|
b) Öten zaman işligi 222-nji gönükme. Hekaýany okaň, has gara ýazylan sözleriň bolup geçen hereketi aňladýandygyna üns beriň.
Selbi dükandan gelỳärdi. Onuň öňünden garry ene barýardy. Garry enäniň elinde ỳüki bardy. Ol ony zordan göterip barýar. Selbi garry enäniň yzyndan ỳetip, onuň ỳüküni elinden aldy. Ony garry enäniň öỳüne eltip berdi.
Döwletler obada ýaşaýarlar. Olaryň jaýlarynyň ýeňsesinden uly ýol geçỳärdi. Ýoldan maşynlar geçip durdy. Meret bilen Döwlet köçede top oýnap başladylar. Oglanlar oỳna gyzygyp, maşynyň golaý gelenini hem görmediler, Sürüji oglanlara gözi düşüp, maşyny kynlyk bilen saklady. Sorag: Köçede top oỳnamak bolýarmy? * * * 224-nji gönükme.Köp nokatlara derek öten zamanyň degişli goşulmasyny ỳazyp, sözlemleri depderiňize göçüriň.
Sähedi üç ỳaşynda çagalar bagyna ber...ler. Sähet çagalar bagynda ýedi ỳaşyny doldurỳança bol... . 0l çagalar bagynda oňat terbiýelen... . Terbiýeçiler oňa köp zatlary öwret...ler. Sähet rusça sözleỳän çagalar bilen köp oỳna... . Şonun üçin ol rus diline hem ökdele.. * * * 225-nji gönükme. Surata seredip, soraglar esasynda hekaýajyk düzüp, depderiňize ýazyň. Hekaýadaky öten zaman şeklinde gelen sözleri aýdyň.
Soraglar: 1. Kim mekdebe barýardy? 2. Ýusup mekdebe gidende nireden geçmelidi? 3. Ýusup demir ýoldan nämäniň gelỳändigini gördi? 4. Ýusup otlynyň geçeriňe garaşdymy?
226-nji gönükme. Okaň we öten zaman işliginiň ýokluk Şekilini aýdyp beriň. 1. Biz düỳn şähere gitmedik, obada bolduk. 2. Ol meniň ýanyma gelmedi. 3. Men Saparlara barmadym. 4. Biz ol ỳerde hiç zat goỳmadyk, hemmesini özümiz bilen alyp gitdik. 5. Men Atany görmedim. 6. Biziň öňümizden hiç kim çykmady. 7. Men onuň tabşyran ýumuşlarynyň käbirini ỳerine ỳetirip bilmedim. şäher 227-nji gönükme. Okaň we ýokluk şekilde ulanylan öten zaman işliklerini depderiňize göçüriň. Orazyň nirä gidenini bilỳärmiň? Ýok, sebäbi ol maňa nirä gitjegini aýtmady. Oraz näme bilen gitdi? Orazyň näme bilen gidenini men görmedim. Ol haçan geler? Onuň haçan geljekdigini soramadym. Onuň özi hem maňa aytmady, * * * 228-nji gönükme. Köp nokatlaryň deregine öten zarnanyň ýokluk şekiliniň degişli goşulmasyny ỳazyp göçüriň: -ma we -me goşulmalarynyň nähili sözlere goşulỳandygyny aydyň. .,
229-nji gönükme. Bu işlikleriň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Olaryň haýsylarynyň barlyk, haýsylarynyň ýokluk şekildigini aýdyň. Barmady, görmedi, aldy, ýazdy, almady, gitmedi, gitdiler. * * * Öten zaman işliginiň ýönkeme bilen üỳtgeyşi Öten zaman işligi belli bir ýöňkemede bolýar. Munuň ýönkeme goşulmalary aşakdakylardyr:
230-nji gönükme. Nakyllary okaň, 1-3 nakyllaryň manysyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň. Soňra öwretdi, ýatdy, bilmedi, ỳatmady diýen öten zaman işliklerini ýöňkemeleriň birligi hem-de köplügi bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Nakyllar 1. Akylly öwrener. 2. Ýatan öküze iým ýok. 3. Agaç başy dik, miwesi aşak. 4. Altyn ỳerde ỳatmaz, ỳagşylyk ýolda galmaz. 5. işlemedik dişlemez. Kitabyňyzyň ahyryndaky sözlükden peýdálanyp, ýagsylyk sözüniň manysyny düşündiriň. * * * 231-nji gönükme. Okaň, öten zamanyň birinji ýöňkemesiniň birliginde we köplüginde gelen işlikleri göçüriň. 1. Men seniň aýdan kitabyňy ozal okadym. 2. Öten agşam hemmämiz kino gitdik. Ol ỳerde men Sapary gördüm, ol hem kino baran eken. Kinoda men ejemiň, kakamyň ýanynda oturdym. Biz kinodan çykyp, göni öỳümize gaýtdyk, Öýe gelip, kinoda gören zatlarymy garry atama-da aýtdym. 3. Geçen dynç güni biz şäheriň haýwanat bagyna gitdik. Haýwanat bagynda iki sagat bolduk. Men ol ỳerde maýmynlara alma berdim. 4. Biz ýolda gül bazaryna bardyk. Men Maýsa üçin gül aldym. * * * 232-nji gönükme. Gürrüňi göçüriň,soňra öten zamanyň ikinji ýöňkemesiniň birliginde we köplüginde gelen işlikleriň aşagyny çyzyň, Sen Amanyň ýanyna kim bilen gitdiň? Men Amanyň ýanyna Mergen bilen gitdim. Siz Anıany nirede gördüňiz? Biz Anıany görmedik. Ol mellege giden eken. Onsoň siz näme işlediňiz? Onsoň biz Geldilere gitdik. * * * 233-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. öten zamanyň Üçünji ýöňkemesiniň birliginde we köplüginde gelen işlikleri aýdyp beriň. Durnalar
H. Nurmyradow. Çeşme sözüniň manysyny düşündiriň we sötlük depderiňize ýazyň. * * * 234-nji gönükme. Birinji , ikinji, üçünji ýönkemedäki öten zaman işlikleriniň hersine degisli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Okadym, gelmediň, ýazdy, oýnadyk, bildiňiz, barmadylar. Nusga: Men gyzykly kitap okadym.
235-nji gönükme. Göçürin we -ňyz goşulan işlikleriň aşagyna bir çyzyk, -ňiz goşulanlaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň. 1. Siz geldiňiz, biz gitdik. 2. Siz obadan haçan geldiňiz? Obada näçe gün bolduňyz? Obada oňat dynç aldyňyzmy? 3. Siz ony tanadyňyzmy? 4. Siz öten agşam kino gitdiňizmi? * * * 236-nji gönükme. Köp nokatlaryň deregine ikinji ýöňkemaniň köplüginiň degişli goşulmasyny ýazyp, aşakdakylary göçüriň. Goşulmalaryň dogry ỳazylyş düzgünine üns beriň.
N u s g a : okadyňyz, geldiňiz,... * * * 237-nji gönükme. Bu işlikleri öten zamanyň ikinji ýöňkemesiniň barlyk we ýokluk şekiliniň birliginde hem-de köplüginde getirip, depderiňize ýazyň. Ýaz, bil, görkez, ylga, bar, git, gel, çyk, diňle, oýna, diý, aýt. Nusga: ỳazdyň - ýazmadyň, ỳazdyňyz -ýazmadyňyz,... * * * 238-nji gönükme. Nokatlaryň deregine öten zamanyň üçünji ýöňkemesiniň köplüginiň degişli goşulmasyny goşup göçüriň.
Nusga: geldiler, okadylar, ... * * * 239-nji gönükme. Üçünji ýoňkemäniň birliginde gelen aşakdaky işlikleriň gapdalyndan olaryň köplügini getirip, depderiňize ýazyň. Goşulmalaryň dogry ýazylyş düzgünine üns beriň.
Nusga: girdi-girdiler, ýasady-ýasadylar,...
240-nji gönükme. Okaň we göçüriň, ýönkeme bilen üỳtgän öten zaman işlikleriniň aşagyny cyzyň, olaryň haýsy ýöňkemededigini aýdyň. 1. Olar hem biziň bilen şäherde boldular. 2. Sen Aşgabat-Moskwa aralygynda uçỳan uly uçarlary gördüňmi? 3. Bedräniň içindäki hapalary men dökdüm. 4. Olar Atany görüp durdular. 5. Biz tilkiniň süreniniň agzynda gapan gürdük.
241-nji gönükme. Göçüriň. Nokatlaryň deregine öten zaman işliginiň degişli goşulmasyny ýazyň.
N u s g a : ylgadyk, gördüler. * * * 242-nji gönükme. Aşakdaky öten zaman işliklerini üç ýoňkemaniň birligi hem köplügi bilen üỳtgediň. Ýoldy, boldy, dördi, düşdi, berdi. Nusga:
* * *
243-nji gönükme. Aşakdaky öten zaman işlikleriniň hersine degişli bir sözlem düzüň. Soňra düzen sözlemleriňizi depderiňize ýazyň. Oýnadym, geldiler, gaýtdyň, çykdyk, gitdiňiz. * * * 244-nji gönükme. Hekaýany okaň, onuň mazmunyny özüňizçe depderiňize ýazyň we öten zaman işliginiň aşagyny çyzyň. Batyr şagal tutdy
Daňa golaý ketegiň ýanynda şeyle bir çirkin ses çykdy welin, bütin oba ördi. Adamlar bardylar. Ähli goňşular hem üỳşdi. Gully hem gözüni owkalap, daşaryk çykdy. Mämmet aga hem geldi. 01: -Berekella,oglum! Bu şagal obanyň towuklaryňa gün beren däldir diýip, Batyryň arkasyna kakdy. Batyryň ýoldaşlary ony ýerli-ýerden gutladylar Örmek sözüniň nähili manylary bar? Sözlükden öwreniň. N. Geldiýew, «Batyr ýeserje». |
||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||