|
ç) Häzirki zaman işligi 245-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan işlikleriň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň. Biziň Serdarymyz Saparrnyrat Türkmenbaşy Türkmen döwletiniň baky Prezidentligine saýlandy. Saparrnyrat Ataýewic Nyýazow 1940-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy Atamyrat Nyýazow, ikinji jahan urşuna gidýär we şol uruşda gahrymanlarça wepat bolýar. Ejesi Gurbansoltan Atamyradowa haly kärhanasynda işleýär. Saparmyradyň Nyýazmyrat we Muhammetmyrat atly doganlary bolupdyr. Olar 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde güỳçli ýer yrananda heläk bolýarlar. Uly maşgaladan ýeke özi galan Saparmyrady babasy Gurbangeldi aga Gypjaga alyp gaýdỳar. Ol ýedinji klasy Gypjak obasyndaky mekdepde tamamlaýar. Soňra Saparrnyrat Ataýewiç 1957-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebí oňat bahalar bilen gutarỳar. S. Jumalyýew «Saparrnyrat Nyýazowyň çagalyk we mekdep ýyllary».
246-nji gönükme. Okaň we öten, häzirki zaman işliklerini aýdyň.
Maỳa 3-nji klasda okaýar. Ol hemişe sapaklaryna gowy ýetisýär. Şu ýyl Maýanyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka holdy. Ol ýurdumyzda geçirilen "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" diýen bäsleşige gatnaşdy. Ol birinji orna mynasyp boldy. * * * 247-nji gönükme. Hekaýany okaň we hazirki zaman işliklerini depderiňize göçürip, olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň. Ajaýyp sungat Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanymyzda toỳlar toýa ulaşýar. Indi halkymyz toýy toý, baýramy baýram ỳaly geçirỳär. Bize şeýle uly bagty mähriban Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy hem-de Onuň döreden Garaşsyzlygy berdi. Maý aỳy ajaỳyp baýramlara baýdyr. Her ýylyň maý aỳynyň soňky ýekşenbesinde halkymyz mähriban Serdarymyzyň ýörite Permany bilen haly baýramyny belleỳär. Haly halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy hasaplanýar. Haly öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmen halysy özüniň owadanlygy we nepisligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Türkmen öz halysy bilen dünỳäde giňden tanalýar. Gelin-gyzlarymyzyň, dokaýan ajaýyp halylary dünỳäde öz söỳgüsini gazanýar. Ol ajaýyp sungatdyr. «Güneş» žurnály. Nepis, haryt sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň.
248-nji gönükme.Köp nokatlaryň deregine häzirki zamanyň degişli goşulmasyny ýazyp, aşakdakylary göçüriň.
* * *
249-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Ondan peýdalanyp, Watanymyz hakda beýannama ýazyň we zaman şekilleriniň aşagyny çyzyň. Bu Türkmenistan
H. Nurmyradow.
* * *
250-nji gönükme. Okaň, çyzygyň çep tarapyndaky sözleriň yzyna -ỳar, -yär goşulanda, olaryň soňundaky k, t sesleriniň, haýsy seslere öwrülỳändigini aýdyň.
251-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň deregine häzirki zaman işliginiň goşylmasyny ýazyň. K, t sesleriniň g, d seslerine öwrülỳändigini unutmaň. 1. Ol gaty howluk... . 2. Siz näme üçin daryk...syňyz? 3.Olar gitdigiçe öjük...ler. 4. Mugallymymyz bize köp zatlar öwret... 5. Elimiň boş wagtlarynda, men jigimi oýnat...yn. 6. Bizi Berdiniň uly dogany Sona okat... . Sizi kim okat...? 7. Bizi ertir şäherdäki açylan täze sergä äkit...ler. Sergi türkmen suratkeşleriniň işine bagyşlanỳar. 8. Gözel eje ỳüň tüỳt...
252-nji gönükme Göçüriň. Köp nokatlaryň deregine häzirki zaman goşulmasyny ýazyň. 1.Bu waka hakynda Sapar aýt... . 2.Biz okuw gutarandan soň gaýt...ys. 3.Okuwçylar ertir obamyzyň ekin meýdanyna gezelenje git...ler. 4.Meniň jigim gaty akylly, ol köp kömek et...
253-nji gönükme. Şu işlikleri häzirki zamana öwrüp, hersine işli bir sözlem ýazyň. Aýt, et, gaýt, git. Nusga: Ol saňa: «Tertipli bolmaly» diýip aýdýar.
254-nji gönükme. Okaň, häzirki zamanyň ýokluk şekilinde gelen işlikleri aýdyň. 1. Aman bu gün hiç ỳere gitmeỳär. 2. Biz olary görỳäris, emma olar bizi görmeỳarler. 3. Biz ertir gaýdýarys, bu gün gaýtmaỳarys. 4. Merediň näme aýdỳandygy ỳadyma düşmeỳar. 5. Biz wagtymyzy biderek geçirmeỳäris. 6. Biz mekdebimiziň ýanyndaky ekinleri suwsatmaỳarys. 7. Akylly, edepli, tertipli çagalara käýemeỳärler, olary gowy görỳärler. Çagalar,, edepli, tertipli boluň! * * * 255-nji gönükme. Göçüriň. Häzirki zaman işliginiň barlyk şekilini çyzygyň çep tarapynda, ýokluk şekilini sag tarapynda ỳazyň. Gelỳärler, gelmeỳärler, oỳnamaýarlar, gaýdỳarlar, çykỳarlar, gayýỳarsyň, gitmeỳärsiň, bilỳärin, barmaỳaryn, durmaỳarsyňyz, eşitmeỳär, diňleỳär, seredỳäris.
* * * 256-nji gönükme.Göçüriň. Nokatlaryň deregine häzirki zamanyň ýokluk şekiliniň degişli goşulmasyny ýazyň.
N u s g a : ylgamaýar, gelmeýär. * * * 257-nji gönükme. Okaň. işligiň häzirki zamanynyň barlyk we ýokluk şekillerinde gelen işlikleri tapyp, olaryň nähili soraglara iogap bolỳandygyny aydyň. 1. Biz öz Garaşsyz Türkmenistanyrnyzy söỳỳäris. Halal zähmet çekỳänleri, Watanymyza peýda getirỳänlerî hormatlaỳarys, ýaltalary bolsa söỳmeỳäris. 2. Sen ertirki ỳaryşa gatnaşỳarmyň? Men ertirki ỳaryşa gatnaşmaỳaryn, şähere gidỳärin. 3. Men gazeti okaỳaryn. 4. Ýolagçylar bu gün ugramaỳar, ertir ugraỳarlar. 5. Eziz ýurdumyzda türkmen bedewleriniň güni bellenilỳär. * * * 258-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. işligiň häzirki zaman şekilini tapyp, dilden aýdyň. Ýasajyk bagbanlar Watanymyz Turkmenistany bagçylyga öwürmek üçin hemmeler işleỳär. Biz hem öz mekdebimiziň daş-töweregine agaç nahallaryny oturdýarys. Okuwçylar ýasajyk bagbanlar hökmünde olara gözegçilik edýärler. Wagtynda suwaryp, düỳplerini ýumşadýarlar. Sebäbi bag-bakjany hemişe iýdedip durmaly. Bagban sözüniň manysy näme? Sözlükden öwreniň. Häzirki zaman işliginiň ýöňkeme bilen üỳtgeýşi Häzirki zaman işligi belli bir ýöňkemede bolỳar. Munuň ýöňkeme göşulmalary aşakdakylardyr:
259-nji gönükme. Göçüriň. häzirki zamanyň birinji ýöňkemesiniň birligindäki işlikleriň aşagyna bir çyzyk, Köplügindäki işlikleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň. 1. Men çagalara degişli çeper eserleri okaýaryn. Okaýan eserlerimiň adyny, ony ýazanyň familiýasyny, çykan ýylyny, eseriň esasy gahrymanlaryny depderime ýazýaryn. 2. Biz özümizden ululary sylaýarys. Olaryň öwütlerini, nesihatlaryny diňleýäris. 3. Biz bu gün okuwdan soň öỳe gitmeýäris, medeniỳet öỳüne ýygnanýarys. * * * 260-nji gönükme. Okaň, ikinji ýoňkemäniň birliginde we köplüginde gelen häzirki zaman işliklerini depderiňize göçüriň. 1. Siz eliňiziň boş wagtlarynda ene-ataňyza kümekleşỳärsiňizmi? 2.Sen sapaklaryňa oňat ỳetişyärsiňmi? 3. Sen gazete ýazylýarsyňmy? 4. Siz körpeler üçin ýazylan goşgulary okaýarsyňyzmy? 5. Siz okuwçylardan edilýan talaplary doly berjaý edýarsiňizmi? 6. Mekdepde geçirilỳän köpçülik işlerine işeňňir gatnasýarsyňyzmy? Siz diwar gazetini cykarýarsyňyz. 01 aýdýar, sen ýazýarsyň.
261-nji gönükme. Okaň, häzirki zamanyň üçünji ýöňkemesiniň birliginde we köplüginde gelen işlikleri aýdyp beriň. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz toý toýlaýar. Dünýäniň dürli künjegine düşen türkmen türkmeni gutlaýar. Türkmendigine buýsanýarlar, guwanýarlar. Biziň halkymyz dürli ýurtlardan gelen myhmanlanry kabul edýärler. Olar bilen Garaşsyz döwletimiziň barha kuwwatlanmagy we dünýä halklarynyň agzybir, parahalt ýaşamaklary üçin pikir alyşýarlar. * * * 262-nji gönükme. Häzirki zamanyň birinji, ikinji we üçünji ýöňkemesindäki şu işlikleriň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Ýazýaryn, işleýärsiňiz, gelýär, bilýäris, oturýarlar.
263-nji gönükme. Göçüriň, nokatlaryň deregine birinji ýoňkemaniň birliginiň we köplüginiň degişli goşulmasyny ýazyň.
N u s g a : alýaryn, alýarys, Häzirki zamanyň birliginde we köplüginde getiren sözleriňizden dört sanysyny sözlem içinde ulanyp, depderiňize ýazyň. * * * 264-nji gönükme. Häzirki zamanyň ikinji ýöňkemesiniň birligiňdäki şu işlikleriň gapdalyndan olaryň köplügini getiriň we depderiňize ýazyň. Olardan dört sanysyny ulanyp, sözlem düzüň. Barýarsyň,gelýärsiň, durýarsyň, howlugýarsyň, cykýarsyň, bilýärsiň, getirýärsiň, göterýärsiň, diňleýärsiň, eşidýärsiň, barlaýársyň, ýazýarsyň, okaýarsyň, işleýärsiň.
* * * 265-nji gönükme.Aşakdakylary göçüriň. Nokatlaryň deregine degişli ýöňkeme goşulmalaryny ýazyň.
* * * 266-nji gönükme. Köp nokatlara derek degişli ýöňkeme goşulmasyny ýazyp, depderiňize göçüriň.
* * *
267-nji gönükme. Okaň we häzirki zaman şekilinde ulanylan işlikleri, olaryň haýsy ýöňkemededigini , goşulmalaryny aýdyň. Watanymyzyň öz milli goşuny bar. Esgerlik ỳaşyna ỳetenler goşun gullugyna gidýärler. Bu gün hem esgerlige ugradylyş dabarasy bolýardy. Biz ỳaş ýigitleriň ýygnanan ỳerine barýarys. Amanyň agasy, onuň ýoldaşlary bilen salamlaşỳarys. Siz haçan ugraýarsyňyz? Biz bu gün gitmeýäris. Bu gün goşun gullugyna çagyrylan ýigitleriň hemmesi şu ỳere ýygnanỳar. Biz ertir ugraỳarys. Ertesi gün biz ýene geldik. Ata-eneler hem geldi. Saz çalyndy, oglan-gyzlar tans edỳärler. Sagat üçde awtobus gelỳär. Men agam bilen, beýleki oglanlar bilen hoşlaşỳaryn. Awtobus -gulluga çagyrylanlary welaỳat merkezine alyp gitdi. Hekaýanyň mazmunyna görä özüňizden sözbaşy tapyň. * * * 268-nji gönükme. Aşakdaky häzirki zaman işliklerini üç ýöňkemäniň birligi we köplüginde üỳtgediň. Ýaryşỳar, görkezỳär, begenỳär, guwanỳar, gidỳär. N u s g a : Birligi:
|
||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||