Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

6. Geçilenleri gaýtalamak

191-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşüm bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Adam, okuwçy, guş, ýaý.

* * *

192-nji gönükme. Köp nokatlara derek degişli düşüm goşulmasyny ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Dolak... nähili dokalýandygyny gördüňmi? Bu jorap... Ajap...özi örüpdir. 2. Men Myrat... çagalar bagyna äkitdim. 3. Bu gurjak... bahasy näçe? 4. Gury agaç... ỳaprak bitmez. 5. Sadap... ejesini deputat saýlapdyrlar.

Düşüm goşulmasyny goşan sözleriňizde nähili üỳtgeşikligiň bolup geçendigini  aýdyň.

deputaci

193-nji gönükme. Aşakdaky atlara eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümleriniň goşulmasyny goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Çüỳ, kitap, Guwanç.

Nusga: Uşsa çüỳüň ownuklaryndan aldy.

* * *

194-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Guty, dary, kirpi, göle.

Düşüm bilen üỳtgeden atlaryňyzyň soňky çekimlileriniň haýsy? düşümlerde nähili cekimlä öwrülỳändigini  aýdyň.

* * *

195-nji gönükme. Özüňizden soňy y, i, e çekimlilerine gutarýan atlardan üç sany mysal tapyp, olary düşüm bilen üýtgediň we depderiňize ýazyň.

* * *

196-nji gönükme. Göçüriň. Soňlary çekimli y, i, e seslerine gutaryp, düşüm bilen üýtgän atlaryň aşagyny çyzyň.

1.Ternäni güỳz günleri iýseň, örän peýdalydyr. 2. Bu sürüde näçe goýun barka? 3. Pagta ýygymynda gazanan üstünligi üçin Lälä sylag berdiler. 4. Myrat bagyň şahasynda oturan serçäni uçurdy. 5. Agylyň içi guzudan doludy.

Aşagyny çyzan atlaryňyza haýsy düşümiň goşulmasy goşulypdyr? Şonda asyl atlaryň soňundaky çekimliler haýsy çekimlilere öwrülỳär.

peýda

197-nji gönükme. Göçüriň. Mukdar sanlaryň aşagyny çyzyň.

Gökdepedäki Saparmyrat hajy metjidine Turkmeniň Käbesi diýip aýdýarlar. Metjitde beýik minaralaryň dördüsi bar. Olaryň her biriniň beýikligi 63 metr. Uzaklardan lowurdap görünỳän gümmeziň belentligi 4 metrden geçýär. Bu uly metjidiň namaz meýdany bir wagtda 4000 adama ybadat etmäge mümkinçilik berỳär.

* * *

198-nji gönükme. Mukdar sanlaryň yzyndaky nokatlara derek tertip san ýasaýjy goşulma goşup, sözlemleri göçüriň.

1. Nepes üç... klasda okaýar. Agam öten ýyl dokuz.., klasy gutardy. Men iki... klasy bäşlik bilen gutarypdym 2. Otuz... noýabrda biz gezelenje gidýäris. 3. Kaka obanyň bäş... mekdebinde işleỳär.

* * *

199-nji gönükme. Aşakdaky sanlary nusgadaky ýaly edip depderiňize göçüriň.

1. 5-nji,  10-njy, 3-nji,  100-nji, 6-njy,  13-nji,  14-nji,
23-nji, 70-nji, 103-nji, 110-njy.

2. Altynjy, sekizinji, ikinji, ýedinji, ỳetmiş üçünji,
kyrk bäşinji, elli dokuzynjy, kyrkynjy.

Nusga   1. Bäşinji, onunjy...,

               2. 6-njy, 8-nji...,

* * *

200-nji gönükme. Aşakdaky sanlara tertip san ýasaýjy goşylma goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

2, 3, 10, 8, 13, 14.

Nusga: Oraz ỳaryşda ilkinji gezek birinjiligi eyýeledi.