|
2. Atlaryň ýöňkeme bilen üýtgeýişleri 32-nji gönükme. Atlary okaň we olaryň soňuna goşulan goşulmalary,ol goşulmalaryň nämäniň goşulmasydygyny aýdyň.
Atlaryň ýöňkeme goşulmalary
* * * 33-nji gönükme. Aşakdaky atlary göçüreniňizde, olaryň soňuna goşulan goşulmalaryň arasyna kese çyzyjyk goýup ýazyň.
Nusga: daýy-m, nar-ym, el-im, oý-um, gos-um Ýokarky atlaryň soňuna goşulan goşulmalara nämäniň goşulmalary diýilýändigini aýdyň. * * * 34-nji gönükme. Aşakdaky atlary ýöňkemeleriň birligi we köplügi bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň. Kitap, galam, depder, dogan, jigi, ene. Nusga:
* * * 35-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we has gara ýazylan sözlere haýsy ýoňkemaniň gosulmasynyň gosulandygyny aýdyň. 1. Meniň doganym obada işleýär. 2. Seniň depderiň öziňdemi? 3. Durdynyň kakasy zawodda isleýär. 4. Biziň obamyz birinji orunda durýar. 5. Men siziň obaňyza gezmäge gitjek. 6. Olaryň gölesi ýabyň boýunda otlap ýör.
* * * 36-nji gönükme. Sözlemleri okaň we menlik ýöňkemede gelen atlary, olaryň haýsysynyň birlik, haýsysynyň köplükdigini aýdyň.
1. Biziň mekdebimiz üç gat jaý. Mekdebimiz obanyň merkezinde. Mekdebimizde gowy medeni öý we oňat ussahana bar. Medeni öý aşaky gatda ýerleşýär. Ussahanamyzda her hili senetler bar. 2. Meniň ýelsepidim bar. Maňa ony kakam alyp berdi. Men ýelsepidimi oňat saklaýaryn. 3. Biziň daýhan birleşigimiz täze medeniýet öýüni gurdurdy. Dayhanlar medeniýet öýünde dynç alýarlar. 4. Doganym daýhan birleşiginiň maşynyny sürýär. Ejem bolsa daýhan birleşigimizde sagymçy bolup işleýär. Senet sözüniň manysyny sözlükden öwreniň. * * * 37-nji gönükme. Aşakdaky soraglary göçüriň, olara jogap ýazyň. Menlik ýöňkeme daki atlaryň aşagyna iki çyzyk, senlik ýöňkeme daki atlaryň aşagyna bir çyzyk çyzyň. 1. Seniň okuw kitaplaryň barmy? 2. Seniň depderleriň ýeterlikmi? 3. Siziň obaňyz şu ýerden uzakdamy? 4. Siziň daýhan birleşigiňiz pagta ekýärmi? N u s g a : Seniň gerekli kitaplaryň barmy? Meniň gerekli kitaplarym bar. Aşagyny çyzan atlaryňyza goşulan ýöňkeme goşulmalarynyň haýsysynyň birlik sanyň, haýsysynyň köplük sanyň goşulmasydygyny aýdyň. |
||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||||