Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

Beýannama ỳazmak üçin hekaýajyklar.

Garaşsyzlyk

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy. Türkmen döwleti şondan bäri her ýylyň 27—28-nji oktýabrynda Garaşsyzlyk baýramyny geçirỳär.

Garaşsyzlyk türkmen halkyna näme berdi? Biz Garaşsyzlygyn netijesinde türkmen topragyndan önỳän ähli baýlyklarymyzyň eýesi bolduk.

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň öňki däp-dessurlaryny gaýdyp berdi. Milli baýramlarymyz bolan Gurban baýramy, Nowruz baýramy dikeldildi. Olardan başga-da Hatyra güni, Haly, Bedew baýramçylyklary resmi taýdan girizildi.

1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen halky Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permany bilen gazy, elektrik energiýasyny, suwy, nahar duzuny mugt peýdalanýar. Bularyň hemmesi Garaşsyzlygyň ilkinji miweleridir.

Meýilnama:

1. Biziň döwletimiz haçan Garaşsyzlygyny aldy?

2. Garaşsyzlyk türkmen halkyna näme berdi?

3. Türkmen halky nämelerden mugt peýdalanýar?

Bitaraplyk näme?

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynda 185 döwletiň gol goýmagynda Türkmenistan Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi.

Bitaraplyk biziň mähriban Watanymyza abraý-hormat getirýär. Biziň döwletimiz hiç bir ýurduň içki işlerine goşulmaỳar. Diňe biz her bir ýurt bilen parahatçylygy, dostlugy ýola goýýarys. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýarys.

indi hiç wagt hiç bir döwlet biziň halkymyza uruş howpuny salmaz. Bitaraplyk biziň ýurdumyzyň penasydyr. Biz elmydama dünỳäniň ähli ýurtlary bilen dostluk doganlyk gatnaşygynda ỳaşaỳarys. Bu bize Bitaraplygyň getiren bagtydyr.

1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenbaşy köşgüniň öňündäki meỳdançada Bitaraplyk derwezesiniň açylyşy boldy. Bu bina üç sütüniň üstündäki 75 metr desgadyr. Binanyň ýokarsynda Türkmenistanyň Baky Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň 12 metr beýiklikde heykeli oturdyldy.

Dünyä taryhynyň sahypalaryňda Türkmenistanyň hem-de onuň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady altyn harplar bilen ỳazylar. Geljek nesiller 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolup geçen dünýä derejeli bu wakany taryh hökmünde öwrenerler.

Meýilnama:

1. Türkmenistan haçan Bitarap döwlet boldy?

2. Bitaraplyk diýmek näme?

3. Bitaraplyk binasy haçan we nirede guruldy?

4. Bu binanyň ýokarsynda kimiň heýkeli oturdyldy?

Ýangyn nädip döredi?

Maral  üçenji  klasda okaýardy. Ol mekdepde özüni göreldeli alyp barýardy. Sapaklaryna gowy ýetisýärdi. Ol ejesine-de kömek berýärdi.

lne, bir gün Maral ejesiniň ýuwan geýimlerini ütükläp goýmagy ỳüregine düwdi. Ol ütügi gyzdyryp, işe başlady. Şol mahal hem onuň ýanyna klasdaş jorasy Bahar geldi. Jorasy Maraldan öỳe tabşyrylan meseläni çözmäge kömek bermegini haỳyş edip gelipdi.

Ol meseläni Marala görkezdi. Maral bolsa Öýe bu mesele däl-de, başga meseläniň tabşyrylandygyny aýtdy.

Şol wagt Maralyň jigisi uklap ýatyrdy. Gyzlar öỳe tabşyrylan meseläniň haýsydygyny anyklamak üçin, goňşy köçede ỳaşaỳan, üçünji bir jorasynyňka gitdiler. Maral öz ýanyndan "jigim oỳanỳança geleriň" diýip çaklady.

Utügi bolsa tokdan aýyrmagy ýatdan çykardy. Joralar gidenlerinden soň köp wagt gecmänkä, ütük gyzyp, dym-gyzyl boldy. Stoluň üstündäki geýime ot düşdi. Soňra penjiredäki tuty, salym geçmänkä stol ýanyp başlady.

Köçeden geçip barýan okuwçylar penjireden cykýan tüssäni gördüler we ýangyn söndürijilere habar berdiler. Ýangyn söndürijiler Maralyň jigisini halas etdiler, ody öçürdiler.

Meýilnama:

1. Maral nähili gyzdy?

2. Ol näme etmekçi boldy?

3. Onuň ýanyna kim geldi?

4. Joralar nirä gitdiler?

5. Ýangyn nämeden döredi?