Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

12. Sozlemiň aýyklaýjy agzalary

356-njy gönükme. Okaň. Sözlemleriň eýe bilen habaryndan beýleki sözlerini aýdyň.

1. Biz dynç alyş güni Serdar ýoluna gezelenje gitdik.

2. Biz pagtaçylara pagta ýygmaga kömekleşjek.

3. Okuwçylar "Güneş" žurnalyna ýazyldylar.

4. Merediň kakasy Türkmenbaşy şäherine gitdi.

5. Men Asgabada gitdim. Ol ýerde Bitaraplyk binasyny gördüm.

Sözlemde eýe bilen habardan başga-da sözler bolup bilỳär.

Meselem: Biz okuwdan geldik. Agam dagda işleýär. Olar mekdebiň ussahanasyna gitdiler. Sözlemdäki  eýe  bilen  habardan  beýleki  sözlere aýyklaýjy agzalar diýilýär.

357-njy gönükme. Okaň. Sözlemleriň aýyklaýjy sözlerini aýdyp beriň.


Bibiniň kakasy agaç ussasy bolup işleýär. Ol oňat äpişge, gapy ýasaýar.

Bibi her gün mekdepdäki öwrenen zatlaryny kakasyna aýdýar. Durdy aga Bibiniň gürrüňini ünsli diňleýär.

Durdy aga soňra gyzyna matal aýdyp berýär. Bibi matalyň jogabyny tapýar. Bibi gowy okaýar.

Bir gün ir bilen gapy kakyldy.Bibi gapyny açdy.

Hat gatnadýan Bibä gök bukjaly haty berdi. Bibi haty derrew ejesine buşlady.

Ol hat Bibiniň Aşgabatda okaýan doganyndan gelipdir.

gürrüň

358-njy gönükme. Sözlemleri göçürin, aýyklaýjy sözleriň aşagyny çyzyň.

1. Men kitap okaýaryn. 2. Biz mekdebe barýarys.3.Daýhanlar gowaça ekỳär. 4. Ol bilimini artdyrmak üçin köp okaýar. 5. işçiler jaý salýarlar. 6. Men size hat ýazýaryn. 7. Oraz gyzykly kitap aldy. 8. Kakam daýhan birleşigiň sygyrlaryny bakýar. Bu gün sygyrlar örüden ir ikindin geldi.

* * *

359-njy gönükme. Baş agzalardan ybarat bolan şu sözlemlere aýyklaýjy sözler goşup, depderiňize ýazyň.

1. Men gidýärin.2.Oraz okaýar.3.Bibi tikỳär.

4. Biz gitdik. 5.Ol gelỳär. 6.Aman öwrenỳär.

Nusga:  Men ertir şähere gidýärin.

Aýyklaýjy sözler eýä ýa-da habara baglanýarlar. Eýä baglanýan aýyklaýjylar kimiň?, nämäniň?, nähili?, neneňsi? ýaly soraglara jogap bolýarlar. Meselem: Meniň kakam işteýär. Ak gar eredi.

360-njy gönükme. Okaň. Eýä baglanýan aýyklaýjy sözleri we olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

1. Biziň- mugallymymyz sylaglandy. 2. Meniň ejem ýüpek kärhanasynda işleýär. 3. Ýanjykly oglan mekdebe barýar. 4. Gyzyl köýneklije gyzlar tans edýärler. 5.Güýçli ýel öwüsdi. 6. Atly  adamlar geldiler.

Ýanjyk sözüniň manysyny sözlükden owreniň.

* * *

361-njy gönükme. Göçüriň, eýä baglanýan aýyklaýjy sözleriň aşagyny çyzyň.

Olaryň üstünden soraglaryny ýazyň.

1. Tanymal işçiler ýaryşa goşuldylar, 2. Biziň mugallymymyz kömür hakynda gürrüň berdi. 3. Durdynyň ejesi orden bílen sylaglandy. 4. Ýaş oglanlar ösümlikleri öwrenỳärler.

Nusga:   Tanymal işçiler ýaryşa goşuldylar.

Habara baglanýan  aýyklaýjylar kime?,  näma?, nirä? , kimi? , nämäni? , niräni? , kimde?, nämede? , nirede? , kimden?, nämeden?, nireden? , haçan? , nähili? ýaly soraglara jogap bolýarlar. 

Meselem: Ata mekdebe gitdi. (nirä gitdi?). Men düýn geldim, (haçan geldim?). Maşyn şähere ugraýar

(nirä ugraýar?).

362-njy gönükme. Okaň, habara baglanýan aýyklaýjy sözleri tapyň we olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

1. Aşyr oba gitdi. 2. Biziň halkymyz bagtly we şatlykly ýaşaýar.

3. Biz parahatçylyk isleýäris. 4.Daýhanlar işden geldiler. 5. Biz zähmeti, okuwy söýỳäris.

* * *

363-njy gönükme. Göçüriň, habara baglanýan aýyklaýjy sözleriň üstünden olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny ýazyň.

1. Biz meýdanda işleýäris. 2.Olar mekdebe geldiler. 3. Biz arman işläris. 4. Men şäherden geldim. 5. Meret

şäherden düýn geldi. 6. Olar meýdança ýygnanýarlar. 7. Aman mekdepden geldi.

* * *

364-njy gönükme. Okaň. Has gara ýazylan sözleriň içinden şol sözleriň habaryna baglanýan aýyklaýjylaryny tapyň, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Garagulak

Biz ir ýatdyk. Daňa golaý garagulagyň sesine oýandyk. Adamlar maşynyň üstünden ýere düşdüler.

Çöl säheriniň çigregi eginleri ýygyrdýardy. Gara aga ot ýakyp, tüňçeleri oturtdy.

Garagulak edil taýak ýetim golaýjagymyzda gygyrdy.

Sapar:

Wah, itiň gerek ýeri-da!   —   diýip,   gaharly hüňürdedi.

— Itler Garagulaga batyrynmaga het edip hem bilmezler. Garagulak gedem hem batyrgaý,

iti ýykyp, onuň garnyna münäýỳär. it gymyldamasa zat diýenok, düşýär-de ötägidỳär.

Gymyldasa-da art aýaklarynyň pyçak ýaly ýiti dyrnaklary bilen itiň garnyny diläýỳär — diýip,

Gara aga düşündirdi.

(H. Sirow, «Garagulak»).

* * *

365-njy gönükme. Göçüriň. Ýaýyň içindäki nokatlara derek öň ýanyndaky habara baglanýan aýyklaýjy sözleriň soraglaryny ýazyň.

1. Meniň kakam guma (...?) ugraýar. Ol dükana (...?) barar. Kakam daýymlara (...?) barar.

2. Ol ädigini (-...?) geýýär.

3. Aman jigisini (...?) gowy görỳär.

4. Men Kawkazy (...?) gördüm.

5. Sapar kitaby (...?) çalt (...?) okaýar. Biz ertirine (...?) okaýarys. Meniň jigim çagalar bagyna (...?) gatnaýar.

6. Biz Durdularda (...?) garaşdyk.

N u s g a :  Meniň kakam guma (nirä?) ugraýar.

* * *

366-njy gönükme. Özüňizden bäş sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň. Olardaky eýä we habara baglanýan aýyklaýjylary nusgadaky ýaly edip bellaň.

kimin?
nireden?

Nusga:  Nikolaýyň kakasy Moskwadan geldi.

* * *

367-njy gönükme. Bu  sözleri  sözlem içinde  getirip depderiňize ýazyň. Olaryň haýsy agza baglanýandygyny we nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Merede, Atany, Atadan, düýn.

* * *

368-njy gönükme. Göçüriň, habara baglanýan aýyklaýjy sözleriň aşagyny cyzyň we olaryň yzyndan ýaýyň içinde soraglaryny ýazyň.

1. Men gölämizi getirdim. 2. Awçylar awa gitdiler. 3. Ol el-ýüzüni ýuwdy. 4. Gurbandurdy gaharly gepleýärdi.

5. Awtobus oba ugrady. 6. Birleşigiň agzalary Ýazmyradyň teklibini makulladylar. 7. Biz ýaşulynyň gürrüňini diňledik.

Nusga:  Men gölämizi (nämäni?) getirdim.

* * *

369-njy gönükme. Okaň, haýsy sözlerin eýa, haýsy sözleriň habara baglanýandygyny, olaryň soraglaryny aýdyp beriň.

1. Meniň  kakam  gurluşykda  işleýär.   2. Amanyň ejesi çagalar bagynda işleýär.  3. Eli ýanjykly oglan mekdepden  gelỳär.  4. Biziň  halkymyz  parahatçylyk isleýär. 5.Okuwçylar meýdana gitdiler. 6. Ýaz şemaly öwüsỳär. 7. Tawus biziň klasymyzda okaýar.

* * *

370-njy gönükme. Göçüriň, sözlemiň eýesine baglanýan aýyklayjy sözleriň aşagyna bir çyzyk, habaryna baglanýan aýyklayjy sözleriň aşagyna iki çyzyk çyzyň. Ol aýyklaýjylaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Biziň okuwçylarymyz dynç alyş meýdançada boldular. 2. Şäherde täze sergi açylypdyr. 3. Meýdanda guzular bökjekleşýärler. 4. Daýhan birleşigiň goýunlary çölde bakylýar. 5. Güýzüne ýapraklar saralýar.

* * *

371-njy gönükme. Okaň, aýyklayjy sözleriň sözlemiň haýsy agzasyna baglanýandygyny, olaryň haýsy soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Ýaz günlerinde

Maýyl günler geldi. Şäheriň sergin howasynda guşlaryň sesi eşidilýär.

Gök otlaryň üstünde kebelekler perwaz urýarlar.

Bu mahal mekdebiň öňündäki meýdançada çagalar oýnaýardylar. Birden jaňyň sesi geldi.

Çagalar klaslara ýygnandylar. Mekdepde sapaklar başlandy.

5-nji klasyň okuwçylary ekin meýdançasyna bardylar. Olar elleri pilli ýaş nahallaryň düýbüni

ýumşatdylar. Okuwçylar mekdebiň töwereginde, obanyň köçelerinde saýaly agaçlary oturtdylar.

* * *

372-njy gönükme. Sözleri ulanyp, sözlemler düzüň we depderiňize ýazyň. Bu sözleriň sözlemiň haýsy agzasyna baglanýandygyny we nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Atany, mekdepde, düýn, biziň, Gurbana. kimi?

Nusga:  Men Atany gördüm.

* * *

373-njy gönükme. Şygry birnäçe gezek labyzly okaň. Soňra onuň mazmuny boýunça kiçijik hekaýa düzüp, depderiňize ýazyň. Düzen hekaýajygyňyzdaky aýyklaýjy sözleriň aşagyny çyzyň.

Tut

Gapymyzda tut ekdim, 

Tudum derrew boý aldy.

Ýeke ýylyň içinde 

Boýumdan-da beýgeldi.

Şu ýyl gurçuk mahaly  

Menemtudum pudajak.

Ýadarsyň diýýaňizmi?

Goý, ýadasam ýadaýyn.


Şapbat ýaly ýapragy, 

Men  tudumy goraýan. 

Oňa derek ejemiň

Tamasyny ödejek.

Sähelçe kem tapdygy,

Ejem jandan soraýan.

A. Baýmyradow.

Kem tapmak aňlatmaşynyň manysyny sözlükden öwreniň. 

* * *

374-njy gönükme. Özüňizden bäş sany sözlem düzüň. Eýä baglanýan aýyklaýjylaryň aşagyna bir çyzyk, habara baglanýanlaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

Nusga:  Meniň kakam Tejene gitdi.

* * *

375-njy gönükme. Okaň, aýyklaýjylary we olaryň sözlemiň haýsy agzalaryna baglanýandyklaryny aýdyp beriň.

Mekdebiň ussahanasy

Mekdebiň ussahanasynda gyzgalaňly zähmet dowam edýär.

Bu ýerde okuwçylar zähmet sapagyny geçýärler. Çekijiň, törpiniň, reňdaniň sesi eşidilýär.

Ynha, çetde bir oglanjyk öz işi bilen başagaý bolyp dur.

Ol ýylmanak tagtanyň her ýerräginden buraw bilen oýýar.

Soňra ol ujy tommuja taýajyklary oýan ýerine sokup berkidýär.

Ine, kiçiräk geýim asawaç taýýar. Ussahanada okuwçylaryň ýasaýan zatlary gün-günden köpelỳär.

Has gara ýazylan sözleri gurluş taýdan derňaň.