Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

a). Dymyk we açyk çekimsizler

1-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleriň ilkinji harpynyň nähili çekimsizdigini aýdyň.

Okuw başlandy

Bu ýylky şatlykly, şagalaňly tomusky dynjalyş günleri-de tamamlandy. Siz ỳene ýagty klaslara dolduňyz. Täze okuw ýyly başlandy. Tomsuň gyzykly günleri entek-entekler ýadyňyzdan çykmaz. Sebäbi siz tomus sagaldyş meỳdançalarynda dynç alyp, geň-enaýy wakalaryň şaýady bolansyňyz.

Obada ýa-da şäherde ýaşaýan tanyşlaryňyza, garyndaşlaryňyza gezelenje gidensiňiz. Ata-eneňize ýakyndan kömek berensiňiz.

Ynha, indi. bolsa siziň öňüňizde bilimiň täze basgançaklary dur. Goý bu okuw ýyly hem siziň gündelikleriňize dörtlük,bäşlik bahalary getirsin.

1.  Hekaýanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

2.  Garyndaş   sözüniň   manasyny Kitabyňyzyň   soňundaky sözlükden  öwreniň.

tomus

* * *

2-nji gönükme. Okaň we has gara ýazylan sözleriň ilkinji harpyny göçüriň.

Okuw gutarypdy. Klas otagynda diňe Pirli ikimiz galypdyk. Diwar gazetini taýýarlaýardyk. Pirliniň

surat çekişine haýran galaýmalydy. Ol gazetiň adyny owadanlap ýazdy. Gazetiň adynyň çep gapdalynda ýaşyl baýdagyň suratyny çekdi. Ol özüne tabşyrylan işi edip boldy-da, maňa ýüzlenip: "indi gezek seniňki. Şu gezek bir owadan ýazyp bilýändigiňi görkez" diýdi.

Men derrew işe girişdim. Owadan ýazjak bolup, gaty jan etdim.


1. Göçüren harplaryňyzyň nähili çekimsizlerdigini aýdyň.

2.  Hekaýadan alnan ýokarky bölegiň  mazmunyna laýyk sözbaşy tapyň.

Ýadyňyzdamy?   

K, p, t, ç       dymyk çekimsizlerdir.

G, b, d, j          açyk çekimsizlerdir.

* * *

3-nji gönükme. Hekaýany okaň we her sözdäki açyk hem-de dymyk çekimsizleri aýdyň.

Mylly Täçmyradow türkmen sungatynyň meşhur ussadydyr. Ol ençeme bagşy-sazandalaryň halypasydyr. Mylly Täçmyradow 1886-nji ýylda Gokdepaniň Ýaňgala obasynda eneden bolýar.

Onda çagalykdan saza bolan höwes başlanýar." Ol Sary bagşy, Kel bagşy ýaly ussallardan tälim alýar. Mully aganyň çalan "Humarala", "Balsaýat", Keçpelek“ ýaly ençeme sazlary şu günler hem uly höwes bilen diňlenilỳär.

* * *

4-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Dymyk çekimsizleriň aşagyna bir çyzyk, açyk çekimsizleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Türkmenistan

Türkmenistan Garaşsyz döwlet boldy. Muny ata-babalarymyz köpden bäri arzuw edip gelipdirler. Halk özüniň wepaly ogly Saparmyrat Nyýazowy dowletimiziň prezidentligiňe saýlady. Saparmyrat Türkmenbaşy halky eşretli ýaşatmak üçin kän tagalla edýär.

Halkymyz Saparmyrat Türkmenbaşa uly hormat goýýar. Saparmyrat Türkmanbaşy 9-njy Halk maslahatynda ýurdumyzyň Baky Prezidentligine saýlanyldy.