Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

b). Dymyk k, p, t, ç sesleriniň açyga öwrülişi

5-nji gönükme. Okaň we dymyk k, p, t, ç seslerine gutaran sözlere çekimli bilen başlanỳan goşulma goşulanda, ol dymyk sesleriň nähili seslere öwrülỳändigini aýdyň.

Darak — daragy,

kitap —kitaby,

çigit — çigidi,

agaç — agajy.

Ýadyňyzdamy?

Dymyk k, p,  t, ç seslerine  gutarýan  sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulsa, k sesi g, p sesi b, t sesi d, ç sesi j sesine öwrülýär. Meselem:   çörek —çöregi, gap —gaby, ot —ody çekiç — çekiji.

* * *


6-nji gönükme.Sözlemleri okaň we has gara ýazylan sözleri nusgadaky ýaly edip, depderiňize ýazyň.

1. Myrat Orazyň ýanyna bardy. Myradyň elinde bir kitap bar eken. Oraz ol kitaba gyzyklanyp seretdi.

2. Kakam maňa ýnek hem-de bozguç getirip berdi. Kakam köỳnegi we bozgujy dukandan alypdyr.

Nusga:  Myrat— Myrady, ...

Göçüren sözleriňiziň yzyna goşulma goşulanda nähili üýtgeşikligiň üýze çykanyny aýdyň.

* * *

7-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň we haýsy sözlerde dymyk k, p, t, ç sesleri açyk çekimsizlere öwrülen bolsa, şol sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Merediň kitaby köp. Ol kitaplaryny aýawly saklaýar.

2. Çarynyň tokarja owlagy bar. Çary owlagyna ot ýygyp berýär.

3. Arakesme wagty biz oňat dynjymyzy alýarys.

Aşagyny çyzan sözüňizde haýsy dymyk çekimsiziň nähili açyk sese öwrülendigiňi aýdyň.

Aýawly saklamak diýen söz düzüminiň manysyny sözlükden öwreniň.

Orak dolak

* * *

8-nji gönükme.Sözleri okaň. Dik çyzygyn çep tarapyndaky sözleriň haýsy seslere gutarýandygyny, olaryň çyzygyň sag tarapyndaky sözlerde haýsy seslere öwrülendigiňi aýdyň we onuň sebäbini düşündiriň.

çörek

çöregi

sagat

sagady

kitap

kitaby

sebet

"sebedi

çabyt

çabydy

ilik

iligi

çekiç

çekiji

kerpiç

kerpiji

güỳç

güỳji

jorap

joraby

toşap

toşaby

Sebet sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

9-nji gönükme. Sözleri okaň, soňra bularyň yzyna çekimli bilen başlanỳan goşulma goşuň we hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize ýazyň.

Kitap, orak, ördek, çekiç, sagat, çigit, kerpiç, jorap.

N u s g a : Kitap bize köp zady öwredýär, şonuň üçin hem biz kitaby söýýäris.

Bu sözleriň yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşanyňyzda, olarda nähili üýtgeşikligiň ýüze çykandygyny aydyň we onuň sebäbini düşündiriň.

* * *

10-nji gönükme. Sözleri okaň we göçüriň. Köp nokatlaryň ýerine degişli açyk çekimsizleri ýazyň.

Kerpiç — kerpiçli, ördek — örde...iň, darak — dara...y, öwüt — öwü...iň, jorap — jora...a,

erik —eri...i, örküç — örkü...i, howut — howu...yň, orak — orau.y, toşap — toşa...yň, agaç — aga..yň, çigit — çigi. i, tertip — terti. i, göreç — göre...iň, ságat — saga...y, kitap — kita...y.

Köp nokatlara derek nähili açyk çekimsizleri ýazanyňyzy we olaryň ýazylmagynyň sebäbini  aýdyň.

Howut diýen sözüň manysyny sözlükden öwreniň.

örküç

* * *

11-nji gönükme. Aşakdaky sözleri okaň. Çyzygyn çep tarapyndaky sözleriň soňundaky dymyk sesleriň açyga öwrülip, sag tarapyndaky sözlerde açyga öwrülmändigine üns beriň.


Gap — gaba (guý)

At — adyň (kim?)

Giç — gijä (galdy)  

Ot — ody (söndür)

Bat — bady (pes)

Ýap — ýabyň (suwy) 

Tap — taby (yok)  

gap — gapar

at — aty

saç — saçyn

ot — oty

bat — batyr

ýap — yapar

tap — tapar

Ýokardaky dymyk sesleri açyga öwrülen we dymyk sesleri açyga öwrülmedik sözleriň aýdylyşyny deňeşdirip görüň. Olaryň haýsylarynda çekimli sesiň uzyn, haýsylarynda gysga aýdylýandygyny anyklaň.

Ýadyňyzdamy?

Çekimlisi gysga aýdylýan bir bogunly sözleriň soňundaky dymyk sesler açyga öwrülmeýärler. Meselem:    ok — oky, saç — saçy, çat — çatar, ýap — ýapar.

* * *

12-nji gönükme.Sözleri okaň we göçüriň. Çekimli bilen başlanýan goşulma goşulmagy netijesinde soňundaky dymyk çekimsizi açyk çekimsize öwrülen sözleri biraýry, öwrülmediklerini hem biraýry ýazyň.

Ördek — ördegin, agaç — agajyň, top — topun, balyk — balygy, at — aty, saç — saçy, göç — göçer, saňaç — saňajyň, çelek — çelege, kitap — İdtaby, çörek — çöregi, çap — çapar ,kök — köki, orak- - oragy, ýap — ýapar, çyk çykar, kak — kakyň, seret — sereden

Nusga:    Ördegiň, agajy, ... Topuň, aty, ...

Göçüren sözleriňizde dymyklaryň açyklara öwrülip-öwrülmezliginiň  sebäbini düşündiriň.

oragyň

* * *

13-nji gönükme.Aşakdaky sözleri okaň we olaryň soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulma goşup göçüriň.

Gerek, gaç, çap, taýak, çit, aýak, güýç, goç, göç, Çöp, dynç, kitap, çigit, jorap, sehet, begenç, kak, kök, bat, ok.

Nusga:   gerek — geregiň, gaç — gaçar, ...

Çitmek işliginiň manysyny düşündiriň we sözlük depderiňize ýazyň.                                               

* * *

14-nji gönükme. Sözlemleri okaň. Haýsy sözlerde dymyk çekimsizleriň   açyga   öwrülendigini   we   haýsy   sözlerde* öwrülmändigini aýdyň.

1. Men şu kitaby doly okap çykdym.

2. Mergen topuny jigisine oýnamaga beripdir.

3. Guwanjyň ejesij haly kärhanasynda isleýär.

4. Meniň joramyň uzyn saçy bar.

5. Myradyň dosty Aşgabada gezelenje gidipdir. 

6. Gawunyň kaky süýji bolýar.

7. Azady geçen tomus oba iberipdirler.

8. Ýaryşda biziň hojalygymyzyň aty úly baýrak aldy.

* * *

15-nji gönükme. Aşakdaky sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşuň we olaryň hersini bir sözlemde ulanyp, depderiňize j ýazyň.

Agaç, saç, gurjak, top, kitap, hek.

N u s g a :   Öl agajy egmegin, degmedige degmegin.

* * *

16-nji gönükme. Köp nokatlaryň ýerine degişli harplary ýazyp, sözlemleri depderiňize göçüriň.

1. Biziň halkymyz parahatçyly...yň tarapdarydyr.

2. Sonajyk öz gurja...yny örän gowy görýär.

3. Sa- ...yňyzy   wagtly-wagtynda   ýuwmagy,   daramagy unutmaň!

4. Meniň alaja to...um bar.

5. Okuwa ähli güý...üň bilen ýapyşmak gerek.

6. Her bir okuwcynyň terti...i örän oňat bolmalydyr.