|
II. BAŞLANGYÇ KLASLARDA GEÇİLENLERİ GAÝTALAMAK 1. SES WE HARP
3-nji gönükme. Sözleri okaň we olaryň her birindäki eşidýän sesleriňizi aýdyň. Watan, dostluk, doganlyk, deňhk, bagt, zähmet, mekdep, mugallym, pagta, çörek, bugdaý, çaga, guzy, dutar, şatlyk, goýun, şöhrat, ekin, elek, güýz, ördek, ädik. Dostluk, deňhk sözleriniň manysyny düşündiriň we depderiňize Harp name? Sözleýişde ulanylýan sesler ýazuwda nämeler arkaly bellenilýär? Türkmen ehpbiýinde näçe harp bar? Olar haýsylar? * * * *
4-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we ikinji bendiň her sözünde haýsy sesleri eşidýändigiňizi aýdyň. HALYÇY GYZ (Gıjsgaldylyp alundy)
(K.Gurbannepesow) Şygryň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. * * * * 5-nji gönükme.Teksti okaň we goçüriň. Her sözde näçe harp bardygyny we olaryň atlaryny aýdyň. BIZIŇ MEKDEBIMIZ Biziň mekdebimiz uly we owadan. Ol obanyň ortarasynda ýerleşýär. Onuň birnäçe giň we ýagty klas otaglary bar. Mekdebiň daş-töwereginde ir-iýmiş baglar, dürli güller ösdürilip ýetişdirilýär. Biz öz mekdebimizi söýýäris. * * * *
6-nji gönükme.. Sözleri okaň we her sözdäki üýtgeşik eşidilýän sesleri aydyň.
Ýokarky okan arasy defisli sözleriňiziň başga-başga many aňlatmaklary näme bilen baglanyşykly? * * * *
7-nji gönükme. Sözleri okaň we depderiňize göçüriň. ördek, guşak, jowen, köşek, orak, dolak, çörek, börek, horaz, owlak, gulak. göçüren sözierňiziň aýdylyşy bilen ýazylyşynyň arasynda nähili tapawut bar? Bu süzleriň ikinji bognunda haýsy çekimli eşidilýär? |