Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

11. Geçilenleri gaýtalamak

344-nji  gönükme.  Gepleşigi  okaň we  at çalyşmalaryny aýdyp beriň.

Gepleşik

-   Maksat, sen näçe ýaşyňda?

-  Şöhrat, men on yaşymda.

-  Maksat, seniň doglan ýylyň näçenji ýyl?

-  Şöhrat, meniň doglan ýylym 1990-njy ýyl bolmaly.

-  Maksat, siz haýsy köçede ýaşayarsyňyz?

-  Biz Kemine köçesinde ýaşaýarys.

-  Maksat, seniň dostuň barmy?

-  Şöhrat, meniň gowy dostum bar.

-  Onuň ady kim?

-  Onuň ady Batyr.

-  Ol näçenji klasda okaýar?

-  Ol üçünji klasda okaýar

-  Maksat, seniň dostuň size gezmäge gelỳärmi?

-  Hawa, ol bize gezmäge gelỳär, men hem olara barýaryn.

* * *

345-nji  gönükme. Aşakdaky at çalyşmalaryny ähli düşümler bilen üýtgedip, depderiňize ýazyň.

Olaryň soňundaky n, l çekimsizleriniň haýsy düşümlerde nähili seslere öwrülỳändigini aýdyp beriň.

Men, sen, ol.

* * *

346-nji  gönükme. Göçüriň, ýaý içindaki at çalyşmalaryny degişli düşümlerde getiriň.

Dostuňdan (sen) hat geldimi? (Men) Marydaky dostumdan iki hat geldi.

Ol (men) suratyny hem iberipdir. (Ol) kakasy mekdepde işleýär.

Men dostumyň suratyny (sen) görkezerin.

(Biz) Watanymyz hemişelik Bitarap döwlet boldy.

* * *

347-nji  gönükme. Okaň. işlikleri we olaryň haýsy zamandadygyny aýdyň.

1. Aşgabat   şäheri  gün-günden ösỳär. Aşgabatda birnäçe binalar guruldy.

Bitaraplyk binasy, Türkmen başynyň Ruhyýet köşgi, kaşaň myhmanhanalar, beýik- beýik jaýlar

we  birnäçe  gurlan ýadygärlikler şäheri gözel görke getirýär.

2. Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Bitarap döwlet boldy.

Biziň Diýarymyzda her ýylyň 12-nji dekabry dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär.

Kaşaň sözüniň many syny sözlükden öwrenin.

* * *

348-nji  gönükme. Aşakdaky işlikleri ýöňkeme bilen üýtgedip, depderiňize ýäzyň. Her bir işligiň haýsy zamandadygyny, onuň haýsy soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Ýazdy, alýar, geler.

1.Men ýazdym, alýaryn, gelerin.

2.Sen

3.Ol


1.Biz

2.Siz

3.Olar

* * *

349-nji  gönükme.Göçüriň, ýaý içindäki nokatlaryň ýerine onuň öň ýanyndaky işlige degişli soraglary ýazyň we ol işlikleriň haýsy zamandadygyny aýdyp beriň.

Tomus günleri gutardy (...). Güýz günleri geldi (...). Güyz günleri agaçlaryň ýapraklary dökülỳär.(...) Howa bulutlasýar (...), birden ýagyş ýagýar (...). Kakam mergen.

Ol awa gitdi (...). Kakam ýene iki günden geler (...).

Ol tiz wagtdan dynç almaga gider (...).

Aşgabatda pagtaçylaryň maslahaty boljak (...).

* * *

350-nji  gönükme. Okaň. Häzirki zaman işliklerini tapyň we olaryň nahili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Türkmen esgeri

Men okaýaryn,

Ýurdy goraýar esger.

Okuwçynyň halyny

Soraýar esger.


Haly dokaýar ejem,

Goraýar esger.

Halyçynyň halyny

Soraýar esger.


Parahatlyk perzendi

Türkmen esgeri.

Rahatlyk perzendi

Türkmen esgeri.

A. Atajanow.

* * *

351-nji  gönükme. Aşakdaky asyl işliklere häzirki zamanyň goşulmasyny goşup, ýoňkemeleriň birlik we köplügi bilen üýtgediň hem-de depderiňize ýazyň.

Al, aýt, git, howluk.

1.Men ...  

2.Sen ... 

3.Ol ... 

1. Biz ...

2. Siz ...

3. Olar ...

* * *

352-nji  gönükme. Göçüriň. Öten zaman işliginiň aşagyna bir çyzyk, hazirki zaman işliginiň aşagyna iki çyzyk çyzyň we olaryň haýsy ýöňkemededigini aýdyp beriň.

Kakam işden geldi. Ol gazet okaýar. Men erteki okadym, ejem diňledi.

Biz çaý içdik. Sen näme okaýarsyň? Siz nirä gidýärsiňiz?

Biz oba ugraýarys. Biz maşyna mündük.

gazet

353-nji  gönükme. Nakyllary we matallary okaň. Has gara ýazylan işlikleriň haýsy zamandadygyny, nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

Nakyllar

Kümşün-gyzylyň könesi bolmaz,

Ata-enäniň bahasy bolmaz.

Guýma gursaga aýtsaň, guýup alar.

Görk toýda gerek, akyl günde gerek.

Okan oglan atasyny ýeňer.

 Dile geldi, bile geldi.

Matallar

Pessejik öýden gar ýagar.

(Elek)

Ýere urdum paltany,

Agzy gyzyl haltany,

Ýerden bir oglan çykdy,

Uly iliň soltany.

(Bugday)

Agyr haly kakylmaýar,

Kakylsa-da dökülmeỳär.

(Ýyldyz)

Bildirmän ýatar,

Duýdurman tutar.

(Gapan)

Birinji nakylyň we matalyň manysyny öz sözüňiz bilen düşündiriň.

* * *

354-nji  gönükme. Göçüriň. Sozlemleriň eýesiniň aşagyna bir çyzyk çyzyň we olaryn nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyp beriň.

1. Daýhanlar ýaz ekişine başladylar. Kakam daýhan birleşikde işleýär.

2. Altyn gyzykly kitap okaýar. Sen Altyny gördüňmi?

3. Meýdanda guşlar saýraýar.

4. Biz indiki dynç güni baýra gideris.

5. Biziň daýhan birleşigimizde dört gatly medeniýet öýi gurulýar.

birleşik

355-nji  gönükme. Göçüriň. Her sözlemden soň degişli dyngy belgisini goýuň. Sözlemleriň nähili many aňladýandygyny, olaryň baş agzalaryny aýdyp beriň.

Men üçünji klasda  okaýaryn Jigim  birinji klasda okaýar Sen näçenji klasda okaýarsyň Okuwçylar, biz diňe bäşlik bahalar alalyň Sen düýn ýygnakda bolduňmy Men ýygnaga geldim.