DÜŞÜNDIRIŞLI SÖZLÜK

Agyl (a:gyl), mallary saklamak üçin agaç, gamyş aýlanylyp edilen ýer; ýatak.

Aýaga galmak, 1. Bir işi doly amala aşyrmak üçin şonuň ugruna çykmak. 2. Bir keselimiň keselden gutulmagy, sagalmagy.

Baggoýun (ba:ggoýım), semredip kesmek üçin elde bakylýan goýun.

Baýramçylyk bilen gutlamak, baýramçylyk günleri öz ýakynlaryňy, dost-ýarlaryňy, tanyşlaryňy el-ele berip (ýa-da telegramma, telefon üsti bilen) şol toy bilen gutlamak. Meselem, Nowruz baýramynda: "Sizi Nowruz baýramy bilen (Hasyl toýy bilen, Yeniş güni bilen ...) gutlaýaryn!" diýmek.

Baýyr, dag etegindäki belentli-pesli depeler.

Bogun, 1. Eliň, aýagyň ownuk suňkleriniň biri-biri bilen birigişýän ýeri. 2. Sözüň birbada aýdylýan bölegi.

Çaýyr, gür gögerýän haşal ot.

Çereten ojakda ýakmak, tamdyrtow üçin ulanylýan pes boýly ösümlik.

Çeşme, ýeriň aşagyndan suwuň syzyp çykýan ýeri, gözbaşy.

Çig mal (çi:g ma:l), senagatda, kärhanalarda gaýtadan işlenilýän harytlar (pagta, deri, tokaý, demir we ş.m.)

Dag (da:g), ýokary galyp giden daşly beýiklikler.

Demirgazyk, gayra.


Deň-duş (deň-du:ş), öz ýaşytdaşy, ýaşlary boýunça bir wagtda önüp-ösen ýoldaşy.

Depe, ullakan güm üýşmegi.

Däp-dessur (da:p-dessu:r), halklarda, maşgalada endik bölüp galan adat, ýörelge, dessur.

Dowarlar, ownuk mallaryň-goýunlaryň, gecileriň umumy ady.

Dogumly, edermen, gaýratly.

Dolak, ýörite dokalan ýa-da matadan edilen aýaga dolanýan mata.

Dutar, (du:tar) — iki kirişli türkmen saz guraly.

Duşak, düýäniň, atyň, eşegiň iki öň aýagyny çatmak üçin ulanylýan ýogyn ýüp.

Düsewünt, girdeji, gazanç.

Edep, tertip, gowy terbiýe.

Elwan (elwa:n), açyk gyzyl reňk.

Erkana (erka;na), özygtyýarly, azat, erkin, özbaşdak.

Ägirt (ä:girt), örän, gaty, äpet, has.

Älemgoşar (ä:lemgoşar), ýagyşdan Soň asmanda emele gelýän dürli reňkli zolak.

Garaşsyz, özygtyýarly, özbaşdak.

Garrygyz (garrygyrz), gawunyň pacagy galyň bir görnüşi.

Garsak, 1. Çöllükde ýaşaýan gysgajyk aýakly, gymmat baha derili haýwan.

2. Göçme manyda gysgajyk adama hem aýdylýar.

3. Gyzlaryň bäş sany togalagrak daşy oklap hem gapyp oýnaýan oýny, bäşdaş.


Giň göwrümli (gi:ň...), darykmaýan, gahary gelmeýän, salykatly hem äwmezek adam.

Gol, adamyň bedeniniň egninden tä eliniň barmaklaryna çenli bolan bölegi.

Gör, 1. Düýe süýdünden çal tutmak üçin gerek bolýan göňezlik.

2. Maşgalanyň çykdajysyndan artykmaç bölüp, aňyrda saklanylýan pul, zat.

Goş, 1. Öýde ýaşaýyş üçin ýygnalan zatlar, keçe, haly, ýorgan-düşek.

2. Köplenç, çopanlaryň ýany bilen äkidýän, göterýän zerur zatlary.

3. Çöl, meýdan ýerlerinde goş-golam goýlup, wagtlaýyn tutulýan taşa, kümejik.

Gök (gö:k), 1. Asmanyň, deňziň reňkine meňzeş reňkiň ady.

2. Heniz doly bişmedik, çig.

3. Bakja ekinleri, iýilýän otlar.

Görelde almak, başga biriniň gylyk-häsiýetini, tejribesini, ussatlygyny nusga hökmünde kabul etmek, özüni şoňa meňzetjek bolmak.

Gujurly, güýçli, guýji-kuwwaty bar bolan.

Gurluşykçy, jaý salmak, umuman, gurluşyk işi bilen meşgul bolýan adam.

Gündogar, Günün dogýan tarapy.

Günbatar, Günün yaşýan tarapy.

Günorta, ileri.

Haly (harly), dürli reňkli ýüplerden çitilip dokalýan gymmat bahaly düşek.

Halyçy (ha:lyçy), haly dokamak bilen meşgul bolýan adam (köplenç, ayal).


Hasyl (ha:syl), ekinlerden, ösümliklerden alynýan öňüm.

Hekaýa (heka:ýa), kiçiräk çeper eser.

Hemra (hemra:), ýoldaş.

Höwes, bir zada bolan isleg, arzuw.

Höwürtge, guşlaryň ýumurtgalaýan, çaga çykarýan yeri.

Hyjuw, işe, okuwa, hünäre bolan güýçli arzuw.

Ige (Ige), pyçak, pil, palta  ýaly zatlary ýiteltmek üçin ulanylýan gural.

Joşgun (jorşgun), derýada suwuň köpelip, badynyň güýçlenmegi.

Kak, dilip guratmak arkaly gawundan taýýarlanylýan önüm.

Keçe, goýun ýüňünden edilýän düşek.

Kenar (kena:r), deňziň, derýanyň gyrasy, ýakasy, boýy.

Ketek, towuk, it üçin ýerde gapdallaýyn içine gidýän çukur jaý, pessejik salnan kiçijik jaý.

Käkilik (kä:kilik), meýdanda, dagda bolýan owadan guş.

Kosmos (ko:smos), asman, älem.

Kosmonawt (kosmona:wt), ýörite taýýarlanylýan uçarlar bilen älem giňişligine uçýan adamlar.

Kölege, bir zadyň, adamyň gün düşýän tarapynyň garşy tarapyna düşýän garamtyl saýasy.

Körpe, iň kiçi, iň soňky, bolan çaga (guzy, owlak).

Körpeç, owlak-guzy saklamak üçin ýörite edilýän ýatak.


Köwreýik, kelteräk boýly tamdyrtow, mal iýmiti üçin ulanylýan gataňsy ot.

Kyrkgünlük, ir bişýän sary togalajyk gawun.

Lukman (lukma:n), kesel bejerýän adam, doktor.

Mahytap (ma:hyta:p), aýyň ýagtysy.

Maňyz, hozuň, şanigiň içindäki zat.

Maýyl, sowuk dal, ýyly howa.

Mazaly (maza:ly), hezil, gowy, oňat, rahat.

Mellek, öz hojalygynda peýdalanmak üçin, bakja ekinlerini ekmek üçin ýörite ýer.

Mähirli, mylaýym, ýakymly aragatnaşyk saklaýan.

Myhmansöýer (myrhmarnsöýer), myhmana oňat hezzet-horrnat edýän, myhmany sylaýan.

Nagyş, matanyň, halynyň, kagyzyň we şuňa meňzeşleriň ýüzüne çekilýän bezeg.

Nahal, erik, alma ýaly ösümlikleriň ýaşajyk kökli

çybygy.

Ojarf gum, çöl ýerlerde ösýän, odun edilip ulanylýan agaç.

Otamak, otag işini alyp barmak, gögeren hasylly ösümligin daş-töwereginde onuň ösmegine zyýan berýän beýleki haşal otlary goparyp aýyrmak.

Otluk, otuň köp osen ýeri, bol otly meýdan.

Owuz, täze guzlan sygryň ilkinji saglan süýdünden bişirilen önüm.

Örküç, düýäniň arkasynyň tuňňi ýeri.

Öwgi, biriniň ýa bir zadyň gowy taraplary baradaky gürrüň.


Öý, adamlaryň maşgala bölüp yaşayan ýeri.

Parahatçylyk (para:hatçylyk), agzybirlik, asudalyk, uruş-jenjelsizlik.

Pelpellemek, howada ganat kakyp, gerip durmak.

Pessaýja (pessa:ýja), çalaja, ýuwaşlyk bilen, mylaýym, sadaja.

Peşmek, ýokarsy gaba, düýbi inçe meýdan ösümligi.

Pakize (pä:ki:ze), arassa, tämiz.

Prezident (prezide:nt)f döwlet ýolbaşçysy.

Raýyş (ra:yyş), ýabyň iki tarapyna çykarylan gum.

Rähnet, eşret, lezzet.

Ser, kelle, baş.

Serdar (serda:r), baştutanlyk edýän adam.

Sere, külbike bilen süýem barmagyň ýada başam barmak bilen süýem barmagyň gerlen aralygyna barabar bolan uzynlyk.

Serhet, araçäk.

Seyis, aty çapyşyga taýýarlaýan, onuň ugruny bilýän adam.

Sowgat, birine sylag üçin berilýän zat.

Sowuk urmak, güýçli sowuk zerarly, sowugyň täsiri bilen ösümligiň öz ösmegini bes etmegi, hasylyny ýok etmegi, şol zadyň zaýalanyp, öz hilini, tagamyny ýitirmegi.

Sözen, gumda bitýän dik baldakly gyrymsy agaç.

Süra goşmak (süra:...) bir ya-da az sanly dowarlary, mallary süra goýbermek.


Şöhle, çyranyň, Günün ýagtysynyň inçe zolaklary.

Tal, söwüt, insiz uzyn ýaprakly bag.

Terbiýeçi, çagalar bagynda, mekdeplerde edep, gylyk-häsiýet, gowy endikler öwretmek bilen meşgul bolýan adam.

Toraňňy, derýa ýakalarynda ösýän söwüde menzeş agaç.

Toşap, garpyzdan, çomuçdan gaýnadylyp alynýan goýy önüm.

Tüweleý, towlam-towlam bölüp, asmana göterilýän tozanly ýel.

Uýan, gaýyşdan tikilip, atyň kellesine geýdirilýän esbap.

Watan, dogup, öňüp-ösen ýeriň, ýurduň.

Watandaş, bir ýurtda, mekanda dörän, önüp-ösen we ýurtlary bir adam, adamlar, ýurtdaşlar.

Ýaryş (ýa:ryş), birinjiligi almak, beýlekilerden has saýlanmak, bäsleşik üçin geçirilýän synag.

Ýaýla (ýa:ýla), mal bakylýan otluk sähra, öri meýdaňy.

Ýowar, kömek bermek maksady bilen köpçülik bölüp, biriniň işini edişmek.

Ýowşan, ýakmak üçin peýdalanylýan pürli ösümlik.

Ýuwa, ajymtyk tagamly iýilýän ot.

Ýüwrük, ýyldam, çalt ylgaýan, çapýan.

Ymarat (yma:rat), uly jaý, köp otagly tam.