b) ATLARYŇ MANYLARY BOÝUNÇA BÖLÜNIŞI

Atlar aňladýan manylary boýunça birnäçe topara bölünýär. Mysal üçin, okuwcy, goýun, ýorunja ýaly atlary alyp göreliň.  Bulardan okuwcy   sözi   adamy,   goýun   sözi   haýwany, ýorunja sözi ösümligi aňladýar.

* * *

260-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň we göçüriň. Olaryň manylary boýunça kimleri aňladýandygyna üns beriň

Okuwcy, işçi, daýhan, çaga, oglan, gyz, yaşuly, aýal, dokmaçy, halyçy, tikinçi, ussa, mugallym, kosmonawt, balykçy, adikçi, direktör, bagşy, lukman.

Halyçy, lukman sözleriniň manysyny düşündiriň.

* * *

261-nji gönükme. Aşakdaky hekaýajygy okaň we adamlary aňladýan atlary aýdyp beriň

IR BILEN

Elleri ýanjykly iki sany okuwçy mekdebe gidip barýar. Olaryň biri garagözelejik gyz, beýlekisi bolsa saryýagyzja oglan. Şolaryň deňinden ýelsepitli bir işçi geçip gitdi. Ýaňky çagalaryn yzragyndan bolsa üç sany dokmaçy aýal işe barýardy.

Ýaşuly ir bilen köçedäki bolýan bu berekete syn edýär. Okuwcylar okuwa barýar. işçiler işe barýar.

Hekaýajygyň mazmunyny gürrüň edip beriň.

* * *

262-nji gönükme.Göçüriň we adamlary aňladýan atlaryň aşagyny çyzyň.

1. Okuwçylar obamyzdaky garrylara kömek beryärler. Oglanlar we gyzlar boş wagtlary olaryň dürli işlerini edişýärler.

2. Meniň kakam gurluşykçy, uly doganym lukman, ejem bolsa çagalar bagynyň terbiyecisi.

Gurluşykçy,   terbiýeçi

sözleriniň  manysyny sözlükden öwreniň.

* * *

263-nji gönükme. Hekaýany okaň we adamlary aňladýan atlary saýlap, depderiňize göçüriň.

MEKDEBIŇ MEJLISLER JAÝYNDA

Mekdebiň mejlisler jaýyna ýygnananlaryň arasynda işçiler-de, alymlar-da, lukmanlar-da bardy. Olaryň hemmesi okuwçylaryň ene-atalarydy.

Mekdebiň direktory, onuň orunbasary, mugallymlar öňräkden bäri şu ýerdediler. Häzir ene-atalaryň we mugallymlaryň bilelikdäki ýygnagy başlanjak.

Onda okuw terbiýeçilik işiniň möhüm meselesi ara alnyp maslahatlaşyljak. Çykyp geplejekleriň arasynda ussa-da, tikinçi-de, terbiýeçi Gözel hem bardy.

* * *

264-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň we göçüriň. Olaryň manylary boýunça haýwanlary we guşlary aňladýandygyna üns beriň

Sygyr, goýun, geçi, düýe, at, ýaby, eşek, guzy, göle, owlak, it, garga, keýik, möjek, tilki, şagal, bilbil, kepderi, garasar, torgaý, taý, kürre, köşek, towuk, horaz, serçe, ördek.

* * *

265-nji gönükme. Okaň we haýwanlary aňladýan atlary aýdyp beriň

Tilki, şagal, keýik, aýy, möjek, gaplaň, ýolbars, pil — ýabany haýwanlardyr. Garga, käkilik, gögerçin, gumry, towuk, horaz, serçe guşlar bolmak bilen haýwanlaryň ganatlylar diýen toparyna girýär.

* * *

266-nji gönükme. Okaň we haýwanlary aňladýan atlary tapyp depderiňize göçüriň.

1. Daýhan birleşiklerinde goýun, geçi, sygyr, düýe, at ýaly oý haýwanlarynyň ösdürilişine úly üns berilyär.

2. Biziň mekdebimiziň janly burçunda towşan, käkilik, towuk, kirpi, ördek bar. Goňşymyzyň köşekli düýeleri bar. Olary sagýarlar, süýdünden çal tutýarlar. Düýäniň Çaly saglyk üçin oran peýdalydyr.

käkilik

1.  Öz bilyän öy haýwanlaryňyzyň adyny ulanyp, üç sany sözlem düzüň.

2.  Goňşy sozuniň manysyny aýdyp beriň.

Nusga: 1. Biziň düýämiz botlady.

* * *

267-nji gönükme. Okaň we nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Mugallym, sygyr, göle, sürüji, çaga, işçi, keýik, towşan, aýal, gyz, gelin, torgaý, baýguş, köşek, okuwçy, lukman, serçe, çebiş, tokly.

Nusga:

Adamy aňladýan                   Haýwany aňladýan

atlar:                                              atlar:

mugallym                                           sygyr

sürüji                                                 göle

Haýwanlary aňladýan atlardan iki sanysyny, adamlary aňladýan atlardan iki sanysyny ulanyp, dilden sözlemler düzüp aýdyp beriň.

* * *

268-nji gönükme. Özüňizden adamy aňladýan atlardan bäş sanysyny, haýwany aňladýan atlardan bäş sanysyny tapyp, depderiňize ýazyň.

* * *

269-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň we depderiňize göçüriň. Olaryň ösümlikleri aňladyandygyna üns beriň

Ýorunja, çaýyr, selme, ysmanak, selin, çerkez, ýowşan, çeti, narpyz, mekgejöwen, günebakar, tut, garagaç, arca, sazak.

yowsan

* * *

270-nji gönükme. Sözlemleri okaň we ösümlikleri aňladýanatlary aýdyp beriň

1. Ol çaýyr, çyrmaşyk, ýabagan, arpagan ýaly otlardan ýygyp, bir haltany doldurypdyr.

2. Meretleriň gapdalynda bir pel ýorunja bar.

3. Biz erik, alma, armyt, şetdaly, alça agaçlarynyň nahallaryny oturtdyk.

4. Olar ýowşan, çereten, kowreýik ýygmaga gidipdirler.

* * *

271-nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri okaň we ösümlikleri aňladýanatlary göçürip alyň.

1. Biziň howlymyzda alty düýp üzüm, iki düýp alça, iki düýp alma agajy bar.

2. Daýhanlar gowaca pellerindäki peçek, gamyş, topalak, suwoty, semzek ýaly haşal otlary ýygyp aýyrýarlar.

3. Biz ýaz aýlary obanyň ekin meýdanyna gezelenje çykýarys. Ol ýerde gögerip oturan arpa, bugdaý maýsalaryna syn edýäris, ýaplaryň boýundaky syza, ýandak ýaly dürli ösümlikleri görýäris.

* * *

272-nji gönükme. Sözlemleri göçürň we ösümlikleri aňladýanatlaryň aşagyny çyzyň.

1. Ýowşan, çereten, kowreýik, çeti, dagdan, çerkez, selin ýaly ösümlikler daglarda, gumlarda we gum ýakalarynda ösyär.

2. Arca, kerkaw, ýaglyja ýaly ösümlikler gumda bitmeýär, olar daglarda bolýar.

* * *

273-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň, soňra olary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Oglan, çyrmaşyk, balykçy, mugallym, ädikçi, demirçi, arça, sazak, borjak, gamyş, selin, mekgejöwen, gyz, aýal, terbiýeci, halyçy, pagtaçy, gowaça, çeti, tut.

Nusga:

Adamlary aňladyan      Ösümlikleri aňladýan

atlar:                                atlar:

oglan                               çyrmaşyk

balykçy                            arca

* * *

274-nji gönükme. Okaň. Haýwanlary we ösümlikleri aňladýan atlary tapyp, aýdyp beriň

Biz maşynly gaýralygyna ugradyk, şu gezek keýik, möjek görünmedi. Uzak ýolda ýekeje tilki bilen üç sany towşan gördük. Çeti, çerkez, sazak, selin ýaly gum ösümlikleri alaňlara çekilen nagyş ýaly görünyärdi.

Maşyn iki sagat yöränden Soň, goýun sürüleri görnüp başlady. Uly alana çykanymyzda, aşakda gin oýuň içinde goýun agyllary, çopanlaryň öýleri görünýärdi. Maşyny kelleleri gazan ýaly iki sany mähnet it üýrüşip garşy aldy. itleriň hem maşynyň sesini eşiden adamlar, çagalar daşaryk çykdylar.

B. Sähedow, «Sähra mekdebi».

1.  Hekaýajygyň manysyny gürrüň edip beriň

2.   Hekaýajygy  manysyna  görä  döleklere  bölüň we olara sözbaşy tapyň.

sürüler

* * *

275-nji gönükme. Aşakdaky atlary okaň we olary nusgada görkezilişi ýaly edip, depderiňize göçüriň.

Kerkaw, alça, goýun, keýik, bozagan, çaýyr, sözen, pil,   kepderi,   ary,   çerkez,   yowşan,   ýaglyja,   ýylgyn, göle, owlak, guzy, hoz, köşek.

Nusga:

Haýwanlary                      Ösümlikleri

aňladýan                           aňladýan

atlar:                                atlar:

Goýun, keýik,   ...              Kerkaw, alça, ...

* * *

276-nji gönükme. Özüňizden adamlary aňladýan dört sany, haýwanlary aňladýan dört sany, Ösümlikleri aňladýan dört sany söz tapyp, depderiňize ýazyň.

* * *

277-nji gönükme. Soraglary okaň we olara 'dilden jogap beriň. Jogaplary depderiňize ýazyň. Adamlary, haýwanlary we Ösümlikleri aňladýan atlary aýdyň.

1. Seniň kakaňyň ady kim?

2. Seniň ejeňiň dogany sana kim bolýar?

3. Ýabany haýwanlardan haýsylary bilýärsiň?

4. Oý haýwanlaryndan haýsylary aýdyp biljek?

5. Siziň daýhan birleşigiňizde näbili mallar bar?

6. Bahar aýlarynda gögerýän otlaryň atlaryny aýdyp ber.

Daýy sözüniň manysyny sözlükden görüň we depderiňize ýazyň.