Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

15. Ýyl boýunça geçilenleri gaýtalamak

438-nji gönükme. Atlary ýöňkeme bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň we ýöňkeme goşulmalaryny aýdyp beriň.

Gul, öý, güş, saç, toý.

Meniň ...

Seniň ...

Onuň ...

Biziň ...

Siziň ...

Olaryň ...

Näme üçin guş, oy ýaly atlarda degişli ýönkeme goşulmalary dodaklanyp, agaç, saç ýaly atlarda dodaklanmaýar?

* * *

439-nji gönükme.  Hüwdüleri  okaň.  Has  gara  ýazylan atlaryň haýsy ýöňkemededigini aýdyň.

Hüwdüler

gyzym, alma gyzym,

Asla kemsinme, gyzym.

Sensiň eneň bägüli,

Hiç wagt solma gyzym.


Allaý-allaý ak bäbek,

Eneň öýde ýok bäbek.

Eneň suwa gidende,

Sallançakda ýat bäbek.


Dagdan dişli daragym,

Arkadagym, geregim,  

Öz balamy görmesem,

Çatlap barýar  ỳüregim.

* * *

440-nji gönükme. Okaň. Has gara ýazylan atlary ýöňkemeleriň birligi hem köplügi bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Bagt kanuny

Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynda döwletimiziň adalatly kanunlary, halkymyzyň hukuklary aýdyň ýazylyp görkezilỳär.

Ol kanunlar we düzgünler halkymyzyň ýaşayşyny has gowulandyrmaga, ýurdumyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda biziň zähmet çekmäge, bilim almaga, dynç almaga hukugymyzyň bardygy aýdylýar.

Şoňa görä-de bu Konstitusiýany biz  Bagt kanuny diýip atlandyrýarys.

Halkymyz öz bagt kanunynyň kabul edilen gününi uly dabara bilen belläp geçỳär.

Kanun,adalatly diýen sözleriň manasyny sözlükden öwreniň.

* * *

441-nji gönükme. Aşakdaky meýilnamany okaň we şol meýilnama esasynda uBagt kanuny" diýen temada 7-8 sözlemden ybarat bolan hekaýajyk ýazyň.

Meýilnama:

1. Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy.

2. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beỳan edilỳän esasy meseleler.

3. Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň halkymyzyň bagt kanunydyr.

Ýazan sözlemleriňizdäki ýönňkeme bilen üỳtgäp gelýän atlaryň aşagyny çyzyň we olaryň ýöňkeme goşulmalaryny aýdyň.

* * *

442-nji gönükme. Soňlary çekimsiz bilen gutaran atlary düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize ýazyň.

Aý, çelek, duz, göç, gap.

1.Baş d. ...

2.Eýelik d. ...

3.Ýöneliş d. ...

4.Ýeniş d. ...

5.Wagt-orun d. ...

6.Çykyş d. ...

* * *

443-nji gönükme. Ýaýyň içindäki atlara degişli düşüm goşulmalaryny goşup, sözlemleri göçüriň.

1. Biz (aý) tarap seredip durduk. 2. Öz dostuňy (göz) göreji ýaly görmeli. 3. (Balyk) durmuşy, ỳaşaýşy suwdur. 4. Sen (mekdep) gitjekmi? 5. Bu (söwüt) çagalar öten ýyl oturdypdyrlar. 6. (Agaç) ýykylan ỳerinde onuň pürleri, çybyklary çaşyp ýatyrdy.

1.Ýaýyň içindäki atlara haýsy düşümleriň goşulmasyny goşduňyz?

2. Goşulma  goşan  atlaryňyzda  nähili  üỳtgeşiklikler  bolup geçỳär?

* * *

444-nji gönükme. Aşakdaky soňlary çekimli ses bilen gutaran atlary düşüm bilen üỳtgedip, depderiňize göçüriň.

Terne, guty, süri, galaýy.

1.Baş d. ...

2.Eýelik d. ...

3.Ýöneliş d. ...

4.Ýeniş d. ...

5.Wagt-orun d. ...

6.Çykyş d. ...

Düşüm goşulmasy goşulandan soň, bu atlaryň yzyndaky çekimlilerde nähili fonetik üỳtgeşmeler bolỳar?

* * *

445-nji gönükme. Ýaýyň içindäki sözleri degişli düşümde getirip, aşakdaky sözlemleri göçüriň.

1.Soňra biz ol (kirpi) süỳt berdik.

2. Körpeje (guzy) ot-iým beriň! Güýz aýynda ony (süri) goşarys. Ol (süri) gowy seredýär.

Çopan toklulary (süri) bolup aýyrdy.

3. Biz (Gökdepe) gezelenje gitdik.

1. Degişli atlara haýsy düşümleriň goşulmasyny goşduňyz?

2. Şonda olaryň ahyrky seslerinde nähili üỳtgeşme bolýar?

* * *

446-nji gönükme. Göçüreniňizde, nokatlaryň deregine tertip sanlaryň degişli goşu4malaryňy ýazyň.

Bir...

iki...

üç...

dört...

alty...

ön...

on dört...

otuz...

otuz üç...

elli dört...

ỳüz...

üç ỳüz...

üç ỳüz on...

dört ỳüz ýedi.

* * *

447-nji gönükme. Okaň. Mukdar we tertip sanlaryny, olaryň nähili soraglara jogap bolỳandygyny aýdyp beriň.

1. Ýene üç günden ýedinji klasyň okuwçylary oýun görkezjek.

2. Biz bu gün iki ỳüz metr aralyga ỳaryş geçirdik.

3. Ikinji we dördünji klasyň okuwçylary bir gektara golaý ỳer arassaladylar.

4. Biziň obamyz şäherden on bäş kilometr uzaklykda ýerleşýär. Biz baýram günleri şähere gidỳäris.

5. Bu ýyl kärendeçiler ỳüz gektar ỳere gowaça ekdiler.

6. Biziň daýhan birleşigimiz öten ýyl pagta borçnamasyny birinji bolup doldurdy.

* * *

448-nji gönükme. Göçüriň, at çalyşmalarynyň aşagyny çyzyň.

1. Men ýoldaşlarym bilen medeniỳet öỳüne gitdim. Medeniỳet öỳüne Mämmet, Orazgül, Jeren dagy-da geldiler. 2. Olar öz jigilerini hem getirdiler. Sen haýsy goşgulary ỳatdan bilỳärsiň? 3. Men kitap okaỳaryn, sen hat ỳazỳarsyň. 4. Biz garrylary hormatlaỳarys, olaryň aýdanlaryna gulak asỳarys. 5. Biz tomus guma gideris.

* * *

449-nji gönükme. Göçüriň, düşüm bilen üỳtgän at çalyşmalarynyň aşagyny çyzyň. Olaryň haýsy düşümdedigini  aýdyp beriň.

1. Meniň kitaplarym we depderlerim arassa. Garry enem maňa erteki aýdyp berỳär.

2. Men seni okalgada görüpdim. Seniň ỳanyňda yoldaslaryň hem bardy. Men senden näçenji klasda okaỳandygyňy sorapdym.

3. Siziň şu günki bitiren işiniz sylaga mynasypdyr. Sizde oňat ukyp bar.

4. Aman bilen Jeren mekdepden çykyp, öỳlerine barýarlar.

5. Biziň ýurdumyzda çagalar bagtly ỳaşaỳarlar.

* * *

450-nji gönükme. Bu at çalyşmalaryny düşüm bilen üỳtgediň. Düşüm goşulmasy goşulanda, olardaky bolýan üỳtgeşiklige üns beriň.

Men, sen, ol, biz.

* * *

451-nji gönükme. Okaň, öten zaman işliginiň barlyk we ýokluk şekilini aýdyp beriň.

Bibi bilen jigisi

Bibi jigisi Myrady çagalar bagyndan getirdi. Bibi ejesine garaşdy.

Emma wagt bolsa-da, ejesi işden gelmedi. Bibi öỳ-içerini syryp-süpürmäge başlady. Ol jigisini-de gözden salmady.

Onuň öňüne oýunjaklaryny süỳşürdi, emma Myrat oýunjaklaryny oýnamady. Ol ejesini küỳseỳärdi.

Bibi: "Ynha, ejem basym geler" diýip, jigisini köşeşdirjek boldy.

Emma Myratjyk Bibä azar bermesini goýmady. Ol aglady. Bibi aljyrady. Jigisini nähili köşeşdirjegini bilmedi.

Şol wagt Bibiniň ýadyna erteki düşdi. Bibi erteki aýdyp ugrady. Myratjyk sesini goýdy. Bibiniň ertekisini diňledi. Soňra ol Bibä azar bermedi.

Bir salymdan çagalaryň ejeleri gapydan girdi. Çagalar ony görüp begendiler.

- Işden soň ýygnak boldy. Jigiň azar berdimi? -diýip, ejesi sorady.

—Ýok, oýunjaklaryny oýnady. Diňe meni öý işlerini etmäge göýbermedi — diýip, Bibi jigisiniň garaja gulpagyny sypalady.

Has gara ýazylan sözleri gurluş taýdan derňäň.

* * *

452-nji gönükme. Öten zaman işliginiň barlyk hem-de ýokluk şekilindäki bu işlikleri ýöňkeme bilen üỳtgedip, depderiňize ỳazyň.

Aldy, almady, geldi, gelmedi.

N u s g a :

Men aldym.

Sen aldyň. 

Ol aldy. 

Biz aldyk.

Siz aldyňyz.

Olar alaylar.

* * *

453-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Häzirki zaman işliginiň aşagyny çyzyň.

Gün ỳaşỳar. Töweregi garaňkylyk basỳar. Birden daýhan birleşiginde elektrik çyralary ỳanỳar.

Öýler, köçeler ỳagtylỳar. Indi garaňkylyga orun ýok.

Goňşy obalaryň elektrik yşyklary hem Ülker ỳaly bolşup görünỳärler.

Mekdepde hem näme üçindir bu gün yşyk ỳanỳar.

* * *

454-nji gönükme. Göçüriň, öten zaman işliginiň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Biz okuwdan gijä galmaýarys.

2. Olar ertirine okaỳarlar.

3. Daýhanlar işe çykdylar. Olar işden öỳlän gelỳärler.

4. Biz mekdebiň ussahanasynda her hili zatlary ýasaýarys, bejerýäris.

5. Biz bu gün top oýnamadyk, mekdebiň ekin meỳdançasynda işledik. Sen az oýnaýarsyň, emma köp işleýarsiň.

6. Siz düỳn nirede bolduňyz? Biz düỳn mekdebiň bagyny suwardyk, soňra medeniỳet öỳüne geldik.

* * *

455-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Mälim geljek zaman işlikleriniň aşagyny çyzyň. Onuň goşulmasyny aýdyp beriň.

Jonnuk batyr

Jonnuk batyr öz çagalaryna:

— Siz bal iýjekmi?—diýipdir. 

Çagalaryň kiçijigi dodajyklaryny tamşandyryp:

— Baly nireden aljak?—diýipdir.

— Aýydan.

Çagalaryň ortanjysy:

—  Aýyny nireden tapjak?—diýipdir.

—  Gowagyndan.

—    Aýydan gorkjak dälmi?

Jonnuk batyr:

—    Men aýydan gorkmaýaryn—diýipdir.

B. Kerbabaýew, <<Jonnuk batyr».

* * *

456-nji gönükme. Okaň. Nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk şekilini aýdyp beriň.

— Biz Garagumuň jümmüşinde-de gülzarlyk döredip bileris.

—  Ýogsam name, gumda-da ösümlik gögerer ýaly ederis.

—  Ýok, biz bu ỳerde ýabany ösümlikleri ösdürmeris.

Biz baglarda, suwly ỳerde bitýän miweli baglary, her hili owadan gülleri oturdarys.

-   Biz öz baglarymyzy hiç bir harasada gömdürmeris.

* * *

457-nji gönükme. Okaň, habary aňladýan sözlemleri biraýry, soragy aňladýan sözlemleri biraýry, ýuzlenmegi aňladýan sözlemleri biraýry göçüriň.

1. Ýolagçylar ir bilen ýola düşdüler. Olar günbatar tarapa ugradylar.

2. Ýok bolsun uruş! Ýaşasyn parahatçylyk!

3. Sen sapagyňy okadyňmy?

4. Okuwçylar, hemme sapaklaryňyzdan bäşlik almaga çalşyň! Mugallymyň tabşyryklaryny ỳerine ýetirdiňizmi?

5. Siz ata-eneleriňize, garrylara kömek edýärsiňizmi?

6.   Biziň klasymyzyň okuwçylary obadaky garrylara, maỳyplara seredỳärler. Biz olaryň odunlaryny aýyrýarys, suwuny   getirýäris. Çagalar,  maýyplary,  garrylary hormatlaň!

* * *

458-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Eýäniň aşagyna bir çyzyk, habaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň, olaryň haýsy soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Bäşim atasy bilen maşyna mündi. Olar obanyň içinden, daýhan birleşiginiň meýdanlarynyň deňinden geçdiler. Hemme ýerde daýhanlar işleỳärler.

Traktor tarlap,täze ýer açýardy. Daýhanlar kelem ekýärdiler. Oba göm-gök öwsüp otyrdy. Agaçlar janlanyp başlapdylar. Tutlar gök salyp ugrapdy. Maşyn heniz hem gidip barýardy.

Uzakdan güm gerişleri göründi. Olar hemmesiniň deňinden geçdiler.

Hekaýajyga sözbaşy tapyň.

* * *

459-nji gönükme. Göçüriň. Eýä baglanýan aýyklaýjylaryň aşagyna bir çyzyk, habara baglanýan aýyklaýjylaryň aşagyna iki çyzyk cyzyň. Olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Meniň kakam obada işleỳär. 2. Biz gijämizi çölde geçirdik. 3. Biz mellegimizde işleỳäris. 4. Durdynyň atasy Mekgä gitdi. 5. Atanyň jigisi oňat okaýar. 6. Nartäç jigisini çagalar bagyna äkidỳär. 7. Mugallymymyz bize geldi. 8. Çagalar meỳdanda oýnaýarlar. 9. Biziň terbiýecçimiz ertir Aşgabada gidýär.

* * *

460-nji gönükme. Okaň. Sözlemiň baş agzalaryny, aýyklaýjylaryny aýdyp beriň.

Meniň güjüjigim

Kakam maňa güjüjik getirdi. Men oňa iýer ýaly zat berdim.

Ol ony derrew iýdi. Güjüjik guýrujygyny bulaýlady. Men oňa okarajygynda suw berdim. Ol suwy hem içdi.

Daşarda towuklar gezip ýördi. Güjüjik jüỳjeli towugyň ýanyna bardy. Ol oýnamakçy boldy. Güjüjik towugyň guýrugyndan ýapyşdy. Towuk onuň üstüne zyňdy. Güjüjik waňkyryp ýanyma geldi.

Has gara ýazylan sözleri gurluşlary derňew ediň.

* * *

461-nji gönükme. Göçüriň, deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň. Olaryň arasynda oturyň goýulýandygyna üns beriň.

1. Daýhan birleşiklerinde, şäherlerde, obalarda çagalar bagy bar.

2. Bu günki oýna daýhanlar, mugallymlar, okuwçylar gelerler. Oýunda dördünji klasyň okuwçylary Gurbantäç, Myrat, Bahar dagy çykyş ederler.

3. Goýunlar, geçiler, sygyrlar, düỳeler otluk meỳdanda bakylýar. Gyşyna baýyrda, daglarda hem bakylýar.

4. Biziň medeniỳet öỳümizde Azadynyň, Magtymgulynyň, Keminäniň suratlary bar.

* * *

462-nji gönükme.   Göçüriň, deňdeş  eýeleriň, deňdeş habarlaryň, deňdeş aýyklaýjylaryň arasynda

degişli dyngy belgisini goýuň.

1. Ata Jahan Berdi Bahar matematikadan bäşlik aldylar.

2. Biz mekdepde öỳde köçede özümizi oňat alyp barýarys.

3. Howa suw çörek duz ỳaşaỳyş üçin zerur zatlardyr.

4. Gumlular goýunlaryň sygyrlaryň düỳeleriň sanyny artdyrmak üçin çalyşỳarlar.

5. Gözel eje bize geldi oturdy gürrüň berdi, soň gitdi.

6. Biziň halkymyz bagtly şatlykly gurply ỳaşaỳar. Türkmenistanda pomidor kelem käşir gawun garpyz kädi köp ekilỳär.

* * *

463-nji gönükme. Ýönekeý sözlemleri biraýry, goşma sözlemleri biraýry göçüriň. Goşma sözlemleriň haýsy kömekçiler arkaly baglanýandygyny aýdyp beriň.

1. Men kakama "Türkmenistan" gazetini okap berýärin.

2. Men gazeti sesli okaýaryn, ol üns berip diňleýär.

3. Biziň ýurdumyzda çagalar bagtly ýaşaýarlar.

4. Çagalar ülkämizi hem öwrenỳärler.

5. Men üçünji klasda okaýaryn, Myrat ýedinji klasda okaýar.

6. Biziň ikimiz hem okuwdan boş wagtlarymyz öỳümiziň işlerine kömekleşỳäris.

7. Kakam ussahanada işleỳär. Ejem çagalar bagynda işleỳär.

8. Biz bagtly, agzybir ỳaşaỳarys.