Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

a) Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm bilen üỳtgeyişleri

114-nji gönükme. Okaň. Soňlary çekimsiz bilen gutarýan şu atlara nähili düşüm goşulmalarynyň goşulandygyny aýdyň.

1.Baş d. Garpyz, mergen, gol , öý
2. Eýelik d Garpyzyň, mergeniň goluň, öýüň
3.Yöneliş d. Garpyza, mergene, golda, öỳe,
4.Ýeňis d. Garpyzy, mergeni, goldy, öỳi,
5.Wagt-orun d,  Garpyzda, mergende, golda, öỳde
6.Çykyş d, Garpyzdan, mergenden, goldan öỳden,


Çekimsiz sese gutarýan atlaryň düşüm goşulmalary
Düşümleriň

atlary

Düşümleriň

goşulmalary

Mysâliar
1. Baş d, - Bag, kelem, ot, gül.
2. Eýelik d. -yň, -iň, -uň, -üň Bagyň, kelemiň, otuň, gülüň.
3. Ýöneliş d. -a, -e  • Baga, keleme, ota, güle.
4. Ýeňis d. ~ y, -i Bagy, kelemi, oty, güli.
5. Wagt-orun dv. -da; -de Bagda, kelemde, otda, gülde.
6- Çykyş d. -dan, -den Bagdan, kelemden, otdan, gülden.

Soňlary   çekimsiz  ses bilen gutarýan atlaryň düşüm goşulmalaryny öwreniň.

* * *

115-nji gönükme. Aşakdaky soňy çekimsiz ses bilen gytarýan atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň, olaryň düşüm goşulmalarynyň aşagyny cyzyň we aýdyp beriň.

Gyş, göz, gün.

içinde   dodak   çekimlisi   bolan,   çekimsiz   sese gutarýan bir bogunly atlara eýelik düşümde -un, -ün doşulmasy goşulỳar.   Meselem: guş-guşuň, gül-gülüň, ot-otuň,

öỳ-oỳuň.

116-nji gönükme.   Aşakdaky  düşümler  bilen  ỳütgedilen atlary okaň we soraglara jogap beriň.

1.  Baş d. 
Galam,
açar,
çörek,
jorap.
2. Eýelik d.
Galamyň,
açaryň,
çöregiň,
jorabyň
3.Ýöneliş d
Galama,
açara,
çörege,
joraba.
4.Ýeniş d.
Galamy,
açary,
çöregi,
joraby.
5.Wagt-orun d.
Galamda,
açarda,
çörekde,
jorapda.
6.Cykyş d.
Galamdan,
acardan,
cörekden,
jorapdan

Soraglar:

1. Ýokardaky atlaryň soňunyň baş düşümde haýsy çekimsizlere gutarýandygyny aýdyň.

2.  Bu atlar düşümler bilen üýtgände, haýsylarynyň soňundaky çekimsizler haýsy düşümlerde başga çekimsizlere öwrülỳär?

3.  Çörek, jorap sözleriňiň soňundaky dymyk k,.p çekimsizleri
haýsy düşümlerde nähili çekimsizlere öwrülỳärler?
çörek

* * *

117-nji gönükme. Okaň. Bu atlaryň soňunyň baş düşümde haýsy çekimsizler bilen gutarýandygyny we olaryň haýsy düşümlerde nähili çekimsizlere öwrülendigini  aýdyň.

1.  Baş d. 
Myrat,
çeki,
2. Eýelik d.
Myradyň,
çekijň,
3.Ýöneliş d
Myrada,
çkije,
4.Ýeniş d.
Myrady,
çekiji,
5.Wagt-orun d.
Myrada,
çekiçde,
6.Cykyş d.
Myradan,
çekiçden,

Ýatda   saklaň!    Dymyk  ç,  k,  p,   t,   sesleriňe gutarýan köp bogunly atlaryň soňyndaky ç, k, p, t, sesleri eýelik, ýöneliş, ýeniş düşümlerinde j, g, b, d sesleriňe owrülỳärler.

Meselem:   agaç-agajyň, agaja, agajy.

* * *

118-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Baş düşümdaki atlaryň soňunyň haýsy çekimsizlere gytarýandygyny we ol çekimsizleriň haýsy düşümlerde nähili çekimsizlere öwrülỳändigini  aýdyň.

1.  Baş d. 
Kömek,
mekdep
2. Eýelik d.
Kömegiň,
mekdebiň
3.Ýöneliş d
Kömege
mekdebe
4.Ýeniş d.
Kömegi
mekdebi
5.Wagt-orun d.
Kömekden
mekdebe
6.Cykyş d.
Kömekden
mekdeben

* * *

119-njy gönükme. Okaň. Baş düşümdäki atlaryn haysy dymyk çekimsizlere gutarýandygyny we ol çekimsizleriň haysy düşümlerde nähili açyk çekimsizlere öwrülip ýazylandygyny aydyň.

1.  Baş d. 
Sagat,
Begenç
2. Eýelik d.
Sagadyň,
Begenjiň.
3.Ýöneliş d
Sagada
Begenje
4.Ýeniş d.
Sagady,
mekdebi
5.Wagt-orun d.
Sagatda
Begençde
6.Cykyş d.
Sagatdan,
Begençden.

* * *

120-njy gönükme.. Aşakdaky atlary düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Olaryň soňundaky ç, k, p, t çekimsizlerini degişli düşümlerde j, g, h, d çekimsizlerine öwürmegi unutmaň.

Sazak, jorap, armyt, dürtgüç, orak.

N u s ga :

1.Baş d. 
Sazak,
2.Eýelik d.
Sazagyň,
3.Ýöneliş d
Sazaga,
4.Ýeniş d.
Sazagy,
5.Wagt-orun d.
Sazakda
6.Cykyş d.
Sazakdan.

Haýsy düşümlerde dymyk ç, k, p, t çekimsizleri açyk j, g, b, d çekimsizlerine öwrülyär?

* * *

121-njy gönükme. Sözlemleri göçüriň. Ýaýyň içindäki atlara degişli düşüm goşulmalaryny goşup, ýaýyfň içinden çykaryp ýazyň.

1. (Meret) kakasy ussadyr. 0l (Meret) öz ussaçylyk kärini öwredyär. 2. Çary (orak) suratyny çekdi. Sen (saçak) dolap aýyr. 3. Yolagçylar (çelek) suw guýdular. 4. (Guwanç) dogany meniň bilen okaýar. 01 (Guwanç) kitaplar alyp berdi. 5. (Kitap) näçe sahypasy bar? Bu (guş) höwürtgesi nirede?

N u s g a : Merediň kakasy ussadyr.

* * *

122-njy gönükme. Aşakdaky atlary eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerde getirip, hersine degişli bir sözlem düzüň we depderiňize ýazyň.

Aşgabat, garlawaç, gol.

Nusga: Aşgabadyň oňat köçeleri bar. Kakaň Aşgabada gitdimi?

Men Aşgabady öten ýyl gördüm.

* * *

123-njy gönükme. Aşakdaky atlary eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümler bilen üýtgedip, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň.

Sadap, gül, güjük

Nusga: Sadabyň gyzykly kitaby bar. Sadaba ol kitaby jorasy sowgat beripdir.

Men düýn Sadaby gördüm.

* * *

124-nji gönükme. Ýaýyň içindäki atlara degişli düşüm goşulmalaryny goşup, sözlemleri göçüriň we soraglara jogap beriň.

Men (ördek) suratyny çekdim. Seniň (kitap) barmy?

Bu kitaby Jerene beriň. Sen (mekdep) gitjekmi?

Oraz saňa (mekdep) ýanynda garaşar.

Towuklar (ketek) girdi.

(Begenç) sylag gowşurdylar.

Bu (söwüt) ýapraklary saralypdyr.

1. Ýaýyň  içindäki atlara haýsy düşümleriň goşulmasyny goşduňyz?

2. Şonda olaryň soňundaky haýsy çekimsizler nähili çekimsizlere  öwrülip ýazylýar?

* * *

125-nji gönükme. Okaň. Eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde gelen atlary tapyň, olary nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

1. Myhmanlar düşegiň üstünde oturdylar. Biz hem düşege geçdik. Düşegi oňat edip ýazypdyrlar.

2. Bu ädigi kakam alypdyr.

3. Bu jorabyň reňki gowy.

4.Mekdebe gitjekmi? Men ỳaryşda Sylaby ýeňdim,

5. Tohumlyk çigidiň ýarysyny mekdebe berdiler. 

6. Bu işi Myrada tabşyrdylar.

7. Oturgyjy bärräk çek, ikimiz maslahat edeli.

N u s g a :  düşek-düşegin, düşek-düşege,...

Depderiňize göçüren sözleriňiziň düşüm goşulmaly görnüşinde nähili üỳtgeşmäniň  ỳüze çykandygyny aýdyň.

* * *

126-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan atlary göçürip alyň hem-de aşakdaky soraglara jogap beriň.

1. Ol aýagy bilen topy batly depdi.

2. Goýunlary otuň bol ỳerine sürdüler.

3. Jeren saçyny darap otyr.

4. Çagalar ýabyň boỳunda oýnaýarlar.

5.Çopanlar oduň başynda oturdylar.

5. Okuwçylardan Täji sylaglapdyrlar.

1. Göçürip alan sözleriňiz haýsy düşümlerde?

2.  Olaryň haýsylarynyň birinji bognundaky çekimlisi gysga, haýsylarynyňky uzyn aýdylýar?

3.  Asyl sözleriniň soňundaky dymyk ç, k, p, t sesleri çekimlisi gysga aýdylýan atlarda açyk j, g, b, d sesleriňe öwrülỳärmi ýa-da uzyn aýdylýan atlarda?


Ýatda   saklan!   Çekimlisi   gysga aýdylýan   bir bogunly atlaryň soňundaky ç,. k, p, t sesleri eýelik, ýöneliş  , ýeňiş düşümlerinde j, g, b, d seslerine öwrülmeỳärler, çekimlisi uzyn aýdylýan atlarda bolsa olar j, g, b, d seslerine öwrülỳärler.

Meselem: saç-saçyň, saça, saçy; gap-gabyň,

gaba, gaby.

* * *

127-nji gönükme. Aşakdaky atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ỳazyň. Eýelik, ýöneliş we ýeňiş düşümlerde bolýan üỳtgeşmeleri aýdyň.

Gap, göç, ik, çöp, bat.

N u s g a :

1.Baş d. 
Bat
2.Eýelik d.
Badyň,
3.Ýöneliş d
Bada
4.Ýeniş d.
Bady,
5.Wagt-orun d.
Batda,
6.Cykyş d.
Batdan.

* * *

128-nji gönükme. Hekaýany okaň we has gara ýazylan atlary ähli düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Düşüm goşulmalarynyň aşagyny çyzyň.

Ýowar

Gün ýaňy ýokary galypdy. Çagalar Hurma ejäniň howlusyna ýowara geldiler. Gum-gukluk howly şagalaňly

ýere döndi.

Elleri nahally, pilli oglan - gyzlary Hurma eje güler ỳüz bilen garşy aldy. Çagalar işe başladylar.

Kim ỳer depip, çukur gazýar. Kim ders çekip, her çukura gysym-penje atyp barýar.

Kim nahaly çukurda oturdýar.                              

Şondan soň tegelek üç aý geçdi. Mekdep direktory Guwanç Hurma eje bilen tirkeşip dördünji klasyň jaýyna girdi. Hurma eje okuwçylara mähirli garap:

Guzularym, köşeklerim! Eken nahallaryňyz oňat gögerdi. Bägüller eyỳäm gunçalap açyldy. Size şol gülden sowgat getirdim - diýdi.

Çagalar el çarpyşdylar.

K. Durdyýew, «Ýyldyzjyk».

Ýowar, sowgat sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

129-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçürüň. Ýaýyň icindäki atlara degişli düşüm goşulmalaryny goşup, ýaýyň içinden çykaryp ýazyň.

1.Çopanlar (çelek) suw guýdular. Olaryň (it) bar.

2. Daýhanlar uly (ỳap) boỳunda işleỳärler.

3. Biz (parahatçylyk) söỳỳäris.

4. Abraý (tertip) bagly.

5. Bu (top) bahasy näçe?

Ýaýyň icindäki atlara goşulan goşulmalaryň haýsy düşümiň goşulmasydygyny aýdyň.

parahatçylyk

* * *

130-nji gönükme. Aşakdaky atlary dilden ähli düşümler bilen üỳtgediň.


1.  Baş d. 
Odun
Telpek
Söz
Kak
2. Eýelik d.
..............
..............
..............
..............
3.Ýöneliş d
..............
..............
..............
..............
4.Ýeniş d.
..............
..............
..............
..............
5.Wagt-orun d.
..............
..............
..............
..............
6.Cykyş d.
..............
..............
..............
..............
* * *

131-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň,soňra morfologik taýdan derňäň we nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

Daragyň, düşegi, toşabyň, köỳnege, çolugyň, söwüdiň, örküje, agaja, aýagyň,

joraby, köşegiň, hasaba, polada, süzgüji.

N u s g a:   daragyň - darak - asyl söz,

- yň - eýelik düşümiň goşulmasy,...

* * *

132-nji gönükme.Okaň we eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümler bilen  üỳtgän  atlaryň  soňundaky  dymyk  çekimsizleriň  nähili açyk çekimsizlere öwrülendigini  aýdyň.

1. Begenjiň kakasy çopan.

2. Bu köỳnegiň reňki gowy.

3. Bu joraby Sadaba ejesi örüp beripdir.

4. Gury agaja ỳaprak bitmez.

5. Gury söz gulaga ỳakmaz.

6. Köşege ot beriň

7. Kitaby soỳüň.

8. Merediň jigisi mekdebe barýar.

* * *

133-nji gönükme. Okaň, has gara ýazylan atlary baş, eýelik, ýöneliş, ýeňiş düşümlerde getirip, depderiňize ýazyň we olaryň ýazuwyndaky bolýan üýtgesiklikleriň sebäbini düşündiriň.

Nabat çaý başynda gyzykly gürrüňler etdi. Myradyň göwnüni açmak üçin gülküli ertekiler hem aýdyp berdi. Nabadyň ertekilerini Myrat perwaýsyzlyk bilen diňledi, gulagy eşitse-de, küỳi başga ýerdedi. Ol birdenkä ejesiniň sözüni kesdi.

--Eje, aý eje! Men näme üçin dünýä mundan on ýyl öň gelmändirin?

--Aý, hanym, her bir zadyň özüniň wagty, sagady bardyr-da.

Myrat dürtgüji eline alyp, iýmite sançjak ýaly etdi-de, ýene gürrüňi dowam etdirdi.

B. Kerbabaýew, «Atasynyň ogly».

Nusga:   Myrat, Myradyň, Myrada, Myrady,...

1. Hekaýajygyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2. Göwün açmak, perwaýsyz garamak diýen söz düzümleriniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

134-nji gönükme.Aşakdaky sözlemleri göçüreniňizde, ýaýyň içindäki atlara ýöneliş düşümiň goşulmasyny goşup, ỳaỳyň içinden çykaryp ỳazyň.

l.Düỳn ejem, kakam dagymyz (toỳ) gitdik.

2.(Aý)täze ýoly, açar aýlana - aýlana.

3. Bu dürli gálamlary men (Altaý) aldym.

4. Biz ertir (tokaý) gezelenje gitjek.

5. Habardar boluň (çüỳ) basaymaň.

6. Oglanlar (oỳ) tarap ýörediler.

* * *

135-nji gönükme.   Bu atlary düşümler bilen depderiňize ýazyň.

Tuweleý, guş, saraý, tokaý, toşap.

N u s g a :

1.  Baş d. 
Çokaý,
..............
2. Eýelik d.
Çokaýyň,
..............
3.Ýöneliş d
Çokaỳa,
..............
4.Ýeniş d.
Çokaỳy,
..............
5.Wagt-orun d.
Çokaýda,
..............
6.Cykyş d.
Çokaýdan,
..............

136-nji gönükme. Soňy çekimsiz ses bilen gutarýan üç sany at sözüni düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

* * *

137-nji gönükme.  Suratlaryň     atlaryny  eýelik,   ýöneliş ýeniş düşümlerde getirip, depderiňize ýazyň.

Nusga:   owlak-owlagyň, owlaga, owlagy.
ỳazyň

138-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ýaýyň içindäki atlaryň haýsy düşümde getirilmelidigini  aýdyň.

1. Aman (sagat) tow berdi.

2. (Kitap) seretmäň, goşgyny ýatdan aýdyp ber.

3. Türkmenistan (nebit) örän baýdyr.

4. Meniň jigimiň (gulpak) bar.

5. Bu (it) ady Aždar.

6. (Guwanc) kakasy traktorçy.

7. Meniň kakam (çöl) gitdi.

8. Men (garlawaç) suratyny çekdim.

* * *

139-nji gönükme.Aşakdaky atlary düşümler bilen üỳtgedip, depderiňize ýažyň we her düşümiň goşülmasyny aýdyň.

Dagi , mugallym, örküç, söz.