|
b) Çekimli sese gutarýan atlaryň ýöňkeme bilen uýtgeýisleri 67-nji gönükme. Okaň we soňy çekimli ses bilen gutarýan şu atlara goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň. Birligi:
Köplügi:
Çekimli bilen gutarýan atlaryň ýöňkeme goşulmalary
Çekimli sese gutarýan atlara nähili ýöňkeme goşulmalarynyň goşulýandygyny öwreniň. * * * 68-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we soňy çekimli bilen] gutarýan atlara goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň. 1. Meniň meleje guzym bar. Men guzymy gowy görýärin. 2. Biziň obamyz úly ýapdan aňyrda ýerleşýär. 3. Biziň dürbimiz bar. Kakam çöle gidende, ony ýany bilen alyp gidýär. 4. Meniň ejem sagymçy bölüp işleýär, seniň ejeň nirede işleýär?
* * * 69-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ahyrlary çekimli bilen gutarýan atlaryň ýöňkeme bilen üýtgänleriňi depderiňize ýazyň. 1. Seniň agaň nirede işleýär? 2. Siziň obaňyzda näçe mekdep bar? 3. Seniň gören kinoň gyzykly ekenmi? 4. Aşyr daýysy bilen oba gidipdir. 5. Biziň agamyz Aşgabada gitdi. 6. Asyrlaryň köçesi ilerki köçe bolmaly. 7. Babamyz kop erteki aýdyp berdi. 8. Meniň kakam gurluşykda işleýär. Göçüren atlaryňyza haýsy ýöňkemaniň goşulmasynyň goşulandygyny aýdyň. * * * 70-nji gönükme. Nokatlaryň deregine degişli ýöňkeme goşulmasyny goşup, aşakdakylary depderiňize göçüriň.
* * * 71-nji gönükme. Çekimli bilen gutarýan atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üỳtgedip, nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize ýazyň. Parta, ene, jigi, baba, daýza. Nusga;
Daýza, jigi sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 72-nji gönükme. Atlary ýöňkemeleriň diňe birliginde getiriň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň. Kaka, eje, daýy. Nusga: kakakakam, kakan, kakasy. Meniň kakam gurluşykda işleýär. Seniň kakan nirede işleýär? Onuň kakasy düýn Mara gitdi.
* * * 73-nji gönükme. Menlik we senlik ýöňkemeler bilen üýtgedilen atlary okaň. Soraglara dilden jogap beriň. Göle meniň göläm, seniň gölaň, biziň gölämiz, siziň gölaňiz. Ige meniň igäm, seniň igäň, biziň igämiz, siziň igaňiz. Käse meniň käsäm, seniň käsäň, biziň käsämiz, siziň käsäňiz.
1. Käse, göle, ige diýen sözleriň soňy haýsy çekimli ses gutarýar? 2. Bularyň yzyna menlik we senlik ýönkemeleriň goşulmasy goşulanda, olaryň soňundaky çekimli haýsy çekimlä öwrülýär?
* * * 74-nji gönükme.Okaň we ýöňkeme goşulmasynyň goşulmagy bilen ahyrky e sesi ä sesine öwrülýän atlary saýlap depderiňize göçüriň. 1. Meniň göläm bar. Men göläme gowy seredýärin.Oňa wagtly-wagtynda ot berýärin, suwa ýakýaryn. Gölämiň ýatagyny arassa saklaýaryn. 2. Siziň köçäňiziň ady näme? Biziň köçamiziň ady "Ýalkym". 3. Meniň owadanja käsäm bar. 4. Biziň penjirämiz ileri tarapda. 5. Siziň igäňiz barmy? Penjire, ige sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 75-nji gönükme. Özüňizden ahyrlary e sesine gutarýan dört sány at sözüni tapyň, olary menlik, senlik ýönkemeleriniň birligi we köplügi bilen üýtgediň hem-de depderiňize ýazyň. N u s g a : kiiýze - meniň küýzäm, seniň küýzäň. biziň küýzämiz, siziň küýzaňiz. * * * 76-nji gönükme. Göçürin we ýönkeme goşulmasynyň goşulmagy bilen ahyrky e sesi ä sesine öwrülen atlaryň aşagyny çyzyň. 1.Biziň penjirämiz ,uly. Penjirämizden, seretseň, şäheriň köp ýeri görünýär. 2.Siziň ýaşaýan köçaňiz, şäheriň haysy ýeriňde? 3.Biziň köşekli, düýämiz bar. Aşagyny çyzan sözleriňizi gurluş taỳdan derňäň, ýagny olaryň asyl sözüni we goşulmasyny aydyň. * * * 77-nji gönükme. Ahyrlary e sesine gutarýan atlary menlik, senlik ýöňkemeleriňiň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Eje, göle., düşekçe,käse, ene, penjire, düýe, ige. Nusga:
* * * 78-nji gönükme.Ahyrlary e sesine gutarýan aşakdaky at sözlerini menlik, senlik ýönkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgediň. Olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize yazyň. Köçe, öýme, düwme. N u s g a : köçe köçäm, köçäň, köçämiz, köçäňiz. Meniň gören köçäm däl. Seniň baran köçäň haýsy? Biziň köçämiz örän giň. Siziň köçäňiz uly köçemi? * * * 79-nji gönükme. Aşakdaky ýönkeme bilen üýtgedilen atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň.
1. Has gara ýazylan atlaryň asyl sözüni aýdyň. 2. Olaryň soňy ýönkeme goşulmasyny kabul etmedi ýagdaýynda haýsy çekimlilere gutarýar? 3. Bularyň yzyna olluk ýöňkemäniň goşulmasy goşulanda olaryň soňundaky çekimli haýsy çekimlä öwrülýär? * * * 80-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleriň haýsy ýöňkemededigini aýdyň. Biziň Watanymyz Biz Türkmenistanyň bagtly nesli. Ol biziň ýürdumyz. Aşgabat şäheri Türkmenistanyň paýtagty. Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda Garaşsyz döwlet boldy. Muny halkymyz tüýs ýürekden goldady. Biz her ýyl 27-nji oktýabry uly dabara bilen belleýäris. Dabara sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.
* * * 81-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we olluk ýöňkemaniň goşulmasy goşulanda, soňlaryndaky y, i sesleri u, ü seslerine öwrülen atlaryň aşagyny çyzyň. 1. Men Serdarymyzyň "Türkmensiň", "Bardyr" diýen goşgularyny t ýat tuitdum. 2. Ýaşlaryň Watana bolan söýgüsi egsilmezdir. 3. Meret dürbüsini,alyp gelipdir. Onuň örän oňat dürbüsi, bar. 4. Olaryň gazan guýusynyňt çuňlugy, on gulaç dagy bar. 5. Goýnuň kiçijik guzusy,bar eken. 6. Mekdebiň howlusynda çagalar oýnap ýörler.
* * * 82-nji gönükme. Aşakdaky atlary olluk ýönkemesi bilen üýtgedip, nusgadaky ýaly görnüşde depderiňize ýazyň. Guzy, guýy, tokly, süri, dürbi, guty, goşgy, söýgi. Nusga: guzy guzusy, guýy guýusy, ... Bu sözler onluk ýönkemesi bilen üýtgänlerinde olarda nähili üýtgeşme ýüze çykýar? * * * 83-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Onluk ýoňkemäniň goşulmasynyň goşulmagy bilen soňlaryndaky y, i sesleri u, ü seslerine öwrülen atlary çyzygyň çep tarapynda, öwrülmediklerini sag tarapynda ýazyň. Dürbüsi, geçişi, çetisi, goşgusy, toklusy, bergisij gaýgysy, çyrpysy, çyzgysy, çalgysy, kädisi, howlusy, gutusy, guzusy, gorkusy. N u s g a : Dürbüsi geçisi Goşgusy çetisi Çyrpy, çalgy sözleriniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 84-nji gönükme. Şygry labyzly okaň we onuň mazmunyny aýdyp beriň. Beýik Serdarymyz bar
/H. Gurbanow] Has gara ýazylan sözleri morfologik taýdan derňäň, ýagny olaryň asyl sözüni, goşulmalaryny, olaryň nämäniň goşulmalarydygyny aýdyň. * * * 85-nji gönükme. Aşakdaky atlary üç ýöňkemäniň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň. Pagta, desse, guzy, süýji, käse, gaýçy. Nusga: Birligi: Köplügi: Pagtam. Pagtamyz. Pagtaň. Pagtaňyz. Pagtasy. Pagtasy. * * * 86-nji gönükme. Aşakdaky ýöňkeme goşulmaly atlaryň gapdalyna olaryň ýöňkeme goşulmasyz görnüşini, ýagny asyl sözüni ýazyp göçüriň. Gölämiz, göläňiz, käsäm, käsäň, guýusy, toklusy, enem, eneň, sürüsi, goşgusy, köçämiz, köçäňiz, dürbüsi, guzusy, düşekçäm, düşekçäň. N u sga: gölämiz göle, göläňiz göle. Y, i, e seslerine gutarýan asyl sözler ýöňkemeler bilen üýtgänlerinde, olardaky ýüze çykýan üýtgeşmäni mysallar arkaly düşündiriň. * * * 87-nji gönükme. Sözlemleri göçüreniňizde, ýaýyň içindäki atlary degişli ỳönkemede getirip, ýaýyň içinden çykaryp ýazyň. 1. Biziň (göle) ýatakda dur. Onuň (ene) agşam öri meýdanyndan geler. 2. Goýnuň (guzy) ýany bilen gidipdir. 3. Magtymgulynyň her bir (goşgy) höwes bilen okalýar. 4. Biziň mekdebimiziň gin (howly) bar. 5. Meniň (aga) ökde ýygymçylaryň biridir.
Öri meýdany diýen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň * * * 88-nji gönükme. Şu atlary ýöňkemeleriň diňe birligi bile üýtgediň we her birini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň Dürbi, käse , guzy. N u s g a : dürbi-dürbim, dürbiň, dürbüsi. Meniň dürbim täzejedir. Seniň dürbiň kimde? Orazdurdy dürbüsini dostuna beripdir. * * * 89-nji gönükme. Hakaýajygy okaň we muňa sözbaşy tapyň. Has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip, morfologik taýdan derňäň we depderiňize ýazyň. Men mekdepden geldim. Okuw esbaplarymy öz ýerinde goýdum. Egin-eşigimi çalşyrdym.Öý geýimlerimi geýdim. Oňatja ýuwundym. Enem iýip- içer ýaly zatlary taýýarlapdyr. Měn naharymy iýdim, çaýymy içdim. Meniň ýanyma Durdy geldi. Durd ikimiz şu gün okuwa gelmedik ýoldaşymyz Amanyň oýlerine gitdik. Aman sowuklapdyr. Birneme gyzgyn galypdyr. Lukman çagyrypdyrlar. Şonuň üçin hem okuwa gidip bilmändir. N u s g a : eşigimi-eşik-asyl söz, -im-birinji ýöňkemäniň birliginiň goşulmasy, -i - ýeňiş düşümiň goşulmasy. * * * 90-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Daýy, ýeňňe, gelneje, göle, guzy. Nüsga:
* * * 91-nji gönükme. Käse, eje sözlerini menlik, senlik ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, her birine degişli bir sözlem düzüň hem-de depderiňize ýazyň. Nusga: käse-käsäm, käsäň. Meniň käsämi Aşyr aldy. Seniň käsäň şularyň haýsysy bolmaly? * * * 92-nji gönükme. Howly, tokly, guýy, süri sözlerine onluk ýöňkemesiniň goşulmasyny goşup, sözlem içinde getiriň we depderiňize ýazyň. Nusga: süri-sürüsi. Biziň daýhan birleşigimiziň goýun sürüsi gumda bakylýar. * * * 93-nji gönükme. Aşakdaky meýilnamany okaň we şol meýilnama esasynda Türkmenistan barada 56 sözlemden ybarat hekaýajyk ýazyň. Meýilnama: 1. Türkmenistan özbaşdak döwlet. 2. Özbaşdaklygyň bize beren miwesi. 3. Garaşsyz döwletimiziň baýramçylyk güni. * * * 94-nji gönükme. Özüňizden y, i, e çekimlilerine gutarýan alty sany at sözüni (hersine degişli iki söz) tapyň we olary ýöňkemeleriň birligi hem-de köplügi bilen üýtgedip, depderiňiz ýazyň. N u s g a : guty-gutym, gutyň, gutusy, gutymyz gutyňyz, gutusy,...
95-nji gönükme. Şygry okaň we has gara ýazylan sözleri gurluş taydan derňäň. Çal dutarym (gysgaldylyp alyndy)
Ý. Durdyýew. Nusga: Watan - at, -dá- wagt-orun düşümiň goşulmasy. Lälezar sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. |