|
5. Sanlar 165-jnji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň zadyň sanyny, sanalmakda tertibini bildirỳändigine üns beriň.
Biziň obamyz şäherden on ýedi kilometr uzaklykda. Awtobus bilen şähere on bäş minutda barmak bolỳar. Men üçünji klasda okaýaryn. Jigim birinji klasda okaýar. Úly agam on sekiz ỳaşynda. * * * 166-jnji gönükme. Sözlemleri okaň we dik çyzygyň sag tarapyndaky sözlemleri göçüriň. Näçe?f näçenji? diýen soraglara jogap bolýan sozleriň-sanlaryň aşagyny cyzyň.
167-jnji gönükme. Hekaýany okaň we bir zadyň sanyny, tertibini bildirýan sözleri aýdyp beriň.
Biziň mekdebimizde sekiz ỳüz elli okuwçy okaýar. Onda on sany başlangyç klas, on alty sany ýokary klas bar. Başlangyç klaslaryň hemmesinde jemi üç ỳüz otuz okuwçy okaýar. Ýokary klaslarda baş ỳüz ýigrimi okuwçy okaýar. Her klasda takmynan otuz, otuz iki okuwçy bar. Men üçünji klasda okaỳaryn. Biziň klasymyzda jemi otuz okuwçy bar. Klasymyzda on bäş parta bar. Biz her partada iki bölüp oturýarys. Klasymyzda mugallymymyz üçin bir oturgyç we bir stol hem bar. Biz klasymyzy arassa saklaýarys. Has gara ýazylan sözleri gurluşlary taydan derňäň.
168-jnji gönükme. Okaň we göçüriň. Sanlaryň aşagyny çyzyň. Çagalar köşgüniň on sekiz otagdan ybarat uly jaỳy bar. Şolaryň birinji, ikinji otagy gazet-žurnallary okamak üçin bellenipdir. Bäşinji, altynjy otagda çagalar küşt, şaşka oýnaýarlar. Dördünji otagda çagalar bilýard oýnaýarlar. Ýedinji, sekizinji otaglar çagalaryrň kitaphanasy. Kitaphanada dört müňden-de köpräk kitap bar. bäşinji * * * 169-jnji gönükme. Şu sanlaryň her haýsyna degişli bir sözlem düzüň we depderiňize ýazyň. iki, üç, dört, alty. Nusga: Men şäherde iki gün boldum.
170-jnji gönükme. Sözlemleri okaň. Olaryň içindäki mukdar sanlary aýdyp beriň. 1. Biziň daýhan birleşigimizde on bölüm işleỳär. Meniň kakam ikinji bölüme ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýan bölüminde kyrk bäş adam bar. 2. Biziň mekdebimiziň kitaphanasy uly. Onuň iki sany okalga otagy bar. Kitaphananyň baş müňe golaý kitaby bar. Onuň okyjylarynyň sany dört ỳüz adamdan hem geçỳär. Kitaphanada dört sany küşt we dört sany şaşka bar. Onuň bir otagy küşt, şaşka oýnalýan jaý. 3. Dekabr aýynda otuz bir gün bar. Bir gije-gündizde 24 sagat bolýar. Öten ýyl biziň gurluşykçylarymyz Aşgabatda kyrk bäş gün işläp geldi. Has gara ýazylan sözleri morfologik taýdan derňäp, nusgadaky ýaly görnüşde depderiňize ýazyň. N u s g a : kakam-kaka at, asyl söz, -m - birinji ýonkemaniň birliginiň goşulmasy.
171-jnji gönükme.Soraglara ýazuw üsti bilen jogap beriň, soňra mukdar sanlaryň aşagyny cyzyň. 1. Bir ýylda näçe aý bar? 2. Oktýabr aýynda näçe gün bar? 3. Bir hepdede näçe gün bar? 4. Bir gije-gündizde näçe sagat bolýar? 5. Bir sagatda näçe minut bar? 6. Her minutda näçe sekunt bar? 7. Bir metrde näçe santimetr bar? * * * 172-jnji gönükme. Sözlemleri okaň, soňra göçüriň we mukdal sanlaryň aşagyny cyzyň.
Çagalar bagy Biziň daýhan birleşigimiziň iki sany çagalar bagy bar. Olaryň her birinde otuz bäş, kyrk çaga terbiýelenýär. Olarda çagalar nahar iýer ýaly on stoljyk bar. Çagalar oturar ýaly otuz bäş sany oturgyçjyk bar. Çagalar bagynda çagalara günde dört gezek nahar berỳärler. Çagalar bu ýerde wagtlaryny oňat geçirỳärler.
173-jnji gönükme.Okaň we göçüriň. Mukdar sanlary çyzygyň çep tarapynda, tertip sanlary bolsa sag tarapynda ýazyň. Bäşinji, ýedi, kyrkynjy, otuzynjy, altmyş, segsen, togsan, birinji, ýigriminji, on, otuz, üçünji, sekizinji, elli, ỳetmiş, dokuzynjy, dört, ýigrimi, togsanynjy, dördünji. Nusga:
* * *
174-jnji gönükme. Hekaýajygy okaň we tertip sanlary aýdyp beriň. Ýaryş geçirildi.
Birinji ýeri eýelan ýedinji klasyň we ikinji orny eýelän dördünji klasyň okuwçylaryna sylag gowşurdylar. Has gara ýazylan sözleri morfologik taýdan derňäň. * * * 175-jnji gönükme. Hasaplama degişli goşgyny okap, jogabyny biliň.
G. Aşyrow. Soraglar: 1.Jemi näçe örküç boldy? 2.Goşgudaky sanlar nähili sanlar? Olar haýsy soraga jogap bolýar? * * * 176-jnji gönükme. Bu tertip sanlaryň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Bäşinji, dokuzynjy, otuzynjy, altmyşynjy, togsanynjy. N u s g a : Bäşinji klasyň okuwçylary meỳdança çykdylar.
177-jnji gönükme.Sözlemleri okaň we bulardaky mukdar sanlary tertip sana öwrüp, hat bilen depderiňize ýazyň. 1. Men öňki gezek pellehana Setdar bilen deň geldim. Sonuň üçin bizi 2 gezek ỳaryşdyrdylar. Bu sapar men Setdardan öňürti geldim. 2. Gurbanyň dogany daýhan birleşigimiziň 6 bölümine ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylyk edýän bölümi birleşikde öň hatarda barýar. 3. Tomus dynç alyş döwründe 5 klasyň okuwçylary köne galalary görmäge gitdiler. Okuwçylaryň gezelenjine mekdebimiziň taryh mugallymy ýolbaşçylyk etdi. Pellehana, gala sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. gezelenç 178-jnji gönükme. Köp nokatlaryň deregine tertip sanyň goşulmasyny goşup, depderiňize ýazyň. Iki..., alty..., elli..., ýigrimi... * * * 179-jnji gönükme. Aşakdaky mukdar sanlary tertip sana öwrüp, depderiňize ýazyň. Bir, iki, alty, sekiz, dokuz, ýigrimi, otuz, kyrk, elli, altmyş, ỳetmiş, segsen, togsan. * * * 180-jnji gönükme. Hasaplama boỳunça goşgyny okap jogabyny tapyň. Aýyň näçesi?
Soraglar: 1. Goşgynyň jogabyny bilmek üçin haýsy sanlardan peýdalandyňyz? 2. Peýdalanan sanlaryňyz nähili san? * * * 181-jnji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Göçüreniňizde, mukdar sanlary tertip sana öwrüp, hat bilen ýazyň. 1. Köne demirleri ýygnamak boỳunça geçirilen ỳaryşda 5 klasyň okuwcylary ikinji orny eýelediler. 2. Meniň doganym Myrat 3 klasda okaýar. 3. Biz 8 bölümiň pagtalaryny gaba salmaga kömekleşdik. 4. Pagta ekişi, esasan, apreliň l ýarymynda tamamlanýar. * * * 182-jnji gönükme. 5, 8, 9, 11, 13 sanlaryny tertip sana öwrüp, hat bilen ýazyň. Bularyň her haýsyna degişli bir sözlem düzün.
183-jnji gönükme. Sözlemleri göçüriň we tertip sanlaryň aşagyny çyzyň. 1. Meniň doganym onunjy mekdepde işleỳär. 2. Biz dördünji klasda okaýarys. Gözeliň jigisi üçünji mekdepde okaýar. * * * 184-jnji gönükme. Köp nokatlaryň deregine tertip san ýasaýjy guşulma goşup, depderiňize göçüriň. Ýedi..., üç..., on..., dokuz..., sekiz..., elli..., müň..., altmyş..., ỳetmiş..., bir..., iki..., bäş..., alty....
185-jnji gönükme. Bularyň yzyna tertip san ỳasaỳan goşulma goşup, depderiňize ýazyn. 4, 5, 20, 30, 42, 53, 66, 99. N u s g a : 4-nji, 30-njy.
186-jnji gönükme. Okaň we bularyň haýsysynyň sada, haýsysynyň goşma sandygyny aýdyň. Dördünji, on altynjy, ýigrimi iki, onunjy, dokuz sekizinji, otuz üçünji, kyrk birinji, kyrk ýedinji, elli iki, altmyş sekizinji, ỳetmiş. * * * 187-jnji gönükme. Okaň we göçüriň. Sada sanlary çyzygyň çep tarapynda, goşma sanlary hem sag tarapynda ýazyň. Otuz sekiz, dokuz, iki ỳüzünji, ellinji, kyrk bäş, elli bäşinji, onunjy, ỳüz, ỳetmiş, kyrk, segseninji, altmyş, dokuz, segsen sekiz, togsan üç, otuz, kyrk dört, ýigrimi, on üç, ýedi, ýigrimi iki. Nusga:
188-jnji gönükme. Aşakdaky sanlary hat bilen ýazyň. Bu sanlaryň nähili sanlardygyny aýdyp beriň. 25, 36, 42, 55, 70, 86, 92, 209, 538, 751, 863. * * * 189-jnji gönükme. Sözlemleri okaň we bulardaky göşma sanlary göçüriň. 1. Biziň goňşularymyz geçen dynç güni ýowara çykdylar. Ýowara elli sekiz hojalykdan altmyş bäş adam gatnaşdy. Olar köçäniň üç ỳüz elli metr ỳerini arassaladylar. 2.Myradyň kakasy çölde goýun çopany bölüp işleỳär.Onuň bakýan sürüsinde bäş ỳüz elli iki goýun bar. Ol öten ýyl her ỳüz ene goýundan bir ỳüz iki guzy alypdyr.
190-jnji gönükme. Okaň,soňra sanlary hat bilen ýazyp, sözlemleri göçüriň. Halkymyzyň guwanjy Türkmen halysynyň taryhy 5 müň ýyl mundan öňden gaýdýar. Ol halkymyzyň milli baýlygydyr, göz guwanjydyr. Türkmen halylary 1937-nji ýylda Parižde, 1939-njy ýylda Nýu-Ýorkda, 1958-nji ýylda Brýusselde, 1964, nji, 1965-nji, 1966-njy ýyllarda geçirilen Bütindünỳä sergilerinde altyn medallara, 1-nji derejeli diplomlara mynasyp boldy. Güneş |