Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜK

Adalatly (adalatly) hakykatçy, hakykadyň tarapdary, parasatly, paýhasly, dogruçyl.

Agşamara (agşamara) günüň ỳaşan wagty, agşam düşen wagty.

Arçyn —oba geňeşiniň, daýhan birleşiginiň başlygy.

Aỳaga galmak — 1) sagalmak, keselden gutulmak; 2) bir işiň ugruna çykmak.

Aýagaldygyna — howlukmak, çalt yöremek.

Aýawly saklamak — gorap saklamak, zaýa etmän saklamak, goramak.

Bagban (ba:gba:n) — baglara seredýän adam.

Berjaý etmek (berja:ý) — ỳerine ỳetirmek, tabşyrylan ýumşy bitirmek.

Borçnama (bo:rçna:ma) — ỳerine ỳetirmek üçin ýazuw üsti bilen boỳun alnan wada.

Bulut syrylmak (sy:rylmak) — howanyň ỳüzündäki buludyň ayrylmagy.

Çalgy — uzyn saply gylyja meňzeş ot ýatyrylýan gural.

Çaỳyr — köki bajakly, gür gögerỳän haşal ot.

Çebşek — towşanyň çagasy.

Çeşme — ỳer astyndan, dag jülgelerinden joşup, syzyp çykỳan suw.

Çitmek — çitip dokamak.

Çyrpy — hemme ỳeri keşdelenen, kellä atylỳan aỳal geýimi.

Dabara — bir şatlykly waka sebäpli geçirilỳän baýramçylyk, toỳ.

Darykmak (darykmak) — ỳüregiňi gysdyrmak, gaýgylanmak, gysynmak.

Datly (da:tly) — gowy, süỳji tagamly; ỳakymly, lezzetli, eşretli.

Demikmek bir sebäbe görä demiňi kynlyk bilen almak, bogulmak.

Egismek — azaltmak, möçberini kemeltmek.

Eklenmek — öz günüňi, oňşugyňy görmek, özňni oňarmak.

Elçalgyç — süpürinmek üçin ulanylýan insizräk zolak mata, polotense.

Älem — jahan (a:lem)-bütin dünýä, ähli ỳer ỳüzi, ỳeriň hemme tarapy.

Ätiỳaç etmek (ä:tiỳa:ç) — goranmak, çekinmek, üỳşenmek.

Gala (gala:) — düşmandan goranmak üçin palçykdan, daşdan we ş. m. salynýan beýik diwarly howly, berkitme.

Galkynyş — ruhlanma, ruhuň göterilme; birneme gurplanma.

Gary - 1) goỳun, geçi ỳaly mallaryň dyzy bilen toỳnagynyň aralygy, injik; 2) ỳarym gulaja barabar ölçeg birligi.

Garyndaş — asly bir ene-atadan önüp-ösen adamlar, hossar.

Gaýduwsyz söweşmek - - batyrlyk bilen uruşmak, janyň-teniň bilen bir işiň hötdesinden gelmek üçin çalyşmak.

Gez — tirsekden barmagyň ujuna çenli bolan uzynlyk birligi.

Gowa — guyudan suw çekmek üçin ulanylỳan gap.

Göwne degmek närazy etmek, öỳkeletmek, ynjytmak.

Göwün açmak — gam-gussany, gaýgy-gamy taşlamak, şatlanmak.

Guduramak (gu:duramak) — 1) örän begenmek, çakdanaşa guwanmak; 2) ýakymsyzlyk etmek, bezzatlyk etmek.

Gulaç — iki goluňy giň gereniňdäki uzynlyk.

Gutlag — üstünligi gutlap aýdylỳan sözler.

Gurluşykçy — jaý gurmak bileri meşgul bolỳan adam.

Guwanç — bir zada bolan begenç, şatlyk.

Güỳe — ỳüňe, bagana we ỳüňden edilen zada düşünỳän kiçijik möjejik.

Hat gatnadỳan — hatlary, gazetleri degişli ỳerlerine gowşurýan işgär (poçtalyon).

Hazyna (hazy:na) 1) döwlet emlägi we onun saklanỳan jaỳy; 2) mal-mülk, baylyk, pul.

Hoşallyk bildirmek (hoşallyk) - - göwnüň hoş bolanda birine bildirilỳän minnetdarlyk.

Howut — düỳäniň arkasyna salynýan hatarly ehjam.

Ige (ige) — pil, palta, pyçak ỳaly gurallary ýiteltmek üçin ulanylỳan ỳüzi ownuk hem iri dişli polat esbap.

Ilkagşam — gün ỳaşandan az salym soňky wagt, garanky gatlyşan wagty.

Jigi — özüňden kiçi doganyň.

Jikjiki — serçeler toparyndan bolan kiçijik guş.

Jokrama — örän yssy, gaty yssy.

Kanun (ka:nu:n) — jemgyýetiň pudaklaryňy tertip-düzgüne salmak üçin döwlet tarapyndan çykarylỳan kada, karar, düzgün.

Keşde gaýamak — bir zada keşde çekmek, keşde salmak.

Kärhana (kärhana) — önümçilik işi bilen meşgul bolýan edara.

Kök almak  — düỳp tutmak, kök ýaýratmak.

Lälezar (lälezar) — otluk we gülçülik ýer.

Lukman (lukman) — kesel bejeriji ýokary hünärli adam (doktor).

Mandy — ýer sürlende sürülỳän galan bölejik ýer.

Matal ýormak — matalyň jogabyny tapmak.

Medeniỳet öỳi — medeni işleriň köpçülikleyin geçirilỳän jaýy (klub, zal).

Mähir — rehimdarlyk duýgusy, yhlas bilen edilỳän ỳürek söỳgüsi.

Nebis — köp zada eýe boljak bolmak islegi.

Nur saçmak (nu:r) — ýagtylandyrmak ýagty bermek, şöhle ýaýratmak.

Otaga — gyzlaryň tahỳasynyň gupbasyna berkidilỳän per, bezeg.

Owuz süỳdi — ýaňy, täze guzlan malyň ilkinji süỳdi.

Öjükmek (ö:jükmek) — birine bolan gaharyň artmak, güỳjemek.

Örmek (örmek) bir zady emele getirmegiň, gurmagyň

Başlangyjy, esasy.

Öri meýdany (ö:ri) - - mal bakylýan otluk meỳdan.

Pazyl (pa:zyl) bakja ekinleriniň (gawun, garpyz, kädi) gögerenden soň gol atyp ỳatỳan biỳarasy.

Pellehana — ỳaryşda iň soňky barylmaly ỳer.

Penjire — äpişge.

Perwaýsyz garamak (perwaýsyz) — sowuk-sala, parhsyz garamak.

Petremek — hanasyndan çykjak ỳaly mölermek (göz hakda).

Rähnet — eşret, lezzet, maza.

Rowac bolmak (rowa:ç) şowly bolmak, oňaýly bolmak, ugruna bolmak.

Sehet — içine zat salmak maksady bilen çybykdan örülỳän gap.

Senet — hünär, kär.

Sowgat — birine sylag üçin berilỳän zat.

Suwa ỳakmak — suw içirmek, suwdan gandyrmak.

Suratçy — surat çekmek, surata almak bilen meşgul bolýan kişi, adam.

Şekil — bir zadyň daşky görnüşi, suraty.

Şäherçe — säher tipindäki ýasalýan ýer (posýolok)..

Terbiýeçi — çagalara, adamlara edep berýan, ỳagşy zatlary öwredỳän adam.

Toỳun — çägesöw bolmadyk toprak, şykgy.

Türgenleşdiriji — hünäri öwrediji, kämilleşdiriji (trener).

Ynsan (ynsa:n) — adam.

Ýagşylyk — ỳürekden edilýän peýdaly kömek.

Ýowar — biriniň hojalyk işine kömek üçin köpçülik bolup meýletin işlemek. 

Yüregi küỳsemek — bir zady islemek, göresi gelmek.

Ýolhaty— belli bir ýere iberilýän adama berilỳän şahadatnama (putýowka).

Ýanjyk (ýanjyk) gaỳyşdan we ş.m. edilýän, içine kitap, depder salynýan dört burçly gap (portfel).