|
9. Sözlem hakynda umumy maglumat 319-nji gönükme. Sözlemleri okaň, olaryň aňladýan manylaryna we aýdylyş äheňine-intonasiỳasyna üns beriň. 1. Men üçünji klasda okaỳaryn. 2.Seniň kakaň öỳdemi? 3.Ýaşasyn Parahatçylyk!
320-nji gönükme. Soňunda nokat goýlan sözlemleri biraýry, sorag belgisi
goýlanlary biraýry, ýüzlenme belgisi goýlanlary biraýry göçüriň.
Kakam obada işleýär. Seniň kakaň nirede işleýär? Meniň kakam mal bakýar.
Maldarlara şöhrat! Men şu ýyl enem bilen Stambula gitjek. Okuwçylar, oňat okaň! Sen okuwdan soň nirä gitjek? Ýaryşda birinjiligi almak üçin göreşeliň! Meniň atam namaz okaýar.
Ataň namaz okaýarmy?
* * *
321-nji gönükme. Okaň, her sözlemiň manysyna hem-de aýdylyş
aheňine üns beriň. Sozlemleriň nämäni aňladýandygyny aýdyň.
l.Golaýda biziň obamyzda mekdebimiziň suratcylarynyň ýaryşy geçirildi. Oňa biziň klasymyzdan Maýsa, Annamyrat dagy gatnaşdy. Maňa Maýsanyň çeken towşanjygy has ýarady.
2. Siziň klasyňyzdan kimler gatnaşdy? Sen ýaryşa tomaşa etdiňmi?
3. Ýaşasyn Bitarap, Garaşsyz Watanymyz! Mertebeli Serdarymyza şöhrat!
Suratçy sözüniň manysy näme? Sözlükden peýdalanmagy unutmaň.
* * *
322-nji gönükme. Sözleri öz ýerinde ulanyp, sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň.
Olaryň aňladýan manysyny aýdyp beriň.
1.Bagyna, men, gitjek, çagalar.
2.Klasda, okaýarsyň, sen, näçenji?
3.Surat, biz, çekýäris.
4.Nireden, gelýärsiň, sen?
5.Okalyň, biz, gowy!
6.Göreşeliň, hasyl, ýökary, ugrunda!
Nusga: Men çagalar bagyna gitjek. * * *
323-nji gönükme. Okaň. Haýsy sözlemiň habar bermegi, haýsysynyň sorag bermegi we haýsylarynyň ýüzlenmegi aňladýandygyny aýdyň Olaryň okalyş äheňine üns beriň.
Biz pianino aldyk. Ony kynlyk bilen öýe saldylar. Goňşymyz dillendi:
Bu pianinony kim üçin aldyňyz?
Ýnha şu gyzjagaz üçin aldyk! diýip,
begenjinden ejem Aýnajygy ogşady.
Sen pianino çalyp bilýärmiň? diýip
goňşymyz Aýnajykdan sorady.
Men sazçylyk mekdebiniň ikinji klasynda okaýaryn ahyryn!
Sen bize bir saz çalyp berermiň? Aýna jan, hany saz çalsana!
Aýnajyk pianinony mähir bilen sypady. Soňra ol dogumlylyk bilen saz çalyp başlady.
Saz edil kebelek Yaly gaýmalady.
H. Şirow, «Daljygan at».
Hekaýajyga sözbaşy tapyň we mazmunyny aýdyp beriň.
* * *
324-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, her sözlemden soň degişli dyngy belgisini goýuň.
1. Sona özüniň joralary bilen mekdebe barýar, 2. Ejem mekdepde mugallym bolup işleýär 3. Bäşim, sen şu kitaby okadyňmy?4. Ýaşasyn türkmen halky. 5. Dostlar, hemme zatda üstünlik gazanyň 6. Sen näçenji mektebiň okuwçysy 7. Siz Mämmet Seýidowyň goşgularyny okadyňyzmy.
325-nji gönükme. Göçüriň. Sözlemlerden soň degişli dyngy
belgilerini goýuň, dyngy belgilerden soň sözlemi baş harp bilen başlamagy unutmaň. Her
sözlemiň nämäni aňladýandygyny aýdyň.
Sen düýn okalga bardyňmy men düýn şähere gitdim ýaşasyn
parahatçylyk biziň obamyzyň elektrik yşyklary uzak ýerden görünỳär
siziň obaňyzda çagalar bagy barmy mekdep okuwçylary agaçlaryň düýbüni
ýumşatdylar çagalar, okuwda ýokary bahalar almaga çalşyň.
* * *
326-nji gönükme. Okaň. Her sözlemiň okalyşyna, äheňine we
aňladýan manysyna üns beriň.
Biziň Türkmenistanymyz
Biziň Watanymyz Türkmenistan özbaşdak we Garaşsyz döwletdir.
Ol 185 döwletin ykrar etmegi bilen 1995-nji ýylda Bitarap ýurt boldy. Türkmen halky indi öz baýlygynyň, medeniýetiniň hakyky eýesi boldy. Ýasasyn biziň Watanymyz Türkmenistan hem-de onuň beýik Serdary Saparmyrat Türkmenbaşy! Sen biziň milli baýdagymyzy golaýdan synladyňmy? Biziň ýaşyl baýdagymyzda ýyldyzlaryň we Aýyň suratlary bar. Biziň Watanymyzyň baýdagy hemişe parahatlykda parlasyn! * * * 327-nji gönükme. Özüňizden iki sány habar sözlemini, iki sany sorag sözlemini düzüp, depderiňize ýazyň. |