Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

a) işlikler hakynda umumy maglumat

219-nji gönükme.  Okaň we göçüriň.  Has gara ýazylan soraglary we olara jogap bolýan sözleri aýdyp beriň.

Meret näme etdi?

Meret näme edýär?

Meret näme etjek?

Meret näme eder?

Meret ylgady.

Meret okaýar.

Meret okajak.

Meret alar.

Näme etdi?, näme edỳär?, näme etjek?, näme eder? diýen soraglara jogap bolỳan sözleriň gymyldy-hereketi aňladýandygyna üns beriň.
işlikler gymyldy - hereket aňladyp, näme etdi?, näme  edỳär?,   näme  et j ek?,   näme  eder?diýen soraglara jogap bolýarlar.

Meselem: Jeren gelýär. Men gitjek.  Aşyr geldi. Sapar geler.

220-nji gönükme. Göçürüň. işlikleriň aşagyny cyzyň, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

1. Meret şähere gitdi. Ol şäherden ertir geler. Meret maňa dürli galanı getirer.

2. Biziň ỳanymyzdaky ýapdan suw akýar.

3. Ol irden turỳar. Elini-ỳüzüni ýuwýar. Çörek iýỳär. Çay içỳär. Soňra okuwa gidỳär.

* * *

221-nji gönükme. Göçüriň. işlikleriň aşagyny cyzyň, olaryň öňünden ỳaỳyň içinde degişli soraglaryny ỳazyň.

Geldi 

Geldi mekdepde okaỳar. Kakasy oňa bir towşanjyk getirdi. Geldi oňa otjagaz, suwjagaz berỳär, käwagtlar süỳt içirỳär. Towşanjyk gökje ot iýdi, suw içdi. Ol ỳatdy. Geldi towşanjyga gowy seredỳär.

N u s g a :  Geldi mekdepde (näme edỳär?) okaýar.
süýt
işlikler öten, häzirki we geljek zamany aňladyp ulanylýarlar.