Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

4. Atlaryň düşüm bilen üý tgeýişleri

105-nji gönükme. Okaň we düşümleri hem-de olaryň soraglaryny öwreniň.

Düşümleriň atlary. Düşümleriň soraglary.

Baş düşüm.

Eýelik düşüm.

Ýöneliş düşüm.

Ýeniş düşüm.

Wagt-orun düşüm.

Çykyş düşüm.

Kim?, näme?, nire?

Kimiň?, nämäniň?, niräniň?

Kime?, näma?, nirä?

Kimi?, nämäni?, niräni?

Kimde?, nämede?, nirede?

Kimden?, nämeden?, nireden?

* * *

106-nji gönükme Düşümleri we olar bilen üýtgedilen atlary göçüriň. Her bir adyň haýsy düşümde nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

Baş düşüm

Eýelik düşüm.

Ýöneliş düşüm

Ýeniş düşüm.

Wagt-orun düşüm.

Çykyş düşüm

Gözel,

Gözeliň,

Gözele,

Gözeli,

Gözelde,

Gözelden,

depder, 

depderiň,  

depdere, 

depderi,   

depderde, 

depderden

Arçman

Arçmanyň

Arçmana

Arçmanny

Arçmanda.

Arçmandan

Türkmen dilinde näçe düşüm bardygyny aýdyp beriň.

depder

* * *

107-nji gönükme Nokatlaryň ýerine degişli atlary düşürň bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

1. Baş düşüm.

2. Eýelik düşüm.

3. Ýöneliş düşüm.

4. Ýeniş düşüm.

5. Wagt-orun düşüm.

6. Çykyş düşüm.

Oraz,

...

...

...

...

...

öý,

...

...

...

...

... 

Tejen.

...

...

...

...

...

* * *

108-nji gönükme Göçüriň. Nokatlaryň ýerine düşümleriň adyny ýazyň. Her bir düşüm bilen üýtgän atlaryň goşulmasyny aýdyň.

1. ...                Çagyl,

2. ...               Çaglyň,  

3. ...               Çagla,   

 4. ...               Çagly,    

5. ...               Çagylda,

6. ...                Çagyldan,

guş.

Guşuň,

guşa,

guşy.

guşda,

guşdan,

Mary.

Marynyň

Mara.

Maryny.

Maryda.

Marydan,

* * *

109-nji gönükme Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy soraglara jogap bolýandygyny, olaryň haýsy düşümdedigini  aýdyň.

1. Aman meniň dostum. Amanyň kakasy işçi. Ol Amana   ussaçylygy  öwredýär.   Men   düýn  Amany ussahanada gördüm. Amanda oňat ussaçylyk gurallary bar. Biz Amandan gämi, uçar ýasamagy öwrendik.

2.  Men depdere  hat  ýazdym. Seniň  arassa depderiň barmy? Men bu depderi dükandan aldym.

Oraz şähere  gitdi.  Ol şäherde teatra barar.  Oraz şäherden ertir geler.

şäherden, dükanda, gurallary diýen sözleri morfologik taýdan derňäň.

* * *

110-nji gönükme Aşakdaky düşüm bilen üỳtgän atlary okaň. Bularyň haýsy düşümdedigini , düşüm goşulmasyny we soraglaryny aýdyň.

1.Bäşim,

2.Bäşimiň,

3.Bäşime,

4.Bäşimi,

5. Bäşimde,

6. Bäşimden,

serçe,

serçäniň,

serçä,

serçäni,

serçede,

serçeden,

geçi,

geçiniň,

geçä,

geçini,

geçide,

geçiden,

Baýramaly.

Baýramalynyň.

Baýramala.

Baýramalyny.

Baýramalyda,

Baýramalydan.

* * *

111-nji gönükme   Sözlemleri  okaň we  göçüriň.   Kelem  sözünüň   aşagyny çyzyň. Onuň   nähili   soraglara   jogap bolýandygyny, haýsy düşümdedigini , düşüm goşulmasyny aýdyň.

Kelem

Mellegimizde kelem ekýäris. Biz her ýyl kelemiň bol hasylyny alýarys. Ol adam üçin örän peýdalydyr. Üwelen eti keleme dolap bişirmek bolar. Kelemi duza ýatyrmak hem bolar. Kelemde saglyk üçin peýdaly zatlar köpdür. Kelemden dürli naharlar taýýarlamak mümkin.

* * *

112-nji gönükme.Okaň we has gara ýazylan sözleri saýlap göçüriň.

Watan,   ene—ata,   perzent   ynsan   ömrüniň başlangyjydyr.

Her bir ynsan bütin ömründe enesiniň — atasynyň pendini tutnıalydyr. Ene—ata hormat goýmalydyr. Enäni—atany ynjytmak gabahatçylykdyr.

Çaga öz enesinde—atasynda bar bolan ýagşy gylyk- häsiýetlere eýermelidir. Eneden—atadan alan öwüt nesihatyň seniň üçin mukaddesdir.

Ýumuş: Göçüren atlaryňyzyň haýsy düşümde üýtgändigini aýdyp beriň.

* * *

113-nji gönükme.Cemce, kitap, dary, çekiç, jorap sözleriňjj düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Nusga:

Baş düşüm - kitap,

Eýelik düşüm - kitabyň,

Ýöneliş düşüm - kitaba,

Ýeňis düşüm - kitaby,

Wagt-orun düşüm - kitapda,

Çykyş düşüm - kitapdan.