|
3. Geçilenleri gaỳtalanıak 96-njy gönükme. Aşakdaky atlary menlik ýöňkemesíniň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Galam, kelem, guty, öý, don, geçi, depder. Nusga:
* * * 97-njy gönükme. Aşakdaky sözlemleri okaň. Onluk ýöňkemede gelen sözleriň aşagyny çyzyň. Aşgabat örän owadan şäher. Bu şäherde gözel ymaratlaryň birnäçesi bar. Olar Garaşsyzlyk seýilgähi, Bitaraplyk derwezesi, Türkmenbaşynyň "Ruhyýet" köşgi, "Ene mähri" ýadygärligi we başga-da ençeme binalardyr. Çagalar bulary görmäge geldiler. * * * 98-njy gönükme. Şygry labyzly okaň we ýöňkeme goşulmasyny kabul eden atlary aýdyp beriň. Ös, gowaçam
A. Annamyradow. Mandy, rähnet sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 99-njy gönükme.Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy ýöňkemede digini we olara ýoňkemaniň şol gosulmasynyň gosulmagynyň sebäbini aýdyp beriň. Watany soýuň! Çagalar, biziň Türkmenistanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletdir. Siz şol Garaşsyz, Bitarap döwletiň ýaş nesillerisiňiz. Atalarymyz garaşsyzlygy arzuw edipdirler. Şolaryň eden arzuwyna biz ýetdik. Biz Watanymyzy tüýs ýürekden söýmeli. Watanyň her bir tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmeli. Her bir ýumşuny doly berjaý etmäge taýýar bolmaly. Munuň üçin bolsa siz gowy okamaly. Berjaý etmek diýen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 100-njy gönükme. Sözlemleri göçüreniňizde menlik ýöňkemedäki atlaryň asyl sözi bilen ýöňkeme goşulmasynyň arasyna kese çyzyjak goýup ýazyň. 1. Mähriban Prezidentimiz halkymyza bagtly we eşretli durmuş berdi. Halkymyz onuň saýasynda erkin ýaşaýar 2. Biziň öten agşamky gören kinomyz örän gyzykly eken. 3. Atam bize erteki aýdyp berdi. * * * 101-njy gönükme. Tokly, guzy, keçe, kitap, sagat sözlerini ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Nusga:
* * * 102-njy gönükme. Nokatlaryň deregine degişli ýönkeme goşulmalaryny ýazyp göçüriň.
* * * 103-njy gönükme. Orak, çigit, agaç, jorap, kitap sözlerini ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Nusga:
* * * 104-njy gönükme.Göz sözüni menlik, senlik ýönkemeleriniň birliginde we köplüginde, howly, süri sözleriňi onluk ýönkemede getiriň. Bularyň hersine degişli bir sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Nusga: göz-gözüm, ... Öz gözüm bilen gördüm. Gözümiz bilen görenimiz hak. |