Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

7. At çalyşmalary

201-nji gönükme. Okaň. Her sözlemiň birinji sözüni depderiňize göçüriň, olaryň kimi we kimleri aňladýandygyna üns beriň.

1. Men üçünji klasda okaýaryn.

2. Sen üçünji klasda okaýarsyň.

3. Ol üçünji klasda okaýar.

4. Biz üçünji klasda okaýarys.

5. Siz üçünji klasda okaýarsyňyz.

6.Olar üçünji klasda okaýarlar.

Göçürip alan sözleriňiziň at çalyşmalarydygyny ýadyňyzda saklaň.

Men, sen, ol, biz, siz, olar - at çalyşmalarydyr. Men,   sen,   ol   -   at   çalyşmalarynyň   birligini aňladýarlar.

Biz,  siz,  olar at  çalyşmalarynyň  köplügini aňladýarlar.

202-nji gönükme. Soraglara ýazuw üsti bilen jogap beriň we at çalyşmalarynyň aşagyny çyzyň.

Sen kimiň ogly? Siz haýsy köçede ýaşaýarsyňyz? 01 nireden geldi? Olar top oỳnamaga gitdilermi?

N u s g a :  Men Merediň ogly.

* * *

203-nji gönükme. Goşgyny labyzly okap, at çalyşmalaryny aýdyp bermeli.

Meniň kitabym

Bu gün maňa, ertir saňa,

Dost bolar ol, bolar höwür,

Kitap diýmek ỳagşy dostdur,

Sen şu hakda pikir öwür.


Kitabyňy aýap sakla,

Çyzyşdyrma, hapalama,

Beýle bolsa seniň, meniň

Jigilerimiz çeker zyýan.


Bir okana, bir dokana, 

Diýen eken könelerimiz.

Ýöne, sen dost, ýol bermegin

Kitaplaryň könelmegine.

C. Ýegenmyradow.

a) At çalyşmalarynyň düşüm bilen üỳtgeýişleri

At çalyşmalary düşüm bilen üỳtgäp bilỳärler.
Meselem:
B. d Men Sen Ol Biz Siz Olar
E. d Meniň, seniň, onuň biziň, siziň, olaryň.
Ý. d Maňa, saňa, oňa, bize, size, olara.
Ýe. d Meni, seni,  ony, bizi, sizi, olary.
w - o. d Mende, sende, onda, bizde, sizde, olarda. ,
Ç. d. Menden, senden,  ondan, bizden, sizden, olardan

204-nji gönükme. Hekaýajygy okan.  At  çalyşmalaryny tapyň we olaryň haýsy düşümdedigini  aýdyň.


Biziň ýyldyzlarymyz

Men her gün agşam ýyldyzlara syn edýärin. Ol ýyldyzlar mydama şöhle saçyp durýarlar. Olara öz ýanymdan "Biziň ýyldyzlarymyz" diýer ýörerdim. Bir gezek men kakam bilen başga bir oba gezelenje gitdim. Biz agşamara tanşymyzyňka bardyk. Soňra men daşary cykdym we asmana seretdim, Täsin zat! Biziň ýyldyzlarymyz bu obanyň üstünde dur! Men muňa gaty geň galdym.

Onsoň kakamdan:

— Kaka, näme üçin biziň ýyldyzlarymyz bu ýere geldilerkä?— diýip soradym.

Kakam ýylgyrdy-da:

—Oglum, bu ýyldyzlary dünýäniň haýsy ỳerinden seretseň-de görmek bolýar—diýdi.

G. Seýitmedow. «Biziň ýyldyzlarymyz».

1. Hekaýajygyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

2. Agşamara sözüniň manysyny sözlükden görün we öwreniň.

üstümde

205-nji gönükme. At çalyşmalarynyň soňundaky nokatlaryň deregine degişli düşüm goşulmasyny goşup, sözlemleri depderiňize göçüriň.

1. Biz... okuwymyz sagat dokuzda başlanỳar. Mugallymymyz arakesme wagtynda biz....

ýygnak boljakdygyny aýtdy.

2. Men düỳn Orazlara gezmäge gitdim. Men... ýanym bilen Ata-da gitdi. Biz olar...köp oturdyk.

Oraz biz... gowy görỳär.

3. Meret sen... näme sorady? Meret men... gezelençde gören zatlarymyz hakynda sorady.

Ol at çalyşmasynyň soňundaky l sesi eýelik, ýeňis,   wagt-orun,   çykyş   düşümlerde   n   sesine öwrülip, onuň, ony, onda, ondan ýaly ỳazylỳarlar.

Men, sen, ol at çalyşmalary ýöneliş düşüm bilen üỳtgände, maňa, saňa, oňa ýaly şekile eýe bolýarlar.

206-nji gönükme. Ýaýyň içindäki at çalyşmalaryny degişli düşümlerde getirip, sözlemleri depderiňize göçürüň.

Keýijek mekdebe barỳar. (Ol) garaja ýanjyk bar. (Ol) Keýijege kakasy alyp berdi. Kakasy (ol) dürli galamlar hem alyp berdi. Keýijek akyllyja. Ol (men) surat çekmegi öwredýär. (Sen) kim öwredỳär? Men (ol) aýdym aýtmagy öwretdim. (Ol) zehin bar.

Mekdebe,   kakasy,  galamlar  sözlerini   nusgadaky  ýaly  morfologik derňew edip, depderiňize ýazyň.

Nusga: kakasy - kaka - asyl at, -sy III ýönkemäniň goşulmasy.

* * *

207-nji gönükme. Men, sen, ol at çalyşmalaryny ähli düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Bulardaky ỳüze çykỳan üỳtgeşmeleri aýdyp beriň.

* * *

208-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan at çalyşmalarynyň haýsy  düşümdedigini   aýdyň  we  şol  sözleri  nusgadaky ỳaly edip, depderiňize ýazyň.

N usga:  Maňa-men,...

1. Öten ýyl men şaşka oýny boỳunça geçirilen ỳaryşa gatnaşdym we birinji orny eýeledim. Şonda maňa sylag berdiler.

2. Sende bir gyzykly kitap bar. Şony saňa kim alyp berdi? Ony maňa kakam Aşgabatdan getirip berdi,

3. Ol Sergeý bilen hat alyşỳar. Oňa Sergeýden düỳn hat geldi. Oňa Stanbully dosty Alydan hem hat gelỳär. Onuň dostlary köp.

* * *

209-nji gönükme. Ýaýyň içindäki at çalyşmalaryny ýöneliş düşümde getirip, sözlemleri göçüriň.

1. (Men) aşgabatly dostum Myrat bir kitap sowgat iberipdir. Men hem (ol) reňkli galamlar alyp, sowgat iberdim. 2. (Sen) goşunda güllük edỳän agaňdan hat gelýärmi? Sen (ol) jogap ýazmagy ýatdan çykaraňok gerek?

* * *

210-nji gönükme. Men, sen, ol at çalyşmalaryny ýöneliş düşümde getirip, hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

* * *

211-nji gönükme. Göçüriň, düşüm bilen üỳtgän ol at çalyşmasynyň aşagyny cyzyň we onuň haýsy düşümdedigini  aýdyň.

1. Meret öten ýyldan bari aýdym-saz öwrenỳär. Onuň gowy dutary bar.

2. Nepes biziň bilen okaýar. Ony klasymyzyň okuwçylary gowy görýärler. Onda gyzykly çeper eserler köp. Men ondan düỳn bir kitaby okamaga aldym.

3. Biziň mekdebimiziň jaýy üç gat, onuň oňat türgenleşik meỳdançasy bar.

* * *

212-nji gönükme. Okaň. At çalyşmalaryňy tapyp, depderiňize ýazyň we olaryň haýsy düşümdedigini  aýdyň.

1. Sizi şu gün doglan günüňiz bilen gutlaỳarys! Siziň ömrüniziň uzak bolmagyny, ene-ataňyza, Watanymyza, il-günümize wepaly bolmagyňyzy arzuw edýäris. 2. Gülşat, seni dokuz ýaşyň dolmagy bilen gyzgyn gutlaýarys. Saňa berk jan saglygyny, uzak ömür, okuwyňda dörtlük-bäşlik bahalar almagyňy tüỳs ỳürekden arzuw edýäris! 3. Men ỳüzmekde birinji ýeri eýeledim. Maňa sylag gowsurdylar. Biz öz toparymyz bilen awtobusa mündük. Bizi şäheriň daşyndaky stadiona alyp gitdiler.

* * *

213-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan at çalyşmalaryny depderiňize göçüriň, olaryň haýsy düşümdedigini , ýazuwyndaky üỳtgeşiklikleri aýdyň.

Gadym eýỳamda Alabaý atly bir it bar eken. Ol gadymdan galan galada gizlengi hazynanyň bardygyny

eşidipdir.   Ol  köne  gala  baryp,   ýykylan  diwarlaryň düỳbüni gyzyl-dörjük edip ugrapdyr.

Şol wagt uçup barỳan alahekek oňa habar gatypdyr:

— Alabaý, seniň gazỳan zadyň näme? Gadymy galany gyzyl-dörjük edip, näme gözleỳärsiň? Senden öň bu ỳeri hiç kim gazmandy.

—   Hazyna   gözleỳärin. Maňa näme diýmek isleýärsiň?

—   Seniň,hazynany tapjagyňa ynamyň barmy?

—   Mende ynam bar! Ýogsam gazmazdym.

—   Beýle bolsa saňa menden kömek gerekmi? Menem gözleşeýin, gazuw işine kömekleşeýin.

—    Baş üstüne, iki bolup işlän has gowy! Onsoň olar iki bolup işe başlaỳarlar.

H. Sirow. “Daljygan at”.

1. Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň we oňa ozüňizden sözbaşy tapyň.                                             2. Hazyna   sözüniň    manysyny   düşündiriň.   Sözlükden peýdalanmagy unutmaň.

* * *

214-nji gönükme.Sen, ol at çalyşmalaryny düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Düşüm goşulmalaıy goşulanda, bu at çalyşmalarynyň soňky sesleri bilen bolup geçỳän üỳtgeşiklikleri dilden aýdyň.

Baş düşüm - sen, ol.

Eýelik düşüm - ...

Ýöneliş düşüm - ...

Ýeniş düşüm - ...  

Wagt-orun düşüm - ...

Çykyş düşüm - ...

* * *

215-nji gönükme.Okaň we soraglardaky köp nokatlaryň deregine sen çalyşmasynyň, jogaplardaky köp nokatlaryň deregine men çalyşmasynyň haýsy düşümlerde getirilmelidigini  aýdyň.

Soraglar:

Geçen tomus... nirä gezelenje gitdin?

... ýanyň bilen başga kimler gitdi?

... ýolhaty nireden berdiler?

Onda... ejeň iberipdir-da?

... Arçabilin gözel ỳerlerinde aldyrylan suratlar barmy?

Jogaplar:

Geçen tomus... Arçabile gitdim. ... 

...ýanym bilen öz mekdebimizden Myrat gitdi.

... ýolhaty ejemiň işleỳän ỳerinden berdiler.

Hawa, ... Arçabiliň gözel ỳerlerinde aldyrylan suratlar bar.

* * *

216-nji gönükme. Okaň we at çalyşmalaryny göçüriň. Olaryň haýsy düşümdedigini  aýdyp beriň.

Daýhanyň maslahaty

Gadym zamanda bir daýhan bar eken. Ol garrap işden galypdyr. Soňra ol iki ogluny ýanyna çagyryp:

- Men garrap, öňki güỳç-kuwwatymy ýitirdim. Siz hor ỳaşamaň. Ähli zatlarymy size paýlaýyn hem-de maslahat bereýin. Şol maslahaty pugta berjaý ediň. Eger siz meniň şol maslahatymy berjaý etseňiz, hiç haçan hor bolmarsyňyz, diňe bagtly hem abraýly bolarsyňyz. Siz hiç hili kynçylykdan çekinmäň. Zähmet bar ỳeriňde rähnet bardyr. Siz arassa zähmet bilen eklenmelisiňiz, ine, şonda siziň işiňiz rowaç bolar.

Doýa iýip-içersiňiz hem oňat geýersiňiz. Öz halkyňyza, ýurduňyza, dostlaryňyza wepaly boluň!

Meniň  aýdýanlaryma  düşündiňizmi,  balalarym?  -diýipdir.

1. Hekaýajygyň mazmunyny  öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

2. Eklenmek sözüniň manysyny sözlükden görüň we öwreniň.

* * *

217-nji gönükme.   Göçürin, at çalyşmalarynyň  haýsy düşümlerde gelendigini  olaryň ýokarsyndan ýazyň.

1. Men hat ýazýaryn. 2. Biz ỳaryşa gatnaşdyk.  3. Meniň çeken suratym sergide goýuldy. 4. Biziň obamyzyň giň medeniỳet öỳi bar. 5. Maňa senden salam gowşurdylar. 6. Meni seniň ýanyňa Ata iberdi. 7. Bizde hemme adam deň hukuklydyr. 8. Saňa ỳaryşa gatnaşmak üçin çakylyk gowşurdylarmy?

N u s g a :  Biz ỳaryşa gatnaşdyk.

* * *

218-nji gönükme. Men, sen, ol at çalyşmalaryny düşümleriň  altysy bilen hem üỳtgedip, depderiňize ýazyň.