldi. Ol kitaplary bize paýlamaga başlady. Her okuwçy özüne berlen kitaby işdämenlik bilen agtaryşdyrýardy. Men hem onuň daşynda, içinde nämeleriň bardygyny görüp başladym.

(A.Gıırbanow. <<Çigildem güli>>)

Hekaýany mazmunyna laýyklykda iki bölege bölüň we olaryň hersine degişli sözbaşy goýuň.

* * * *

9-nji gönükme. Sözleri okaň we olardaky çekimlileri depderiňize göçüriň.

1. Bäş, böl, gül, iş, ek.      

2. Dag, bol, güm, gyz.

N U S G A:    l. Ä,  ö...

2. A,  o…

Çekimli sesler haýsylar? Ýogyn we inçe çekimlileri aýdyň. Sözleriň birinji bognunda ýogyn ya-da inçe çekimli bolsa, olaryň soňky bogunlarynda nähili çekimli ýazylýar? inçe we ýogyn çekimlileriň ýazuwdaky sazlaşygyny ýadyňyza salyň.

* * * *

10-nji gönükme. Hekayajygy okaň we  göçüriň. Birinji we soňky sözlemlerdäki inçe çekimlili sözleriň aşagyna bir çyzyk, ýogyn çekimlili sözleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Gadym zamanda bir är-aýal ýaşapdyr. Bularyň iki çagasy bar eken. Gyzjagazlarynyň ady Aýnajyk, oguljyklarynyň ady Aýlyjyk. Aýnajyk on, Aýlyjyk bolsa üç yaşynda eken. Ene-atalary çagalaryny çäksiz eý görüpdirler.

Zaman, eý sözleriniň manysyny düşündiriň we depderiňize ýazyň.