Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

14. Ýönekeý we goşma sözlemler

395-nji gönükme. Sözlemleri göçüriň, her tarapdakylaryň näçe sözlemden ybaratdygyny aýdyp beriň.

1. Men kitap okaýaryn. 1.Men kitap okaýaryn,
emma Jeren hat ýazýar.
2.Jaň kakyldy. 2.  Jaň kakyldy, okuwçylar klasa girdiler.


Bir eýesi we bir habary bolan sözleme ýönekeý sözlem diýilýär.

Meselem: Aman mekdebe sgitdi. Durdy işden geldi.

Birden artyk ýönekeý sözlemlerden ybarat bolan sözleme goşma sözlem diýilýär.

Meselem:   Gök gübürdedi we ýagyş ýagdy. Men öýe geldim, jigim okuwa gitdi. Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemler biri-birleri bilen  baglaýyjy kömekçili we  baglaýjy kömekçisiz baglanyşyp bilýärler.

Meselem:   Gurban kitap aldy,  emma  men depder aldym. Gök gürledi, ýagyş ýagdy.

396-nji gönükme. Okaň, sözlemleriň haýsylarynyň ýönekeý, haýsyiarynyň goşma sözlemdigini aýdyp beriň.

1. Aşyryň jigisi birinji klasda okaýar.

2. Men okaýaryn, emma jigim surat çekýär.

3. Bulutlar syryldy, gün çykdy.

4. Bu gün howa yssy Solar.

5. Mugallymymyz bizi çagyrdy, biz mekdebiň ekin meýdançasyna gitdik.

6. Howa bulutlaşdy, emma ýagyş ýagmady.

7. Men dördünji klasda okaýaryn, emma meniň agam 7-nji klasda okaýar.

8. Biz kitaplarymyzy, depderlerimizi arassa saklaýarys.

Bulutlar syryldy aňlatmasynyň manysyny aýdyň we ony sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

397-nji gönükme. ilki ýönekey sözlemleri, soňra goşma sözlemleri özbaşdak göçüriň.

1. Gün dogdy, jahan ýagtyldy.

2. Ekin meýdanlary oňat bejerilipdir.

3. Mugallym geldi welin, biz ýerimizden turduk.

4. Jaň kakyldy welin, biz klasa girdik. Mugallym klasa girdi, biz sapagymyza başladyk.

* * *

398-nji gönükme. Okaň we bularyň haýsysynyň ýönekey, haýsysynyň goşma sözlemdigini aýdyp beriň, soňra diňe ýönekey sözlemleri göçürip alyň. 

Oglanlar oýnamaga baýyrlyga gitdiler. Birden Artyk ýykyldy. Artykdan jogap bolmady.

Onuň maňlaýy çişipdi, sag aýagy şalkyldap ýatyrdy.

Batyr ony gozgap gördi. Artyk güçli iňlap başlady. Batyr aljyramady, emma Anna gorkysyndan aglady.

indi näme etmeli! Nähili-de bolsa ýol tapmalydy...

Artyk köp wagtlar essine gelmedi.

Ony keselhana getirdiler. Oglanlar Artygy ýatyrdylar. Artyk azajyk rahatlandy.

Onuň maňlaýyna goýlan öl elçalgyç ony essine getirdi. Artyk gözüni açdy.

Bu hekaýa sözbaşy tapyň we ony mazmuny boýunça iki bölege bölüň.

Elçalgyç sözüniň manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

399-nji gönükme. Okaň. Ýonekeý we goşma sözlemleri aýdyp beriň, soňra diňe goşma sözlemleri göçürip alyň.

Gündogar tarapda çaga gülküsi eşidildi we depäniň üstünde iki sany oglan peýda boldy.

Olaryň biri garaýagyzja oglandy, emma beýlekisi bugdaýreňk, uzyn boýlujady.

Oglanjyklar Jemalyň garşysynda haýbat atyp duran zemzeni gördüler.

Olaryň ikisi hem zemzene topuldylar, emma zemzen hem olary gorkuzmaga synandy.

Oglanlar onuň üstüne batly ylgadylar. Zemzen gaçdy, oglanjyklaryň ikisi hem onuň yzyndan kowdular.

Zemzen gaçýar, oglanlar kowýar.

Bu hekaýajyga özüňizden sözbaşy tapyň we ony mazmuny boýunça iki bölege bölüň.

* * *

400-nji gönükme. Okaň we göçüriň. Göçüreniňizde, ilki ýönekey sözlemleri, soňra goşma sözlemleri ýazyň.

Sapar yaňy okuwdan gelipdi. Öýlerinde başga hiç kim ýokdy. Ol  ỳuwunmaga durdy welin, daşardan aglaýan çagaň sesi eşidildi. Ol ses gitdigiçe golaylaşýardy. Sapar oňa rahatsyzlanyp başlady.

—  Näme aglýarsyň? — diýip sorady.

— Şady  meniň  oýnawajymy  aljak  boldy, emma men bermedim.

Sapar daşaryk çykdy, ýöne Begli bilen Şady eýýam bile oýnap ýördüler.

1. Ýönekey sözlem näçe sözlemden ybarat bolýar?

2. Goşma sözlem näçe sözlemden ybarat bolýar?

* * *

401-nji gönükme. Göçüriň, ýönekeý sözlemleriň aşagyna bir çyzyk, goşma sozlemleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň. Ýönekey sözlem bilen goşma sözlemiň tapawudyny aýdyp beriň.

1. Men nebitçi bolmagy arzuw edýärin.

2. biz boş wagtlarymyz şäheriň köçelerini howlularyny arassalaýarys.

3. Ertir men size barmaryn, emma sen bize gelersiň.

4. Meniň enem tikinçi bolup işleýär.

5. Biz agaç nahallaryny oturdýarys, emma olar ýap gazýarlar.

6. Gün çykdy, gar eremäge başlady.

* * *

402-nji gönükme. Özüňizden üç  sany ýönekeý, üç sany goşma sözlem düzüň. Olaryň tapawudyny aýdyp beriň.

Goşma sözlemde we, hem kömekçileri arkaly baglanyşýan ýönekeý  sözlemleriň  arasynda  otur goýulmaýar.

Meselem: Howa bulutlaşdy we ýagyş ýagdy. Gök gürledi hem ýyldyrym çakdy.

403-nji gönükme. Okaň we göçüriň, goşma sözlemleri, olaryň arasynda näme üçin otur goýulmaýandygyny aýdyp beriň.

1. Ata geldi we biz oýnamaga gitdik. Biz uzak gitmedik. Obanyň golaýyndaky ýabyň boýunda oýnadyk. Aýaz boldy we suw doňdy.

2. Ýagyş ýagdy hem howuzlar suwdan doldy.

3. Gün çykdy we howa maýlady.

4. Durdy bize geldi we men onuň bilen okuwa gitdim.

* * *

404-nji gönükme. Göçüriň. Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemleriň arasynda we, hem gelende, oturyň goýulmaýandygyny ýadyňyzda saklaň.

1. Oglanlar dymdylar we enem ertekä başlady.

2. Gyşyna howa sowuk bolýar we suw doňýar.

3.Garaňky düşdi hem ýyldyzlar göründi.

4. Myrat geldi we biz kino gitdik.

5. Gapy kakyldy we bir oglan içerik girdi.

6. Howa bulutlaşdy hem ýel öwüsmäge başlady.

* * *

405-nji gönükme. Okaň. Goşma sözlernleri emele getirỳän ýönekeý sözlemleriň haýsy kömekçiler arkaly baglanýandygyny, şol kömekçiler gelende, oturyň goýulýandygyny ýa-da goýulmaýandygyny aýdyp beriň.

1. Şu günler ýagys ýagýar we howa salkyn bolýar.

2. Gün ýaşdy we towuklar ketege girdiler.

3. Ýaz geldi we otlar gögerdi.

4. Agşam mekdebimizde ýygnak boldy hem ýygnakdan soň oýun görkezildi.

5. Bäşim geldi we biz öz işimize başladyk.

6. Gök otlar meýdany bezeýärdi we guşlar saýraşýardy.

Goşma sözlemdäki ýönekeý sözlemleriň arasynda emma, welin, ýöne kömekçileri gelse, onda emma, ýöne kömekçileriniň öňünden, welin kömekçisiniň soňundan otur goýulýar.

Meselem:   Biz daýhan birleşigiň medeniýet  öỳüne bardyk, emma siz gelmediňiz. Mugallym klasa girdi welin, okuwçylar ýerinden turdular. Men geldim, ýöne sen aýtmadyň.

406-nji gönükme.   Göçüriň.  Goşma  sözlemleriň  degişli ýerinde otur goýuň.

1. Biz köp garaşdyk emma sen gelmediň. Mugallym geldi ýöne sen ony görmediň.

2. Gün ýaşdy welin howa sowamaga başlady.

3. Men üçünji klasda okayaryn emma jigim 2-nji klasda okaýar.

4. Men goşgy ýat tutmagy söýỳärin emma Meret erteki okamagy halaýar.

5. Daň atdy welin mallar ördüler. Oraz geldi ýöne ol Meredi görmändir.

* * *

407-nji gönükme. Goşma sözlemleri saýlap göçüriň. Gerekli ýerinde otur goýuň.

1. Biziň halkymyz zähmeti söýỳär.

2. Biz zähmet bilen bagtly ýaşaýşa ýetdik.

3. Aman şu ýyl 4-nji klasy gutarýar, emma onuň jigisi 2-njini gutarýar.

4..Men kitap okaýaryn emma enem radio diňleýär.

5..Mugallym bize öýe iş tabşyrdy welin jaň kakyldy.

6.Ýaşuly howlukman gürrüň berỳärdi.

7. Biziň obamyzda uly medeniýet öýi salynýar.

8. Myrat geldi we biz kino gitdik.

9.Gyşyna gar ýagýar hem sowuk bolýar. Men aýdypdym ýöne sen diňlemänsiň.

* * *

408-nji gönükme. Emma, ýöne, welin baglaýjy komekçilerini ulanyp, dört sany sözlem düzüň, olaryň degişli ýerinde otur goyuň.

Nusga:  Gün çykdy, emma howa yssy bolmady.

* * *

409-nji gönükme. Okaň. Diňe goşma sözlemleri depderiňize göçüriň.

Okuw sagatlary gutardy we Gully öýlerine gaýtdy Mekdep bilen olaryň öýleriniň arasy daş däldi.

Gullynyň üsti-başy ezilipdi, emma ol şonda-da öýe gitmän, takyra geldi.

Takyryň üsti endigan däl.

Ony ýagyş ýagan wagty Gully has oňat görüp bildi. Gully bu görnüşe ep-esli seredip durdy.

Ýagyş diňdi, ýöne jaýryklardan suw akýardy

* * *

410-nji gönükme. Ýönekey sözlemleri we, hem, emma, ýöne, welin kömekçileri arkaly baglanyşdyryp, goşma sözlemlere öwrüň we depderinize ýazyň.

1. Gün çykdy. Howa maýlady.

2. Çagalar ýygnandy . Mekdebe gitdiler.

3. Ýagyş ýagmasyny goýdy.Bulutlar syryldy.

4.  Men kitap okaýaryn. Kakam diňleýär.

5. Jigim çagalar bagynda bolýar. Men mekdepde okaýaryn.

6. Olar geler.Biz gideris.

7. Men gygyrdym. Sen eşitmediň.

8. Mugallym sorady Men jogap berdim.

Nusga:   Gün çykdy we howa maýlady.

* * *

411-nji gönükme. Göçüriň we gerekli ýerinde otur goýuň. Emma, ýöne kömekçileriniň öňünden, welin kömekçisiniň soňundan otur goýulýandygyny unutmaň.

1. Men gapyny açdym welin kakam öňümden çykdy.

2. Ol dynç alyş güni bizi şähere äkitdi we biz sergide bolduk.

3. Gapy açyldy welim ýaş oglan içerik girdi.

4. Biz mekdebe bardyk emma dutarçylar heniz ýygnanmandyrlar. Biz oturdyk ýöne saz çalynyşygy başlanmandy.

* * *

412-nji gönükme. Okaň we goşma sözlemleri göçüriň. Gerekli ýerinde otur goýuň.

Çebşejik

Gün günorta ýerine barypdy. Gumda öňküsinden beter yssy düşdi we Bäşim birsyhly suslandy.

Nyýazguly aga eşekden düşdi. Ol ylgap depä çykdy welin bir uly bürgüt başaşak indi.

Soňra ýokary galdy. Birje janly zat göründi. Bäşim onuň ýanyna bardy, ol çebşejikdi.

Oy gulaklaryny ýapyryp seredýärdi hem onuň dyrnaçaklanan gulajyklaryrndan gan akýärdy.

Bäşim ony eline aldy emma çebşejik garşylyk görkezmedi. Ol ony atasynyň ýanyna alyp bardy.

Çebşejik sözüniň manysyny aýdyň we ony sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

413-nji gönükme. Emma, ýöne, welin kömekçilerini ulanyp, özünizden bäş sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Düzen sözlemleriňiziň gerekli ýerinde otur goýuň.

Nusga: Otly durdy welin, ýolagçylar düşüp başladylar.

* * *

414-nji gönükme. Göçüriň, gerekli ýerinde otur goyuň. Soraglara degişli jogap beriň.

Gün çykdy emma howa entek sowukdy.

Biz ugradyk welin howa bulutlaşyp başlady. Olar çelegi  ỳüklediler we biz ýola düşdük.

Ýoldaşym ýaşdy ýöne ol zähmetsöýerdi, batyrdy.

Guşlar öz çagalaryny höwürtgede saklaýar emma tilki çagasyny sürende saklaýar.

Gün batdy hem garaňky aralaşdy.

1. Bu goşma sözlemler haýsy kömekçiler arkaly baglanyşýarlar?

2. Haýsy kömekçiler gelende otur goýulýar we goýulmaýar? Eger goýulsa olaryň niresinden goýulýar?

* * *

415-nji gönükme. Okaň. Goşma sözlemleri, olaryň haýsy kömekçiler arkaly baglanyşyandygyny, oturyň nirede goýulýandygyny aýdyp beriň.

Şol gün men dynç alýardym. Baharlara gitmeli wagtymyz geldi, emma Myrat gelmedi. Biz üç bolup telewizora seretmelidik. Mekdebimiziň ýokary klas okuwçylarynyň çykyşy boljakdy.

Myrat geldi welin, biz Baharlara ugradyk. Biz duralga bardyk we awtobus geldi.

Awtobus ugrady, ýöne ol Etrek köçesi bilen gitdi. Biz howlugyp 4-nji awtobusa münüpdiris, emma Baharlaryň öýlerine 6-njy awtobus bilen gitmelidi.Biz awtobusa garaşyp hem durmadyk.

Pyýada gitdik. Baharlaryň howlusyna girdik welin, ol äpişgeden bizi gördi.

— Sapar,  Myrat,  tizräk geliň,  oýun  başlady! — diýip, Bahar şatlyk bilen gygyrdy.

* * *

416-nji gönükme. Hekaýajygy okaň, oňa özüňizden sözbaşy tapyň we mazmunyny gürrüň edip beriň. Goşma sözlemleri hem-de olary emele getiren ýönekeý sözlemleriň nähili baglaýjylar arkaly baglanýandygyny aýdyň.

Juma ir bilen turdy we ol Mawylaryň derwezesini kakdy.

Birbada hiç kim ses bermedi. Juma howlynyň gapysynyň açylaryna garaşdy, emma hiç kim gelmedi.

Ol Mawy bilen kömelek gözlemäge gitmekçidi.

Juma gapyny batly kakdy. Ahyry gapyny Mawynyň ejesi açdy.

— Wiý, bu senmidiň, Juma jan! Gel, öýe gir. Mawy ertirlik edinip otyr.

Juma öýe girmedi,  ýöne-daşarda garaşdy.

«Soňra Mawy daşary çykdy we bular obadan saýlandylar.

Meýdan gök öwüsỳär. Gün gök meýdany nurlandyryp dur. Agşam gök gübürdäpdi hem ýagyş ýagypdy.

Kömelek bolmaly. Mawynyň bir kömelege gözi düşdi.

Munuň hökman höwri bolmaly diýip, töweregine seredip başlady. Şeýdip, Mawy 10-12 sany kömelek tapdy.

Juma bolsa ot ýakyp, tapan kömeleklerinden birnäçesini bişirdi. Oglanlar hezil etdiler.

A. Gurbanow, «Dag we oglan».

* * *

417-nji gönükme. Okaň. Her iki ýönekeý sözlemleriň arasynda we, hem, emma, ýöne, welin baglaýjy kömekçilerini ulanyp, goşma sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň. Gerek ýerinde otur goýmagy unutmaň.

1. Gully ýoldan  saga sowuldy.Ol gapdaldaky alaňlykdan aşdy.

2. Güýçli ýel öwüsdi. Ýagyş ýagmady.

3. Okuw gutardy. Biz dessine meýdança çykdyk.

4. Men bardym. Gurban öýlerinde ýok eken.

5. Howa Garaldy. Ýagyş ýagmady.

* * *

418-nji gönükme. Özüňizden iki sany ýönekeý sözlem, üç sany hem goşma sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.

Düzen goşma sözlemleriňizi emma, ýöne, welin kömekçileri bilen baglanyşdyryň.

* * *

419-nji gönükme. Okaň. Ýönekeý we goşma sözlemleri aýdyp beriň.

Ýaz paslydy. Howa maýlady. Dynç günüdi.

Biz mekdebiň agaçlarynyň düybüni depýärdik. Meret meniň ýanymdady, emma Oraz beýleräkdedi.

Biz iki sagada golaý işledik. Çary dagy bizden hem köpräk işlediler.

Biziň eden işimize mugallymymyzyň göwni ýetdi, ol bize hoşallyk bildirdi.

Mugallymymyzyň sözleri bizi begendirdi. Biz indiki dynç güni hem işlemegi karar etdik.


1.  Hekaýanyň mazmunyny öz sözleriňiz bilen aýdyp beriň.

2. Hekaýadan diňe ýönekeý sözlemleri depderiňize göçüriň.

kiçijik

420-nji gönükme. Okaň. Ýönekeý we goşma sözlemleri aýdyp beriň. Goşma sözlemleri depderiňize göçüriň.

1. Çagalar uçaryň şekilini ýasadylar.

2. Men ýaş aýdymçylaryň döredijilik birleşigine gatnaşýaryn. Men geldim, emma sen gelmediň.

3. Tomaşaçylar oturdylar welin, aýdym-saz başlandy. Bu ýere köp adam gelipdir.

4. Men gygyraryn welin, sen gelersiň.

5. Gök gürledi we ýyldyrym çakdy.

6. Ertir Mary welaýatynda ýaşulularyň ýygnagy bolýar


Ýazan alan sözlemleriňiziň her birinde näçe sany ýönekeý sözlem bar?

Olar haýsy kömekçiler arkaly baglanyşýarlar we otur nirelerde goýulýar?

* * *

421-nji gönükme. Gerekli ýerinde otur goýup, aşakdaky goşma sözlemleri göçüriň.

1. Meniň mugallym bolasym gelỳär emma Maral halyçy bolmak isleýär. 2. Biziň türgenleşdirijimiz geldi we biz meýdança çykdyk. 3. Durdy maňa tabşyrypdy ýöne men wagtynda gelip bilmedim. 4. Mugallym geldi hem ol bize gürrüň berdi. 5. Biz zala girdik welin kino başlandy.

Soraglar:

1.Ýokarky goşma sözlemleriň her biri näçe ýönekeý sözlemden düzülipdir?

2. Ol  goşma sözlemleri   baglanyşdyrýan  kömekçileriň haýsylarynda  otur  goýulýar we  goýulmaýar? 

Eger  goýulsa, niresinde goýulýar?

* * *

422-nji gönükme. Aşakdaky ýönekeý sözlemlere özüňizden ýene bir ýönekeý sözlem goşup, goşma sözlemler emele getiriň we depderiňize ýazyň. Degişli ýerinde otur goyuň.

1. Aman geldi we ...

2. Howa bulutlaşdy emma ...

3. Jan kakyldy hem ...

4. Men mekdebe baraýyn ýöne ...

5. Biz duralga bardyk welin ...

6. Aman saňa köp garaşdy emma ...

Nusga:  Aman geldi we biz işe başladyk.

* * *

423-nji gönükme. Okaň, soňra ýönekeý sözlemleri biraýry, goşma sözlemleri biraýry depderiňize ýazyň.

Biziň mekdebimiz şahyrlaryň suratlaryny aldy. Gün çykdy, emma howa yssy bolmady. Ata aýdym aýtmagy halaýar. Men aýdaýym ýöne sen üns berip diňle. Men oňa düşündirdim. Siz gelersiňiz welin, biz oýnamaga gideris. Daýhan birleşigimiziň gowaçasy oňat gögeripdir.

Biziň  daýhan  birleşigimzde üç sany mekdep  bar.

Okuwçylaryň küşt boýunça ýaryşy biziň mekdebimizde  geçirildi, ýöne biz ikinji ýeri eýeledik.

1. Ýönekey sözlemler näçe sözlemden düzülỳär?

2. Goşma sözlemler näçe sözlemden düzülỳär?

3. Ýokarky goşma sözlemleri emele getirỳän ýönekey sözlemler haysy kömekçiler arkaly baglanysýarlar?

Ol komekcileriň niresinde otur goýulýar?

* * *

424-nji gönükme.  Bu ýönekeý sözlemleri emma,  welin kömekçileri arkaly baglanyşdyryp, goşma sözleme öwrüň we gerekli ýerinde otur goýup, depderiňize ýazyň.

1. Gün ýaşdy. Mallar ýataga gelmedi.

2. Gölämiz geldi. Men ony suwa ýakdym.

3. Maşyn geldi. Biz şähere ugradyk.

4. Biz köp garaşdyk. Olar gelmediler.

5. Sagat bäş boldy. Uçar gelmedi.

6. Biz duralga bardyk. Trolleýbus geldi.

N u s g a: Gün ýaşdy, emma mallar ýataga gelmedi.

* * *

425-nji gönükme. Okaň we goşma sözlemleri, olary düzỳän ýönekeý sozlemleriň haýsy kömekçiler arkaly baglanýandygyny aýdyp beriň.

Gyş gutardy we ol öz ornuny ýaza berdi. Howa birneme maýlapdy hem gün eýýäm ep-esli uzalypdy. Gije bílen gündiziň deňlesmegine entek salym bardy.

Dürli guşlaryň jürrüldisi artýardy we töwerek günsaýyn janlanýardy. Tilkiler, garsaklar boz tümmeklerde güneşleýärdiler, ýöne möjekler gije-gündiz aw gözleýärdiler.

Ýaňy çykan ýazyň ýylyja günleriniň biridi.  Gaýly bir topar okuwçylar bilen Çarwa Mergeniň howlusyna geldi. Okuwçylar howla girmän, üýşüp durdular.

Howludan garry awçynyň aýdym hiňňildisi eşidilýärdi. Okuwçylar biri-biriniň  ỳüzüne seredişýärdiler, emma Gaýly heniz hem sessiz yşyklap durdy. Soňra oglanlar howla girdiler we garry awça hormat bilen salam berdiler.

B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi.

Hekaýany iki bölege bölüň we her bölege özüňizden sözbaşy tapyň.

awçy

426-nji gönükme. Özüňizden we, hem, emma, ýöne, welin kömekçilerini ulanyp, bäş sany goşma sözlem düzüň. Gerekli ýerinde otur goýup, sözlemleri depderiňize göçüriň.

* * *

Salam haty, makala we bildiriş

427-nji gönükme. Salam haty okaň. Onuň ýazylyşyna üns beriň we mazmunyny aýdyň. Bu hatdaky ýönekeý hem-de goşma sözlemleri aýdyp beriň.

Salám haty

Salam, gadyrly Durdy! Seniň hatyňy, aldym. Sag-salamat baranlygyňa we okuwa başlandygyňa begenýärin.

Sen öz eken baglaryň hakynda sorapsyň.

Obada-da üýtgeşiklikler köp.

Medeniýet öýi üçin salynýan jaýyň gurluşygy gutardy we biz onuň içini bezedik.

Obanyň günbatar çetinden iki sany täze ýasaýyş jaýy salynmaga başlandy.

Gurluşykda köp ussa işleýär, ýöne biz hem olara kömekleşýäris.

Durdy, klasymyzyň hemme okuwçylaryndan saňa salam! Öz klasdaşlaryňa-da salam aýt!

Hoş, sag-salamat gez!

Salam bilen, Aşyr. 2001-njy ýylyň 12-nji maýy.

* * *

428-nji gönükme. Özüňizden goşun gullugyndaky doganyňyza, beýleki şäherlerdäki, obalardaky garyndaşlaryňyza, dostlaryňyza, joralaryňyza salam haty ýazyň.

* * *

429-nji gönükme.Aşakda öz daýyňyza yazan salam hatyňyzyň dowamyny soňlap, depderiňize ýazyň.


Salam, daýy! Ejemiň, kakamyň we jigilerimiň tarapyndan daýzama we Nursoltana,

Ýeňşe biziň salamymyzy gowşuryň. Biz sizi hemişe ýatlap durýarys.

Siziň: lýul aýynda  maşgalamyz bilen Arçmana dynç almaga gidýaris diýip ýazan hatyňyzy aldyk.

Biz Ýeňsiň doglan gününi gutlap, size gutlag hatyny iberipdik.

* * *

430-nji gönükme. Mekdebiň diwar gazetine ýazylan makalany okaň we mazmunyny gürrüň edip beriň.

         Biziň klasymyz 

Okuw ýyly gytaryp gelýär. Mugallymymyz geçilenleri gaýtalamaga köp üns berỳär.

Indi aýratyn güyç bilen okamagyň wagty geldi.

Biziň klasymyzda 30 okuwçy okaýar. Olar geçen çärýeklerde oňat okadylar.

Oňat ýetişik gazandylar. Klasdaşlarymyz mekdebiň işine-de kömek etdiler.

Olar mekdebiň ekin meýdançasynda, şäherçäniň köçelerinde miweli agaçlaryň nahallaryny oturtmakda beýleki klasyň okuwçylaryna görelde boldular.

Ýowarda oňat işleyşimiz ýaly, okuwda hem ýokary ýetişijklere eýe bolýarys.

Klasymyzda Jeren Saparowa, Gully Durdyýew, Maýsa Baýramowa, Güller Ataýewa dagy diňe bäşlik bahalar bilen okaýar.

Häzir biz 3-nji klasdan 4-nji klasa üstünlikli geçmäge, klasymyzyň abraýyny artdyrmaga çalyşyarys.

Biz öz sözümizde tapylarys!

Gözel Meredowa, Sapar Bäşimow.

Makaladaky sanlary, olaryň nähili sanlardygyny aýdyp beriň.

* * *

431-nji gönükme. Gazet üçin ýazylyp başlanylan makalany dowam etdirip soňlaň we depderiňize ýazyň.

Okuwçylaryň asylly işi

Geçen dynç güni 3-nji "A" we "B" klaslaryň okuwçylary bolup, mugallymyň ýolbaşçylygynda gezelenje daga gitdik. Biziň maksadymyz oňat dynç almak bilen bir wagtda saglyk üçin peýdaly ösümlikleri ýygmakdy hem-de olary etrabyň dermanhanasyna tabşyrmakdy.

Okuwçylar ir sagat 8-de mekdebiň meýdançasyna ýygnandylar...

* * *

432-nji gönükme. Obanyň, mekdebiň işlerine, ýowarlara gatnaşyşyňyz barada gazete habar berip, kiçijik makala taýýarlaň we depderíňize ýazyň.

* * *

433-nji gönükme. Her haýsyňyz öz ýoldaşyňyz hakynda üçin bir gysgaça makalany depderiňize ýazyň.

* * *

434-nji gönükme.   Mekdep okuwçylarynyň dykgatyna ýazylan bildirişi okaň. Onuň mazmunyny aýdyp beriň.

Bildiriş

2001 -nji ýylyň 10-njy noýabrynda sagat 18-de 1-nji, 2-nji, 3-nji klas okuwçylarynyň ata-eneleriniň ýygnagy boljak.

Ýygnaga ýokarda görkezilen klaslaryň okuwçylary öz ata-eneleri bilen gelmelidirler.

Mekdebiň direktory.

Bildirişi depderiňize göçüriň we tertip sanlaryň aşagyny cyzyň.

* * *

435-nji gönükme. Bildirişi okaň we göçüriň. işlikleriň aşagyny çyzyň.

Bildiriş

Mekdebimizde küşt topary açyljak.

Küşt öwreniş toparyna gatnaşmak isleýänler

15-nji maýda sagat 12-de 3-nji "B" klasyň jaýyna gelmeli.

Mekdebiň bedenterbiýe birleşigi.

owreniş

436-nji gönükme. Ozüňizden bildiriş taýýarlap depderiňize ýazyň,

* * *

437-nji gönükme. Mekdebiň çeper howesjeňleriniň ýygnagy barada bildiriş, soň olaryň çykyşy hakynda makala taýýarlap, depderiňize ýazyň.