Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

c) y, i, u, ü çekimlileriňiň düşüp galyşy

17-nji gönükme. Sözleri okaň. Bularyň yzyna çekimli bilen başlanỳan goşulma goşulanda, olaryň näçenji bognundan haýsy çekimlileriň düşüp galýandygyny aýdyň.


Nagyş — nagşy. Tomus — tomsıň.
Çebiş — çebşi. Nebis — nebsi.
Sygyr — sygryň. Burun — burny
Egir — egrer. Göwün — göwnüm.
Maňyz — maňzy. Ogul — ogly.
Deňiz — deňziň. Çagyl —çagylyň.

Nebis sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

Ýadyňyzdamy?
  Birinji   bogny  açyk,   ahyrlary  L,   n,   r,  s,  ş,  z

  sesleriňe gutarýan iki bogunly sözlere çekimli bilen

  başlanỳan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky y,

   i, u, ü çekimlileri düşüp galỳarlar.

  Meselem:  köwüs ,— köwşi, towus — towsar,

  egin — egni, maňy z  —  maňzy.


18-nji gönükme. Sözleri okaň we göçüriň. ikinji bognundan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleriň aşagyny çyzyň.

  l. Mekdep okuwçylary tomsuna, sagaldyş meỳdançalarynda dynç alýarlar.

  2. Düỳn biz deňziň kenaryna baryp gaýtdyk.

  3. Biri-biriňiziň göwnüňize degmäň.

  4. Men sygrymyzy suwa ýakdym.

  5. Altynyň-kümşuň könesi bolmaz, atanyň-enäniň bahasy bolmaz.

  6. Oraz aganyň oglundan hat geldi.


1.  Aşagyny çyzan sözleriňiziň asyl sözüni we olaryň näçe bogunlydygyny aýdyň.

2.  Bäşinji sözlemdäki nakylyň manysyny düşündiriň.

göwün

* * *

19-nji gönükme. Sözleri okaň, soňra olaryň yzyna çekimli
bilen başlanỳan goşulma goşup göçüriň.

Ogul —   Çagyl —
Tomus —  Selin —
Kömür — Maňyz —
Çaỳyr Ýeňil —
Aýyr — Burun —
Nagyş  — Köwüş —
Kümüş — Towus —
Egin — Deniz —

Nusga:   nagyş — nagşy, tomus — tomsy, ...

Çaỳyr sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

20-nji gönükme. Sözleri okaň we olara degişli aşakdaky soraglara dilden jogap beriň.

Maňyz   maňzyň
Çagyl  çagly
Göwün göwnüň
Sygyr sygryň
Tomus tomsuna
Köwüş köwşi

Soraglar:

1. Dik çyzygyň çep tarapyndaky sözler näçe bogunly we olar haýsy seslere gutarýarlar ?

2.Cyzygyň ság tarapynda sol sözlere goşulmalar goşulmagy bilen olarda nähili

üỳtgeşiklik ỳüze çykypdyr?

* * *

21-nji gönükme. Sözlemleri ilki okaň, soňraolardan y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri saýlap, depderiňize göçüriň. Olaryň gapdalyndan düỳp söz görnüşini hem ýazyň.

1. Çagalar, hiç kimin göwnüne degmän! 2. Göwni açygyň ýoly açyk. 3. Ol demri iki bölüp, zordan göterip getirdi. 4. Seniň köwsün täzeje eken, saňa ony kim alyp berdi? 5. Geçen dynç güni biz Serdar ýoluny ỳöräp geçdik. 6. Jereniň hala salan nagşy örän oňat eken.

Nusga:  göwnüne — göwün, ...

Göwne degmek diýen aňlatmanyň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

22-nji gönükme.Sözleri okaň. Olaryň yzyna çekimli ses bilen başlanỳan goşulma goşuň we hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Sygyr, ýeňil, deňiz, ýagyş, towus, göwün.   

Nusga:   Orazlaryň sygrynyň oňatja gölesi bar.
nagyş

* * *

23-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip, depderiňize göçüriň.

1. Çoỳun halk hojalygy üçin peýdalydyr. Çoỳny eredip, ondan kop zatlar ýasaýarlar.

2. Merediň dogany çopan, ol goýun bakýar. Goýnuň ỳüňünden her hili matalar dokalýar.

Nusga:   çoỳun —çoỳny, ...

1.  Ikibir-ikibir edip ỳazan sözleriňiziň birinjisiniň ikinji bognunda haýsy çekimli bar?

2. Şol  söze  çekimli  bilen  başlanỳan  goşulma  goşulanda, onuň ikinji bognunda nähili

üỳtgeşiklik ỳüze çykỳar?

* * *

24-nji gönükme. Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

1. Biz geçen dynç güni top oýnadyk. 2. Çagalar çoỳnun eredilişini synladylar. 3. Itiň boỳnuna ỳüp daňypdyrlar. 4. Sähet gapyda duran goýna ot berdi. 5. Gurluşyk işinde toýnuň gerek ỳeri kop bolýar.

Nusga:   oýnadyk — oỳun, ...

Toỳun sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

25-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň. ikinji bognundaky u harpy düşürilip ýazylan sözleriň aşagyny çyzyň

1. Aşyr aga goýnuny süra goşmaga alyp barýar.

2. Onuň   boỳnuna   näme   bolupdyr?  

3. Oglanlar türgenleşik meỳdançasynda top oýnadylar.

4. Çary towşanlara ot berer, men goýny doýraryn.

5. Demriň, çoỳnuň bölegini görseňiz, getirip mekdebe tabşyryň!

boýun

* * *

26-nji gönükme. Sözleriň yzyna çekimli bilen başlanỳan goşulma goşup göçüriň we bulardaky

ỳüze çykỳan üỳtgeşmäni aýdyň.

Toýun — doýur —
goýun — boýun —
oýun — guỳuş —
çoỳun —  soỳuş —


N u s g a :   toỳun —  toỳnüň, doỳur — doỳrar,

* * *

27-nji gönükme. Aşakdaky sözleri goşulmaly we düỳp söz görnüşinde depderiňize ỳazyň. Olaryň ýazuwynda ỳüze çykỳan üỳtgeşiklikleri aydyp beriň.

Oýnuň— buỳrar —
goýnuň —  doýrar —
çoýny —   guỳşar —
toỳnuň — boýny —
           

N u s g a :   boýny — boýun,

buýrar— buỳur,...

* * *

28-nji gönükme. Läleleri labyzly okaň. Ikinji bognundan y, i, uy ü çekimlileri düşüp galan sözleri tapyň we şol çekimlileriň düşüp galmagynyň sebäbini düşündiriň.

Läleler

Aý aýdyňdyr, ýagtydyr Sallansana, gelneje,
Gyzlar oýnar wagtydyr. Agam saňa sadaga.

Yor, gelneje, gaýdaly,

Agam geler wagtydyr. Aý dogupdyr diýdiler,

Aýlanypdyr diýdiler.

Düỳe geldi ỳataga, Altyn öwsüp Meleguş,
Boýny doly otaga. Saýlanypdyr diýdiler.

Ýatak, otaga sözleriniň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

29-nji gönükme. Sözlemleri okaň we göçüriň. Sözleriň yzyndaky köp nokatlara derek ýaýyň içindäki goşulmalaryň degişlisini ýazyň.

1. Tomus... (-uň, -yň, -üň, -iň) yssysy iýmişleriň, miweleriň tagamly we süýji bolmagyna oňaýly täsir edýär. 2. Çagalar deňiz... (-yň, -iň, -uň, -üň) kenaryna gezelenje çykdylar. 3. Düýn Mergen aga bilen duşuşyk boldy. Ol Watançylyk uruş... (-yna, -ine, -una, -üne) gatnaşan adam. Onuň beren gürrüňleri bizde uly täsir galdyrdy.

Goşulma goşan sözleriňizde nähii üỳtgeşiklik bölüp geçendigini aýdyň we sebäbini düşündiriň.

* * *

30-nji gönükme. Goşgyny labyzly okaň, y, i, u, ü çekimlileri düşüp galan sözleri aýdyp beriň.

Dogduk depäm

Eziz obam, aňymda sen mydama,

Her ýatlamda melhem bolýaň bu jana,

Gin gujagyň baýdyr aýdym-mukama,

Derde derman owazyňdan ganaýyn,

Oýnap gezen depelemden ineýin.


Perzendiň měn, boỳ ýetirdim goýnuňda,

Ogluň deỳin göterdiň sen boỳnuňda,

Cagajyklaň şady-horram oýnunda 

Özüm görüp, körpeligime döneỳin,

Şolar bilen ak inişden ineýin.


Ýazlarym bar topragyňda, pelinde,

Ýazlarym bar baglaryňda, gülüňde,

Zat bolarmy dogduk depaň deňinde, 

Seni — ene,özüm — çaga saýaýyn.

Gyzgyn mähir güneşiňden ganaýyn.

H. Allamyradow.

* * *

31-nji gönükme. Sözleri okaň, soňra olaryň yzyna çekimli bilen başlanỳan goşulma goşuň we hersini bir sözlemde getirip, depderiňize ýazuň.

Goýun, oýun, tomus, ogul, baýyr, agyr, göwün.

N u s g a : Düỳn giçlik biz «Aỳ terek, gün terek» oynuny oỳnadyk.


Ýokarky sözleriň yzyna çekimli bilen başlanyan goşulma goşanyňyzda, olarda nähili üỳtgeşikligiň ỳüze çykandygyny we onuň sebäbini düşündiriň.