Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

a) Çekimsiz sese gutarýan atlaryň ýöňkeme bílen üýtgeýişleri

38-nji gönükme. Okaň we soňy çekimsiz bilen gutarýan şu atlara goşulan ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň.

Birligi:

1.Galamymy dostum gözüm,  depderim.
2.Galamyň dostuň,  gözüň,  depderiň.
3.Galamy dosty, gözi,  depderi.

Köplügi:

1.Galamymyz dostumyz gözümyz depderimyz
2.Galamyňyz dostuňyz gözüňyz depderiňiz
3.Galamy dosty, gözi,  depderi.

Çekimsiz bilen gutarýan atlaryň ýöňkeme goşulmalary

Ýöňkemeler
Birligi
Köplügi:
Menlik

-ym, -im,

-um, -um,  

-ymyz, -imiz,

-umyz, -ümiz.

Senlik
-yň, -iň, 

-uň, -ün, 

-umyz, -ümiz

-uňyz, -üňiz.

Onluk
-y, -i,  
-y, -i.

Ahyrlary çekimsiz bilen gutaran atlaryň ýöňkeme goşulmalaryny owreniň we biliň.

* * *

39-nji gönükme. Sözleri okaň we göçüriň. Çekimsiz sese gutarýan atlaryň ýöňkeme  goşulmalaryny kabul edenleriniň aşagyny çyzyň.

1. Maksadyň özünden úly dogany traktor sürýär Onuň traktory hemişe saz işleýär.

2. Meniň doganym bäşinji klasda okaýar.

3. Şu suraty men seniň galamyň bilen çekdim.

4. Biziň goňşymyz täze maşyn aldy.

5. Men gözüm bilen gören zatlarymy aýdýaryn.

6.Siziň öýüňiz bu ýerden gaty uzakdamy?

Aşagyny çyzan sözleriňize goşulan ýöňkeme  goşülmalaryny aýdyň.

traktor

* * *

40-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ahyrlary çekimsin bilen gutarýan atlaryň ýöňkeme  bilen üýtgänlerini depderiňizc göçüriň.

1. Biziň ýaşaýan şäherimiz örän úly. Şäheriň golaýyndan úly ýap akýar. Ýabyň suwy, köplenç, dury bolýar.

2. Biziň şu gün işimiz köp. Siziň işiniz köpmi?

3. Biz ony gözümiz bilen gördük.

4. Biziň barýan ýolumyz aýdyň.

5. Öýümize baryp gelýänçäk garaş .

6. Siziň jaýyňyzy gördük, öýünize girdik, köp oturmadyk.

7. Biziň suwumyz ekinleri suwarmaga doly ýetýär.

8. Biz siziň sözüňize doly ynanýarys.

9. Içjek suwuňyzy uzakdan getirmeli bolýan däldir.

10. Biziř ýolumyz siziň ýoluňyz bilen esli ýere çenli ugurdaşrak gidýär

Göçüren   sözleriňize   haýsy   ýoňkemäniň   gosulmasynyň goşulandygyny aýdyň.

* * *

41-nji gönükme. Aşakdaky menlik we senlik ýöňkemeleri bilen üýtgedilen atlary okaň we soraglara jogap beriň.

Birligi:

1.Sözüm

2.Sözüň, 

golum

goluň, 

goşum,

goşuň,  

gülüm.

gülüň.

Köplügi:

1.Sözümiz

2.Sözüňiz

golumyz

goluňyz

goşumyz

goşuňyz  

gülümyz

gülüňiz

1. Ýokarky ýöňkeme  bilen üýtgedilen atlaryň düýp sözleriňi aýdyň.

2.  Şol atlaryň düýp sözleri näçe bogunly?

3.  Olaryň düýp sözleriňdäki çekimli dodaklanýan çekimlimi ýa-da dodaklanmaýan çekimlimi?

4.  Bulara nähili ýöňkeme  goşulmasy goşulypdyr?

Menlik  ýöňkemaniň  -um,  -üm,  -umyz,  -ümiz, senlik   ýöňkemäniň   -uň,   -üň,   -uňyz,   -üňiz goşulmalary  dodak   çekimlisi   bolan   bir  bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar.   Meselem:  donum, donumyz, öýüm, öýümiz, donuň, donuňyz, öýüň, öýüňiz.

* * *

42-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Köp nokatlara derek degişli ýöňkeme  goşulmalaryny ýazyp, sözlemleri depderiňize göçüriň.

1. Meniň göz... bilen seretseň, hemmesi örän oňat.

2. Biziň söz... iki çykmaly däldir.

3. Biziň ýol... örän dogrudyr.

4. Aşyr meniň oňat dost... bolmaly.

5. Siziň hem söz... söz bolsun.

6. Seniň tutan guş...nähili guş?

Köp   nokatlara   derek   ýazan   gosulmalaryňyzyň   haýsj ýoňkemäniň goşulmasydygyny aýdyň.

guşumyz

* * *

43-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Guş, ýol, gül, söz, don.

Nusga:

Birligi:


1.Söz-üm, ...

2.Söz-üň, ... 

3.Söz-i, ... 

Köplügi:


Söz-ümiz, ...

Söz-üňiz, ...

Söz-i, ...

Her sözüň soňuna goşan ýöňkeme  goşulmaňyzy aýdyň.

* * *

44-nji gönükme. Aşakdaky menlik we senlik ỳöňkemele bilen üỳtgedilen atlary okaň we soraglara dilden jogap beriň.

Birligi:

1. Depderim,

2.Depderiň, 

galamym,

galamyň,

saçym,

saçyň,

elim.

eliň.

Köplügi:

1. Depderimiz

2.Depderiňiz

galamymyz

galamyňyz

saçymyz

saçyňyz

elimiz

eliňiz

1. Ýokardaky ýöňkeme  bilen üýtgedilen atlaryň düýp sözlerini aýdyň.

2. Olaryň düýp sözleri näçe bogunly? Şolaryň bir bogunlysynda dodak çekimli barmy?

3. Bulara nähili ýöňkeme  goşulmasy goşulypdyr?

Menlik ýoňkemaniň -ym, -im, -ymyz, -imiz senlik ýöňkemäniň -yň, -in, -yňyz, -iňiz goşulmalary köp bogunly we dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly, çekimsiz sese gutarýan atlara goşulýar. Meselem:    bilim,   bilimiz,   doganym, doganymyz, biliň, biliňiz, doganyň, doganyňyz.

* * *

45-nji gönükme.   Matallary   okaň   we   ýoruň.   Ýöňkeme goşulmasyny kabul eden sözleri aýdyň.

Aýym bar, aý bendim bar,

On iki heýkel, bir bendim bar.


Agyr halym kakabilmen.

Ownuk daşyn dökebilmen.


Bir etek aşygym bar,

içinde'bir topazım bar.


Agyl doly akja guzym,

Ertir tursam ýokja guzym.

Matal   ýormak   diýen   aňlatmanyň   manysyny   sözlükden öwreniň.

* * *

46-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Ýaýyj içindäki atlara degişli ýöňkeme  goşulmasyny goşup, olary ýaýdan çykaryp ýazyň.

1.  Meniň (kitaplar) örän arassadyr.

2. Siziň (çagalar her ýyl tomus oňat dynç alýarlar.

3. Biziň (etrap) şu ýyl pagta borçnamasyny artygy bilen doldurar.

4. Seniň  (dogan)  nireden geldi? 

5.  Biziň  (köçe)  baglyk owadan.

* * *

47-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Pil, kätmen, galam, kagyz, odun, mekdep.

Nusga:

Birligi: Köplügi:
1.Odun-ym, ... 

2. Odun-yň, ...

3. Odun-y, ... 

Odun-ymyz, ...

Odun-yňyz, ..

O dun-y, ...

* * *

48-nji gönükme. Okaň we çekimsiz sese gutarýan, ýöňkeme bilen üýtgedilen atlary saýlap göçüriň. Göçüreniňizde, düýp söz bilen ýöňkeme  gosulmasynyň arasyna kese çyzyjak goýuň.

Howlymyz, howlyňyz, otum, otuň, otumyz, otuňyz bagym, bagyň, bagymyz, bagyňyz, köçämiz, köçäňiz göläm, göläň, goläňiz, gölämiz, depderiň, depderimiz, depderiňiz, ýolumyz, ýoluňyz, öýümiz, öýüňiz, işim işiň, işimiz, işiňiz.

Nusga:   ot-um, ot-uň, ...

Göçüren atlaryňyza ýöňkemäniň şol goşulmasynyň goşulmagynyň sebäbini düşündiriň.

* * *

49-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Has gara ýazylan sözleriň haýsy ýöňkemededigini , olaryň ýöňkeme  goşulmalaryny aýdyň we şol gosulmalaryň gosulmagynyň sebäbini düşündiriň.

Mugallymymyz ýakyn günlerde gezelenje gitjekdigimizi aýtdy. Biz müňa begendik. Gezelenje gitmeli günümiz ýetip geldi.

Hemmämiz mekdebe ýygnandyk. Bu gezek gezelenje guma tarap gitdik. Mugallym bize gumuň ot-çöpleri, haýwanat dünýäsi barada gyzykly gürrüň berdi. Gezelenç bizde oňat täsir galdyrdy.

1. Ýokarky hekaýajygyň mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

2. Täsir galdyrmak diýen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

50-nji gönükme. Aşakdaky soňlary çekimsiz sese gutarýan atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Depder, guş, galam, göz, yz, söz.

Nusga:

Birligi: 
Köplügi:
1.Depderim, 

2.  Depderiň,

3.  Depderi,

Depderimiz,

Depderiňiz,

Depderi.

Şu atlaryň her birine ýönkemaniň şol goşulmasynyň goşulmagynyň sebäbini düşündiriň.

* * *

51-nji gönükme. Hekaýajygy okaň. Has gara ýazylan sözleri haýsy ýöňkemede digini  we olaryň ýöňkeme  gosulmalaryny aýdyň

Biziň   klasymyz   mekdebimiz   boýunça   görelde klaslaryň biri hasaplanylýar. Klasymyzyň okuwçylarj örän   tertipli.   Olaryň   hemmesi   sapaklaryňa   oňat ýetişýärler.   Mekdebiň   köpçülik   işlerine   işeňňir gatnaşýarlar.

Geçen dynç güni mekdebimizde ýowar geçirildi. Şonda meniň klasdaşlarym demir böleklerin ýygnamakda   beýleki   klaslaryň   okuwçylarynda tapawutlandylar. Olar  köp  demir,  çoýun  böleklerni ýygnadylar. Mugallymymyz bize hoşallyk bildirdi.

1.  Hekaýajygy mazmunyna görä iki bölege bölüň we her bölege degişli sözbaşy tapyp aýdyň.

2.  Hoşallyk bildirmek diỳen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

52-nji gönükme. Aşakdaky at sözleriňe haysy-da bolsa bir ýöňkemäniň goşulmasyny goşun we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Gol, bag, göz, ýüz,el, yol, güýz.

N u s g a :   Türkmenistanyň güýzi ähli hasyllaryň ýetişýän we ýygnalýan döwrüdir.

Ýokarky sözleri düzen sözlemleriňizde haysy ýönkemed getirendigiňizi aýdyň.

* * *

53-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. Has gara ýazylan sözlere haýsy ýoňkemaniň goşulmasynyň goşulandygyny we şeýle goşulmanyň goşulmagynyň sebäbini aýdyň.

1. Sen şu aýdýanlaryňy öz gözün bilen gördüňmi?

2. Siziň obaňyz pagta ekýarmi?

3. Siziň öýüňiz Türkmenabat şäheriniň niresinde?

4. Biziň öýümiz gaty uzakda däl.

5. Karhananyň işçileri arakesmä çykdylar.

6. Biziň ýolumyz şu tarapa bolmaly. 7. Şu günki etmeli işiňiz gutardymy?

* * *

54-nji gönükme.Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň. Soraglara dilden jogap beriň.

1. Meniň boýum seniň boýun bilen denräk bardyr.

2. Biziň boýumyz has uzynrakdyr.

3. Siziň hasyl toýuňyz haçan bolmaly?

4. Biziň hasyl toýumyz dekabr aýynda geçirilýär.

N u s g a :   boý — boýum.

1.  Göçüren sözleriňiz ýönkeme goşulmasyny kabul etmedik
ýagdaýynda näçe bogunly we olaryň ahyrlary nähili sese gutarýar?

2.  Şolaryň asyl sözündäki çekimli dodaklanýan çekimlimi ýa-da dodaklanmaýan?

ýolumyz

* * *

55-nji gönükme.  Sözlemleri   göçüriň  we  ýöňkeme  goşulmalaryny kabul eden atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Siziň toýuňyz örän dabaraly ýagdaýda geçdi. Meniň   boýum   seniň   boýuňdan   uzyn.   3.  Biziň

boýumyz deňeçerräk bar. 4. Toýuň toýa ulaşsyn.

                                                     * * *

56-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen ýütgedip, depderiňize ýazyň.

Göz, guş, garpyz, el, toý, boý, gül.

Nusga:

Birligi:  Köplügi:
1. Gözüm

2. Gözüň,

3. Gözi.

Gözümiz,

Gözüňiz,

Gözi.

* * *

57-nji gönükme. Sözleri okaň. Bularyň asyl sözüni, şol asyl sözleriň her biriniň näçe bogunlydygyny we haýsy seslere gutarýandygyny aýdyň.

Kitabym, kitabyň, kitaby, kitabymyz, kitabyňyz, agajym, agajyň, agajy, agajymyz, agajyňyz, oragym, oragyň, oragy, oragymyz, oragyňyz, söwüdim, söwüdiň, söwüdi, söwüdimiz, söwüdiňiz.

Ýokarky sözlere ýönkeme goşulmasynyň goşulmagy bilen olarda nähili üýtgeşikligiň bölüp geçýandigini  düşündiriň.

* * *

58-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Ýönkeme goşulmasy goşulan atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Biziň obamyz etrap merkeziniň golaýynda ýerleşýär.Meniň doganım obamyzyň arçyny bölüp işleýär. 2.   Mekdebimiziň   baý   kitaphanasy   bar.  

3.   Men ýorganymy,   düşegimi  özüm   ýygnaýaryn.  

4.   Biziň Myradymyz hemme sapaklardan oňat bahalar alýar.

5. Seniň eken agajyň örän oňat kök alypdyr.

1.  Aşagyny çyzan sözleriňize haýsy ýöňkemaniň goşulmasynyň goşulandygyny aýdyň.

2.   Aşagyny   çyzan   atlaryňyzyň   haýsysynda   ýöňkeme goşulmasynyň goşulmagy bilen dymyk ç, k, p, t sesleri açyk y, g, b, d sesleriňe öwrülipdir.

Kök almak diýen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

59-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Gol, depder, ýüz/ taýak, kitap, galam, boý. Nusga:

Birligi: Köplügi:
1. Taýagym.

2.  Taýagyň.

3.  Taýagy.

Tqýagymyz.

Taýagyňyz.

Taýagy.

* * *

60-nji gönükme. Nokatlaryň deregine degişli ýönkeme goşulmalaryny ýazyp, sözlemleri göçüriň.

1. Biziň şäherler..., obalar... ýyl-ýyldan abadanlaşýar.

2. Seniň maňa obadan ýazan hat... gowuşdy.

3. Biziň wagt... şatlykly geçýär.

4. Siziň giden ýer... bu ýerden uzakdamy?

5. Meniň gyzykly kitap... bar.

6. Meniň boý... gysga däldir.

7. Öz göz... bilen göreniň gowy boldy.

şatlykly

* * *

61-nji gönükme. Läleleri labyzly okaň. Has gara ýazylal sözleriň haýsy ýöňkemede digini  we olaryň yönkeme goşulmalaryny aýdyň.

Läleler

Gül-gülüstan Watanym,

Bagy-bossan Watanym, 

Ýüz-müň ýyllar ýaşasyn,

Arzuw eýläp ýetenim.

Oktýabrdyr aýymyz

Tutýas úly toýumyz.

Tanaldyk Ýer ýüzüne

Bolmaz biziň taýymyz.

Haly dokar ellerim,

Kitap okar dillerim.

Watan üçin, halk üçin

Dynman işlär illerim.

Açyk biziň bagtymyz,

Şadyýana wagtymyz,

Üstümize nur saçýar

Aşgabat paytagtymyz.

1.  Läleleriň  her bendiniň mazmunyny öz  sözleriňiz  biler aýdyň.

2.  Nur saçmak  diýen   aňlatmanyň   manysyny  sözlükden öwreniň.

* * *

62-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üýtgedip, nusgadaky ýaly görnüşde depderiňize ýazyň.

Guş, gül, çekiç, çigit, dogan, käşir, sagat.

N u s g a : sagat-sagad-ym, sagad-yň, sagad-y, sagad-y my z, sagad-yňyz, sagad-y, ...

* * *

63-nji gönükme. Şu atlary ýöňkemeleriň diňe birligi bilen üýtgedip, hersini bir sözlemde getiriň hem-de depderiňize ýazyň.

Ýol, kitap, depder.

Nusga: ýol-ýolum, ýoluň, ýoly. Meniň ýolum siziň gapdalyňyzdan geçýär. Seniň ýoluň haýsy tarapa? Onuň ýoly örän ýakyndyr.

* * *

64-nji gönükme. Şygry labyzly okaň. Has gara ýazylan atlary ỳönkemeler bilen üỳtgediň.

Bil, jigi!

Watan saňa bagyş edýär,

Bu gülli ýodajygy.     

Gülüp, oýnap sat bolup,

Erkana ulal jigi!


Watan saňa bagyş edýar,

Bu miweli baglary.         

"Ak altynly" düzleri,

Baýlygy kän daglary.

Watan saňa bagyş edýär,

Mekdep-ylym öýleri.     

Deňiz, howuz, kölleri,

Derýa, çeşme-çaýlary.

Watan saňa bagyş edýär,

Gel sen, eýe bol, jigi!     

Bu zatlaryň gadyryn,

Elmydama bil, jigi!

H. Nurmyradow.

* * *

65-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Menlik ýöňkemede  gelen sözleriň aşagyny çyzyň.

l. Biziň mekdebimiz şäheriň merkezinde ýerleşýär. Mekdebimizde uly kitaphana bar. Meniň doganym kitaphanadan gyzykly kitap aldy.

2. Meniň kakam aýna zawodynda işleýär.

3. Biziň mugallymymyz çagalary örän gowy görýär.

4. Meniň jigim çagalar bagyna gatnaýar.

* * *

66-nji gönükme. Okaň we köp nokatlara derek ýaýyň içindäki ỳönkeme goşulmalarynyň degişlisini ýazyp, Sözlemleri depderiňize göçüriň.

1.  Meniň dogan... (-im, -ym, -um, -üm) obamyzda traktör sürýär.  Ol etrap...  (-umyz,  -ümiz,  -ymyz,,
imiz) boýunça ökde traktorçy hasaplanýar. Onuň sürýän traktör... (-i, -y) mydama saz işleýär.

2.  Seniň çeken surat...  (-uň, -yň, -iň, -üň) maňa ýarady. Reňkleri ýerli-ýeriňde ulanmagy başarypsyň. Klas...dá (-iňiz, -yňyz) oňat surat çekip bilýän başga kim bar?

Köp  nokatlara  derek ýazan  gosulmalaryňyzyň  her biriniň haýsy ýoňkemaniňkidigini  aýdyň.