Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

13. Deňdeş agzalar

376-njy gönükme. Okaň. Birmeňzeş soraga jogap bolýan sözleri aýdyp beriň.

1. Biz asuda, agzybir, parahat Watanymyza guwanýarys. 2. Biziň Prezidentimiziň Permany esasynda

Haly, Bedew, Nowruz we başga-da birnäce baýramcylyk günleri bellenilýär. 3. Aşgabat şäherinde Magtymgulynyň, Azadynyň, Saparmyrat Turkmenbaşynyň atlary iň uly köçelere dakyldy.

* * *

377-njy gönükme. Göçüriň, hemmesi birmeňzeş soraga jogap bolýan sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Biz bu gün mekdepde, okalgada bolduk. 2. Aşyr, Berdi, Myrat dagy bize geldiler. Biz okadyk, ýazdyk, surat çekdik. 3. Gülnara, Baýrama, Sapara sylag berildi. 4. Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Nurmyrat Saryhanow türkmen ýazyjylarydyr. 5. Sahy Jepbar, Magtymguly Garly Türkmenistanyň halk bagşylarydyr.

Barysy bir soraga jogap bolup, bir agza baglanýan sözlere deňdes agzalar diýilýär. Deňdes agzalaryň arasynda otur goýulýar.

Meselem:   Aman,  Meret,   Oguljan   üçünji klasda okaýarlar. Meret okaýar, ýazyar. Durdyny, Agany, Maýsany mugallym çagyrýar.

378-njy gönükme. Göçüriň, deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň, olaryň arasynda näme goýulýandygyny aýdyp beriň.

1. Jeren, Baýram, Bibi, Nury — bular örän gowy okaýarlar.

2. Men sapaklarymdan dörtlük, bäşlik alýaryn.

3. Biziň okalgamyzda her hili gazetler, žurnallar, kitaplar bar.

4. Meniň kakam, ejem, doganym obada işleýärler.

5. Oba hojalyk maşynlary ýeri sürỳär, ekỳär, bejerýär. Pagta, nebit, gaz biziň baýlygymyzdyr.

* * *

379-njy gönükme. Okaň, deňdeş agzalary aýdyp beriň we  olaryň arasynda oturyň goýluşyna üns beriň.

1. Men galam, depder, kitap aldym. Ol ýerden  seni tapyp bilmedim.

2. Okuwçylar, siz edepli, tertipli bolmalysyňyz.

3. Mekdepde, öýde, köçede özüňizi oňat alyp baryň!

4. Hemme ýerde edepli, tertipli, asylly boluň! Şeýle bolsaňyz, sizi mugallymyňyz, dostuňyz, hemmeler hormatlar.

5. Biziň ýurdumyz kömüre, nebite, pagta baýdyr.

6. Olar biziň halkymyzyň baýlygydyr.

7. Myrat ýazýar, okaýar.

Terbiýeçi   sözüniň   manysyny  düşündiriň   we   ony  sözlük depderiňize ýazyň.

* * *

380-njy gönükme.  Göçüriň.  Deňdeş  agzalaryň  aşagyny  çyzyň we degişli ýerinde otur goýuň.

1. Açyk arassa meýdanda gök önümler ekilỳär. 2. Ol ýerlerde kelem käşir sogan pomidor gawun garpyz ýetişdirilỳär. 3. Gök önümler obada şäherde satylýar. 4. Durdy Aman Gözel biziň klasymyzyň göreldeli okuwçylarydyr. Olar hemme sapaklaryndan dörtlük bäşlik alýarlar.

Sözlemiň deňdeş  a gzalary eýeden, habardan, aýyklaýjy sözlerden bolýar.

Meselem :

1) Oraz,   Meret,   Jahan   mekdebiň   ekin meýdançasyna gitdiler. Bu ýerde deňdeş agzalar sözlemiň eýeindan boldular.

2) Daýhanlar kelemiň, hyýaryň, pomidoryň bol hasylyny ýetişdirdiler.  Bu ýerde  deňdeş  agzalar sozlemiň aýyklaýjylaryndan boldular.

3) Biz okaýarys, ýazýarys, diňleýäris. Bu ýerde deňdeş agzalar sozlemiň habaryndan boldular.

381-njy gönükme.  Okaň. Deňdeş agzalary depderiňize göçüriň.

1. Gumda sazak, selin, çeti bitýär. 2. Obanyň goýunlary, geçileri, sygyrlary otluk meýdanda bakylýar. 3. Men, Myrat, Baýram, Orazgül, Nurtäç dagymyz medeniýet öỳünde bolduk. 4. işçiler, daýhanlar, gullukçylar medeniýetlí ýaşaýarlar. 5. Okuwçylar agaç nahallaryny oturdýarlar, suwarýarlar, olaryň düýbüni ýumşadýarlar. 6. Ýaşlar okaýarlar, bilim alýarlar. 7. Biziň Watanymyz nebite, pagta, gaza baýdyr.

Göçüren deňdeş agzalaryňyz sözlemiň haýsy agzalary?

* * *

382-njy gönükme.  Göçüriň, deňdeş eýeleriň aşagyny çyzyň, olaryň arasynda degişli dyngy belgisini g oýuň.

1. Aman Gurban Jahan Bahar çeper höwesjeňleriň birleşigine gatnaşýarlar.

2. Käkilik kepderi gaz —owadan guşlar.

3. Biziň Türkmenistanymyzda alma üzüm armyt ýaly miweler köp.

4. Mekdebimiziň janly burçunda towşanlar, guşlar bar.

5. Daýhan birleşikleri ýaz ekişini gutardylar.

* * *

383-njy gönükme.  Özüňizden deňdeş eýeli bäş sany sözlem düzüň. Deňdeş eýeleriň arasynda nähili dyngy belginiň goýulýandygyny aýdyp beriň.

N u s g a : Aman, Aşyr, Bahar mekdepden gelýärler.

* * *

384-njy gönükme. Göçüriň. Deňdeş habaryň aşagyny çyzyň, olaryň arasynda degişli dyngy belgisini goýuň.

1. Biz okaýarys, bilim alýarys.

2. Oba hojalyk maşynlary ýeri bejerỳär arassalaýar sürỳär.

3. Kombaýn bugdaýy orýar döwýär arassalaýar.

4. Bagşy aýdym aýtdy saz çaldy.

5. Biz her gün ertirine ýuwunýarys nahar edinýäris.

6. Mugallym bize düşündirýär öwredỳär.

* * *

385-njy gönükme.  Özüňizden deňdeş habarly bäş sany sözlem düzüň. Deňdeş habarlaryň arasynda nähili dyngy belginiň goýulýandygyny aýdyp beriň.

N u s g a :  Çagalar okaýarlar, ýazýarlar.

* * *

386-njy gönükme.  Göçüriň. Deňdeş aýyklaýjylaryň aşagyny çyzyň, olaryň arasynda degişli dyngy belgisini goýuň.

1.  Biz  mekdebiň ekin  meýdanynda käşir ýorunja pomidor  ekýaris. 2.  Moskwada  Daşkentde  Bakuda Kiýewde metro bar. 3. Meredi Aýjemaly Durdyny sylagladylar. 4. Biz goýunlaryň geçileriň sygyrlaryň öri meýdanynda bolduk. 5. Biziň klasymyzyň okuwçylary garrylara maýyplara kömek edýarler.

* * *

387-njy gönükme.  Özüňizden deňdeş aýyklaýjyly dört sany sözlem düzüň. Deňdeş aýyklaýjylaryň arasynda nähili dyngy belginiň goýulýandygyny aýdyp beriň.

Nusga:   Men kitap, depder, galam aldym.

* * *

388-njy gönükme.  Şygry labyzly okaň. Soňra deňdeş agzalary, olaryn arasynda nähili dyngy belgisiniň goýulýandygyny aýdyp beriň.

Syýahatçy balyklar

Gezip çykýas derýany,

Ýüzüp çykýas kölleri.

Syýahatçy balyk biz,

Gördük eýýäm kän ýeri.


Suw içinde  ỳüzmäge

Gaty çakgan, ökde biz.

Soraberiň, aýdarys

 Deňiz, derýa hakda biz.

k. Nurbadow.

* * *

389-njy gönükme.  Okaň we göçüriň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň, olaryň arasynda nähili dyngy belgisiniň goýulýandygyny aýdyň.

—  Gumda pyşdyly, alakany, kirpini köp gördüm.

Bir gezek sülgün hem gördüm. Men towşany keýigi

hem yzarlap bilỳärin.

Çopanjyk gürrüňe gyzyşyp barýardy. Oglanlar onuň gürrüňini diňleýärdiler.

— Meniň kakam tilki, şagal, möjek ýaly haýwanlary köp görüpdir.

Mugallymymyz, terbiýeçimiz maňa bir keýik owlagynyň suratyny çekmegi tabşyrdy.

* * *

390-njy gönükme.  Degişli dyngy belgisini  goýup, bu sözlemleri depderiňize göçüriň.

Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň we olaryň sözlemiň haýsy agzasydygyny aýdyň.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan dürli yurtlara şäherlere uçarlar otlylar gidỳär.

Aşgabada Kiýewden Stambuldan   Moskwadan   Alma-Atadan   Daşkentden uçarlar gatnaýar. 

Kombaýn arpany bugdaýy ýygýar döwỳär arassalaýar.

* * *

391-njy gönükme. Göçüriň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň we olaryň arasynda degişli dyngy belgisini goýuň.

1. Mekdebimiz täze partalar stollar oturgyçlar aldy.

2. Ertir birinji ikinji üçünji hem-de dördünji klas okuwçylarynyň ýygnagy bolýar.

3. Kitaby söýüň okaň!

4. Bäşim Nury Gözel dagy mekdepde galdylar.

parta

392-njy gönükme. Deňdeş agzalaryň arasynda degişli dyngy belgisini goýup, sözlemleri depderiňize göçüriň.

Gowaça gögereninden soň, daýhanlar ony ýekelemäge otamaga başladylar.

Gowaçanyň düýbüni topragy maşynlar ýumşadýar. Topragy ýumşatmak örän möhüm işdir.

Toprak ýumşak bolsa, ondan howany,suwy,we iýmiti sorup almak ösümligiň köklerine aňsat bolýar.

Ýazyň tomsuň dowamynda gowaça meýdany birnäçe gezek bejerilỳär.

* * *

393-njy gönükme. Okaň we göçüriň. Deňdeş agzalaryň degişli ýerinde otur goýuň.

Hat

Ejesi Sonadan gelen haty okamaga başlady. Kyýas diňleýärdi.

Kakama ejeme Gurban jana Sonanyň tarapyndan salam. Men dynç alyş meýdançasyna gelen güňüň Durdy Sapar Kemal Gözel we başga birnäçe oglanlar gyzlar bilen dostlaşdym. Olar bilen gezelençlere syýahatlara kino bileje gidýäris. Naharam bir yerde üýşüp iýýäris.

Hoş sag boluň! Hat ýazan Sona".

* * *

394-njy gönükme. Deňdeş eýelerden, habarlardan, aýyklaýjylardan peýdalanyp, sözlemler düzüň, gerekli ýerinde otur goýuň.

1. Aman Meret Sapar Jahan.

2. Daýhanlar işçiler.

3. Okaýarys ýazýarys surat çekýäris.

4. Alma erik ülje nar.

5. Goýunlaryň geçileriň sygyrlaryň.

N u s g a : Aman, Meret, Sapar, Jahan üçünji klasda   okaýarlar.