Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

d) Geljek zaman işligi

269-njy gönükme. Göçürin, -jak, -jek, -ar, -er goşulan işlikleriň aşagyny cyzyň. Olaryň geljekde boljak hereketi aňladýandygyna uns beriň.

1. Men özüme kitap, depder, galam aljak.

2. Biz ertir şähere gitjek.

3. Bu gün klas ýygnagy bolar, oňa ata-eneler hem geler.

4. Şu ýyl daýhanlar oňat hasyl alar, çünki ygal kop boldy. Bu gün ýene ỳagyş ỳagar.

* * *

270-njy gönükme. Okaň, -jak, -jek, -ar, -er goşulyp gelen işlikleri tapyp göçüriň. Olaryň geljekde bolmaly hereketi aňladýandygyna üns beriň.

1. Men şu gün Atalara barjak, onuň bilen gezelenje gitjek. Obanyň medeniỳet öỳünde ýygnak boljak.

Bu ỳere Meret bilen Aman hem geler.

2. Gyş çykar, ỳaz geler, otlar gögerer. Çagalar ekin meýdanyna gezelenje giderler.

3. Kakam bilen şähere gitjek. Biz şäherde kitap dükanyna barjak. Täze kitaplar aljak.

dukan

Geljek  zaman  işligi  geljekde bolmaly  hereketi aňladýar we iki hili bolỳar:

1). Mälim geljek zaman işligi.

2). Nämälim geljek zaman işligi.

1)-. Mälim geljek zaman işligi.

271-njy gönükme.Okaň we -jak, -jek goşulan işlikleri aýdyp beriň.

1. Men hat ýazjak.

2. Biz ertir oba gitjek.

3. Men ilki mekdebe barjak,soňra jigim bilen çagalar bagyna gitjek.

4. Sen öỳde boljakmy? Men size barjak.

-jak, -jek goşulyp gelỳän işliklere mälim geljek zaman işligi diýilýär.

Bulardan -jak ýogyn çekimlili, -jek inçe çekimlili işliklere goşulỳar. Mälim geljek zaman  işligi  näme  etjek?,  näme etjekler?  diýen  soraglara jogap bolýar.

Meselem: Men kitap aljak. Biz oỳna gitjek. Olar oturjaklar.

272-njy gönükme. Göçüriň we mälim geljek zamany aňladýan işlikleriň aşagyny çyzyň.

1. Biz şähere gitjek. Meniň dostum Myrat şäherde ỳaşaỳar. Biz olara barjak. Seniň haỳyşyňy Myrada aýtjak;

2. Aşgabatda okaýan agama hat ýazjak. Oňa suratymy iberjek. 3. Ertir Aşyr geljek. Men mekdebiň ekin meỳdançasynda işlejek.

* * *

273-njy gönükme. Okaň we mälim geljek zaman işliklerini aydyp beriň. Olar haýsy soraglara jogap bolýarlar?

1. Biz indiki dynç alyş güni gezelenje gitjek. Biz köp ỳerlerde boljak. Daglara, baýyrlara çykjak. Ol ỳerleriň ösümliklerini öwrenjek. Kabir ösümlikleri mekdebe tejribe üçin getirjek. 2. Men eşiklerimi geýjek we kino gitjek. 3. Towşanlary saňa tabşyrjak, sen olara ot-suw berersiň.

* * *

274-njy gönükme. Bu işliklerden diňe mälim geljek zaman  işliklerini tapyp ýazyň.

Aldy, okajak, ekjek, barỳar, ýazjak, oturjak, görjek, işleỳär, sözledi, gaýtjak, geljek, görỳär, ekdi.

* * *

275-njy gönükme. Okaň we mälim geljek zaman işligini  saýlap, depderiňize göçüriň.

Mähriban oglan

Annatäç eje goýunlary suwa ỳakjak bolup bedreleri eline aldy. Ol ogly Berdini gören badyna:

— Gel, oglum, gel! Käseleri ýuwuşsaňam, towuklara iým berseňem, maňa kömek-dä — diýdi.

— Menem suw getirjek — diýip, Berdi Annatäç ejäniň ỳüzüne ýylgyryp seretdi.

— Berekella, berekella, oglum! Maňa, ejesine kömek etjek. oglumdan aýlanaýyn.

— Agşam bolsa kitaplarymy okajak — diýip, Berdi ýene-de  şadyýan  dillendi. Soňra  Berdi  ejesine  suw getirişmekçi bolup,  bedräni ele alanda,  dosty Sapar geldi.

Suwa ỳakmak aňlatmasynyň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

276-njy gönükme. Göçüriň, köp nokatlaryň ỳerine mälim geljek zaman işliginiň degişli goşulmalaryny ýazyň.

Ýaz...

gel..

otur... 

tur...

gör...

ber...

dur... 

getir...

al...

duşuş...

süz...

başla...

diý...

ylga

düşündir...

elt...

aýt...

taşla...

sözle...

işle...

277-njy gönükme. Şygyry labyzly okaň. Mälim geljek zaman işligini tapyň we göçüriň.

Gaganyň arzuwy

Meniň elimden gelse,

Erkin aljak elleriň.

Bir demde ýygyp çykjak,

Ak pagtasyn pelleriň.


Ymgyr çölde çopana,

Goýun-guzy bakyşjak.

Boz ỳerden salma gazyp,

Gaz turbasyn çekişjek.


Meniň elimden gelse,

Meňzejek Aỳa, Güne,

Pak nur bolup döküljek,

Il günleriň üstüne.

N. Baýramow

Gaz

Men öỳe gaýtjak,

Kakama aýtjak,

Gaza ädijek

Tikip ber diýjek,

Ýogsa gazymyz

Üşejek, buýjak.

K. Taňrygulyýew.

278-njy gönükme. Okaň, mälim geljek zaman işligini aýdyp beriň. Olar haýsy soraglara jogap bolýarlar?

1.Olar ýene-de ep-esli wagtlap güjüjek bilen daşarda oýnadylar. 2. Men mekdebe gitjek. 3. Ol  garaja gözlerini oýnakladyp, enesiniň töwereginde iki ỳana pyrlanýardy, elini hamyrly çanaga uzadýardy. 4.Maňa garaşmaň, men enemiň işine kömek berjeki 5.Sona eýwanyň öňündäki takyrjak ýere towuklar üçin arpa sepdi. 6. Sygrymyzy suwa ýakyp gelägeden, menem okajak, sapaklaryma taýỳarlanjak. 7. Pejiň üstünde iki gözüni ýumup oturan pişijek myrlamaga başlady. 8.Men öz ỳerimde oturjak. 9. Olar oỳunjak dükanyna girdiler.

Has gara ýazylan sözleri dilden morfologik taýdan derňäň.

* * *

279-njy gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň ỳerine mälim geljek zamanyň degişli goşulmasyny ýazyň.

l. Biz mekdebiň tejribe meýdançasyna aýlanyp gör...

2. Eger suw bolaýsa, bir gektar meỳdana mekgejöwen ekmäge güỳjümiz ỳet...

3. Mugallymymyz bize:

— Men size  beýik  şähyr Magtymguly  hakynda gürrüň berjek — diydi.

4. Biz üç gün obada bol...

* * *

280-njy gönükme. Okaň we mälim geljek zaman işliklerini tapyp, depderiňize göçüriň.

Mälim geljek zaman işligi nähili soraga jogap bolýar?

Ýyldyzlar

Nurumyzy saçjak biz, 

Goltgy berjek ynjana.

Mydam gujak açjak biz,

Ak ỳürekli ynsana.

Biz —nurana ýyldyzlar,

Asyrlaryň nury biz.

Dünýä asuda bolsa,

Hasam artar nurumyz!

Ý. Saparow.

Ynsan sözüniň manysy näme? Sözlükden peýdalanyň.

* * *

281-njy gönükme. Özüňizden dört sany işlik tapyp, olaryň, soňuna geljek zaman işliginiň

goşulmasyny goşuň. Ol sözleri sözlem içinde getirip, depderiňize ýazyň.

Nusga:   git — gitjek. Men jeren bilen okalga gitjek.

2) Nämälim geljek zaman işligi

282-njy gönükme. Sözlemleri okaň we -ar, -er goşulmaly işlikleri aýdyň.

1.Agşam kakam işden geler.

2.Aşyr özüne gerekli kitaplary alar.

3.Ýolagçylar ertir ugrar. Ol sagat bäşe çenli şähere barar.

4.Sen bize gelersiň, men saňa garaşaryn.

-ar, -er goşulyp gelỳän işliklere nämälim geljek zaman işligi diýilýär. Bulardan -ar ýogyn çekimlili, -er inçe çekimlili işliklere  goşulỳar.

Nämälim geljek zaman işligi näme eder? , näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem:  Ol alar. Oguljemal geler. Çagalar oỳnarlar.

283-njy gönükme. Nakyllary okaň. Nämälim geljek zaman işliklerini we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Nakyllar

1.Aý dogsa, älem görer.

2.Gerek deregi ýykar.

3.Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyn dil bozar.

4.Ýöran ozar, ỳatan tozar.

5.Ýalan sözlän tutular, dogry sözlän gutular.

Nakyllaryň manysyna öz düşünişiňizi aýdyň.

* * *

284-njy gönükme. Göçüriň, nämälim geljek zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň.

Olar nähili soraglara jogap bolýarlar?

1. Aman kitap dükanyna gider. Ol jigisine we özüne kitap alar. Aman jigisine surat çekmegi öwreder. 2. Ertir bize daýym geler. Ol jigime, maňa oýnawaç getirer. Jigim özi ýaly kiçijik çagalar bilen oýnaýar. 3. Oglanlar bize garaşarlar. Olar bellenilen ỳere sagat onda gelerler. 4. Durdy öz dostuna hat ỳazar.

oýnawaç

285-njy gönükme.Göçüriň, nämälim geljek zaman işliginiň aşagyny çyzyň, onuň goşulmasyny we nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Geljekki okuw ýylynda janly burçdaky guşlaryň, towşanlaryň sany köpeler. Mekdebiň okuw tejribe meýdançasy giňeldiler. 2. Okuwçylar miweli agaçlar ekerler. Olar agaç nahallaryny getirerler. 3. Ýaz dynç alşynda mekdebiň türgenleşik meýdançasy giňeldiler.

Aýt, howluk, berkit, öwret, äkit, gaýt ýaly k, t sesleri   bilen  gutarýan   birnäçe   işliklere -ar, -er goşulanda, k, t sesleri g, d seslerine öwrülỳärler.

Meselem:  aýt — aýdar, git — gider, berkit — berkider, gaýt — gaýdar, howluk — howlugar, daryk — darygar.

286-njy gönükme. Göçüriň, köp nokatlaryň ýerine nämälim geljek zaman işliginiň goşulmalaryny ýazyň.

1. Jigimi çagalar bagyna äkit....iň.

2. Olar howluk.... .larmyka diýýarmiň?

3. Sen meniň tabşyryklarymy kakaňa aýt.....syň.

* * *

287-njy gönükme. Sözlemleri okaň. Nämälim geljek zaman işliginiň aşagyny çyzyň, ondaky üỳtgeşmäni aýdyň.

1. Meniň daýym ertir şähere gider, şol gün hem yzyna gaýdar.

2. Olar gidỳänçäler, gün mazaly gijiger.

3. Aşyr oturgyjy ussahana äkider, onuň döwük ỳerini bejerder.

ussahana

288-njy gönükme. Aşakdaky nämälim geljek zaman işliklerini nusgadaky ýaly edip göçüriň.

Äkider, berkider, howlugar, ereder, düzeder, gijiger,  öjüger.

 Nusga:   äkider — äkit, ...

* * *

289-njy gönükme. Şygry labyzly okaň. Nämälim geljek zaman işliklerini tapyp aýdyň.

Dutarym

Sen guwanjym, geregim,

Şirin dilli dutarym.

Mydam küỳsär ỳüregim

Şirin dilli dutarym.

Owazyň dagdan aşar,

Ömrüme ömür goşar.

Diňlesem göwnüm açar,

Şirin dilli dutarym.

A. Taganowa.

Ýürek küỳsemek aňlatmasynyň manysyny özüňizçe düşündiriň. Sözlükden peýdalanyň.

* * *

290-njy gönükme. Bu işliklere nämälim geljek zamanyň goşulmalaryny goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň, t sesiniň d sesine öwrülỳändigini  unutmaň.

Ýaýrat, bejert, öwret, barlat, okat, işlet.

E bilen gutaran işliklere -er goşulanda, e sesi ä sesine öwrülỳär.

Meselem: işle — islär, gürle — gürlär,

düşe — düşär.

291-njy gönükme. Bu işliklere nämälim geljek zamanyň goşulmalaryny goşup, depderiňize ýazyň, e sesiniň ä sesine öwrülỳändigini  unutmaň.

Gözle, demle, düşe, gizle, düzle, dişe.

Nusga:  gözle — gözlär, ...

* * *

292-njy gönükme. Okaň. Nämälim geljek zaman işligini tapyp, depderiňize ýazyň.

Olarda ỳüze çykỳan fonetik üỳtgeşmeleri aýdyň.

1. Biz bu gün mellekde işläris. 2. Sen okuwçylaryň ýygnagynda sözlärsiň. 3. Garry mamanyň ertekilerini gyzyklanyp diňläris. 4. Daşary sowuk, penjegiňi geýmeseň üşärsiň.

* * *

293-njy gönükme. Bu işlikleri nämälim geljek zaman şekiline öwrüň we olaryň hersini bir sözlemde getirip, depderiňize ýazyň.

işle, geple, düzle, dürse.

* * *

294-njy gönükme. Göçüriň. işligiň nämälim geljek zaman şekiliniň aşagyny çyzyň we olaryň nähili soraglara jogap bolỳandygyny, nämälim geljek zamanyň goşulmalary bilen bagly şol işlikleriň ỳazuwyndaky üỳtgeşmeleri aýdyň.

Biz şu ýyl mellegimiziň bir bölek ỳerine hyýar ekeris. Wagtly-wagtynda suwararys.

Düỳbüni ýumşatmak, otamak işini oňat geçireris. Pasyl mazaly boỳ alar,oňat güllär.

Soňra düwüp başlar. Uzak wagt geçmän, hyýar ýetişer. Biz ỳetişen hyýarlary ýygarys.

Terje hyýardan iýip, göwnümizi hoşlarys. Goňşularymyza-da bereris. Olar bizden hoşal bolarlar.

* * *

295-njy gönükme. Bu işlikleri soňuna nämälim geljek zamanyň degişli goşulmasyny goşup, depderiňize ýazyň.

Goý, diý, çoý, iý, duý, geý, soỳ, taý, doỳ, söỳ, ỳaý, saý.

Nusga:  goỳ — goỳar, ...

* * *

296-njy gönükme. Göçüriň we ỳaýyň içindäki sözlere nämälim geljek zamanyň degişli goşulmasyny goşuň,

1. Ol zatlaryny öỳde (göỳ),soňra täzeje geýimlerini (geý)we şähere gider. 2. Üşan adam elini oda (çoỳ). 3.Ol seniň geleniňi dessine (duý). 4. Küỳzejige süỳt  ( guý ) welin, sen alyp gidiber.

Nämälim geljek zaman işliginiň ýokluk şekili düỳp işlik bilen -ar, -er goşulmasynyň arasyndan -ma, -me getirilip aňladylýar.  -Ma ýogyn çekimlili, -me inçe çekimlili işliklere goşulỳar.

Meselem: bararyn — barmaryn, geleringelmerin,   ỳazarsyň   —   ýazmarsyň,   alarys   almarys.

297-njy gönükme. Aşakdaky işlikleriň soňuna nämälim geljek zamanyň goşulmasyny goşuň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Geý, guý, duý, goý, iý.

N u s g a :    geý — geýer.

Ol täze köỳnek geỳer.

* * *

298-njy gönükme. Okaň we nämälim geljek zaman işliginiň barlyk hem-de ýokluk şekilindäki işlikleri aýdyň.

Biz ertir Garagum derýasynyň boỳunda döredilen täze oba barýarys.

Size sagat dokuza çenli garaşarys, soň garaşmarys. Agşam soňky awtobus bilen öỳe geleris.

Aman gelmez, ol daýylarynda galar.

Okuwçylaryň başga bir topary daga çykarlar.

Bu topar mekdebiň ỳaş höwesjenler birleşiginiň agzalary.

Olar agşam oba medeniỳet öỳünde çykyş ederler. Biz oňa ỳetişmeris.

* * *

299-njy gönükme.  Göçüriň,  nokatlaryň ỳerine  nämälim

Geljek zaman işliginiň  ýokluk  şekiliniň  degişli  goşulmasyny ýazyň.

Al... .. ryn 

dur... .. ryn

ber..... ris 

aýt..... rys 

gör... ..rsiň

diý..... ris 

duş.... .rys 

git..... ris

ỳaz.... .rys 

bil.... rys

ỳatla.... .rsyň

sözle..... rin

gaç... .rsyňyz

geçir... ..rin

otur.... .z

düşüş.... .z

ugra..... rys

düşe.... .z

gel..... ris

ýat.... .rys

* * *

300-njy gönükme. Okaň, nämälim geljek zaman işlikleriniň barlyk şekilini biraýry, ýokluk şekilini hem biraýry göçürip alyň.

— Häzir göle suw içmez.

Bu gün howa maỳyl. Ilki göleleri iýmläris, az wagt açyk howada gezdireris. Soň bolsa ỳapdan suwa ỳakarys.

Çagalar şeýle hem etdiler. Soňra olar agaç ekilỳän ỳere geldiler.

— Şu gün nahallaryň hemmesini oturdarmykak? diyip mugallym sorady.

— Ýok, ertire goýmarys, olary üçünji klas okuwçylary eker   —   diýip, Annamyrat Çaryýew hem  gürrüňe goşuldy.

—   Biz   muny   başararys!   —   diýip, okuwçylaryň hemmesi seslendi.

Şeýlelik bilen,  çagalar bu teklibi makulladylar.Getirilen nahallary ertire goýman ekmekçi boldular.

nahal

301-njy gönükme.Okaň, nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk şekilini tapyp, depderiňize göçüriň.

Aman

—  Aman jan, ýuwun-da, geýimiňi çalşyr. Traktor
barada bolsa mekdebe okamaga baranda düşündirerler.

—  Men  mekdebe  haçan  giderin?  Traktor barada
özüň düşündirip  bilmezmiň? Eýsem, erteki aýdyp berermiň?

—  Erteki barada agşam gürrüň ederis.

—  Emma traktor barada aýdarsyň, ýagşymy?
Aman heniz alty ýaşyndady. Bir gün Aman mekdebe
bardy, ony direktoryň ýanyna eltdiler. Aman:

— Meni mekdebe kabul edermisiňiz? Men mekdepde şygyr öwrenerin.

Ony okaryn. Meniň elim, gulagym hemişe arassa bolar.

Şonda siz maňa traktor barada gürrüň   berermisiňiz, traktoryň nähili  işleýändigini aýdarmysyňyz? — diýdi. Direktor ýylgyryp:

— Hökman aýdarys — diýip jogap berdi.

Nämälim geljek zaman işliginiň ýönkeme bilen üỳtgeyşi

Nämälim geljek zaman işligi belli bir ýöňkemede  bolup bilỳär.

Munuň ýönkeme goşulmalary aşakdakylardyr:

Yönkemeler

Goşulmaİar

Mysallar

Barlygy

Ýoklugy

Birligi

1.

2.

3.

-yn, -in

-syň, siň

 —

alar-yn, berer-in

alar-syň, berer-

siň alar, berer

almar-yn, bermer-in

almar-syň, bermer-siň

almaz, bermez

Köplügi

1.

2.

3.

-ys, -is

-syňyz,

-siňiz

-lar, -ler

alar-ys, berer-is

alar-syňyz, berer-siňiz

alar-lar, berer-ler

almar-ys, bermer-is

almar-syňyz, bermer-siňiz

alrnaz-lar, bermez-ler

302-njy gönükme. Okaň, nämälim geljek zaman işliklerini we olaryň ýönkeme goşulmalaryny aýdyp beriň.

1.Men gelernň.

2.Sen gelersiň.

3.Ol geler.

4. Men alaryn.

5. Sen alarsyň.

6. Ol  alar.

7. Men barmaryn.

8.Sen barmarsyň.

9.Ol barmaz.

Biz geleris.

Siz gelersiňiz.

Olar gelerler.

Biz alarys.

Siz alarsyňyz.

Olar alarlar.

Biz barmarys.

Siz barmarsyňyz.

Olar barmazlar

303-njy gönükme. Göçüriň. Ýöňkemeler bilen üỳtgän nämälim geljek zaman işliginiň aşagyny çyzyň we olaryň haýsy ýöňkemede digini  aýdyň.

1. Men indiki okuw ýylynda 4-nji klasda okaryn. 2. Biz ertir seýil bagyna gideris. 3. Siz agaç nahallaryny oturdarsyňyz. 4. Sen jigiňi çagalar bagyna äkidersiň. 5. Ol öỳlerinde bolar. 6. Olar hem gelerler, öz teklipleriňi aýdarlar.

teklip

Nämalim  geljek  zaman  işliginiň  ýokluk  şekili üçünji ýönkemede -maz, -mez bolýar.

Meselem:   akar — akmaz, biler — bilmez, durar — durmaz, barar — barmaz, alar — almaz.

304-njy gönükme. Nämälim geljek zaman işlikleriniň barlyk şekilindäki bu sözleri üçünji ýöňkemäniň ýokluk şekiline öwrüp, nusgadaky ýaly depderiňize ýazyň.

Geler, biler, oturar, alar, ỳazar, gider, berer, geçer, böker, okar, äkider, bişirer.

Nusga:  geler — gelmez, biler — bilmez, ...

* * *

305-njy gönükme.Okaň, nämälim geljek zaman işliginiň ýokluk şekilini aýdyp beriň.

1. Biz indi ol ỳere öwrülip barmarys. 2. Çary size barmaz, ol göni mekdebe gider. 3. Olar tertipsizlik etmezler. 4. Bu iş oňat netije bermez diýmek bolmaz    5. Okamadyk zadyňy bilmersiň.6. Sapar heniz kiçijik, ol seniň sorajak zatlaryňy bilmez.

* * *

306-njy gönükme. Nakyllary göçüriň, üçünji ýönkemedäki nämälim geljek zaman işliginiň ýokluk şekiliniň aşagyny çyzyň. Dilden olaryň barlyk şekilini aýdyň.

Nakyllar

1. Atylan ok daşdan gaýtmaz.

2. Boş çuwal dik durmaz.

3. Aýbyny ỳaşyran aýňalmaz.

4. Gury söz gulaga ỳakmaz.

5. Özi ýykylan oglan aglamaz.

6. Söỳenişen ýykylmaz.

Nakyllaryň manysyny düşündiriň.

* * *

307-njy gönükme. Aşakdaky nämälim geljek zaman işliklerini ýöňkeme bilen üỳtgediň we ýöňkeme goşulmalarynyň aşagyny çyzyň.

Barar, gider, alar, geler.

* * *

308-njy gönükme.Bu işlikleri ulanyp, özüňizden dört sany sözlem düzüň. Nämälim geljek zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň we olaryň haysy ýöňkemededigini  aydyň.

Alarsyňyz, öwrenerin, ỳazarys, getirmersiň.

Nusga:  Siz dukandan depder alarsyňyz.

* * *

309-njy gönükme. Göçüriň. Nämälim  geljek zaman işlikleriniň aşagyny cyzyň, olaryň haýsy ýöňkemede digini  we goşulrnalaryny aýdyp beriň.

Arzuw 

Baýramy ejesi çagalar bagyna äkitdi.

Ejesi ýolda: Baýram  jan,  sen  ulalarsyň,  mekdebe  gatnap başlarsyň. Tomus seni dynç almaga ibereris - diýip gürrüň berdi.

Baýram:   —  Eje, men şonda size  tiz-tizden  hat ýazaryn, suratymy ibererin — diýdi.

Ejesi Baýramy çagalar bagyna eltdi-de:

— Men işden soň gelerin, oňa çenli oýnarsyň, dynç alarsyň — diýdi.

* * *

310-njy gönükme.  Şygry labyzly okaň,  nämälim  geljek zaman işliklerini saýlap, depderiňize göçüriň.

Gölejik

Owuz süýdun halayar

Garagolja gölejik.

Uzyn-uzyn molaýar

Garagolja gölejik.


Süýt emmese gudurar,

Mole gözi petirär,

Aýaz degse titirär,

Garagolja gölejik.


Mekgejöwen ekeriň,

Silos edip dökerin,

Balyk ýaly bakaryn,

Garagolja gölejik.

M. Garryýew.

Owuz süýdi aňlatmasynyň manysyna nähili düşünỳärsiňiz? Sözlükden peýdalanyň.

  -yn, -syň, -ys, -syňyz, -lar ýogyn çekimlili,

-in,-siň, -is, -siňiz, -ler inçe çekimlili nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk şekiline goşulỳarlar.

Meselem: alar-yn, alar-syň, alar-syňyz, atarlar. Geler-in, geler-siň, geler-is, geler-siňiz, geler  -ler.

Almar-yn, almar-syň, almar-ys, almar-syňyz, gelmer-in, gelmer-siňiz, gelmer-is.

311-njy gönükme.  Göçüriň, nokatlaryň ỳerine degişli ýöňkeme  goşulmalaryny ýazyň.

1. Men mähriban Serdarymyz ýaly okar..., ýoldaşlaryma-da kömek berer... .

2. Biz şu ýyl Hazar deňzine gider...

3. Biz ululary sylar..., olary hormatlar...

4. Özümize tabşyrylan işi eder... .

5. Men okuwdan soň gijä galmar... .

* * *

312-njy gönükme.  Bu işlikleri nämälim geljek zaman işliginiň ýokluk şekiline öwrüp, ýöňkeme  bilen üýtgediň we depderiňize ýazyň.

Gorkar, görkezer.

Nusga:  Men gorkmaryn. Sen gorkmarsyň. ...

* * *

313-njy gönükme.  Bu işlikleri nämälim geljek zaman işliginiň barlyk şekiline öwrüp, ýöňkeme  bilen üýtgediň we depderiňize ýazyň.

Almaz, aýtmaz, gelmez.

Nusga:  Men alaryň, sen alarsyň, ol alar, ...

* * *

314-njy gönükme.  Göçüriň, nämälim geljek zaman işlikleriniň ýöňkeme  goşulmalarynyň aşagyny çyzyň we olaryň haýsy ýöňkemededigini  aýdyň.

—  Eje jan, sen haçan işiňi gutararsyň? Haçan biz daỳymlara gideris? — diýip, gyzy sorady.

— Ynha tomus dynjalyş günleri geler, şonda biz Aşgabada gideris, daýyňlara bararys.

—  Daýym dagy haçan geler?

—  Belli däl, ýakyn günlerde olardan habar geler, şonda bileris.

—  Habar tiz gelermikä?

—  Hawa, habar tiz geler.

315-njy gönükme.  Bu işlikleri nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we yokluk sekiline öwrüp, ýöňkeme  bilen uýtgediň.

Sözle, ek, gaýt.

* * *

316-njy gönükme.  Nämälim geljek zaman işlikleriniň barlyk şekilini ýokluk şekile owrüň. Olaryň hersini bir sözlem içinde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Aýdarys, gelersiňiz, bararyn, başlarsyň.

Nusga:   Biz ony hiç kime aýtmarys.

* * *

317-njy gönükme.  Läleleri okaň. işlikleri tapyp, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny, haýsy zamandadygyny aýdyp beriň.

Läleler

Gaýradan atly gelýär.

Telpegi hatly gelýär.

Ol-a meniň doganym,

Ýany sowgatly gelýar.


Agaç-agaja bakar

Arasyndan suw akar,

Meniň eziz doganym

Döşüne orden dakar.


Howlymyzda gül ekjek,

Güli jigime berjek,

Al-elwan güller bilen,

Öỳümizi bezejek.

318-njy gönükme.  Okaň we öten, häzirki, geljek zamany aňladýan işlikleri dilden aýdyň.

Kärendeçi

Meniň atam elli ỳaşady. Ol obada ỳaşaỳar. Atam zähmetsöỳer kärendeçi. Ol daýhan birleşiginden kärendesine iki gektar ỳer aldy. Alan ỳerine bugday ekỳär. Geçen ýyl her gektardan 40 sentner bugdaý öndürdi.

Bu ýyl atam ỳeriniň bir gektaryna pagta ekjek bolỳar. Beýleki bir gektaryna-da bugday eker. Atam pagtadan, bugdaýdan bol hasyl alar.

Kärendeçi sözüniň manysyna sözlükden öwreniň.