Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

b) Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üỳtgeyişleri

140-nji gönükme.Okaň we soňlary çekimli bilen gutaran atlara goşulan düşüm goşulmalaryny aýdyp beriň.

1.Baş d. Pagta kitaby, depderi.
2. Eýelik d Pagtanyň, kitabynyň, depderiniň.
3.Yöneliş d. Pagta kitabyna, depderine.
4.Ýeňis d. Pagtany, kitabyny, depderini.
5.Wagt-orun d,  Pagtada, kitabynda, depderinde.
6.Çykyş d, Pagtadan, kitabyndan, depderinden.

Olluk  ýöňkemesindäki  atlara (kitaby,  depderi)  goşulỳan düşüm goşulmalaryna üns beriň.                 

Çekimli sese gutarýan atlaryň düşüm goşulmalary şulardyr

Düşümleriň atlary
Düşümleriň goşulmalary Mysallar
1.Baş d.
-
1. Mata, göle, atasy, jigisi.
2. Eýelik d
-nyň, -niň
2. Matanyň, göläniň, atasynyň, jigisiniň.
3.Yöneliş d.
-a, -e(ä),-na,-ne
3. Mata, göla, atasyna, jigisne
4.Ýeňis d.
-ny, -ni
4. Matany, göläni, atasyny, jigisni
5.Wagt-orun d, 

-da, -de

nda, -nde,

5. Matada, gölede, atasynda, jigisinde
6.Çykyş d,
-dan, -den

-ndan, -nden

6. Matadan, göleden, atasyndan, jigisinden

1. Çekimli bilen gutarýan atlaryň düşüm goşulmalaryny öwreniň we biliň.

2. Olluk ýöňkemesindäki atlara (atasy, jigisi) ýöneliş, wagt - orun, çykyş düşümlerinde nähili goşulmalar goşulypdyr?

* * *

141-nji gönükme.Aşakdaky atlary düşüm bilen üỳtgedipl depderiňize ýazyň we düşüm gosulmalarynyň aşagyny çyzyň.

1.Baş d.
Tagta
alma
aýagy,
eli.
2. Eýelik d
-----------
-----------
-----------
-----------
3.Yöneliş d.
-----------
-----------
-----------
-----------
4.Ýeňis d.
-----------
-----------
-----------
-----------
5.Wagt-orun d, 

-----------

-----------
-----------
-----------
6.Çykyş d,
-----------
-----------
-----------
-----------

Olluk ýöňkemesindäki atlara (aýagy, eli) goşulan düşüm goşulmalaryny aýdyp beriň.

* * *

142-nji gönükme.Okaň we her sözlemdäki Ata sözüniň haýsy düşümdedigini  we şol düşümiň goşulrnasyny aýdyň.

Ata kitap aldy. Atanyň kakasy sazanda. Ol öz ogly Ata dutar çalmagy öwredỳär. Geçen tomus Atany gezelenje iberdiler. Atada surat çeker ýaly dürli galam bar. Men Atadan dürli galam aldym.

ussahana

143-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Has gara ýazylan atlaryň haýsy düşümdedigini  we sol düşümiň goşulmasyny aýdyp beriň.

1. Meniň ejem mata dokaýar. Matanyň dürli görnüşleri bolýar. Aşgabadyň fabriklerinde matany köp dokaýarlar.

2. Gözelde suratly kitap bar. Mergeniň kakasy işçi. Onuň kakasynyň oňat dostlary bar.

3. Kakaň şähere gitdimi? Ol şäherden haçan geler?

* * *

144-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan atlary nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

1. Partanyň üstünden kitaplaryňyzy aýryň. Partany hapalamaň.

2. Ejemiň dokan halysyny sergä iberdiler.

3. Men Atadan hat aldym. Atany çagalar dynç alyş öỳüne iberdiler.

4. Almada peýdaly zatlar köpdür.

N usga:

Üstünden -üst - asyl söz, ü -üçünji ýönkemäniň goşulmasy,

-nden — çykyş düşümiň goşulmasy.

* * *

145-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Palta, dogany, ýegeni.

* * *

146-nji gönükme. Okan we soraglara jogap beriň.

1. Çary, deri, goşgy süri.
2. Çarynyň, deriniň, goşgynyň, şiiriniň.
3.Çara, derä, goşga, süra.
4.Çaryny, deriňi, goşgyny, sürini.
5.Çaryda, deride, doşguda, sürüde.
6.Çarydan, deriden, goşgudan, sürüden

1.Ýokardaky atlaryň soňy baş düşümde nähili çekimliler bilen gutarýar?

2. Şol çekimliler ýöneliş düşümde haýsy çekimlä öwrülỳärler?

3. Bu atlar wagt-orun we çykyş düşümler bilen üỳtgände, olaryň  ikinji  bogundaky  çekimlilerde  nähili 

üỳtgeşiklik  ỳüze çykỳar?

we  I   çekimlilerine   gutarýan   asyl   atlaryň soňundaky y, i ýöneliş düşümde a, ä çekimlilerine öwrülỳärler.                                                         Meselem:  gapy - gapa, deri - derä.

Iki bogunly asyl atlaryň birinji bognunda dodak çekimli bolsa, onda olaryň ikinji bognundaky y, i wagt-orun we çykyş düşümlerde   u,   ü   dodak çekimlilerine öwrülỳärler.                                 Meselem: goşgy - goşgudan, süri sürüde,  sürüden.                                                                        

147-nji gönükme. Okaň. Baş düşümdäki asyl atlaryň soňundaky y, i çekimlileriniň ýöneliş,

wagt-orun, çykyş düşümlerde haýsy çekimlilere öwrülỳändigini  aýdyň.

1.Baş d.
Gapy
howly,
geçi 
2. Eýelik d
Gapynyň,
howlynyň,
geçiniň
3.Yöneliş d.
Gapa
howla,
geçä
4.Ýeňis d.
Gapyny,
howlyny,
geçini
5.Wagt-orun d, 
Gapyda,
howluda,
geçide
6.Çykyş d,
Gapydan
howludan,
geçiden

Gapy,   howly   sözleriňiň   düşüm   bilen   üỳtgän   görnüşini depderiňize göçüriň.

148-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ýaýyň içindäki atlary degişli düşümlerde getirip, ỳaydan çykaryp ỳazyň.

1. Men tomus kakam bilen (Mary) gitjek.

2. Sen (Berdi) meniň aýdanlarymy düşündir.

3. Ussa (gapy) çüỳ kakdy.

4. Bu (goşgy) näme hakda aýdylýar?

5. Çagalar, (howly) daşaryk çykmaň!

* * *

149-nji gönükme.Aşakdaky atlaryň her birini ýöneliş, wagt-orun we çykyş düşümlerde ulanyp, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Süri, Mary, guzy.

N u s g a : Men Mara gitdim. Maryda meniň daýymlar ýaşaýar. Men Marydan otly bilen gaýtdym.

* * *

150-nji gönükme. Ýaýyň içindäki atlary degişli düşümlerde getirip, sözlemleri göçüriň.

1. Myhmanlar (howly) girdiler. (Howly) başga-da oturanlar köp eken. Biz (howly) daşaryk çykdyk.

2. (Deri) düz beriň.

3. Daýym (Gokjülge) gitdi. Maksat goýunlary (süri) goşup geldi.

4. Bu gyzyň ady Dürli. (Dürli) gyzykly kitaplar bar.

N u s g a :   Myhmanlar howla girdiler.
Gökjülge

Ýatda saklaň! Birinji bogunda dodak çekimlisi bolan olluk ýöňkemedäki iki bogunly atlaryň soňky çekimlisi baş  düşümden beýleki   düşümlerde dodaklandyrylýar.

Meselem:   ogly,  oglunyň,  ogluna,  ogluny, oglunda, oglundan.

Gözi, gözüniň, gözüne, gözüni, gözünde, gözünden.

151-nji gönükme. Olluk ýöňkemesinde gelen aşakdaky atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. 

Ogly, güli, guzusy, geçişi.

N u s g a :

1.Baş d.
Ogly,
2. Eýelik d
Oglunyň,
3.Yöneliş d.
Ogluna,
4.Ýeňis d.
Ogluny,
5.Wagt-orun d, 
Oglunda,
6.Çykyş d,
Oglundan

152-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň.

1. Bir sürüde birnäçe ỳüz goýun bolýar.

2. Gülkä gülmek aýyp däldir

3. Sen Durdydan galam aldyňmy?

4. Siz maňa uly köprüde garaşyň.

5. Dara çozan towuk ýaly ylgaşýarlar.

Has gara ýazylan atlaryň haýsy düşümdedigini , düşüm goşulmasynyň goşulmagy bilen asyl atlaryň soňundaky çekimlilerde nähili üỳtgeşikligiň ỳüze çykanlygyny aýdyň.

* * *

153-nji gönükme.Bu atlary ähli düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Kadi, tokly, gözi, dürbi.

1.  Düşüm  bilen  üỳtgeden atlaryňyzyň soňy baş  düşümde nähili sesler bilen gutarýar?

2. Olaryň  soňundaky  çekimliler  haýsy  düşümlerde  başga çekimlilere öwrülỳärler?

* * *

154-nji gönükme. Okaň we soraglara jogap beriň.

1.Baş d. Göle küme, dere, käse.
2.Eýelik d. Göläniň, kümäniň, deräniň, käsäniň.
3.Ýöneliş d. Gölä, küma, derä, käsä.
4.Ýeniş d. Göläni, kümäni, deräni, käsäní.
5.Wagt-orun d. Gölede, kümede, derede, käsede.
6.Çykyş d. Göleden, kümeden, dereden, käseden.

1. Ýokarky atlaryň soňy baş düşümde haýsy çekimli bilen gutarýar?

2. Şol çekimli eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde haýsy çekimlä öwrülỳär?

Soňlary e çekimlisine gutarýan atlar eýelik, ýönelişi we ýeňiş düşümler bilen üỳtgände,  sol e sesi a sesine öwrülỳär.                                                    Meselem:   käse  käsäniň,  käsä,  käsäni.

keçe - keçäniň, keçä, keçäni.

155-nji gönükme. Şüle, terne, düỳe sözlerini düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde e çekimlisiniň ä sesine öwrülỳändigini  unutmaň.

* * *

156-nji gönükme. Serçe sözüniň deňiden ene, selme, güýe diýen atlary düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

1.Baş d. Serçe,
2.Eýelik d. Serçäniň,
3.Ýöneliş d. Serçä,
4.Ýeniş d. Serçäni,
5.Wagt-orun d. Serçede,
6.Çykyş d. Serçeden

157-nji gönükme.Ýaýyň içindäki atlara degişli düşüm goşulmalaryny goşup, sözlemleri okaň.

1. (Ene) birinji toparyň başlygy edip saýladylar.

2.Gaýnadylan (selme) gatyga garyp iýmek bolar.

3. Bu (ige) mekdebimiziň ussahanasy üçin aldym.

4. Gözel, (göle) ot-suw beriň.

Ýaýyň içindäki atlara haýsy düşümleriň goşulmasyny goşduňyz we, şonda asyl atlaryň soňundaky e çekimlisi haýsy çekim öwrülỳär?

* * *

158-nji gönükme. Bu atlary ähli düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň we düşüm goşulmalarynyň aşagyny çyzyň.

Göle, düşekçe, çemçe.

* * *

159-nji gönükme. Özüňizden soňlary e çekimlisi bilen gytarýan üç sany at sözüni tapyň we olary düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

* * *

160-nji gönükme. Mele, göle sözlerini eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde ulanyp, sözlem içinde getiriň hem-de depderiňize ýazyň.

N u s g a : Meläniň jigisi Sary birinji klasda okaỳar.

Ol Melä öz çeken suratyny görkezdi. Sary Meläni gowy görỳär..

* * *

161-nji gönükme. Has gara ýazylan atlary degişli düşümde getirip, sözlemleri göçürin.

1. Çagalar (serçe) köne höwürtgesini tapdylar. Olar (höwürtge) görnüşini üỳtgetmän, mekdebe getirdiler.

2.  Biz (göle) iým berdik. Men (düỳe) ot getirdim.

3. Sen (Körpe) gördüňmi? Öl (käse) çaý guýdy.

* * *

162-nji gönükme. Aşakdaky soňlary çekimli sesler bilen gutaran atlary düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Guty, Läle, geçi, ogly.

Şular ýaly atlar düşümler bilen üỳtgände, olaryň soňundaky Çekimlilerde nähili üỳtgeşmeler bolýandygyny aýdyň.

* * *

163-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ýaýyň-içindäki degişli düşümde getirip, ýaýyň içinden çykaryp ýazyň.

1. Gurban (daýy) goşun gullugyndaky oglundan hat geldi.

2. Çopanlar (guýy) gowa salladylar, suw çekdiler.

3. Haýwanat bagyndaky (aýy) suw berdiler.

4. (Läle) kakasy mugallym.                                                             

Gowa sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

164-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we has gara ýazylan sözleri düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Çaga

(gysgaldylyp alyndy)

ta-enäniň göz guwanjy,

Mähribany bolan çaga.

Deňäp bolmaz tylla-genji,

Bir ýylgyrşyň bilen çaga.

Senden pesdir siliň güỳji,

Bar tagamdan mähriň süỳji,

Garrylaryň berk söỳenji,

Erkin oýnap, gülen çaga.

A. Baýmýradow

Guwanç, mähir sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň.