Yza gaydyng,, Ýazuwa geçiriň(print)

10. Sözlemiň baş agzalary

328-nji gönükme. Sözlemleri okaň we kim?, näme? diýen soraglara jogap bolýan sözleri aýdyň.

Aman gelỳär. Okuw başlandy, Jeren okaýar. Daýhanlar ekin meýdanyndan gelýärler.

Çagalar zähmeti soýýärler. Ýagyş ýagýar. Gögüň  ỳüzüni bulut tutdy.

* * *

329-nji gönükme. Sözlemleri okaň we näme edýar?, näme etdi?, näme et jek, näme eder? diýen soraglara jogap bolýan işlikleri aýdyň.

Daýhanlar işleyärler.,Bayram kitap okaýar, Aşyr mekdebe gitdi. Olar düyn şähere ugradylar.

Men magazinden kitap, depder aljak. Ertir obadan daýym geler.Mugallym şäherden geldi.

Eýe bilen habar, sözlemiň baş agzalarydyr.

Eýe   kim?,   näme?,    kimler?,   nämeler?   diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem:   Aşyr gazet okaýar. Ýagyş ýagdy.

Okuwçylar geldiler.

 Habar näme etdi?, näme edýär?, näme etjek?,

näme eder?, näme etdiler?, näme edýarler?,

näme et j ekler?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýar.

Meselem: Durdy işe barýar. Aman oýnamaga gitdi. Olar saz diňleyärler.

330-nji gönükme. Göçüriň, eýäniň aşagyna bir çyzyk, habaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Çagalar okuwdan boş wagtlary olara kömekleşýärler. Aşyr mekdebiň kopçülik işine gatnaşýar

2. Ýazyna otlar gögerỳär.

3. Gözel aýdýan aýdymlary bilen uly hormat gazandy. Ol hormat haty bilen sylaglandy.

Olar tansçy gyzy ýene sahna çagyrdylar.

4. Guzujyklar agyla girdiler.

5. Çebşejik göwresi bilen sandyraýardy.

Çebşek sözüniň manysyny sözlükden öwreniň we sözlük depderiňize ýazyň.

çebşek

331-nji gönükme. Okaň we sözlemiň eýesini we habaryny, olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Bäşim atasyna garaşýar

Bäşim ýoluň ugrundan geçýän maşynlara seredýärdi. Hanha maşyn geçip gitdi. Onuň içinde Nyýazguly aga otyrdy.

Bäşimiň atasy Nyýazguly aga geldi. Bu gün ol sylaglanypdy. Hemmeler ony gutlady.

Myhmanlar geldiler. Uzyn gije Bäşim atasynyň ýanyndan aýrylmady. Olar ertesi oba gitdiler. Ol ýerde başlyk hem Nyýazguly agany gutlady.

Soňra olar öýe gelip nahar iýdiler. Gijäniň bir wagty myhmanlar ugradylar. Bäşım eýýäm uklapdy.

* * *

332-nji gönükme.   Özüňizden  bäş sany sözlem  düzüň. Eýäniň aşagyna bir çyzyk, habaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

N u s g a :  Maşyn şähere ugradty.

* * *

333-nji gönükme.Göcüriň. Ýaýyň içindäki nokatiaryň ýerine eýä hem-de habara degişli soraglary ýazyň.

1. Ata (...) hasabyny işledi (...).

2. Gurban (...) okalgadan gelỳär (...).

3. Bu gün Bäşim (...) uzak aralyga ylgady (...).

4. Ol (...) ertir şähere gider (...).

5. Biz (...) dukandan kitap aldyk (...).

6. Gün (...) çykdy (...) Gar (...) eredi (...).                             

N u s g a: Ata (kim?) hasabyny işledi (näme etdi?).

* * *

334-nji gönükme. Özüňizden bäş sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň, olaryň eýesiniň aşagyny çyzyň.

* * *

335-nji gönükme. Okaň. Sözlemleriň her biriniň diňe baş  agzalaryny — eýe bilen habary göçüriň, Olaryň nähili soraglara jogap bolýandygyny aýdyň.

Men Aşyra garaşdym. 01 tiz wagtdan geldi. Biz pagtaçylaryň düşelgesine gitdik. Biz kiçi gumlugyň

üstünden geçdik.  Bir sazagyň aşagynda gulajygyny keýkerdip towşan otyr.

Towşan ilki bizi görmedi. Aşyr saklanyp bilmän güldi. Towşanjyk aýagaldygyna gaçdy.

Biz  indi  iki  bolup  gülüşýäris.  Towşan  tiz  salymda gumlukdan aşdy.

N u s g a :   Men garaşdym.

Aýagaldygyna sözüniň manysyny dilden düşündiriň.

* * *

336-nji gönükme. Okaň. Sözlemleriň habaryny aýdyň.,

Biziň obamyzda täze metjit gurulýar. Gurluşyga obanyň adamlary kömekleşýär. Gurluşykçylar geldi.

Olar işleýärler. Gurluşykçylar maşyndan kerpiç düşürýärler. Hemmeler Işleýär.

Gurluşykçy sözüniň aňladýan manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

337-nji gönükme. Göçüriň, sözlemleriň habarynyň aşagyny çyzyň. Habara soraglar beriň.

Dörtguly hemişe atasyna meňzeýärdi. Ol howlukman gepleỳärdi. Bäşim goşa geldi.

Ol Dörtgulynyň yzyndan galmady. Bäşim hemmeler bilen tanyşdy. Ol goýunlaryň agylyna hem aýlandy.

Guzujyklar bökjekleşip oýnaýardy. Bäşim guzujyklar bilen oýnamagy halady.

* * *

338-nji gönükme. Özüňizden dört sany sözlem düzüň, habaryň aşagyny çyzyň. Habar nähili soraglara jogap bolýar?

N u s g a :   Enem radio diňleýär.

* * *

339-nji gönükme. Göçüriň we eýäniň aşagyna bir çyzyk, habaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň.

1. Biz okuwymyzdan galmaýarys.

2. işçiler gurluşykda arman işleýärler.

3. Olar medeniýetli ýaşaýarlar.

4. | Biz tomus .dynç alyş nıeýdançasynda boljak.

5. Biz şahyrlar bilen duşuşdyk. Duşuşyk örän gyzykly geçdi.

medeniýet

340-nji gönükme. Okaň. Sözlemiň baş agzalaryny aýdyp beriň.

Rejebiň kakasy şähere gitdi. Ol şäherden Rejebe dürbi getirdi. Dürbi uzakdaky zatlary ýakynjakda görkezỳärdi.

Rejep dürbä begendi. Rejep onuň bilen daşaryny synlady. Alysdaky baglar Rejebiň ýanjagazyna geldi.

Rejep dürbisini dostlaryna-da görkezdi. Olar Rejebiň dürbüsini öwdüler.

Çagalar "Sapak" harby oýnuny oýnadylar. Olar Rejebi komandir saýladylar.

Hekaýajyga özüňizden sözbaşy tapyň we mazmunyny aýdyp beriň.

* * *

3401-nji gönükme. Göçüriň. Eýäniň aşagyna bir çyzyk, habaryň aşagyna iki çyzyk çyzyň, olaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.

1. Agajyk öýleriniň ýanynda oýnaýar. Ol koçä gitmeýär. Agajygyň kakasy goşunçylyga çagyryldy.

Şu gün Agajygyň kakasyndan hat geldi. Biz ertir Agajyklara barjak.

2. Biziň mekdebimizde janly burç döredildi.  

3.   Baýram günleri  adamlar bir-birini gutlaýarlar.

4. Olar işe başladylar.

5. Gazlar demirgazyk tapara uçup gitdiler.

* * *

342-nji gönükme. Okaň. Sozlemleriň eýesini we habaryny aýdyp beriň.

Amantäç we Nurgözel

Amantäç dördünji klasda okaýardy. Nurgözel bolsa  üçünji klasda okaýar. Olar joralardy. Amantäç hortaňdy. Onuň hemişe şähdi açykdy. Nurgözel dogumlydy. Olar hemişe bile oýnaýardylar. Bir gün Nurgözel jorasynyň ýanyna geldi. Amantäç onuň gelenine begendi.

Ol:

—   Şu   gün   meniň   on   ýaşym   dolýar.   Sen myhmançylyga gelersiň — diýdi.

Onda Nurgözel:

—  Bolýar, hökman gelerin     — diýdi.

* * *

343-nji gönükme. Hekaýany okaň. Onuň mazmunyny özüňizçe depderiňize ýazyň. Sozlemiň baş agzalaryny aýdyp beriň.

Gezelenç

Çagalar seýilgähe gezelenje çykdylar. Bu gün oňat geýindiler.

Olar iki-ikiden hatara durdular. Gün oňatja gyzdyrýardy.

Oglanlar yssylap paltunlarynyň ýakasyny hem açdylar. Agaçlar günüň ýyly çoguna pyntyklaryny ýarypdyrlar.

Köçäniň ugrunda serçeler bökjekleşýärdi.

Olaryň gapdalyndan maşynlar wazlap geçýär. Emma serçeler gorkmaýar.

Trolleýbuslar, adamlar geçýärler. Emma guşjagazlar gorkmaýarlar.

Oglanlar töwerekde ençeme gyzykly zatlar gördüler.